20:03 Ýarak it | |
ÝARAK IT
Goşgular
Ol güjük wagtynda gurjak ýalydy. Jöw-jöwem degýärdi jañyñ zañyba Ol güjükdi, güjük diýip öwdüler, Gözün meñzetdiler säher dañyna. Süýji iýjek bolsa, süýji berildi, Garny dokja boldy. Güýji göründi. Güjükden saýlanyp it çykdy ahyr, Özüne guwandy. Erkin gerindi. Köpek seýlin etdi köçeme-köçe, Hem meslikden gözi-başy aýlandy. Birdenem ýal beren eýesin ýardy, Eýesiniñ gözde ýaşy bulandy. Goñşular pisledi itiñ bolşuny, Çagalaram ondan daşyrak durdy. Öý eýesi günäsini ötse-de, Süýrgünortan wagty Güne-de üýrdi. Öwezmyrat BABAÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |