23:05 Magtymgulynyň "jedelli" goşgularynyň "doňdurylan çekişmesi" haçan açylar? | |
MAGTYMGULYNYÑ "JEDELLI" GOŞGULARYNYÑ "DOÑDURYLAN ÇEKIŞMESI" HAÇAN AÇYLAR?
Magtymgulyny öwreniş
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň tekstologiýasy, akademiki neşiri ýa-da tankydy teksti baradaky mesele akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenýän wagtynda hem "doňdurylan ýagdaýynda" galdy. Bu mesele indi ýurduň Ylymlar akademiýasynyň Golýazmalar gaznasynda 1123-nji belgili bukja, ozal nämälim bolan 214 goşgy peýda bolaly bäri açyk galýar. Wagtal-wagtal Magtymgulynyň "özüniňki däl" diýlip hasaplanylýan, jedelli diýilýän goşgular barada aýdylýan zatlara garamazdan, umumy halk baýlygyna öwrülen edebi mirasyň, şol sanda eserleri, şahslary birikdirilen diýlip bilinýän şahyrlaryň aýyl-saýyl edilmegi barada edilýän çagyryşlar "agressiw köplügiň" ýa-da hökümet ýolbaşçylarynyň sessiz basyşynyň aşagynda eşidilmän galýar diýip, edebiýatçylar aýdýar. Ozal dürli ýygnaklarda we maslahatlarda, şol sanda 1960-njy ýyllaryň başynda we aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda ýokary derejede gozgalan "jedelli" goşgular meselesi bu gezek Ilga Mehtiniň “Шекспировские страсти: Махтумкули or not Махтумкули…” atly makalasynda gozgaldy. Emma ýurduñ içinde-de, daşynda-da bu meselede açyk pikir alyşjak, 78 ýyllyk dawany çözmäge çalyşjak edebiýatçy ýa alym tapylmady. “Iň meşhur we goşgulary il içinde henizem söýlüp okalýan türkmen şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygy bellenilýär, ol goşgularyň hemmesini Magtymguly ýazdymyka?” diýip, makalanyň awtory uzak ýyllar bäri "doňdurylan" çekişmäniň özeninde ýatan soragy berdi. "Doňdurylan" hem bolsa, şahyryň özüniňki we özüniňki däl diýilýän goşgular baradaky gürrüňleri eşitmedik edebiýatçy az bolup, hatda ýönekeý okyjylaryň, ýaşlaryň arasynda hem Magtymgulynyň adyna berlen “Türkmeniň” goşgusyna başyny ýaýkaýanlaryň bardygyny görmek kyn däl. Bu goşgy, edebiýatçy alym Aşyrpur Meredowyň 1991-nji ýylda “Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilen makalasynda aýdylmagyna görä, hiç bir jähtden Magtymgulynyňky hasaplanyp bilinmez we şahyryň “Gürgeniň” goşgusyna öýkünilip ýazylan gowşak goşgy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Magtymgulynyň goşgularynyň köp bölegi ýitirilen, onuň öz eli bilen ýazan bir setiri hem saklanmandyr diýlip hasaplanylýar. “Reýgan eýledi” goşgusynda aýtmagyna görä, şahyr “ýazan kitaplaryny sile, “jeýhun-derýa” we “bäş ýylda eden işi” bolan bir kitabyny gyzylbaşlara aldyrypdyr. Şahyryň dilden-dile geçip ýa-da göçürijileriň zähmeti arkaly "aman galan" eserleri başda 200 çemesi goşgudan ybarat diýlip hasaplanypdyr. Ýöne bu goşgularyň sany birden, Golýazmalar gaznasynyň işgärleriniň Mary sebitinde 24 ýaşly Gylyç Mülliýewe duşmagy, onuň “Magtymgulydan bilýän goşgulary” bilen "düýpli" ýokarlanýar. Täze, "originaly ýok" goşgularyň "tapylmagy" Magtymgulyny öwrenijileri kyn soraglar bilen ýüzbe-ýüz edýär. Sebäbi, bir tarapdan, täze goşgularyň "tapylmagy" gowy zat, bu türkmen halkynyň ýazuwly edebi mirasynyň geriminiň has giňdigini görkezýär. Ikinji tarapdan, Magtymgulynyňky diýilýän goşgularyň ählisiniň hakykatdan hem oňa degişlidigini tassyklamak, beýleki milletleriň edebiýatlarynda hem bolan we uzak ýyllaryň dowamynda çekişilýän meseläni "indi bes ediň" diýip çözmek näderejede mümkin? Aýdylmagyna görä, "täze tapylan goşgulary" ýazyp almak we barlamak işini bu meselede düýpden başga-başga pikirli iki intellektuala - tanymal alym Zylyha Muhammedowa bilen şahyryň goşgularynyň 1926-njy ýyldaky neşirini taýýarlan ýazyjy Berdi Kerbabaýewe tabşyrypdyrlar. Internetde elýeterli edilen maglumatlardan, şeýle-de türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, magtymgulyşynaslaryň arasynda onlarça ýyl bäri edilýän gürrüňlerden görnüşine görä, TSSR YA-nyň habarçy-agzasy Zylyha Muhammedowadan tapawutlylykda, Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, ýurduň YA-nyň akademigi Berdi Kerbabaýew täze tapylan goşgularyň Magtymgulynyňky hasaplanylmagyny ikelläp goldaýar. Zylyha Muhammedowadan başga, "täze tapylan" goşgulara Sapar Ahally (Ensary), Aşyrpur Meredow ýaly tanymal edebiýatçy alymlar hem garşy bolup we, azlyk bolsalar-da, beýik şahyryň goşgularynyň beýle ýagdaýda "köpeldilmegine" garşy alyp barýan göreşlerini ömürleriniň ahyryna çenli dowam etdirdiler. Aşyrpur Meredowyň ýokarda agzalan makalasynda ýazmagyna görä, Gylyç Mülliýewiň 10 müň çemesi poeziýa eserini haçan we nähili ýagdaýda, haýsy bagşydan ýa bagşylardan ýazyp alandygyny bilýän ýok. Alym bu ýerde il içinden ýygnalýan eserleri hasaba almagyň düzgünleriniň gödek bozulandygyny öňe sürýär. Emma öz ylmy işleri bilen giňden tanalan, hökümet tarapyndan ykrar edilen alymlaryň getirýän delilleri "agressiw köplük", Berdi Kerbabaýew, Mäti Kösäýew ýaly hem hökümet, hem halk tarapyndan sylanýan hormatlanylýan intellektuallar tarapyndan "biderek jedel" diýlip atlandyrylýar. Türkmenistan SSR-niň Ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň 1968-nji ýylyň 5-nji aprelinde geçiren maslahatynyň ýazgysy Magtymgulynyň goşgularynyň tekstologiýasy hakyndaky meseläniň "nähili doňdurylandyny" öwrenjekler üçin, belki-de, häzirlikçe iň gowy hem-de elýeterli çeşmeleriň biri bolup görünýär. Bu maslahata şol wagt türkmen döredijilik intelligensiýasynyň tanymal wekillerinden onlarça adam gatnaşyp, öz pikirini aýdypdyr. Bir edebiýat mugallymynyň sözleri bilen aýtsak, “olar Magtymgulynyň goşgusy hökmünde görkezilýän eserlere juda seresap çemeleşmek, "az bolsun – uz bolsun" ýörelgesine eýermek pikirini goldaýan alymlary "subýektiw" pikirlerini aýtmakdan "lezzet almakda aýyplap, öz subýektiw pikirleri bilen "taryha giripdirler". Bu pikirlerde, ýygnagyň ýazgysyndan çen tutulsa, örän öte geçilýär. Mysal üçin, alymlaryň biri olary - tankytçylary “abraýly adamlara şyltak atmak, töhmet atmak bilen meşgullanmakda” aýyplaýar. “Ol işgärler özlerini hemme kişiden köp bilmiş hasaplaýarlar. “Diňe şolar bilýärmiş, başgalar hiç zat bilmeýärmiş”. Ine, olaryň äheňi şeýle. Ylymda bulagaýlyk döredip gelýänler, esasan, üç sany. Sapar Ensary, Zylyha Bakyýewna we Aşyrpur Meredow. Bular “Gylyç Mülliýewiň beren goşgulary Magtymgulynyňky däl-de, özüniňki” diýip, gören ýerlerinde gygyryp ýörler. Görkezýän sebäpleri hem esassyz...” diýip, ol alym öz pikirlerini “jedelli” diýilýän goşgularyň eýýäm “halkyň ýüreginde orun alandygy, olar aýrylsa, halkyň gaty görjekdigi, bütin jemgyýetçiligiň pikiriniň bulaşjakdygy” bilen delillendirýär. Şeýle-de ol bu goşgularyň dünýä ýaýrandygyny, “Magtymguly” kinosynda we beýlekilerde orun alandygyny öňe sürýär… Magtymguly we onuň eserleri bilen ýetmiş ýyla golaý iş salşandygyny aýdan Berdi Kerbabaýewiň ýyganagy açanda, soňky çykyş etjeklere görelde görkezip aýdan sözlerine görä, şahyryň goşgularynyň tekstologiýasy barada 1946-njy ýyldan bäri, 20 ýyl gowrak dowam edýän çekişmeler “gerekmejek, biderek jedeller” bolup çykýar. Kerbabaýew bu meseläniň altmyş birinji ýylda bolup geçen uly ýygnakda-da “bes edilmeli” edilendigini, emma onuň ýene täzeden başlanandygyny gynanç bilen belläp, öz subýektiw pikirini aýdanyndan soň, ýygnaga gatnaşýanlardan “halys ýürekden obýektiw” bolmagy haýyş edipdir. Bu dawa goşulmak islemeýän ýaşuly edebiýatçylaryň birnäçesiniň 1990-njy ýyllaryň başynda özara gürrüňçilikde tassyklamagyna görä, sowet döwründe uly at-derejeleri alan alymlaryň we ýazyjylaryň ‘tapylan’ goşgular barada eýelän pozisiýalary hakykatda şol wagtky partiýa ýolbaşçylarynyň pozisiýasy bolup durýar. Şol wagt Ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolan B.Kerbabaýewiň “uzaga çeken zyýanly meseläniň” iň soňky gezek anyklanmagy üçin eden tagallasy, hususan-da bu meselä "obýektiw gatnaşmak" barada eden haýyşy Beki Seýtäkow, Mäti Kösýäew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Gylyç Kulyýew ýaly ondan gowrak intellektual tarapyndan goldaw tapan hem bolsa, jedelli goşgular baradaky soraglaryň ikisi kem 80 ýyl saklanyp galmagy "subýektiw" pikirleriň hiç bir kanagatlanma getirmändigini, Magtymgulynyň eserleriniň tankydy teksti baradaky meseläniň henizem açyk galýandygyny yşarat edýär. Sowet döwründe ýaşan we döreden döredijilik wekilleriniň ol ýa-da beýleki meselede öz obýektiw pikirini, ýa-da hakykatdan hem ynanýan zadyny aýdyp bilmegi köplenç "kyn mesele" we, edebiýatçylaryň köpüsiniň pikirine görä, ol adamlara diňe öz döwrüniň ogly ýa gyzy hökmünde garamaly. Şol bir wagtda, edebiýatçylaryň käbiri "ýokarda", şol wagt ýurtda bolşewikler partiýasynyň merkezi komitetiniň ideologiýa boýunça sekretary bolan Şaja Batyrow bilen "ylalaşylan mesele barada başga, tapawutly pikirini aýdan adamlaryň "susdurylmagyny", olaryň "söz hakynyň iýilmegini" hem dogry hasaplamaýar. Eýsem, 1968-nji ýyldaky ýygnakda iň uly söz sözlän alymyň, Mäti Kösäýewiň aýdyşy ýaly, Magtymgulynyň eserleriniň tekstologiýasy baradaky meseläni gozgamak şindem “jemgyýetçiligiň pikirini bulaşdyrmak” hasaplanýarmy? Pikirini anonimlik şertinde aýdan öňki mugallyma häzir Türkmenistanda 1946-njy, 1960-njy we 1980-nji ýyllaryň aýagyndaky we 1990-njy ýyllaryň başyndaky açyk pikir aýtmak, şol sanda edebiýat meselelerini çekişmek mümkinçiliginiň hem ýokdugyny belledi. Onuň pikiriçe, başga pikirli adamlara "gyýa garamak" köplenç ýagdaýda "ýokardan höweslendirilýär". “Berdi aganyň ýygnagyň başynda hiç kimiň şahsyýetine degmezlik barada eden haýyşyna garamazdan, türkmen edebiýatçylarynyň köpüsiniň halypasy, iň sylagly professorlaryň biri bolan Mäti Kösäýew öz çykyşynda başga pikirli kärdeşlerini “arzaçylar” hökmünde häsiýetlendiripdir. Meniň pikirimçe, onuň demogogiýa ýüz urmagy öz getirýän delilleriniň gowşakdygyny, garşydaşlarynyň pikirleriniň janynyň bardygyny bilýändigini aňladýar. Zylyha Muhammedowa, Sapar Ahally, Aşyrpur Meredow ýaly arap, pars dillerinden gowy baş çykarýan alymlaryň hemme aýdan zady dogry bolmasa-da, käbir pikirleri dogry bolup biler. Näme üçin bu ýerde diňe Gylyç Mülliýew we onuň tapan goşgularyny goldaýanlar doly mamla bolmaly? Iň bolmanda, öňki we soňky goşgular garym-gatym edilmän, başda A.N.Samoýlowiç, Berdi Kerbabaýew we beýlekiler tarapyndan Magtymgulynyňky diýlip kesgitlenen goşgular aýry, soňky jedelli goşgular aýry ýerleşdirilip, aýdylýan başga pikirleri hem okyjylara, giň jemgyýetçilige ýetirilen bolsa, bu meseläni güýç bilen basyp ýatyrmadyk bolsalar gowy bolardy” diýip, edebiýatçylaryñ biri bu soraga türkmen edebiýatçylarynyň ir ýa giç hökman jogap bermeli boljakdygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, 80-nji ýyllaryň aýagynda edebiýat meseleleriniň, şol sanda edebiýat taryhynyň has açyk, köp taraply öwrenilmegine, has dürli pikirleriň aýdylmagyna şert dörär öýdülipdi. Emma diňe Magtymgulynyň "jedelli goşgulary" baradaky mesele däl, beýleki şahyrlar barada döreýän soraglar hem ýapyk galdy we bu ilatyň aň-düşünjesiniň, tankydy pikirlenişiniň ösmeginiň peýdasyna däl. Maglumat üçin aýdylsa, "täze tapylandygy" aýdylan ähli goşgy ýa şahyr "gujak açylyp" garşylanmandyr. Mysal üçin, Gurban Wehimi diýen at bilen köne stilde goşgy ýazan saragtly şahyr Gurban Çaryýewiň "tapylan goşgular" hökmünde çap etdiren eserleri ýazyjy we tankytçy Nargylyç Hojageldiýew tarapyndan derňelip, edebiýatdaky galplaşdyrma oýnuna berk gaýtawul berlipdir. Emma bu gaýtawuly, belki-de, Gurban Çaryýewiň özünden başga hiç kim “bes etmeli biderek rewiziýa” hasaplap bilmändir. Ýоwşаn АNNАGURВАN. Maý 18, 2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |