20:23 Allañ mülki giden döwre... | |
ALLAÑ MÜLKI GIDEN DÖWRE...
Goşgular
Allañ mülki giden döwre, bendesine bergenidir, Ynsan diýeniñ boş göwre, ýer - düşek, gök - ýorganydyr. Dileg et, gelse eliñden, şükür bilen bagta ýet sen, Näme ger bendäñ elinden, Alla saña ýardam etsin! Yzly-yzyna şalar ötdi, ötdi wysala ýetmeden, Olar lezzet alyp gitdi, abady bibat etmeden. Barmaklar deñ däl eliñde, ýerbe-ýer, uzyn-gysgasy, Mertebä gezek gelende, deñ däldir şalañ hemmesi. Barmy özgelerde aryñ wadasy puç, müñ bir sözli, Seni gözüñden tanaryn seret maña ikiýüzli. Ýok ýalanyñ çaky-çeni, ýalñyz galdyñ çatyrykda, Meniñ bakyşlarym seni, gam laýyna batyrypdyr. Hiledir akyl gylyjyn, al ele, baýdak deý göter, Bu işlere ne gylyjyñ, ne-de naýzañ güýji ýeter. Emir dünýäni tutsa-da, deñize düşen saldyr ol, Şöhraty göge ýetse-de, asla ulumsy däldir ol. Bendi edip goýar kileñ, birje gezek seredende, Ol ajap görnüşi bilen, köñüllerde ýer edendir. Güýz gelipdir, tapyp bir tär, ol köñülleñ şady janym, Düýeleriñ keýpin götär, hiñlenmesi padymanyñ. Tañrym şaha nazar salyp, bagtyna rowan berewer! Gitsin işi rowaç alyp, sen oña dowam berewer! * * * Minnet etmek günämi nä onçasyny bilemok men, Bendesine sag bolsuny, aýtmak üçin gelemok men. Maña sowal berýär ýürek ýazýañmy nä höwesiñe?! Ýazan kasydasyna derek, peşgeş alýan öwezine. Düşmersiñ gujurdan-tapdan, agsanyñ görülmez seniñ, Diledim men şu sebäpden, döwletiñ yrylmaz seniñ. * * * Telwas eder saña sary, bagtyýardyr küýsän seni, Horezm - gözümiñ nury, ýüregim küýseýär seni. Çygly topragyñ öperin, datlydyr suwlaryñ örän, Gaýtdym men uzak sapara, şol öñki adata görä. Suw alys ýoldan süýrenip, akyp gelýär, ýok ses-üýn, Ol ýene ýere direnip, deñize guýýar näm üçin? Mahmyt ZAMAHŞARY. | |
|
√ Halal-haram kim baka / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ «Sa» harpy / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ogluma pent / Goşgular - 13.09.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |