11:08 Goja dagyñ tez maraly... | |
Mahmyt ZAMAHŞARY
Goşgular
▶GOJA DAGYÑ TEZ MARALY... Goja dagyñ tez maraly, gözlerim tozuñda seniñ, Saña serlen gara eller, awçylar yzyñda seniñ. Gorasyn ajap şekliñi, men başga nazar salmaýan, Görküñ çaşyrdy aklymy, ýer-gögüñ parhyn bilmeýän. Seretseñ düşmersiñ tapdan, ýürekleri eretdi kän, Tañrym sizi ne sebäpden, jepa üçin ýaratdykan?! Degme diýdim, el berdim men, ýüzüme bakyp gülen ýok, Awçylara ýalbardyn men, sözümi alga alan ýok. Bolar her bir zadyñ çeni, durun öwrülip gurşuna, Ähde wepa ýok ekeni, wadalar ýalan durşuna. Yhlasym gözledim külden, türklere ýumdum gözümi, Wah, olaryñ dillerinden, tapmarsyñ "wepa" sözüni. * * * Diýip, guýa "hal niçik bor", gowasyn sallan teşne men, Seretsem bir damja suw bar, bir habar alyñ teşneden. Eýäm bize nazar salsa, şol köñlümiñ armanydyr, Dert ýamany nebis bolsa, nazarym oñ dermanydyr. * * * Meý ömrüñi iýer gädip, dermanyn kim aýdyp biler?! Meý dert bolsa ony nädip, meý bilen bejerip bolar?! Näm üçinkä bilmeýän, utanýarka nämeden?! Köpe barmakdan çekinýär, ýüzi menekli adam. * * * Adamlar durlap nepesi, "Bu kişi ejiz" diýdiler, Ýykyldy ondan köpüsi, soñ oña ejiz diýdiler. * * * Şamu-säher geler häli, sen hiç sypmarsyñ deminden, Ýaşlyk edil şemal ýaly, şuw-şuwlap geçer deñiñden. * * * Gülüñ ýapragynda otyr säheriñ çygy buldurap, Gül dadyny kime ýetir, utanjyna dur galdyrap. * * * Sowalym bar bilermisiñ, haýyrdan tutsam serişdäm, Sen sagymdan gelermisiñ? Buşluk berermiñ perişdäm.* * * * Beýikleriñ ozaldanam, erkine haýran galýaryn, Görmek kyn däl şerepiñi gözelligiñ, hem şalaryñ. Çyn beýiklik hany janym, bu öwgüler boş namamy? Öwýänlerem, öwülýänem, köpelipdirmi, nämemi?! Sahylyk, mertebe hakda, ýazsam bir giden nama bor, Ýogsa aýt orta çyk-da, munda geñläre näme bar? Seni öwüp serden geçdim, tapmadym başga taryp men, Waspyñ ýazanymy eşdip, içi garaldy göripleñ. Olar küpüri kär edip, asla etmedi puşmany, Hak takdyryn inkär edip, lowlap ot aldy duşmanyñ. Ahyr bilmänsoñ näderni, gitdiler başga bir taýa, It üýrmesi kär edermi, asmandaky dolan aýa. ______________________________ Kyýamatda eden haýyr işleriñ ýazylan amal depderini almak barada aýdylýar. | |
|
√ Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ykbal / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Garry söýgi — gamly söýgi / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Güýz we men / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||