12:36 Erkim öz nebsime... | |
ERKIM ÖZ NEBSIME...
Goşgular
Erkim öz nebsime durdy-da garşy, Başlandy erk bilen nebsimiñ urşy. Nebis çuññur derä düşdi-döwüldi, Çabga ýagşy guýdy onuñ gözünden. Şir ýaly gazaply duransoñ erkim, Nebis ejiz keýge öwürdi durkum. Sabyrlylyk - nebse garşy serişde, Takat gerek, ýene biri - her işde. Mydam pugta tutgun sen öz nebsiñi, Gowşak tutsañ, ejizleder ol seni. Nebia iş buýursa, bolmagyn boýun, Ony gysga ýüpde berk örkläp goýuñ. Erke ygtyýarsyz bolup barşyña, Nebis baş göterer seniñ garşyña. Der bolup çykýandyr yhlas damardan, Yhlasyñ eşigi päkdir ak gardan. Yhlasly at menzil tanapyn dartyp, Tozan eşik gadry täzeden artyk. Uzak menzil geçip, salamat görýän, Indi Mekge jülgesinde ýöreýän. Maña bu gün özüm Käbede bilmek - Nesip boldy Allañ goñşusy bolmak. Men Käbäniñ sütünine daýandym, Köp ýagşy dilegler etdim, söýündim. Gözümde - ýaş, dilde edip senamy, Ötmegini isledim men günämi. Çabga deý daş ýagýar şeýtan hinine, Aldan günä meñzäp dagyñ siline. Hakyñ geçirimi çäge sygmady, Başarjañdyr, örän köpdür nygmaty. Ynsan hakly günäden arz etmäge - Tañry taýyn günäsini ötmäge. Hökümdar - takwalyk lybas geýmedik, Mertebe gazanmak ýolun duýmadyk. Şöhrat gözläp sapar eden kän bilseñ, Keramatla sapar etdim men bolsam, Tañry yrzalygy üçin Watandan, Sapar eden ynsan şana ýetendir. Ýagşy täjir - diñe çalşan dünýäni, Ýagşyzada döner, saçyp dur many. Peýdasy takwalyk bolan söwdadan, Başgasynda nyşan ýokdur peýdadan. Harap başga ömürleriñ hemmesi, Ömrüñ söwda bilen geçir, diñle sen. Galan ömrüñ ykbalyny jäht tut, Men takwalyk söwdasyny äht etdim. Eý, Tañrym, tagatda gezip ýörün men, Kuwwat ber çykara kalbyñ töründen. Tagat-ybadata çyksa hajylar, Arasynda menem görsünler olar. Tañra ýalbaraýyn Käbäñ öñünde, Şol ýerde jan bersem, arman ýok mende. Arasynda Käbe bilen Zemzemiñ Aýlanyp lezzetin alaýyn onuñ. Hajy Tañra myhman diýip aýtdylar, Öý eýesi dilegini gaýtarmaz. Maksatdy Tañrynyñ goñşusy bolmak, Men - goñşy, nesipdir - mertebe almak. Ýat ýerde jaýlansa meýdim eger-de, Magşarda direlip tursam bu ýerde. Bilsedim men - näme bolsa erteler, Arman, danañ nikabynda örtülen. Kyn maña Alladan takdyry bilmek, Barmyka ýene-de Mekgede bolmak. Ýene gelip, Gara Daşy öpsemdim, Onda ýene gözýaşymy döksemdim! Ýene yhram eşigine çolanyp, Men bu Öge togap etsem dolanyp Arasynda Sapa bilen Merwäniñ, Ikiýana ýortsam, çykýança janym. Hajy hatarynda gelsedim Mina, Nälet daşyn atsam şeýtanly hine. Dünýäñ ýurtlaryndan musulman gelip, Duşuşýar bu ýerde hoşwagt bolup. Alla bu ýerdäki duşuşyk bilen, Perişdeler ine öwünip biler. Adamlaryñ zyñan daşlary munda, Depe ýaly şeýtan hinniñ ýanynda. Soñra hajylaryñ saçyn alýarlar, Ol ýerde sadaka malyn çalýarlar. Hajyñ däplerini berjaý edýärler, Soñra olar Mekgą tarap gidýärler. Olar bu gudratly şähere baryp, Pygamber gubruna edýär zyýarat. Onda pygamberi goldanlar kändi, Şeýdip, yslam dini has kuwwatlandy. Soñ sahabalara zyýarat bolar, Ýürekde diridir ölse-de olar. Alkyşda pygamber, sahabalara, Neneñ onsoñ goşulmajak olara?! Tañry pygambere wahy inderdi, Az goşunda köp ýygymy ýeñdirdi. * Tañrynyñ wahysy şöhlesin saçdy, Şöhlesi ýaýrady, çar ýany guçdy. Musulmanlar şöhlä, şol nura garap, Tümden ýagtylyga çykdylar ýöräp. Alla gula dogry ýoly saýlaýar, Bendesine sarpa, hormat eýleýär. Alla bendesine nygmat eçilýär, Bende hem nygmata şükürli bolýar. Eý, Tañrym! Habarly meniñ halymdan, Rehmetiñden umydym kän ýolumda. Razylygyñ üçin gezýäñ ýadaman, Bilýärin men, wepalysyñ wadaña. Mahmyt ZAMAHŞARY. ____________________________________ * Ilkinji wahy 610-njy ýylda pygamberimiz (s.a.w) kyrk ýaşyndaka gelýär. Bu ýerde Bedr söweşi göz öñünde tutulýar. 624-nji ýylda Bedr guýusynyñ ýanynda bolup geçen bu söweşde musulmanlar az sanly goşun bilen ilkinji gezek uly ýeñiş gazanýarlar. | |
|
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Şol işandan / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ "Meni meger şahyr eden..." / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Şygyrlar / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |