16:52 Tarypyñ tutdy ýer-gögi... | |
Mahmyt ZAMAHŞARY
Goşgular
▶ TARYPYÑ TUTDY ÝER-GÖGI... Tarypyñ tutdy ýer-gögi, hyýalyma ganat-persiñ, Iki jahanyñ serweri, sen Asmana barabarsyñ. Kabul bolup tobalarym, bolsadym Seniñ gurbanyñ, Käbä uýan babalarmyñ, aýak tozuna gurbanam. Ýalan dünýäñ ýüzi solup, zulmata çümen mahaly, Olar ýerde ýyldyz bolup, ýagtyltdy älem-jahany. Ýollaryna baş egdiñ sen, bagt tapar nazar saldygyñ, Has parlak bolup dogduñ sen, eý, meniñ ýagty Ýyldyzym! Güýjüm ýetse sanardym Señ, tarypyñy işbu günde, Ynsanlaryñ jomardy Sen, edep sende, haýa sende. Belki günüñ çykyşy deý, nurly bakyşyñ görerin, Suwuñ ýerden akyşy deý, ýaşlañ akyşyn görerin. Beýik Sen, çyndan aşykdyr bilbiller hem güller saña, Diwanadyr hak aşyklar, muşdakdyr köñüller saña. Tapdylar köñül şadyny, hem güwälik berdiler tiz, Gördüler islän zadyny, Saña ynandylar, Eziz! Sen baryp ýeterden çuñ-a, eý, meniñ çeşme, bulagym, Meñ salawatymdan ýaña, kamata geler gulagyñ. Alkyş aýdýan, düşýän oda, Hak ýanynda beýik şanyñ, Ynan tilim başga zada, öwrülmeýär Mähribanym! Çeper terjime eden: Şähribossan Geldimämmedowa. | |
|
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ «Dag başynda mesgen tutan bürgüdi...» / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 15.10.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Aýralygyň aýdymy / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |