Dawut alaýhyssalamyň hikmetlerinde şeýle ýazylypdyr: «Akylly kişi şu dört pursatdan gapyl bolmaly däldir: 1. Rebbine mynajat etmekden;
2. Özüniň nebsini hasaba çekmekden;
3. Aýyplaryny ýüzüne göni aýdýan dostlarynyň ýanynda bolmakdan;
4. Nebsi bilen nebsiniň lezzetleriniň arasynda öz-özi bilen ýalňyz galyp, özüne gelmek we jemlenmek üçin ony öz peýwagtyna goýmakdan.
Soňky pursat beýleki pursatlara garanyňda kalba dynç bermek meselesinde iňňän möhümdir».
* * *
Hezreti Aly (Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn) şeýle diýipdir: «Kalbyňyza dynç beriň we oňa peýdaly pursatlary gözläň. Sebäbi bedeniň ýadaýşy ýaly ol hem ýadaýandyr».
* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) başga bir rowaýatda şeýle diýipdir: «Bedeniň ýadaýşy ýaly kalp hem ýadaýandyr. Dana pähim-paýhaslary okamak bilen oňa dynç beriň».
* * *
Ibn Apbas kelam ylmyny okap ýadan wagty: «Men okap ýadadym» diýende, oňa okamak üçin şygyrdyr rowaýatlary getirip berer ekenler.
* * *
Kusama ibn Zuheýr şeýle diýipdir: «Allany zikir etmek bilen kalbyňyza rahatlyk beriň».
* * *
Selman Parsy şeýle diýipdir: «Men oýalygymy hasaplaýşym ýaly, ukudaky wagtymy hem hasaply tutýaryn».
* * *
Erdeşir ibn Bäbek şeýle diýipdir: «Hakykatdan hem gulagyň we kalbyň ýadawlygy bardyr. Bu iki hikmetiň arasyny, olara dynç bermek üçin, başga zatlara güýmenmek bilen açyň».
* * *
Çarwa arap şeýle diýipdir: «Bedenleriňize dynç berşiňiz ýaly, kelleleriňize hem rahatlyk beriň».
* * *
Akyldar şeýle diýipdir: «Nebsiň – seniň ýoldaşyňdyr. Eger oňa rahatlyk berseň, ol güýçlener, eger ony ýadatsaň, ol tapdan düşer».
* * *
Men Allatagaladan biziň bedenlerimizde pikirlerimizi janlandyrýan zatlary ýaratmagyny, ellerimiziň olary sahypalara ýazmagyny, onuň hoşnutlygyny gazanmagy, razyçylygyny niýet edinmek we gahar-gazabyndan aman bolmak üçin bizi bagyşlamagyny isläp, ondan haýyş edýärin. Hakykatdan hem ol jomartdyr, sahydyr we onuň ýazgydy belentdir. Ol ähli haýyr işleriň tutaşdyryjy çakmak daşydyr.