12:54 Ýalñyz durna / hekaýa | |
ÝALŇYZ DURNA
Hekaýalar
Ir baharda: «Obamyzyň golaýynda ýerleşýän kölde durna düşläpdir» diýip eşitdik. Oba adamlary muny gowulyga ýordular. Sebäbi öň bu jelegaýlarda durnalaryň düşlänini hiç kim görmändir. Şol durnalary görmäge, daşyndan söýüp synlamaga göwnüm höwes edipdi. Bir gün bu barada ejeme ýaňzytdym: — Eje, jigilerim köl tarapdaky sähra goýun bakmaga gidende menem sagylýan sygyrlarymyzy şolara goşup alyp gidäýeýin. Hem-ä sygyr bakdygym bor, hem-de bahana bilen durnalary görerin — diýip, naýynjar halda soradym. Onýança ejeme derek uly gyz doganym: — Jigim, şol durnalary göresiň gelip, ýüregiň üzülip barýarmy? Boýuň boýum bilen boýdaş bolupdyr. Ekinimizi akbaş-ýandak basypdyr. Bar, şol taýda ak durnalary göz öňüňe getir-de, otag işleri bilen boluber! Sygyrlara-da özüm idi-issiwat ederin — diýip, bar umydymy üzdi-de otyryberdi. Ejeme-de doganymyň bu pikiri bilen ylalaşmakdan başga çäre bolmady öýdýän. Ol sesini çykarmady. Aradan ep-esli wagt geçdi. Çogly tomus öz ornuny güýze berdi. Şol günleriň birinde irden obamyzyň üstünden perwaz urup, dört-bäş öwrüm eden durnalar asmanda toýnuk gurap, günorta tarap ugur aldylar. Men ak pagtaly giň meýdanyň içinde göge seredip durşuma, hamana goňşy obamyz göçýän ýaly ellerimi galgadyp olar bilen hoşlaşdym. Göwnüme bolmasa olar: «Hoş galyň, mähribanlar, biz ýene-de dolanarys» diýýän ýalydylar. Olary ýakyndan synlamak bagtynyň maňa miýesser etmändigi üçin öz ýanymdan kemsindim. Gözüme ýaş aýlandy. Uzakly gün keýpim bolmady. Agşamara jigim Ýazmyrat öýe sebete salyp bir zat getirdi. Soňra towuk ketegimiziň ýanynda iş edinip, täze ketejik gurdy. Daşyna simden edilen tor aýlady. Ony hem az görýän ýaly, dokalan gamşy aýlady. Nahar wagty saçagyň başynda hemmämiz onuň nämedir bir zat diýerine garaşdyk. Ol biziň özüne seredip oturanymyzy aňdymy ýa-da aýny wagtynda aýtmagy ýüregine düwdümi, garaz söze başlady: — Neme, men şu gün kölüň ýanynda goýun bakyp ýörkäm, durnalar ýekän-ýekän gyrruwlaşyp uçdular-da, uzak ýola düşdüler. Bir ene durnanyň hiç uçasy gelmedi, bir-ä göge galdy, birem aşak indi. Şeýdip, öz keteginiň töwereginde ep-esli wagt perwaz urdy. Ahyrynda-da, gözden ýitip barýan beýleki durnalaryň yzyndan uçdy. Biz goýun bakýan oglanlar bilen onuň näme sebäpden şol ýerden gidesiniň gelmändigini bilmek üçin durnalaryň gonalga mekanyna bardyk. Ynha, görsek ganat-per çykan durna jüýjeleriniň biri çöp-çalamyň içinde ýatyr. Ol bizi görüp ganat kakyp başlady. Emma göwresini göterip bilmän, ikiýana urundy. Esewan etsek, onuň çep ganatyna zeper ýeten eken. Ene durna-da şonuň üçin onuň ýanynda eglenen eken. Biz oglanlar bilen gün eňegini ýere berýänçä garaşdyk. Ahyry: «Durna jüýjesine haýsymyz hem bolsa birimiz howandar çykmaly. Ýogsa, bu gije şagallara şam bolar» diýen karara geldik. O-da meň bijäme düşdi. Eje, senden soraşman öýe durna getirenim üçin bagyşla! — diýip, jigim müýnürgedi. Ejem: — Sogap iş edipsiň oglum! Aslynda durna diýen guş Hakdan halatly guşdur. Onuň etini iýmegem, jüýjesini öldürmegem külli günä hasaplanýar. Ýöne onuň ganatyna zeper ýeten bolsa mal lukmanyna görkezmeli bolar — diýip-diýmänkä, atylyp daşaryk çykdym. Jigimiň guran täze keteginiň içine göz aýladym. Onuň içinde hakykatdan-da akja durna bar eken. Ol meniň baranymy duýup ganatlaryny pasyrdatdy. Men ony ikimiziň ilkinji tanyşlygymyz diýip kabul etdim. Jigim obamyzdaky mal lukmanyny çagyryp getirdi. Ol durnanyň zeper ýeten ganatyna sargy orap, bejergi etdi. Şondan soň her gün iýmini, suwuny bermek üçin onuň ýanyna baranymda, ol uzyn ak ýelekli ganatlaryny kakýardy. Biz oňa «Akperli» diýip at goýduk. Akperli bilen beýleki öý guşlarymyzam basym öwrenişdi. Bir gün men ejeme: — Eje, eger Akperlini daşaryk çykarsak, ol uçup gidäýermikä? — diýip soradym. Şonda ejem: — Ol erkin guşdur, uçmaly wagtyny özi bilýändir. Eger keteginden daşaryk çykarasyň gelse, çykaryp göräý — diýdi. Men ejemiň bu sözlerini gutararyna mähetdel, Akperliniň keteginiň gapysyny açdym. Ol biraz eýläk-beýläk garanjaklady-da, daşaryk çykdy. Meniň: «Ol uçup gider» diýen gorkym bardy. Emma Akperli birsalym keteginiň daşynda gezmelänsoň, ýene-de «öz öýüniň törüne» — öwrenişenje ýerine geçdi. Şol ýylyň güýzüniň maňa peşgeş beren durnaly pursatlary ýaşlygymyň iň ýakymly pursatlarydy. ...Akja garlar eräp, ýaplaryň doňy çözülip, gyş ahyrlap, howa maýlap başlady. Ýüzüňi ýalap barýan sürtük şemal alabaharyň demini giň ýaýla ýetirdi. Söwütler pyntyklap başlady. Şeýle günleriň birinde uýamdyr jigim bilen howlymyzyň içine-daşyna serenjam berip ýörkäk, howluda peýwagtyna gezip ýören Akperli göge ýüzüni tutup, ganatlaryny kakyp başlady. Biz ol uçup gitmekçi bolýandyr öýdüp, ähli işlerimizi unudyp, oňa seretdik. Ol şeýle-de etdi. Howlymyzyň depesinde ganatlaryny giňden ýaýyp, eýläk-beýläk öwrüm etdi. Men derrew iýmli gapdan etegimi dolduryp, iým çykardym-da, aldygyna: «Tüýti-tüýti, tüýti-tüýti...» diýip, towuklary keteginiň ýanyndaky meýdança çagyrdym. Meň çakylyk sesime ala-goh bolup gelen towuklar, seçelän dänelerimi ýeke-ýekeden çöplemäge durdular. Meniň gözlerim bolsa ak durnadady. Akperli meniň sesimi eşitdi-de, uçup gelip, howlymyza gondy. Öňki endigine görä-de iým iýýän towuklara goşuldy. Näme üçindir şondan soň meň ony keteginden çykarasym gelmedi, çünki ondan — ýakyn dostumdan aýrylyşmak islemeýärdim. Orta mekdebiň ýokary synpynda okap ýördüm. Edebiýat mugallymymyz bize erkin temadan düzme ýazmagy tabşyrdy. Şonda men «Dostlugyň serhedi ýok» diýen sözbaşy bilen düzme ýazdym. Onda Akperli bilen dostlugym, onuň tebigatyň iň ajaýyp jandarlarynyň biridigini, ynsan ýaly duýgurdygyny beýan etdim. Mugallym şol düzmäm üçin maňa «Berekellasy» bilen 5-lik bahasyny goýdy. Şondan soň joralarymyňam ony görmäge höwesi artdy. Ýöne ýazgytdan gaçyp gutulma ýok eken. Bir gün guşluk çagy biziň öýümiziň üstünden ak durnalar hatar gurap gyrruwlaşyp geçip barýardylar. Muny gören Akperliniň göhi göterildi. «Meni bu ýerden çykar» diýýän ýaly, keteginiň içinde ganatlaryny pasyrdadyp başlady. Oňa dözmedim. Ylgap keteginiň ýanyna bardym, gapynyň daşyndaky ildirgiji ýazdyrdym... Ol ilki maňa seretdi, soňam ümmülmez asmana. Gökde bolsa uçup barýan durnalaryň sesi eşidilýärdi. Ol çalaja bat aldy-da, uzyn ganatlaryny giňden ýaýyp göge galdy. Meniň inim jümşüldäp gitdi. «Eje, Ýazmyrat! Serediň! Akperli uçup gidip barýar. Özem durnalaryň hataryna goşulyp barýar» diýip, sesimiň ýetdiginden gygyrdym. Durnalaryň yzyndan ýeten Akperli näme üçindir şol ýerdenem yzyna — öýümize tarap gaýtdy. Men: «Ol dolanyp gelýär» diýip, begenjimden ellerimi çarpdym. Emma ol howlymyzyň üstünde dört-bäş gezek öwrüm etdi. Soňam ýene-de ýoluny dowam etdi. Bu onuň biziň bilen soňky hoşlaşygy eken. Onuň garasy ýitip, bir nokada öwrülip barýan sudury gözlerimiň öňünde hemişelik galdy. Diňe ejem gyzgyn aýalary bilen süpürenden soň, düwme-düwme gözýaşlaryň ýaňaklarymdan biygtyýar syrygandygyna göz ýetirdim. Men hiç wagt şeýle ýagdaýa düşüp görmändim. Şonda iň ýakyn, mähriban, eý görýän dostuňdan aýrylmagyň durmuşda kyndygyna göz ýetirdim. ...Ondan bäri birnäçe ýyl geçdi. Men her gezek durnalaryň toýnuk gurap barşyny synlanymda: «Belki, bir gün Akperli-de bizi ýatlap dolanar» diýip, inçejik umyt edýän. Hyýaly dünýämde bolsa oňa: «Ýalňyz durnam Akperli, bir pursatlyk dolanaý» diýip ýüzlenýän. Kim bilýär, belki, ol hakykatdanam haýsydyr bir ýerlerde meni gözläp uçup ýörendir... Aýnabat ATAÝEWA. | |
|
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |