20:12 Wenger teatry | |
WENGER TEATRY
Teatr we kino sungaty
Wenger teatr medeniýeti öz gözbaşyny wenger halkynyň müňünji ýylda hristiançylygy kabul eden döwründen alyp gaýdýar. Wengerleriň tomaşa sungaty köphudaýlylyga uýýan, göçüp-gonup ýören çarwadarlarynyň IX asyrda häzirki wenger döwletiniň tutýan meýdanyny basyp alandan soň dünýä inipdir diýen düşünje dowam edip gelýär. Wenger halky hristiançylygy kabul etselerem käbir güýçleriň basmagy netijesinde köphudaýlylykdan kän bir daşlaşybam bilmändirler. Bu barada Orta asyrlar eýýamyndan galdyrylan ýazgylarda wenger skomorohlarynyň (ykmanda aktýorlaryň) oýunlarynda, halk sazlarynda köphudaýlylyk urp-adatlaryna bolan aragatnaşygyň saklanyp galandy-gy aýdylýar. Wenger teatr medeniýetiniň ilkinji görnüşleri halk aýdymçylarynyň (regeşileriň) skomorohlaryň oýunlarynyň, aýdymçy-sazandalaryň (aýdymçy-sazandalar "hegedýuşi”- skpipkaçy, "lantoşeý”- duhowoý instrument diýen iki topara bölünipdir) çykyşlaryndan ybarat bolupdyr. Katolik buthanasynyň wekilleri wenger milli medeniýetiniň özboluşly ähli emele gelmelerini ýok edip, olaryň deregine halka düşnüksiz bolan latyn dilindäki dini dramalary we misteriýalary goýmaga ýgtyýar beripdirler. Muňa garamazdan buthana dramalary halk tarapyndan kabulam edilmändir, şol sebäplem Wengeriýa ýaýramandyr. 1695-nji ýylda şahyr-mugallym D.Felwinsi Koložwar (Kluž) şäherinde ýörüte professional truppalary döretmek üçin synanyşyklar edipdir. Emma, ol öz etmekçi bolýan zatlaryny amala aşyryp bilmändir. XVIII asyryň başlarynda knýaz Estergazynyň, graf Palfiniň gapy teatr truppalary döredilipdir. Şeýle truppalaryň çykyşlaram halka düşnüksiz nemes we italýan dillerinde bolupdyr. XVII asyrda, esasanam XVIII asyrda katolik buthanasy dini mekdeplerde wenger dilinde dini we dünýewi manyly spektakllary goýmaga rugsat edipdir. Mekdep teatrlarynyň sahnalarynda ilkinji gezek Molýeriň erkin terjimede komediýalary goýlup başlanýar. Bu komediýalaryň esasy mazmunlary ýoýulyp, olar wenger halk durmuşyna golaýladylypdyr. Şeýle spektakllar wenger obalarydyr, şäherlerinde görkezilipdir. Şol döwürde mekdep teatrlarynyň repertuarlaryna intermediýa žanrlary we awtory näbelli "Mihaý Koçonýanyň öýlenişi” spektaklam girizilipdir. 1790-njy ýylda "wenger ýakobinçileri" hereketi döwründe feodalizmden we gabsburgçylyk (Awstriýada höküm süren dinastiýa. Bu dinastiýa 1526-njy ýylda Çehiýany we Wengeriýany özüne tabyn edýär.) zulumyndan dynmak üçin hakykaty açyp bilýän ilkinji professional teatr döredilipdir. Aktýor we teatr işgäri L.Kelemen höwesekleriň we teatr söýüjileriň hasabyna Peşte şäherinde teatr truppasyny döredipdir. Bu teatr truppasy özüniň hereket eden 1796-njy ýylyna çenli Şekspiriň "Otellosyny”, "Romeo we Džulettosyny”, Şilleriň "Galtamanlaryny”, Lessingiň "Minna fon Barnhelmini”, D.Beşşenýeiniň "Filosofiny” we başgada birnäçe spektakllary goýmaklygyň hötdesinden gelipdir. 1792-nji ýyldan Klužede (Transilwaniýa) Feýeriň ýolbaşçylygynda başga bir teatr işläpdir. Wenger professional aktýorlar nesline degişli komikler P.Ýanço, aktrisa A.Mor, tragik aktýorlar Ýa.Patko, L.Kelemen tarapyndan ilkinji milli teatr mekdebiniň binýady tutulýar. Ýaş wenger teatrynyň ilkinji ädimleri teatrdaky tebigyly-gy saklamakdan, görkezilýän oýunlarynyň ýönekeýligini gazanmakdan, sahnadaky gahrymanlaryň gujurlaryny, duýgularyny açyp bilmekden ybarat bolupdyr. XIX asyryň başlarynda häkimýetlerden we ýerli iri dworýanlardan arka tutunan nemes teatrlary bäsleşlikde Wenger milli medeniýetini we ýerli teatr truppalaryny gysyp çykarmak bilen olary sergezdançyly-ga ýüz urmaga mejbur edipdir. Sergezdançylyga ýüz uran teatr truppalary oba ýerlerinde, çöllüklerde ýerleşýän kiçijik şäherlerde demokratik pikirli tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmeli bolupdyrlar. Bu truppalaryň öňlerinde goýan esasy baş wezipeleri halky magaryflaşdyrma bolup, wenger diliniň doly kabul edilmegini, wenger milli medeniýetiniň ýokary göterilişini gazanmak, wenger watançylygyny täzeden galkyndyrmak, öňden gelýän wenger adatlaryny halka gaýtaryp bermekden ybarat bolupdyr. Şeýle çagyryşlara ýugrulan döwrüň tanymal aktýorlary R.Derine, Ž.Sentnetýeri, K.Modýeri, A.Kantorne we beýlekiler özleriniň giň döredijilik giňişliklerini (diapazonlaryny) ulanmak bilen dramada, sazly spektakllarda çykyş etmek arkaly tomaşaçylaryň söýgüsini gazanypdyrlar. 1837-nji ýylda Peşte (Budapeşt) şäherinde "Madýar sinhaz” teatry açylýar. Bu teatra 1840-njy ýylda "Milli teatr” at berilýär. Teatryň sahnasynda nusgawy drama we opera spektakllaryndan başgada daşary ýurt we ýerli spektakllaram çykarylypdyr. Şol döwürde Wenger aktýorlarynyň ussatlygy ideýa we çeperçilik taýdan derejesi örän ýokary bolupdyr. Arzuwçyllyk ugurlary bilen tapawutlanýan aktýor M.Lendwai, aktrisa R.Laborfalwi, aktýor-realist G.Egreşşi döredijiliklerinde milli-azat ediş ideýalary öňe sürüpdirler. Olaryň döredijilikleriniň gülläp ösen döwürleri ýurtda 1848-1849-njy ýyllarda rewolýusiýa taýýarlyk görülýän wagtlara gabat gelýär. Teatryň durmuşa golaýlaşmagy teatryň ilkinji direktory, teatr tankytçysy we teoretigi Ýe.Baýza we dramaturg M.Wýorýoşmarta uly rol degişli bolupdyr. 1848-nji ýylyň rewolýusiýasyna Milli teatr Ýe.Katonyň "Bankban” pýesasyny sahnalaşdyrmak bilen seslenipdir. Spektakl 1848-nji ýylyň 15-nji martynda Peşte şäherinde halkyň göreşe aýaga galan ilkinji güni sahna çykarylypdyr. Rewolýusiýanyň ýeňilişe sezewar bolmagy bilen Milli teatr uzak wagtlap özüne gelip bilmändir. Asyryň 70-nji ýyllarynda Milli teatra meşhur wenger režissýory E.Paulai ýolbaşçylyk edipdir. Ol pýesalara çuňňur realistik baha bermek (traktowka) bilen daşary ýurtlaryň nusgawy we wenger repertuarlarynda dowam edip elýän spektakllary sahna çykarmaga başlapdyr. E.Paulai Şekspiriň nusgawy eserlerini, Gogolyň "Derňewçisini”, Ibseniň "Hinini” ("Nora") sahna ykarmagy gazanypdyr. Şol döwürde ol öz işine meşhur wenger tragik aktrisasy M.Ýasaini, dramaturg G.Çikini çekmegi başarypdyr. XIX asyryň ahyrlarynda ýurduň merkezi we uzak ýerlerindäki şäherlerde täze teatrlar açylypdyr. 1861-1864-nji we 1867-1870-nji ýyllarda Buda şäherinde "Halk teatry”, Peşt şäherinde "Halk teatry” (1875), "Wigsin-haz teatry” (1896), "Madýar sinhaz teatry” (1897), ýurdyň Seged, Sombatheý, Sekeşfeherwar şäherlerinde täze teatr jaýlary gurlupdyr.XX asyryň başlarynda ýurduň ösen intelligensiýa topary režissýor Ş.Heweşiň ýolbaşçy-lyk etmeginde "Taliýa” teatr-studiýasy döredilýär. 1904-1908-nji ýyllarda hereket eden bu teatr-studiýada synag hökmünde dramaturglar Ibseniň, Heýermansyň, Gauptmanyň, Gorkinyň täze pýesalary giň demokratik pikirli tomaşaçylara hödürlenipdir. 1919-njy ýylda Wenger respublikasynyň yglan edilmegi bilen teatrlar rewolýusiýanyň işine işeňňir gatnaşyp halka spektakllaryny görkezip baş-lapdyrlar. Şol döwürde teatr repertuarlary we beýleki geçirilýän sungat çäreleri tomaşaçylara, halk köpçüligine elýeterli bolar ýaly tarapa ugrukdyry-lypdyr. Spektakllary tomaşaçylara mugt görkezmek, şeýle hem profsoýuz guramalary tarapyndan petekleri mugt paýlamak işlerem ýola goýlupdyr. Döwrüň talabyna laýyk täze teatrlar açylyp, tomaşaçylar köpçüligini özüne çekipdir. Çeper höwesjeňler toparlaram köpelip halka hyzmatda bolupdyrlar. 1-nji we 2-nji jahan uruşlarynyň aralygynda ýurtda buržuaz-meşşançylyk islegler artyp, "hortis” ("Hortistik”- häkimýet Wengeriýada höküm süren faşistik-diktaturanyň tarapdary Horti Mikleşiň (1868-1957) ady bilen baglanyşykly. Şol döwürde onuň öňe süren wagyz-nesihaty şowinistik-akyma gulluk edipdir. Sözlüge seret.) hökümi hereket edipdir. Bu yza tesmelere garamazdan Ş.Heweşiň ýolbaşçylyk edýän "Milli teatry” öz sahnasynda spektakllaryň ýokary çeperçiligini saklamagy başarypdyr. Wagtyň geçmegi bilen bu teatrda repertuar üýtgäp tomaşaçyny güýmäp bilýän "ýyldyza” öwrülipdir. Köp şahsy teatrlaryň ýolbaşçylary komersiýa maksady bilen spektakllar goýmaga başlapdyrlar. Aýry-aýry teatr işgärleri G.Baýor, A.Şomlai, M.Ratkai, A.Odri, K.Şugar öz döredijiliklerinde buržuaz ugra ýykgyn edýän "Güýmenjelere” garşy bolup, teatr repertuarlaryna nusga-wy eserleri salmagyň tarapynda çykyş edipdirler. Aktýorlar we režissýorlar A.Horwat, F.Hont, H.Gobbi, T.Maýor Seged şäherinde "Garaşsyz sahnada” we işçilerden düzülen gurnaklarda çykyş edipdirler. 1945-nji ýylda Wengeriýanyň faşizmden azat edilen ilkinji günlerinden başlap, ýurduň öňde baryjy teatrlary esasanam Budapeştdäki "Milli teatryň” ähli döredijilik topary häkimýetiň tarapynda bolup, halka hyzmat etmesini ýokarlandyryp başlapdyr. Şol döwürde "Milli teatryň” ýolbaşçylygy aktýor we režissýor T.Maýoryň eline geçýär. T.Maýor döwrüň zehinli ýaşuly we ýaş neslini daşyna jemläp, wenger milli teatr sungatynyň adatlaryny ösdürip tomaşaça ýetirip ugrapdyr. 1949-njy ýylda wenger teatrlary milli-leşdirilip döwlet teatrlaryna öwrülýär. Teatrlaryň repertuarlaryna U.Şekspiriň, Ž.B.Molýeriň, A.Ostrowskininiň, Ýe.Katonyň, M.Wýorýoşmaryň, I.Madaçyň dünýä belli nusgawy eserleri we meşhur wenger dramaturglarynyň pýesalary goşulypdyr. Şol wagtyň özünde häzirki zaman wenger dramaturglary E.Urbanyň,D.Iýeşiň, L.Hemetiň, I.Şarkadyň, L.Meşterhazyň, Ýe.Darwaşyň pýesalaram sahna çykarylyp başlapdyr. Wenger teatrynda realistik adatlaryň tassyklanmagynda M.Gorkiniň "Ýegor Bulyçownyň” (1947) goýulmagynyň uly täsiri bolupdyr. "Milli teatrda” bu pýesadaky baş keşbi A.Şomlai döredipdir. Dramaturglar Şekspiriň, Şilleriň, Ostrowskiniň, Çehow-yň, Gorkiniň, wenger dramaturglary Ž.Morisyň, D.Iýeşiň pýesalarynda aýdyňlygy we häsiýetleri çuňňur açyp bilmekde režissýorlar K.Hadaşdyň, T.Maýoryň, E.Gellertiň tagallasy uly bolupdyr. Režissýorlaryň arasynda emele gelen täze-ýaş nesliň wekilleri E.Marton, O.Adam, I.Kazan, K.Kazamir, M.Sinetar, L.Wamoş wenger halkynyň teatr sungatyndaky adatlaryny ösdürmek arkaly Gýugonyň "Rýui Blaz”, Bornemissniň "Elektra”, Gorkiniň "Daçnikler”, Wişnewskiniň "Optimistik tragediýa”, Meşterhazyň "Peşteden bolan adamlar”, Kogoutyň "Şeýle söýgi”, Dýurenmattanyň "Garry hanymyň gelmegi” ýaly pýesalary sahna çykarypdyrlar. Meşhur wenger aktýorlarynyň arasynda H.Gobby, M.Ratkai, F.Beşşenýei, Z.Warkoni, E.Bulla, K.Tolnai, K.Latabar, K.Feleki, L.Başti, A.Tekeş, A.Mesaroş, M.Terýoçik, T.Maýor, E.Şuýok, Ýu.Şinkowiç tomaşaçylaryň arasynda uly şöhratdan peýdalanypdyr. Wengeriýada şol döwürde 40-sany teatr işläpdir. Şol teatrlaryň 12-si Budapeşt şäherinde ýerleşipdir. Teatrlaryň iň tapawutlananlary "Wigsinhaz”, "Milli teatr”, "Madaça adyndaky teatr”, Ýožefa adyndaky teatr” hasaplanypdyr. 1959-njy ýylda Budapeşt çagalar internadynda "Odri adyndaky okuw teatry” açylyp onda teatr, kino aktýorlaryny we režissýorlaryny taýýarlamaga başlapdyrlar. Merkezden uzakdaky Seged we Peç şäherlerindäki Milli teatrlar, "Derine adyndaky göçme teatr” uly ustünlikden peýdalanypdyr. Wengeriýanyň çäklerinden daşarda wenger teatry wenger dilinde Rumyniýada, şeýle teatrlaryň ulylarynyň biri wenger awtonom welaýaty bolan Transilwaniýanyñ merkezi şäheri Tyrgy-Mureşde öz işini gurapdyr. Teatr sungatynyň taryhyny öwrenmekde milli we daşary ýurt barlaglary bilen baglanyşykly Budapeştde ylmy institutlaryň birnäçesi işläpdir. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |