22:29 “Men-ä seni satdym, sen meni satdyň...” | |
"MEN-Ä SENI SATDYM, SEN MENI SATDYÑ..."
Edebi makalalar
• George Orwell hakda oýlanma Gojaman dünýede baý bolýanam, beg bolýanam bar, ýöne bir geň ýeri – bularyň ikisi-de ýazyjy bolmak, kitap çykartmak isleýär. Megerem şondan, Gurbannazar şahyr: - Han-begler, şazada, şalar ölýärler, Halk aglaýar şahyryny ýat edip – diýipdir. Meger şalary, baý-zeňňin kişileri şu hili şöhrat, bakylyga isleg däli edýändir. Herhal bu gep bu ýerde galsyn. Biziň bu günki söhbetimiz onuň alyhezretleri Edebiýatyň gerçekden ägirt bir esgeri, dünýäde iň bir söýlüp okalýan ýazyjylaryň biri George Orwell (Eric Arthur Blair) hakynda. Progressiv adamzat 25-nji iýunda(2003) George Orwelliň doglan gününiň 100 ýyllygyny baýram etdi. Eýsem, George Orwell kim, biziň turkmen okyjylarymyz ony ýeterlik bilýärlermi? Bu soraga oňyn jogap bermek kyn. Sebäbi beýik ýazyjynyň dünýä belli “Mal fermasy-da”, “1984” atly meşhur eseri-de türkmen okyjysyna elýeterli däl. Her näçe gynansak-da, George Orwell türkmen okyjylaryna indi ýetirilmeli. Elbetde, bu gijikme türkmenleriň ol eserleri okamak islemänligi ýa-da ol derejedäki ýazyjylara düşünip bilmekden beýnisiniň ýukalygy bilen bagly däl, eýsem syýasy-ykdysady şertler bilen bagly boldy. George Orwell şu günki Türkmenistanyň syýasy-ahlak mirasdary bolan sowet soýuzynyň hakyky keşbini, şonyň bilen birlikde bu döwletiň harabalarynyň astyndan dörejek adamhor sistemalary hem aýnada gören ýaly görüp bilen ussatdyr. “1984”-däki “eger Partiýanyň boýna dakan ýalanyny beýleki adamlaryň hemmesi kabul etse, eger ähli ýazgylar şol bir söz-düşünjäni käkäläse, onda ýalan taryhyň gatyna siňýär we çyna öwrülýär” diýen setirler, Partiýanyň “Kim geçmişe kontrolluk etse, şolam geljege kontrolluk edýändir, kim şu güne kontrolluk etse, geşmişe hem kontrolluk edýär” diýen şygary sowet halkyny döretmek syýasatynyň düýp mazmunyny açmaýarmy eýsem? George Orwell häzirki zaman dünýäsiniň iň bir sylagly ýazyjylarynyň biridir. Edebiýat tankytçylarynyň pikirlerine görä, onyň kitaplarydyr makalalary adamlara dünýä täze bir nazar bilen bakmagy öwredipdir. George Orwell 1903-nji ýylyň 25-nji iýunynda Hindistanda doglupdyr. Ondan bäri dünýede nämeler bolmady? Emma Orwelliň eserleri henizem gadyr-gymmatyny gaçyranok, gaýta göwher ýaly jöwherlenýär, oýlandyrýar. Orwell orta gatlaga degişli iňlis maşgalasynda dogylýar. O wagt Hindistan Britan imperiýasynyň bir bölegidi. Hindistandaky beýleki iňlisler ýaly, Orwelliň maşgalasy hem özleriniň hindi goňşularyna garanda has gurgun ýaşapdyr. George heniz ýaş döwründen hökümetleriň häkimiýeti köplenç adalatsyz ulanýandyklaryna, hökümet aparatynyň halky ezmek üçin gural edilýändigine akyl ýetiripdir. Soň ol Ýewropada ýaşanda hem nirede bir garyp-pukara adamlaryň ýaşaýan köçelerini saýlap alypdyr. Onuň ilkinji kitaby “Pariž bilen Londonda aşak we daşaryk” (Down and Out in Paris and London) kyn döwürler hakynda söhbet açýar. Aýdylyşy ýaly, Orwell bu eserinde adamlaryň ünsüni dünýäniň adalatsyzlyklaryna çekmek isläpdir. Ol eýýäm ýaşlyk ýyllaryndan ýazyjylygyň syýasy ideýalar hakynda pikir alyşmak üçin gowy bir ýoldugyna akyl ýetiripdir. Orwell 1934-nji ýyldan 1943-nji çenli köp ýerlere syýahat edýär we ýazyjy hökmünde basa işleýär. Ol iňlis gazýet-jurnallary üçin ýüzlerçe makala ýazýar, dünýä syýasaty boýunça BBC-de yzygiderli çykyş edip durýar. Ýone ol döwürde ýazyjynyň kitaplary gowy geçmändir. Makalalaryndan bolsa oňa ne ýeterlik gazanç gelipdir, ne-de bir meşhurlyk. Ýazyjynyň ýetde-gütde güzerany diňe ömrüniň soňky ýedi ýylynda, ol özüniň iň meşhur iki kitabyny ýazanda üýtgäpdir. 1945-nji ýylda ýazylan “Mal fermasy” (Animal farm) Orwelliň ilkinji şowly eseri bolupdyr. Bu kitap Orsýetde 1917-nji ýyldan 1940-njy ýyllara çenli bolan syýasy wakalardan söhbet açýar. Kitapdaky mallara adamlar, ferma bolsa Orsýet diýip düşünmeli. Eserdäki mallar ferma eýeleriniň elinden häkimiýeti gaňryp alýarlar we täze hökümet döretrmäge başlaýarlar. Başda täze hökümet ähli haýwanlar deňdir diýýär. Ýöne soňra güýçli haýwanlar has nebsewür bolýarlar we diňe öz gaýgylaryny edip başlaýarlar. Olaryň açgözlügi görlüp-eşdilen bolmaýar. Onsoň kanun şol güýçli haýwanlaryň peýdasyna, kabir haýwanlar beýlekilere garanda has deňdir diýlip üýtgedilýär. Orwelliň ýönekeýden şireli, päki ýaly kesgir dili häkimiýetiň adamlary nähili açgöz hem doýmaz-dolmaz edýändigini ussatlarça açyp görkezipdir diýip, edebiýatçylar aýdýarlar. 1948-49-njy ýyllarda Orwell özüniň ikinji meşhur kitabyny – “1984” atly eserini ýazýar. Bu kitapda Winston Smithiň, Oceanianyň, ýagny Ýewropanyň iň soňky hakyky akyldarynyň hekaýaty gür berilýär. Winston gelejekdäki bir dünýede, Uly doganyň, ýagny Hökümetiň her bir adamyň durmuş-ýaşaýşyny üznüksiz, hemmetaraplaýyn hem berk gözegçilikde saklaýan ýerinde ýaşaýar. Ýöne güzabyň ulusy ýa-da has howply günler Winston yşka düşende başlanýar. Uly doganyň aýylganç şalygynda yşka düşmek jenaýata barabar bir zat bolansoň, Winston öz söýgülisi bilen gizlinlikde duşuşmaly bolýar. Onsoň olar Uly dogana, Hökümete garşy göreşmek kararyna gelýärler. Ýöne olary derhal ele salýarlar we türmä taşlaýarlar. Winstony türmede öldir ýaly edip ýençýärler. Ahyrynda öz dostlarynyň hem ýurdunyň özüne dönüklik edişi ýaly, olam öz Juliasyna ikilik edýär. Ol aň-akyl, ahlak taýdanam, beden babatda hem weýran edilýär. Uly doganyň häkimiýetine, eden-etdiligine, zorluk-sütemine hiç hili çäre tapylmaýar. Orwelliň bu eserinde diňe uly adamlaryň sandan çykarlyşy däl, eýsem etişip gelýän nesilleriň hem adamhor edilip etişdirlişi suratlandyrylýar. Eseriň baş gahrymanynyň goňşy öýde synlaýan kartinasy, içaly-içaly oýnaýan, “Dönük, dönük, pikir jenaýatçysy” diýip gygyryşýan, türmedäkilriň asylşyny görmäge äkit diýip şikaýat edýän çagalar şol weýrançylygyň anyk netijesidir. Häkimiýetleriň her aýda bir gezek diýen ýaly adam asýan ýerlerine çagalary eltmek bu ýurtda syýasatyň özenini düzýär. Orwell özüniň meşhur “Mal fermasy” hem “1984” eserlerinde, anyk görkezmese-de, ozalky sowet soýuzynda bolýan wakalary beýan edipdir. Mälim bolşy ýaly, SSSR taryhy adamzat taryhynda geçirilen aýylganç synaglaryň jemi ýaly bir zat boldy. 1917-nji ýylyň rewolýusiýasy, kollektiwleşdirme syýasaty, basmaçylyk ýa-da halk gozgalaňlarynyň basylyp ýatyrlyşy, Stalinçilik terror we beýlekiler bir görseň taryh bolup galdy, bir görseňem bu günki postsowet döwletlerinde dowam edýän syýastyň esasyny goýdy. Türkmen rejiminiň tankytçylary bu ýurtda dünýäden üzňeleşme syýasatynyň alnyp barylýandygyny aýdýarlar. Sowet soýuzy hem wagtynda şol syýasaty ýöredipdi. Bu daşarky duşmanlardan goranmak zerurlygy bilen düşündirilipdi. Nämemiş, kapitalistik dünýä sowet adamlarynyň bagtly durmuşyny görüp bilmeýärmiş. Soň bilen bir wagtda içerki duşmanlardan goranmak meselesi hem mydama möhüm boldy. Orwelliň meşhur “1984” eserinde şeýle aýdym ýaňlanýar: Men-ä seni satdym, sen meni satdyň Ýaýbaň kaştan agajynyň astynda. Olar onda ýatyr, biz bolsa munda, Ýaýbaň kaştan agajynyň astynda... Orwell by aýdymy diňläp oturan adamlaryň gözüniň ýaşdan püre-pürdügini ýazýar. Eýsem olar aglamaz ýalymydy. Ol adamlar rewolýusiýanyň gahrymanlary diýilýänler. Soň olardan duşman ýasaýarlar. Onsoň rewolýusiýanyň hakyky liderleri birýanujyndan dönük, duşman bolup çykýar we pürrelenip gutarylýar. Olary tussag edýarler we edenu-etmedik jenaýatlaryny boýun aldyrýarlar. Görelde sudlarynda aýdýan sözlerini diňleseň, asyl olaryň etmedik jenaýaty ýok. Jemgyýetçilik emlägine-de el urupdyrlar, Uly dogana – ýagny hökümete garşy dildüwşik hem edipdirler, daşarky duşmanlar bilenem aralary bar we ş.m.ler. Ýogsa olar öň partiýanyň iň bir abraýly adamlary bolupdylar. Orwell ahyry Uly doganyň – ýagny hökümetiň diňe özüniň saýlanyp galandygyny, ony şu derejä ýetirenleriň hemmesiniň ýa tutulandygyny, ýa-da tutulmaga garaşyp oturandygyny ýazýar. Olary gabrystana iberilmäge garaşyp oturan jesetlere meňzedýär. Bu meňzetme aýylganç, ýöne gaty jaýdar. Orwell azatlyk 2 bilen 2-niň 4-digini aýdyp bilmek üçin azatlyk, eger şu kepillendirilen bolsa, eýleki zatlaram bolmaly diýipdir. Ýöne hökümet 2 bilen 2-ni goşsaň 5 bolýar diýýän wagtynda, muňa däl diýýänleri dönük, duşman diýip yglan edýän wagtynda hiç hili kepillik galmaýar. Hatda şol hökümetiň özüne, onuň iň ýokarky agzalaryna-da kepillik galmaýar. Orwelliň eserleri adamzadyň geçmişi hem şu güni kontrollukda saklajak bolýan aýylganç gelejekden ägä bolmagy üçin edilen duýduryşdy diýip, edebiýatçylar aýdýarlar. Gynansak-da bu duýduryş türkmen okyjylaryna etmän galdy. Orwell öz ýaşaýan dünýäsindäki özgerişler hakynda çuňňur oýlanmak bilen, olara hakyky ýazyjy nazaryny salmagy başaran ussat diýip aýdasym gelýär. Ol taryhyň örän möhüm sapaklardan ders berýändigini we şol sapaklary wagtynda özleşdirmezligiň, olardan dogry netije çykarmazlygyň nähili uly betbagtçylyklara getirip biljegini aýtmak isläpdir. Eýsem Orwelliň şu setirleri bizi oýlanmaga çagyrmaýarmy: Men-ä seni satdym, sen meni satdyň Ýaýbaň kaştan agajynyň astynda. Olar onda ýatyr, biz bolsa munda, Ýaýbaň kaştan agajynyň astynda... (Makala ýazylanda Penguin Dossiers-den hem-de George Orwelliň "1984" atly kitabyna ýazylan sözbaşydan peýdalanyldy.) 26 iýun, 2003 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |