07:54 Türkmeniñ ogullary / poema | |
TÜRKMENIÑ OGULLARY
Poemalar
Türkmeniň ogullary! Bir-biregiň şöhratyny gabanmaň, adyny gabanmaň, gabanmaň zadyn... Ogul boluň, biliň ogullyk asla kesgitlenýän zat däl jynsu-at bilen. Gyzam bolsaň, ogul bol! Ogul bolsaň, has beter. Ejiz bolma, egbar düşme, pesleme, adam adyň pisleme! Gysganma, gabanma birek-birekden bu dünýäň, geçegçi dünýäň şöhratyn, zadyn, zynatyn! Türkmeniň ogullary! Eýe boluň ýurduňyza, öýüňize, ile hem özüňize eýe boluň, sözüňize eýe boluň. Açyň gözüňiz, görmedik, bilmedik, aňmadyk bolmaň, okaň, öwreniň, biliň! Ýigreniň ýigrenmelini, söýüň söýmelini serhoş ser bilen. Aýagyny köwmäň birek-biregiň, bir-biregiň depesinden gum guýmaň, sowurmaň hapany bardan hem ýokdan, ogurlamaň ogluňyzyň ömürni, talamaň gyzyňyz, gelniňiz ýene, gömmäň geljegin! Dogry boluň, dogrulyga daýanyň, ogurlyga daýanmaň, daýanmaň ala, hilä daýanmaň. Çünki ogurlyk biliner, açylar allar, hile aňlanar, dogrulyk galar. Parlak gün -- hakykat, gömseň-de herne, bil, geler ýerne, bu gün ýa ertir, birigün, belke. Şu gün aldanyňa, alanňa bakma, ýolanňa bakma, bakma goparanňa, çökerenňe-de, begenme irkä, aldaw, aluw bilen aýlawa, sirke çykarlan aýy deý galyp aýagňa öňin, ardyn omman atyp, egilip, aşyr atyp, özüňi hem özgäni aldandan bolup ýallanma, aldanma! Bil, biler adam adamy, adam bakan, adam bakman, parhy ýok. Hem geň görme, bilmez adam adamy, dünýe bazar, adam haryt, nyrhy ýok! Türkmeniň ogullary! şu gün bilen ýaşamaň, şu gün bilen çäklenmäň, çäklendirmäň aňyňyz, üşügiňiz üşütmäň, döwmäň göwnüňiz, gysmaň egniňiz, ýüzüňiz sallamaň sallamasyza, öýkelemäň özüňizden, özgeden, göwün etmäň kölgesizden, kölgeden! Şu gün bilen ölçemäň erteleri, ýollary. Öňe serediň, öňe, Günüň dogjak ýerne serediň hergiz, daňa serediň diňe! Ýatmaň ýatmasyz wagty, oýanyň, galyň garyňyza hemem daýanyň! Türkmeniň ogullary! Hudaýa-da ynansaňyz ynanyň, ynamam gowy zat, uly zat, belke. Ýöne hudaý “hudaý” diýeniň bilen berenok börek, belke... Hudaý ýüze perde üçin ýa-da bir ogurlyk edeniň aýdan janlysy, berimi, peşgeşi bilen aldanyp, eçilip ýa eçilmän ýören bolsa, hudaý bormudy! Ýa hudaý bormudy özünden irip, gulagyn dykana, gözün gapana, balyk deý dymana dymmasyz zada, ýa-da gorpa özün oklan bezzada, el uzadyp ejizi hem egbary, hem özüne ýüki, hem özgä ýüki, bu baglara, bu daglara, zemine, asman arasyna ýaraşmaz koky, hapany saklasa bela-beterden, Hak bolarmydy! Türkmeniň ogullary! Aýal boluň, gyz boluň, ogul boluň has, ogulrak bolmaň, diýmäň “bolýa-da”, “bolanok” diýiň bolmaýan zada, “bolýa” diýjek boluň bolýanyna-da, bolmaýanna “bolýa” diýmäň hiç haçan, aýdyň hudaýlygňyzy, ýürekdäkini, ýürekde ýok pygly dile getirmäň, dildäkini dişden aňryk ötürmäň, aýdyň Hak üçin, haky üçin Hakyň! Gözüňiziň haky üçin, gulagňyzyň haky üçin, diliňiziň haky üçin, haky üçin beýniňiziň, başyňyzyň haky üçin, sözüňiziň haky üçin, ýüzüňiziň haky üçin, öz hakyňyz üçin aýdyň bilýänňiz, iliň haky üçin aýdyň bilýänňiz! Günüň haky üçin, Aý haky üçin, gündiz, gije üçin, ýyldyzlar üçin, ak ýagyşlar üçin, säherde ýagan, gunduz ak gar üçin, gijeleň nury, suwlar üçin, gözbaşlardan syzylan, guwlar üçin, gök ýüzünde düzülen, elwan güller üçin, ýeriň lälesi, özüň, özüň üçin, ynsan balasy, aýt haky, hakykaty gizleme, ejizleme, egbar düşme, adammyň, özüň gömme, tümmekleme, düzleme! Türkmeniň ogullary! Goý, boýuňyz uzyn bolsun, pes bolman, hem köňlüňiz gözel bolsun öňküden, ýüregiňiz, ýüregiňiz ulalsyn, iň bolman, bolmanda at başy bolsun, hem ýagşy bolsun, rehimli bolsun, bolsun dözümli, özüňiz boluň, özüňiz geliň, göze gelüwli, akyla gelüwli, aňa gelüwli, adama gelüwli adamlar boluň, nadanlar bolmaň! Türkmeniň ogullary! Ogly-gyzy ýok, söýüň söýgiňizi göge ýetirip, göterip göge, söýgüden gapylsyn jöwher gözlerňiz, söýgüden lal açsyn diliňiz käte, söýen gyzyň bagtdan gözi ýaşarsyn, söýen ýigdiň bagtdan uzasyn boýy, köp bolsun toýy! Söýüň eneleri, bagry girýany! Söýüň atalary, sözi dür-many! Çagalary söýüň, gözüň monjugy, söýüň uýalary, solmasyn ýüzňüz, söýüň agalary, öz gara gözňüz, inileri söýüň, erte är çykjak, söýmäň nadany, mahlugy söýmäň, nebsiňizem agyrmasyn nadana, öz-özünden ölüp, ýeňlip ýadana... Türkmeniň ogullary, arkadaýançlam! Gözümiň guwanjy, begenjim-ilim, serediň dünýä! Il nireden barýa, nämä dümtünýä, ymtylýar nämä! Siz birek-biregi iýmäň, gysylmaň, jaýlaşyp hem bile münüp bir gämä. Siz birek-biregiň elinden çekiň, ýykylany galdyryň, basalap ötmäň, geçmäň geçmesizden, çyzykdan aňryk, beýtmäň! Türkmeniň ogullary, dowamy atalaryň, gylyç gemrip geçenleň, türkmeniň gül topragna gyrmyz ganyn seçenleň, namardyň dowamy däl, ölhit gutaranlaryň, tükeneniň, ejiziň gul-kaýyl owazy däl, ölende-de mert ölen merdana ýigitleriň, merdana gelinleriň ýürek telwasy boluň, “Ýurdum” diýip çyrpynyň, ýurt üçin asy boluň, günäkär boluň käte, gazap bilen galkynyp, silkinip, öli bolmaň, diri boluň dirikäk, perişde boljak bolmaň, her işde boljak bolman, bir işde boluň, adam, adam, adam boluň ýene-de, adam bolup doglup ak ýüz eneden! Türkmeniň ogullary, satmaň birek-biregi, itmäň çukura, iki kilo işbil üçin, kofe üçin, kürsi üçin, ýyndam maşynlar üçin, keýp üçin, loly üçin ýurduňyz satmaň, satmaň iliňiz; köşki-eýwan üçin, ýykyljak ertir, ýumşak diwan üçin, ýyrtyljak ertir, ýalan öwgi üçin, şöhrat-şan üçin, rahat rowan üçin, iki gün çekjek, üçünji gün tamam boljak “waý” bilen, satmaň ýurduňyz! Türkmeniň ogullary! Peslikleri ýigreniň, belent boluň peslikden, meslikden belent boluň! Iki gün, ikije, iki gün doýup, gözüňizi ýag aldyrmaň, düşüniň doýagarna iýmeýänleň derdine, hesretine düşüniň, betbagtlyk inen öýüň agysyna düşüniň, naçaryň, garryň, çagaň nalasyna düşüniň, düşünjek boluň, duýjak boluň hasratyny illeriň, hemem birazajyk ýeňletjek boluň agyr ýüküni... Ýük bolmaň ile, bolmaň musallat, bela bolmaň ýylbaşy bilen gelen, ýylyň aýagyna gutulyp bolmaz, gala boluň, başarsaňyz daş gala, galkan boluň, başarsaňyz polatdan, kesgir gylyç boluň il goragynda, aldajy ok boluň, il bähbidine kast edeniň giriň göwsünden parran, il boluň il bilen, il bolman dargan! Türkmeniň ogullary! Ogul boluň bir gezek, naçar bolmaň ömürlik, naçarlaman, aglaman, el serip göge, ýere, akyl ediň, oýlanyň, oýlanyň garyş-sere, serediň yza-öňe, besdir lallyk hem körlük, kerlik besdir, eşidiň azat ýelleň owazyn, erkin ak ýagyşlaryň takyrlary ýuwuşyn, erkin gök bulutlaryň gök ýüzünde ygyşyn, ýagyşyn görüň ýagşyň, duýuň ýürekden, ýürekden berliň ýaza, ýaz gudraty, göçgüni bilen ýaşaň bir gezek, bir ömür ýaza meňzäp, güllediň ýurduňyz bahar mysaly, aýaň her gülüni, gunçasyn ýene gül gögerjek ýerleri, dökmäň zir-zibil, hapa galmasyn yzyňyzda! Türkmeniň ogullary, ýara kalbyňyz ýapyp, melhem bolup özüňiz, dert-beladan aýňalyp, gutulyň özüňizden!. Aşgabat, MHK-nyň tussaghanasy, dekabr, 1995. | |
|
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |