|
WATAN GIJESI
Beýik dub.
Astynda ýatyr çuňňur suw.
Asuda kölgeler örtüpdir teýin.
Degre-daşy ümsüm, öňde-soňda bu
Tebigat hiç sarsgyn görmedik deýin.
Şeýle bir asuda jaýlaň üçegi,
Sarsmadyk deý gök gübürdän mahalam.
Yrananok gök baldaklaň seçegi,
Şygyrdanok howludaky pahalam.
Ukuly jokjoky saýraýar selçeň,
Men geldim, geçensoň gelmez ýyl-aýym.
Nädeýin, gelmese gelmesin geçen,
Şu pursat bir dowam etsin ylaýym.
Gozgamadyk çagy hasrat kalbyňy
Süýşýär ümsüm kölge suwlaň astynda.
Hem durmuş asuda hiç haçan indi
Düşülmejek ýaly durmuş sarsgynna.
Söýýär kalbyň ezýet çekmän ol güni
Iň eziz hem gizlin zady söýşi deý.
Eýeleýär ýagty gussa kalbyňy
Aý nurnuň dünýäni eýeleýşi deý...
Terjime eden Atajan Annaberdiýew.
Goşgular
|
Категория: Goşgular |
Просмотров: 526 |
Добавил: Gurban
| Теги: Nikolaý Rubsow
| Рейтинг: 5.0/1 |
Awtoryň başga makalalary
Goşgular bölümiň başga makalalary