20:55 Görnükli türkmen ýazyjysy, halypa žurnalist Rahym Esenow aradan çykdy | |
GÖRNÜKLI TÜRKMEN ÝAZYJYSY, HALYPA ŽURNALIST RAHYM ESENOW ARADAN ÇYKDY
Taryhda şu gün
Türkmen edebiýatynyň aksakgaly, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rahym Esenow şu gün, 96 ýaşynyň içinde Aşgabatda aradan çykdy. Ýazyjy özüniň 27 ýyllap ýazan baş kitabyny, "Baýram han" (rusça "Венценосный скиталец", iňlisçe “The Crowned Wanderer”) trilogiýasyny awtoritar prezidentiň islegine görä üýtgetmän, öz hasabyna Moskwada 1000 nusgada çap etdirip, onuň bir bölegini Aşgabada getirdeni, şeýle-de ýurtda döredilýän şahsyýet kultuny goldamandygy üçin gara sanawa girizildi, öý tussagy edildi, ýaşap oturan howlusy ýykylyp, köp gatly beýik jaýyň ýokarky gatyndaky kwartiralaryň birine göçürildi. "Türkmen edebiýaty agyr ýitgä sezewar boldy, onuň uly saýaly daragty ýykyldy” diýip, aşgabatly edebiýatçy Rahym aga Esenowyň şu gün, 23-nji aprelde dünýäsini başgalandygyny tassyk etdi. 1927-nji ýylda doglan uruş weterany 1-nji fewralda 95 ýaşynyň toýuny toýlapdy. Rahym aga ozal öwrenip, sünnäläp ýazan eserleri, 20-den gowrak kitaby, soňra adamkärçilikli gatnaşyklary bilen, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň arasynda iň sylanýan döredijilik adamlarynyň biri boldy. Ol sowet ýyllarynda "Prawdanyň”, sowet döwletiniň baş gazetiniň Türkmenistandaky habarçysy, Türkmenistanyň medeniýet ministri, Ýazyjylar birleşiginiň başlygy, "Dostluk" jemgyýetiniň başlygy ýaly uly wezipelerde işläp, hem ýurduň içinde, hem daşary ýurtlarda köp syýahatada bolan, hakykatdan hem köpi gören, 1941-45-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan, onlarça kitabyň awtory bolan tanymal ýazyjy, taryhçy alym bolsa-da, Türkmenistan garaşsyz bolanyndan soň häkimiýetler üçin “iň bir oňaýsyz” adamlaryň birine öwrüldi. Elbetde, bu onuň ýurtda döredilýän şahsyýet kultuny kabul edip bilmezligi ýa-da kabul etmek islemezligi bilen baglydy. Hut şu isleg hem ony ýurtda gadagan edilen ýazyjylaryň gara sanawyna goşdy, netijede ol, şeýle jogapkärçilikli pursatda susmak ýa-da susdurylmak islemän, 1990-njy ýyllaryň ortalarynda daşary ýurtdaky neşirler bilen hyzmatdaşlyga başlady. Rahym aga bilen ýurtda döräp gelýän şahsyýet kultunyň arasyndaky gapma-garşylyk onuň ilki "waspçylara" goşulmazlygy, soňra uzak ýyllar iş edinip ýazan taryhy trilogiýasyny, Hindistanda ýaşan orta asyr türkmen şahyry Baýram han baradaky eserini 'hemme zady bilýän' prezidentiň göwün islegine görä üýtgetmezligi sebäpli ýitileşdi. Soňra rus we iňlis dillerinde çap edilen roman Türkmenistanda S.Nyýazowyň açyk ýazgarmasyndan soň, “taryhy taýdan dürs däl” diýen bahana bilen gadagan edildi. Ýazyjy bu eserini 1997-nji ýylda, köp ýyla çeken agyr zähmetden soň, ahyry öz göwnüne jaý görnüşde tamamlap bilenine gaty begenipdi. Emma hökümet başlygy muňa begenmedi. Bu romanyň 2003-nji ýylda Moskwada, özünden ygtyrýarsyz çap edilmegi bolsa, S.Nyýazowy has-da dergazap edene meňzeýär. Netijede, şol wagtlar ýürek derdi sebäpli hassahanada bejergi alýan 77 ýaşly ýazyjy, daşary ýurtda çykardan kitabyny ýurda getirmek bilen, "gaçakçylykda", "sosial, etniki, dini ýigrenji öjükdirmek" synanyşygynda aýyplanyp, prezidentiň buýrugy esasynda, hassahana otagyndan çykarylyp, sorag edildi. Soň ol bu "ussaglygyny" Pragada gezip ýörkäk birnäçe gezek ýatlady we men ol ýatlamalaryň käbirini okyjylar bilen paýlaşmak isledim: "Näsag düşeginden galdyryp, tussaghana alyp ugranlarynda, hassahananyň ikinji gatyndan aşak düşüp barýarkak büdräp, tas ýykylypdym, meni alyp barýan ofiser derrew tirsegimden tutdy. "Çekil, eliňi degirme, men seniň kömegiňe mätäç däl" diýdim... Türmäniň nahary iýer ýaly däldi. Ol nahary iýmejegimi aýtdym. Onsoň her gün öýden, çagalarymyň bişiren naharyny getirtmäge rugsat berdiler... Kamerada bile oturan tussagym: 'Rahym aga, siz-ä uly ýazyjy, ýurtda we dünýäde tanalýan adam, menem adaty neşe gaçakçysy, emma ikimizem şu ýerde, hapa kamerada otyrys, seniň menden näme tapawudyň bar?' diýdi. Gaty gaharym geldi. Ol dogry aýdýardy, hökümet başlygy ýurtda çäç bilen harpygy garym-gatym edipdi, belki-de, harpygy ýokaryk çykarypdy..." Bu 2004-nji ýylda bolupdy. Soň Pragada bolanda gürrüň bermegine görä, ol ýurtdan çykmazlyk, her hepde ýerli polisiýa bölümine baryp, bellik etdirmek baradaky dilhata gol çekmäge hem mejbur edildi. Rahym aganyň häkimiýetleriň öňündäki “günäsini” agraldan ýene bir zat bolsa, onuň talaplara boýun egmezligi, şol wagt tanymal oppozisioner Abdy Kulyýew bilen eden telefon gürrüňleri barada degişli ýerine habar bermezligi boldy. Ýöne halkara hukuk toparlarynyň barha ýygjamlaşan basyşlary netijesinde, Aşgabatdaky ABŞ ilçihanasynyň kömegi bilen, Rahym Esenow ahyrynda ilki kameranyñ añyrsyndan, soň öý tussaglygyndan boşap, 2006-njy ýylda, 79 ýaşynda Nýu-Ýorka baryp, dünýäde edebi azatlyk üçin berilýän ýyllyk sylaglaryň birini, Barbara Goldsmit adyndaky Ýazmak azatlygy baýragyny (PEN/Barbara Goldsmith Freedom to Write Award) öz eli bilen kabul etdi, onuň Tebigat taryhy muzeýiniň Umman durmuşy zalynda sözlän sözi Galamdaşlar merkeziniň 600-den gowrak agzasynyň gaýta-gaýta ör turup, şowhunly el çarpmagy bilen garşy alyndy. Ol şonda "meniň ýurdumda, belki-de, diktatordan başga hiç bir adama beýle beýle hormat-sylag edilenok" diýipdi. Rahym Esenowyň "Baýram han” romanynyň 800 nusgasy Aşgabatda häkimiýetler tarapyndan ýakylyp ýok edildi, ýöne ol bu kitabyna awtorgaf ýazyp berip, eden söhbetlerinde “gowulygyň ýeňjegine, haýyr işiň ahyrynda üstün çykjagyna, şeriň bolsa ýeňiljegine hemişe ynanandygyny we bu ynamyň özüne güýç berendigini” aýdypdy. Dile geldi-bile geldi: Rahym aganyň ýadymda hemişelik galan iki gürrüňini aýdaýyn. Ýyly anyk ýadymda däl, 1996-njy ýa-da 1997-nji ýylyň tomsy, halypa bilen Moskwanyň etegindäki Peredelkinoda, ýazyjylaryň döredijilik öýünde bolýardyk. Ol bir gün şol ýerde, Peredelkinoda ikinji oglunyň ajy habarynyň gelşini gürrüň berdi. "Gije düýş görýärin, ýokarymda iki çyra bar, biri köýen, beýlekisi köräp, köýjek-köýjek ýaly edýär. Şol wagtam gapym kakyldy. Aşgabatdan jaň edipdirler, ikinji oglum ýol heläkçiligine uçrapdyr". Şol gün, Rahym aga Moskwadan Aşgabada gyssanmaç dolanyp gelende, ýazyjy kärdeşleri, ony tanaýan adamlar ýaşulynyň soň häkimiýetler tarapyndan ýykylan howlusynyň daş işiginde ýüzlerini sallap otyrdylar. Rahym aganyň ikinji ýadymda galan gürrüňi daşary ýurtlarda, baran, bolan ýeriňde türkmen hakynda ýaramaz pikir-düşünje galdyrmazlyk baradady. Ol iýen-içen stoluny, bolýan ýerindäki arassaçylyk talaplaryny aňrybaş derejede berjaý edýärdi. Belki, meniň synlaýanymy görüp, ol munuň daşary ýurtlara syýahat eden ýyllarynda endik bolup galandygyny düşündirdi: "Ýurt daşynda bolsaň, diňe öz abraýyň däl, halkyň abraýy hakynda hem pikir etmeli bolýar, men şu ýerde bolan ýerimi hapalap gitsem, bilýän, tämizleýji bar, aýlyk alýar, öz işini eder, meniň adymy hem ýadynda saklamaz, ýöne onuň "türkmen diýilýänleriň hemmesi şeýlemikä" diýip pikir etmegi welin gaty mümkin..." Rahym Esenow Jüneýit han, Eziz han ýaly, sowet döwründe bir taraply, kommunistik ideologiýanyň gözi bilen öwrenilen we "könäniň zyýanly galyndysy" edilip görkezilen şahslar, şol sanda "Türkmen azatlygy“ diýilýän toslama iş esasynda ýok edilen türkmen intellektuallary hakyndaky "ýapyk" hakykaty açmakda hem, DHK-nyň arhiwlerinde gözleg, barlag işlerini geçirip, uly tagalla etdi. Emma onuň türkmen hanlary hakyndaky täzeçe çemeleşmesi hem döwlet ýolbaşçysynyň göwnünden turmady. “Bilýäňmi näme, haçanda men türmeden çykamda we bu ýere gelýänimi aýdanlarynda, ýurdy hemişelik terk etmek, bosgun durumyny almak we şu ýerde ýaşamak barada pikir etdim“ diýip, Rahym aga "New Yorker” žurnalynyň žurnalisti bilen eden söhbetdeşliginde aýdypdyr. “Bu pikir esli wagt gitmedi. Emma men muny başarmaryn. Meniň aýalym näsag. Meniň maşgalam bar. Men gaty garry. Bu meniň üçin gaty giç. Türkmenistan meniň ömrümi tamamlamaly ýerim” diýip, halypa ýazyjynyň amerikan neşirine aýdan sözleri onuň bu temadan Pragada, saçak başynda eden gürrüňlerini ýatladýar. Dowamly hökümet terroryna we ýazýan zatlarynyň indi aňsat çap edilmejegine garamazdan, syýahatçy ýazyjyny ýurdunda saklan ýene bir zat bardy, onuň iki ogly ýaşlykda wepat bolup, türkmen topragynda jaýlanypdy, aýaly oňa, öz sözleri bilen aýdylsa, "ogullaryny bärde ýeke goýup, hiç ýere gitmejekdigini" aýdypdy. Rahym aga bu gürrüňi ilki 1996-njy ýylda, Moskwanyň etegindäki Peredelkinoda, ýazyjylaryň döredijilik öýünde bir aý bile bolamyzda aýdypdy, soň Pragada duşuşyp, şäherde gezelenç edenimizde hem ýatlapdy. "Siz ýaly ýaş bolan bolsam, menem Aşgabatda galmazdym. Çagalaryňyz ýanyňyzda, ýüregiňizi gysdyrmaň, Magtymguly aýtmyşlaýyn, "bu bir iş wagtydyr, işläň!” diýip, ol Pragadan yzyna, Aşgabada gitmek üçin hoşlaşanda aýdypdy. Halypanyň berk ynanjyna görä, ýazyjy islendik döwürde näme hakynda ýazsa ýazsyn, haýsy žanrda eser döretsin, ýöne hökman adamlaryň duýgularyny, pikir-garaýyşlaryny we protestini beýan etmelidi, ol "men öz halkymyň ogly" diýýärdi. Merhumyň ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýäris, onuň yzynda galanlara uzak ýaş arzuw edýäris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |