19:26 Wenger baleti | |
WENGER BALETI
Teatr we kino sungaty
Professional horeografik sungat Wengeriýada XIX asyryň 2-nji ýarymynda peýda bolýar. Esasan bir bölümli (aktly) baletler we diwertismentler (diwertisment - spektakllarda, konsertlerde goşmaça hökmünde berilýän saz ýa-da drama oýny) bolup, balet truppasynda çykyş edýänleriň sany 40-50 adamdan geçmändir. Wenger kompozitorlary balet žanryna ünsem bermändir. XX asyryň başlarynda esasanam 20-30-njy ýyllarynda balet tansyny ýerine ýetirijiler, balet tanslaryny goýujy-baletmeýstrler Wenger milli horeografiýa sungatynyň ilkinji binýadyny tutupdyrlar. Wengeriýada ilkinji meşhur baletmeýsterleriň biri R.Brada bolupdyr. Ol Donaninyň erteki sýužetli "Keramatly alaw” (1934) we Z.Kodaýyň sazyna "Kurusk ertekisi” (1935) watançylyk baletini A.Miloş bilen bilelikde goýupdyr. 30-njy ýyllarda baletmeýstr Harangozanyň döredijiliginiň üsti açylýar. Ol wenger sazly teatrynda güýçli kordebalet truppasynyň döremegini we zehinli ýerine ýetirijileriň peýda bolmagyny gazanypdyr. Emma, bu ýagdaýa garamazdan repertuarlary düzüjileriň hökmürowanlygy netijesinde özüne geleňsiz häsiýetleri siňdiren we daş görnüşindäki owadanlyk bilen tapawutlanýan, stilizasiýadan peýdalanylan, ýalan dabara ýugrulan baletlere üns berlipdir. Wenger milli baletiniň joşgunly ösüşi ýurtda halk-demokratik gurluşyň emele gelmeginden soň başlanýar. Budapeşt balet teatrynyň truppasy özünde iň zehinli balet artistlerini jemläp başlaýar. Bu ugurdan wenger balet sungatynyň ösmeginde sowet horeografiýa ussatlarynyň uly kömegi bolupdyr. Budapeşt şäherindäki "Milli teatrda” balet mekdebi açylyp, mekdep ýurduň beýleki sazçylyk teatrlarynyň hasabyna doldurylypdyr. Opera teatrynyň balet toparynyň sany 120-adama çenli baryp ýetipdir. Ýurduň erkinligini gazanandan soňky sahna çykarylan balet spektakllary "Gökrapsodiýa" ("Rapsodiýa”- halk aýdymlarynyň, tanslaryň temasyndan ýazylan instrymental ýa-da wokal instrumental eser), "Budapeşt karnawaly” modernizmiň täsirinden doly çykyp bilmändir. Şeýle ýagdaýdan soň, balet truppasy wenger adatlaryndan ugur alyp nusgawy horeografiýa, milli saz we tans folklaryna ýüzlenmek arkaly baýlaşdyrylypdyr. Ilkinji milli balet tansy hasaplanýan Ýe.Keneşşeiň "Ýaglyjak” (1951), "Bihary hakyndaky aýdym” (1954) iň oňat sahna eserleri hasaplanypdyr. Şol döwürlerde Bartokyň "Agaç şazada”, "Ajaýyp mandarin” Budapeşt teatrynda, F.Farkaşyň "Ýalan esgerler” Budapeşt teatrynda, "Asiswe Galeteýa” Seged şäheriniň teatrynda sahna çykarylyp Wengeriýada hakyky milli balet sungatynyň dörändiginden habar beripdir. Wengeriýada hakyky balet artistlaram ösüp ýetişipdir. Olaryň arasynda G.Lakatoş, Ž.Kun, K.Urgai, D.Çinadi, W.Fýulýon, D.Fýuleki, F.Hawaş, Ýu.Arkoş, D.Roksin we beýlekiler has meşhurlary hasaplanypdyr. Budapeştde ýerleşýän Milli teatryň balet truppasyna D.Harangoza ýolbaşçylyk edipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |