11:12 Ýalnyz daragt / hekaýa | |
ÝALÑYZ DARAGT
Hekaýalar
Gadym zamanlarda gök asmanyň astynda bir garry güjüm agajy ösüp oturan eken. Bir gün güjüm agajy ömrüniň paýawlap, bahym gurap galjakdygyna göz ýetiripdir. Bahar pasly ýaňy ýaşyl begrese bürenip, baglar pyntyklap başlan eken. Günlerde bir gün güjüm agajy mylaýym öwsüp duran bahar şemalyna garap: — Eý, baharyň tämiz şemaly, sen meniň iň ýakyn dostum. Sen uzak ýyllaryň dowamynda meni ýelpäp geldiň, ýapraklarymy ygşyldadyp, meniň bilen söhbetdeş bolduň. Ýöne görşüň ýaly, indi meniň ömrüm paýawlap barýar. Şonuň üçinem meniň bir möhümimi bitirip bilmezmiň? — diýipdir. Şemal bu sözleri eşidip, güjümiň göm-gök öwsüp oturan ýaşlyk ýyllary ýadyna düşüp gamlanypdyr. Ol garry güjümiň ýapraklaryny sypalap: — Haýyşyňy aýt, hernäçe kynam bolsa berjaý ederin. Sen meniň iň gowy dostum ahyry. Eger saňa kömegim degmejek bolsa, onda bu dünýäň haýsy işine nepim deger? — diýipdir. Mähirden doly sözleri eşiden garry güjümiň gözlerine ýaş aýlanypdyr. — Şu ýyl, tomsuň ahyrynda meniň gurajakdygym gümansyz. Şonuň üçinem meniň iň soňky tohumymy dünýäniň iň mes toprakly ýerine alyp gitmegiňi, ony şol ýerde ekmegiňi haýyş edýän. Goý, ol gowy boý alyp, dünýäniň iň uly, iň berk güjüm agajy bolsun. Eger-de haýyşymy berjaý etseň, onda men soňky perzendimiň dünýäniň iň beýik agajy boljagyna ynanýan. — Men seniň tohumyňy diňe bir dünýäniň gök öwsüp oturan ýerine äkitmän, eýsem, ol ösüp boý alýança her bahar onuň ýanyna baryp, esewan boljagyma söz berýän — diýip, bahar şemaly köwsarlapdyr. Garry güjüm örän hoşal bolup, iň soňky tohumyny şemalyň ygtyýaryna beripdir. Şemal güjümiň tohumyny holtumyna düýrläp, sähradyr derýalardan, dagdyr deňizlerden aşyp, ony dünýäniň iň gök öwsüp oturan mekanyna eltipdir. Aý aýlanyp, ýyllar geçipdir. Şemal garry güjüme wada berenligi üçin her bahar ýaş güjümiň ýanyna sowlupdyr. Onuň ýylsaýyn boý alýandygyny gören şemal öz ýanyndan begenipdir. Ýaş güjüm agajynyň daş-töwereginde başga-da agaçlar bolup, olaryň üstünde guşlar höwürtgelän eken. Şemal agajyň ýeke däldigine, beýleki agaçlar bilen gürleşip biljekdigine we ýekelikden ýüreginiň gysmajakdygyna begenipdir. Emma şemal ýaş güjümiň şahalarynyň arasynda hiç wagt guş görmändir. Şonuň üçinem «guşlar üstünde oturyp, höwürtge ýasardan agaç heniz ýaş bolarly» diýip, öz ýanyndan pikir edipdir. Şemal agajyň ýanyndan örän hoşal ýagdaýda gaýdypdyr, çünki geljek ýyla çenli güjümiň uly agaç bolup ýetişjekdigine, köp sanly guşlaryň onuň şahalarynyň we ýapraklarynyň arasynda höwürtge gurup biljekdigine we o guşlaryň ýaş güjüme örän oňat dost boljakdygyna göz ýetiripdir. Indiki ýyl, baharyň başlarynda şemal daragtyň ýanyna barmaga howlugypdyr. Güjüm agajy ýaňy gyş ukusyndan oýanan eken, onuň şahalarynyň ýüzünde göm-gök pyntyjaklar göze ilipdir. Şemal her ýylky adatyna görä şahalaryň arasyndan ýuwaşlyk bilen geçip, onuň pyntyjaklaryny sypalapdyr. Ýöne göwnüne bolmasa, bu ýagdaý güjüme ýaramaýan ýaly görnüpdir. Birden ýaş güjüm şahalaryny gazap bilen ýygryp, şeýle diýipdir: — Habarsyz, zatsyz gelägede, şahalarymy yralamaga, arasyndan geçmäge kim saňa ygtyýar berdi? Sen ilki menden rugsat al, diňe şondan soň şahalarymyň arasyndan geçip bilersiň. Eýsem, bu barada saňa edep-terbiýe bermedilermi? — Eý, ýaşajyk güjüm, seniň tohumyňy uzak ýerlerden holtumyma düýrläp, sähradyr derýalardan, dagdyr deňizlerden aşyp getiren özüm. Men seni dünýäniň iň bereketli mekanyna getirip, her ýyl görmäge geldim we boý alşyňy guwanyp synladym. Indi bolsa sen meni tanamajak bolýaňmy? Belki, sen meniň agaçlaryň iň ýakyn dostudygymy bilýän dälsiň? Agaçlar meniň hemaýatym astynda gunçalap boý alýarka, sen meniň bilen özüňi şeýle alyp barýaňmy? — Men seni gaty gowy tanaýan, ýöne sen meni tanamajak bolýaň. Eýsem, «her bir agajy ygşyldatmaga hakym bar» diýip pikir edýän sen däl-de kim? Ýöne sen meniň beýleki agaçlar ýaly däl-de, güjüm agajydygymy bilip goý. Şoňa görä-de, mundan buýana meniň şahalarymyň arasyndan geçip, ýapraklarymy ygşyldatjak bolsaň, ilki bilen, menden rugsat al, ýogsa şahalarymy ýygryp, geçmäge ýol bermen. Şemal onuň bolşundan juda nägile bolup, pessaýja sesi bilen şeýle diýipdir: — Hawa, indi sen ulaldyň. Bu ýyl guşlar seniň şahalaryňda höwürtge gurar. Ýöne seniň şahalaryň arasyndan geçmesem, ýapraklaryň güneşiň öňüne böwet bolar. Onsoň ýumurtgalan guşlar jüýjelerini çykaryp bilmez. Şu ýerde ýaşajyk güjüm ör-gökden gelip, gödeklik bilen şeýle diýipdir: — Sen üstümde guşlaryň höwürtge gurmagyna, şahalarymda öz jüýjelerini ulaltmagyna ýol berjegimi nireden bilýäň? Men beýle zady häzire çenl-ä hiç bir guşa beremok, mundan buýana-da bererin öýdemok. Şemal şondan soň güjümiň şahalaryna näme üçin guşuň gonmaýandygyna düşünipdir hemem geň galyp, şeýle diýipdir: — Guşlar agaçlaryň iň gowy dosty ahyry. Daş-töweregiňe göz aýla, bu agaçlaň ählisi guşlary gowy görýär hemem öz üstlerinde höwürtge gurmaklaryny isleýär. Güjüm agajy, sen guşlaryň iň ýakyn dostudygyňy unutma. Eger garry güjüm seniň üstüňde guşlaryň höwürtge gurandygyny gören bolsa, juda begenerdi. Ýaş güjüm şemalyň sözüni bölüp, şeýle diýipdir: — Meň beýleki agaçlaryň näme edýäni, garry güjümiň nämä begenjegi bilen asla işim ýok. Men hiç bir guşa öz üstümde höwürtgelemäge ýol bermen! Bu sözleri eşidip gama batan şemal hiç zat diýmän, güjümi öz erkine goýup, beýleki agaçlaryň arasyna barypdyr. Bularyň gürrüňini eşiden beýleki agaçlar şemala göwünlik berip, özleri bilen söhbet etmäge çagyrypdyrlar. Gam-gussa batan şemal mundan beýläk näme boljagyny bilmek üçin şol ýerde galmagy ýüregine düwüpdir. Ep-esli wagt geçipdir. Howa gyzyp, agaçlar ýapraklapdyr. Ýyly ýurtlara giden guşlar yzlaryna gelip, baglaryň şahalarynda höwürtge gurmaga durupdyr. Guşlary gören her bir agaç şahalaryny açyp, öz üstünde höwürtge gurmagy haýyş edipdir, emma güjüm agajy şahalaryny ýygnap, guşlara barmysyňam diýmändir. Guşlar süri-süri bolup, baglaryň üstünde höwürtge gurmaga başlapdyrlar. Şeýlelikde, agaçlaryň üstünde boş ýer galmandyr. Iň soňky guş sürüsi gelende, güjümden galan ähli agajyň şahasy höwürtgeden doly eken. Guşlar ganatlaryny ýaýyp, güjüme bakan ýönelipdirler, ýöne güjümiň şahalaryny ýygnaýandygyny görüp, juda geň galypdyrlar. Juda ýadaw bolansoň, bada-bat baga gonjak bolup, soňam yza tesen guşlaryň biri şeýle diýipdir: — Salam, ýaşajyk agaç, näme üçin şahalaryňy ýygnaýaň? Sen biziň şahadyr ýapraklaryň arasynda höwürtge gurup, jüýjelerimizi ösdürip ýetişdirerimizi isläňokmy? Eýsem, sen biziň jürküldimizi, jüýjejiklerimiziň sesini eşidesiň gelenokmy? Biz hem-ä höwürtge gurarys, hemem gören-eşidenlerimizi baglara gürrüň bereris diýen umyt bilen şunça ýol söküp geldik. Eger üstüňde saýalamaga ýol bermeseň, bize başga ýer tapmak kyn düşer. Güjüm şahalaryny has-da gysyp: — Men ýaşajyk agaç däl-de, güjüm! Siz heniz meň doly adymam bileňzok. Onsoňam men sizden göçüp gelmegi, üstümde höwürtge gurmagy hemem gören-eşiden zatlaryňyzy gürrüň bermegi haýyş etdimmi? Meň üstümde size ýer ýok, şoň üçinem töweregimde gaýmalaşyp ýörmäň-de, ugraň! — Ýöne biz her ýyl bärik gelip, bu ýerde höwürtge gurýardyk. Şahalarynda höwürtge gurdurmak üçin beýleki agaçlaryň bizi nähili çagyrýanyny göreňzokmy? Onsoňam guşlaryň owazy bolmasa, hiç bir agajyň bahary göz öňüne getirip bilmeýändiginden habaryňyz ýokmy? — Meň agaçlar bilenem, siziň bilenem işim ýok, gidiň-de özüňize başga ýerden höwürtge guruň! Men size ygtyýar beremok. Munuň sözlerine gamgyn bolan guşlar ýere gonupdyr. Olar juda ýadaw bolansoň, başga ýere gitmäge mejallary bolmandyr. Ol ýerdäki hoz agajy güjümiň bolşuna gahary gelip, guşlara şeýle diýipdir: — Näme üçin siz agaçlaryň iň ulusyna arz etmeýäňiz? Güjümiň bolşuna biziň özümiz şaýat bolarys. Guşlar uçup, agaçlaryň iň ulusy bolan garry dubuň ýanyna barypdyrlar hemem güjümiň bolşundan närazydyklaryny aýdypdyrlar. Emma garry dub olaryň sözüne birbada ynanmandyr, sebäbi öz üstünde guşlara höwürtge gurmaga ýer bermeýän güjümiň bardygyna ynanmandyr. Onsoň dub agajy ýanyna şemaly çagyryp, her agaçdan bir ýaprak getirip bermegi haýyş edipdir. Ýapraklar guşlaryň aýdýanynyň dogrudygyna şaýatlyk etmeli eken. Aralaryndaky bolan gürrüňlere garamazdan, şemal ýaş güjümi gowy görüpdir, şonuň üçinem beýleki agaçlardan ýaprak almazdan ozal ol ýaş güjümiň ýanyna baryp, şeýle diýipdir: — Meň bilen gepleşmek islemeýäniňi bilýän, ýöne garry güjüme beren sözümi unudyp bilemok. Ýaňy garry dub agaçlaryň hersinden bir ýaprak getirip bermegimi haýyş etdi. Ol ýapraklardan sen barada soramak isleýär. Sen meň diýenimi et-de, üstüňde guşlaryň höwürtge gurmagyna ýol ber, ýogsa hemişelik ýeke galarsyň. Gahary ýetjek derejesine ýeten ýaş güjüm şeýle diýipdir: — Ygtyýar bermesemem, ýene gelip meň bilen gürleşýäňmi? Men seni-de, guşlary-da, beýleki agaçlary-da ýigrenýän. Şonuň üçinem git-de, öz işiň bilen bol! Garry töňňäň bolsa etjek zady bolmaz. Şemal tukat halda yzyna dolanypdyr. Ol agaçlaryň her birinden ýaprak alyp, garry duba eltip beripdir. Ýapraklar güjüm agajynyň garasöýmezligi — şemal bilen özüni alyp barşy, güjümiň öz üstünde guşlara höwürtge gurmaga rugsat bermeýşi barada gürrüň beripdirler. Muňa garry dubuň gahary gelipdir. Ol iň soňky guş sürüsiniňem höwürtge gurmaga ýer tapmagy üçin şahalaryny has giňden ýaýmaklaryny agaçlardan haýyş edipdir. Soňra ol agaçlara gaýdyp güjüm bilen gürleşmezligi, otlara onuň golaýynda ösmezligi, guşlara öz owazyny eşitdirmezligi, şemala bolsa onuň şahalarynyň arasyndan geçmezligi sargapdyr. Aradan ep-esli wagt geçipdir. Bahar we tomus pasly gutaryp, güýz gelipdir. Howa ýuwaş-ýuwaşdan sowap, guşlar yssy ýerlere göçüp gitmegiň aladasy bilen bolupdyr. Günleriň birinde iki sany odun gözläp ýören adam agaçlaryň arasynda peýda bolupdyr. Olaryň eginlerinde ullakan paltalary bolup, gyş odunlygyna ýeterlik boljak agajyň gözleginde aýlanyp ýören ekenler. Olar ýuwaşlyk bilen ýöräp, agaçlara içgin seredipdirler. Olar haýsy agajyň ýanyna barsa, onuň şahalarynyň üstünde köp sanly guş höwürtgeleriniň bardygyny görüpdirler. «Eger bu agaç çapylsa, guşlar höwürtgesiz galar» diýip, odunçylar öz ýanlaryndan pikir edipdir. Ahyrsoňy odunçylar hälki ýaş güjümiň ýanyna gelipdirler. Bu agajyň üstünde bir guşuňam höwürtge gurmandygyny, töwereginde bolsa hiç hili otuň ösmändigini görüp, olar diýseň geň galypdyr. Olar ýalňyz oturan agajyň şahalaryny, hatda şemalyňam sypamaýandygyna göz ýetiripdirler. Odunçylar öz aralaryndan: «Bu güjüm çapylaýanda-da boljak, hiç bir guşuň höwürtgesiz, hiç bir otuň saýawansyz galmajakdygy hak» diýşipdirler. Soňra olar paltalaryny eginlerinden düşüripdirler-de, güýçlerinde baryny edip, güjümi çapmaga başlapdyrlar. — Maňa palta urmaga size kim ygtyýar berdi? — diýip, güjüm aýylganç gygyrypdyr. Emma odunçylar onuň sesini eşitmändir we ony çapmaklaryny dowam edipdirler. Güjüm daş-töweregine garanjaklap, beýleki agaçlardan özüne seredýän köp sanly guşy görüpdir. Şonda ol öz ýanyndan: «Bular meniň çapylýanyma heşelle kakýan bolmaly» diýip pikir edipdir. Emma oňatja seretse, ähli guşuň gynanýandygyna, käbiriniň bolsa gözýaş dökýändigine göz ýetiripdir. Şonda ol bar güýjüni jemläp: — Guşlar, näme üçin aglaýaňyz? Men size üstümde höwürtge gurmaga ýol bermedim ahyryn — diýipdir. Golaýrakda oturan guşlaryň biri: — Bize höwürtge gurmaga ýer bermeseňem, biz agaçlary gowy görýäs — diýip jürküldäpdir. Güjüm şu ýerde ýalňyşyna düşünipdir we halas bolmak üçin beýleki agaçlardan ýapyşmak isläpdir, emma töwerekdäki agaçlar has uzakda bolany üçin olara ýetip bilmändir. Ol gygyryp, agaçlardan kömek sorapdyr, emma batly urlan paltanyň zarbyna bir gapdala agyp, hiç zat aýdyp ýetişmändir. Jemşid SEPAHI, eýranly ýazyjy. Pars dilinden terjime eden Ýegenmämmet TAÝLYÝEW. “Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |