ÜZÜM
Bägüli agtarmaz gözüm,
Solýar ýazyñ düşen çagy;
Jana ýakýar salkym üzüm
Dag düýbünde bişen çagy.
Hasylly jülgämiñ görki,
Guwanjt ol altyn güýzüñ,
Dup-duruja buldurap dur
Barmagy deý gözel gyzyñ.
Terjime eden: Çary AŞYR.
■ BAKJASARAÝ KÖŞGÜNIÑ FONTANYNA
Eý, sen yşk fontany, eý, janly fontan!
Saña bu gün gül getirdim men sowgat.
Söýýän señ dynuwsyz sözleññi, fontan,
Şahyrana gözýaşlaryñ ne gudrat!
Sowuk zerre sepýär meniñ eşigme,
Kümüş ýaly lowurdaýan damjalar.
Lummurda, jüññürde, eý, bagtly çeşme,
Jürläp-jürläp, geçmişiñden ber habar...
Eý, sen yşk fontany, gussaly fontan!
Seniñ mermerlerñi soragdan gömdüm.
Saýry ýurtlar hakda öwgi eşitdim kän,
Ýöne sen Mariýa hakynda dymdym...
Eý, haremhanada öçügsi çyra!
Unduldyñmy, munda sen ýekemi ýa?
Aýt ýa-da Mariýa bilen Zarema
Bir owadan bagtly ertekimi ýa?
Ýa ol meñ düýşümiñ suratymydy,
Ýa-da bir boş çölde öz hyýalymy?
Kalbyma düşnüksiz idealymy?
Ak kagyza çeken pursatymmydy?..
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
■ AKWILON (güýçli ýel)
Nämüçin, akwilon, durduñ ösmäge,
Nämüçin gamyşy kenara egdiñ?
Näme gazaplanyp uzak asmana,
Akja bulutlary ol çete kowduñ?
Ýañy gara bulut asman astynda
Gara gümmez bolup gäberip durdy.
Ýañy bir dub beýik depäñ üstünde
Asmana buýsançly el serip durdy...
Sen gara ýel, öwsüp, oýnap başladyñ,
Barha gazaplandyñ uly zor bile ㅡ
Gaýly buldy allowarra taşladyñ,
Äpet tudy ýegsan etdiñ ýer bile.
Goý, indiden beýläk şöhle ýaýnasyn,
Günüñ altyn nury asmandan ýagsyn.
Akja bulut bilen şemal oýnasyn,
Gamyşlar başyny ýuwaşja egsin.
Terjime eden: Çary AŞYR.
■ GRAF M. S. WORONSOWA
Ýarym merdan, ýarym nadan
Hem-de ýarym haýyn entek.
Bir umyt bar, her tarapdan
Ahyr doly bolar tentek.
Terjime edenler: G. GURBANSÄHEDOW, B. JÜRMENEK.
* * *
£urnal söweşlerne höwesjeñ örän,
Adalatsyz tankyt etmäge dörän.
Sülekeýin ýygnap ol guduz itiñ,
Syýasyn ýasaýar zäherli hatyñ.
Terjime eden: Çary AŞYR.
■ ALEKSANDR PAWLOWIÇLERIÑ IKISINE
Romanow bilen bedasyl Zernow
Meñzeşdi gylygnyñ hemmesi bilen:
Bir aýagy bilen agsasa Zernow,
Romanow agsady kellesi bilen.
Ýiti deñeşdirmäñ gerek ýerinde,
Kütek deñeşdirmä bolarmy orun?
Biri Awtsterliñ eteklerinde,
Biri öz öýünde döwdürdi burnun.
Terjime eden: Kerim GURBANNEPESOW.
Goşgular