11:22 Ýalançylyk, töhmet we gybat... | |
ÝALANÇYLYK, TÖHMET, BIR ZADY GÖZ ÜÇIN ETMEK, IKIÝÜZLÜLIK, GYBAT, WELILIK WE ŞUŇA MEŇZEŞLER HAKYNDA
Jemgyýetçilik tankydy
Abdylla ibn Omar Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir. Ol: «Eger bir adam ýalan sözlese, ol adamdan ýakymsyz ys çykar. Onuň ýanyndaky perişde bu gelýän ýakymsyz ys sebäpli ondan bir mil uzaklaşar» diýýär. * * * Ýene-de Abdylla Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir. Ol: «Ýalançylykdan daş duruň. Sebäbi ýalançylyk günä işlere eltýär. Günä işler bolsa dowzaha eltýändir. Eger bir adam ýalan sözlese ýa-da ýalançylyga meýil etse, Allanyň huzyrynda ol adam ýalançy diýip hasap ediler. Dogruçyl boluň. Sebäbi dogruçyllyk haýyr-yhsan işlere elter. Haýyr-yhsan işler bolsa jennete elter. Eger bir adam dogry sözlese we dogruçyllyga meýil etse, Allanyň hyzyrynda ol adam dogruçyl diýip hasap ediler» diýýär. * * * Bir adam Resulallanyň ýanyna gelip: — Men dört zady gizlin edýärin, zyna, ogurlyk, arak içmek we ýalançylyk. Bularyň haýsysyny seniň üçin terk etmegimi isleýärsiň, eý, Allanyň resuly ? — diýipdir. Onda Resulalla oňa: — Ýalançylykdan el çek — diýipdir. Ol adam soň zyna işden hem el üzüpdir we öz-özüne: «Eger ol menden sorasa, men hem inkär etsem, oňa beren sözümi bozdugym bolar, eger boýun alsam jeza berer ýa-da daşlar. Ogurlyk we arak içmek barada hem oýlanyp, olary hem taşlapdyr. Soň hem Resulallanyň ýanyna gelip: — Sen maňa dogry ýoly görkezdiň. Men olaryň hemmesinden el çekdim — diýipdir. * * * Hadysda şeýle diýlipdir: «Ýalançylyk imanyň duşmanydyr». * * * Halypa Wasyk Ahmet ibn Abu Duada: — Ibn Zeýýat seni ähli erbetlikler bilen agzady — diýipdir. Onda ol: — Maňa garşy ýalan sözlenmegini gerek hasaplan we hak sözlenmeginden daş eden Alla öwgi bolsun — diýipdir. * * * Apbas ibn Abdylmuttalyp özüniň ogly Abdylla şeýle diýipdir: «Eý, oglum, sen menden has ylymly, men senden has düşünjeli. Sen şu adama, ýagny Omar ibn Hattaba ýakyn dur. Üç zady berk belle, onuň syryny açma, onuň ýanynda hiç kimiň gybatyny etme we ol seniň ýalan sözläniňi eşitmesin». * * * Bir adam Abu Hanypanyň ýanyna gelip: — Men ömrümde ýekeje gezek ýalan sözläp gördüm, başga hiç wagt ýalan sözläp göremok — diýipdir. Onda Abu Hanypa oňa: — Şol bir ýalan bilen hem biz saňa garşy ýalançy diýip şaýat bolarys — diýipdir. * * * Hezreti Alynyň wesýetlerinde şeýle diýlipdir: «Diňe ynamdar kişiden gürrüň ber, ýogsam ýalançy bolarsyň». * * * Ýalançylyk, ikiýüzlülik we bahylçylyk şeriň çür depeleridir. * * * Ýalan gepi ýaýradýan hem ýalançydyr. * * * Günäleriň başy ýalançylykdadyr, ýalançylygyň diregleri töhmetdir. * * * Kim töhmet etse, onuň bar gürrüňi hem ýalançylykdyr. * * * Iki zat ýalançylygy aňladýar: köp wada bermek we köp bahana aramak. * * * Akyldar şeýle diýipdir: «Eger bir adam ýalan sözlese, ol adam ynamsyz hasaplanar». * * * Şagby şeýle diýipdir: «Eger bir akylly adam ýalan sözlese, ony uzak wagtlap özi hem unudyp bilmez». * * * Aristotel şeýle diýipdir: «Dilliniň dilsiziň ýanyndaky artykmaçlygy gürläp bilmegidir. Sözüň zynaty dogruçyllykdyr. Lal we dymýan kişi ýalançydan ýegdir». * * * Harun Reşit Fazl ibn Rabyga: — Sen ýalan sözlediň — diýipdir. Onda ol: — Eý, möminleriň emiri, ýalançynyň ýüzi saňa seredip bilmez we dili hem seniň bilen gürleşip bilmez — diýipdir. * * * Asmaýy şeýle diýipdir: «Men ady belli ýalançy bir çarwa: — Ýekeje gezek bir dogruňy aýdyp gördüňmi ? — diýdim. Ol: — Eger men şu gezek hem dogrymy aýtmasam, ýok diýerdim — diýdi. * * * Mugawyýa ogly Ýezidi özüne mirasdüşer bellände bir adam oňa garap: — Eý, halypa sen musulmanlaryň işini muňa ynanma, harap eder — diýipdir. Ahnef hem ony diňläp oturan eken. Mugawyýa Ahnefe: — Eý, Ahnef, saňa näme bolýar, geplemeýärsiň ? — diýipdir. Onda ol: — Eger ýalan sözlesem, Alladan gorkýaryn. Eger dogrymy aýtsam, senden gorkýaryn — diýipdir. Onda Mugawyýa: — Alla saňa tagatyň üçin haýyrly sogap bersin. Sen Ýezidiň mirasdüşerligi barada näme diýersiň ? — diýipdir. Onda Ahnef: — Sen onuň nähilidigini bizden hem has gowy bilýärsiň ! Ol heniz akylly-başly däl. Oňa dünýäni ýuwutdyrma, özüň hem ahyrete barýarsyň — diýipdir. Mugawyýa hem oňa soň gelmegini emr edipdir. Haçanda olar daşary çykanlarynda, ýaňky adam Ahnefe: — Men has gowy bilýärin. Allanyň ýaradan zatlarynyň iň erbedi ol we onuň ogly. Ýöne ol mal-mülküne, gapylaryna we gulplaryna daýanýar. Biz olara diňe eşiden zadyň, ýagny Ýezidiň tagta çykmagy bilen ýetip bileris — diýipdir. Onda Ahnef: — Diliňi sakla. Sebäbi ikiýüzli adam Allanyň ýanynda bir ýüzli bolup bilmez — diýipdir. * * * Çarwa bir ýalança şeýle diýipdir: «Sen kiçi diliň bilen ýalan sözläp, gyr-gyr edeniňde, men oňa sabyr edip bilmedim». * * * Pars ýurdunda Jerrap Kezip atly ýalançylygy kesp eden bir muhtesip bar eken. Ol şeýle diýer eken: «Eger ýalançylygy maňa gadagan etseler, onda meniň ödüm ýarylar. Men ondan mertebämi peseltse-de, dogruçyllykda tapyp bilmedik zatlarymy tapýaryn». * * * Hemme zat ähmiýetlidir, diňe ýalançynyň dogry sözlemegi hiç zatdyr. * * * Pelsepeçi şeýle diýipdir: «Kim öz nebsine ýalançylygy öwretse, ol dogruçylyň dogry sözüne hem ynanmaz». * * * Ýahýa ibn Halyt Barmaky şeýle diýipdir: «Men arakhoruň aragy taşlandygyny, garakçynyň pälinden gaýdandygyny we wagşy kişiniň düzelendigini gördüm. Emma ýalançynyň toba edendigini görmedim». * * * Şahyr şeýle diýipdir: Pana bela hökmünde oňa aýdylýanlar ýeter, Başga ýalan eşdilse il onam degişli eder. * * * Omar ibn Abdyleziz Zuhra ibn Magbada: «Göz üçin iş etme, haýany terk etme» diýipdir. * * * Fuzaýl şeýle diýipdir: «Eger goňşularynyň öwýän, dostlarynyň bolsa halamadyk adamsyny görseň, bil ol adam ýaranjaňdyr». * * * Mugaz ibn Jebel şeýle diýipdir: «Resulalla bir gezek maňa şeýle diýdi: «Eý, Mugaz ! Sen özüňde bolmadyk zatlaryň yzlarynyň görünmeginden habardar bol. Kyýamatda ikiýüzlüleriň arasynda bolarsyň». * * * Hasan Basry şeýle diýipdir: «Mynapyk saňa dilindäkini aýdar, kalbyndakyny aýtmaz». * * * Eger bir adam bir ýagşy amal etse we ony gizlin saklasa, soň ony gizlin saklandygyny adamlara bildirmegi ýüregine düwse, bu gör üçin edilýän işleriň iň erbedidir. * * * Hasan Basry ýygy-ýygydan ýanyna barýan bir dostuny ýitiripdir, onuň nirededigini sorapdyr. Oňa: — Ony Hajjaç öz ýanyna çygyrdy — diýipdirler. Onda Hasan: — Adamlaryň arasynda, göýä ýolbarsyň pursatdan peýdalanşy ýaly, dünýädäki amatly pursatdan peýdalanýan kişilerden, ikiýüzlülikden Alla sygynýaryn. Ol amatly pursatdan peýdalanyp, dünýäniň üstüne topular. Emma Alla hem onuň üstüne bir gezek topulsa, onuň dünýäsi we ahyreti weýran bolar» diýdi. Aradan birnäçe gün geçmänkä, ol kişi ýogalypdyr. * * * Töhmetçiler we gybatçylar gylyçdan we güýçli zäherden hem has beter heläk edijidir. * * * Halypa Mamun şeýle diýipdir: «Siz murtlarynyň iki gyrasyny syrýanlaryň hilelerinden gorkuň. Olar murtlaryndan hem has köp dinlerini syrýarlar». * * * Hezret Aly şeýle diýipdir: «Resulalla maňa şeýle diýdi: «Men ymmatymyň möminlerinden we müşriklerden gorkmaýaryn. Sebäbi Alla mömine onuň imany, müşrige onuň şirk ýetirmegi bilen böwet bolar. Ýöne men siziň ikiýüzlüleriňizden gorkýaryn». * * * Abdylla ibn Seriý şeýle diýipdir: «Biz Abdylla ibn Mübärege: — Bize hadys gürrüň ber — diýdik. Ol: — Gidiň, men size hadys gürrüň berjek däl — diýdi. Onda oňa: — Sen bu barada kasam etmediň ahyry — diýdik. Ol: — Eger men kasam etsedim, onda keffaraty hökmünde, size hadys gürrüň bererdim. Ýöne ýalan sözlemezdim — diýipdir. Onuň bu sözi bize hadysdan hem gowy boldy». * * * Mujahyt şeýle diýýär: «Ynsan oglunyň ähli zatlary, hatda syrkaw ýatyrka iňňildäni hem ýazylar. Hatda eger bir çaga aglap duran bolsa, bir adam hem oňa: «Sesiňi goý, saňa pylan zat satyn alyp bereýin» diýse we aýdan sözüni ýerine ýetirmese, onuň üçin ýalan hökmünde ýazylar. * * * Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oglum ! Sen ýalançylykdan seresap bol. Sebäbi ol serçäniň eti ýaly tagamlydyr. Biraz wagt geçen soň eýesi ony gowurar». * * * Huzeýfe Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Şugul jennete girmez». * * * Şetdat ibn Ews şeýle diýipdir: — Resulalla bir gezek: — Siziň üçin iň gorkýan zadym kiçi şirkdir — diýdi. Oňa: — Eý, Allanyň resuly, kiçi şirk näme ? — diýdiler. Ol: — Ryýa — diýip jogap berdi. * * * Töhmet pitneleriň tozanlandyryjysydyr we mähnetleriň iň agyrydyr. * * * Şahyr şeýle diýipdir: Sen maňa şeýle bir zatlar aýdýardyň, Menem seni dogruçylsyň öýdýärdim. Saňa umyt edip gidýärdim bile, Ikimiz hem bir mejlisde otursak, Museýlime Eşgap diýdiler bize. * * * Araplar eger esasy bolmadyk bir habar eşitseler: «Hurafanyň gürrüňi» diýýärler. * * * Ibn Zebgary şeýle diýipdir: Ömrüm gytlyk bilen geçdi dirikäm, Ölümden soň teşne hem şerap emir. Ýaşamak, ölmek, soň ýene direlmek, Hurafanyň sözi bular, eý, Ümmi Amr! * * * Hurafa bir adamyň ady bolup, ony jyn eýeläpdir. Jyn soň ony goýberipdir. Ol hem jynyň özüne görkezen geň-taňlyklaryny gürrüň edip berer eken. Soň ony ýalançylykda we toslamalarda tymsal edip aýdyp başladylar we oňa: «Şu uly toslaýjy ýalançy» diýipdirler. * * * Abu Hazym şeýle diýipdir: «Takwalyk barada Alladan gorkmaýanyň gürrüň bermegi, Alladan gorkýanyň takwalyk barada gürrüň bermeginden has täsirlidir, ýagny onuň bu haly örän geň galdyryjydyr». * * * Ibn Hubeýra şeýle diýipdir: «Muhammet ibn Bagendi bir gün maňa şeýle diýdi: «Hemmeler maňa ryýagär diýip pikir edýärler. Walla, men ertir agyz beklärin, ony hiç kim bilmez». * * * Takwa bir adam ýoldaşy bilen barýar eken. Ýokarda hem bir bölek bulut ol takwa adama saýa salýar eken. Ýoldaşy hem onuň ýanyna baryp, saýanyň aşagyna girmek isläpdir. Emma ol oňa böwet bolup, şeýle diýipdir: — Eger meniň ýanyma – saýanyň astyna girseň, adamlar buludyň maňa saýa salýandygyny bilmezler — diýipdir. Onda ol adam: — Adamlar maňa buludyň kölege salmaýandygyny bilýärler ahyry — diýipdir welin, bulut hem ol adamyň üstüne geçipdir. * * * Fuzaýl şeýle diýipdir: «Eger dogry bolsa, Alla üçin dilden çykan sözden başga has gowy zat ýokdur. Eger ýalan bolsa, Alla üçin dilden çykan sözden başga has erbet zat ýokdur». * * * Ibn Mesgut şeýle diýipdir: «Günä iş edýänleriň iň ulusy ýalan sözleýän dildir». * * * Ibn Mesgut bir gezek: — Ynsan dirikä-de we ölüminden soň hem ryýagär bolup biler — diýipdir. Ondan: — Ol nähili? — diýip sorapdyrlar. Ol: — Özüniň jynazasyna köp adamyň gelmegini arzuwlasa — diýipdir. * * * Amyr ibn Abdy Kaýs şeýle diýipdir: «Eger söz kalpdan çyksa, kalba barar. Eger dilden çyksa, gulakdan aňry geçmez». * * * Hubbaz Beledi şeýle diýipdir: Iki sözlä, iki ýüzlä, Allanyň lagnaty dözýä. * * * Hasan Basry şeýle diýipdir: «Maňa näme bolýar, siziň diliňiziň miwesini kalplarda görýärin». * * * Abdylagla Sulemi atly bir adam bir gün birine şeýle diýipdir: «Maňa ryýagär diýýärler. Men düýn we şu gün agzymy bekledim, emma hiç kime aýtmadym». * * * Hak zada döwlet geler, ýalan zada mähnet geler. * * * Çarwa bir adama şeýle maslahat beripdir: «Eger kimdir biri seniň üstüňden gülýän we seniň bilen dost hökmünde gatnaşýan bolsa, ony açykdan duşman edinme we syr alyşmakda hem ony dost tutunma». * * * Şerik ibn Abdylla Kazy şeýle diýipdir: Dünýä maksatlary üçin namaz okap, oraza tutdy. Maksadyna ýetensoňam namaz, orazasyn unutdy. * * * Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim iki arada gep gezdirse, Allatagala oňa otdan aýakgap geýdirer. Ondan ýaňa beýnisi gaýnar. Gözleri akar. Ol dady-perýat eder». * * * Halypa Seffaha töhmet atanlaryň biri hat ýazyp: — Men seniň ýanyňa nesihat bilen geldim we munuň üçin sogap almak isleýärin — diýipdir. Halypa jogabynda: — Özüňi Alladan uzaklaşdyrýan zadyň bilen bize ýakynlaşdyň. Özüni beýik hasaplaýana we edýän işini özi ýalana çykarýana hiç hili sogap berilmez — diýipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |