01:03 Ýaraşmaz | |
ÝARAŞMAZ
Goşgular
Götär diýip, tagna, teýene etmek Dünýä mesi bir murdara ýaraşmaz. Nesihat bermeklik, öwüt öwretmek Taňry guýan akyl äre ýaraşmaz. Asly musulmana dininden dänmek, Ömre ygtybar, jan barlygna yşanmak, Begres geýip, bile kemer guşanmak Çölde gezen çopanlara ýaraşmaz. Kümüş bolmaz, ýagşy zikge ursaň mise, Gahry gelmez, eger «gul» diýseň tüýse, Öwüt tutmaz, öwüt berseň bir pise, Ýagşy taglym ýaman ýara ýaraşmaz. Näsazlyk — ata-ogul bir-birine. Gitmeklik ýaraşmaz gyz ýas ýerine, Haýasyzlyk, şerimsizlik geline, Oral garry aýal töre ýaraşmaz. Boş gaýtarmaz, dileg etseň bir mertden, Müň ýalbarsaň, işiň bitmez namartdan, Ker hem lezzet tapmaz asta söhbetden, Idegsiz gezmeklik köre ýaraşmaz. Derýaga depelik, daglara peslik, Zalyma rehimlilik, duşmana dostluk, Bege berimsizlik, raýata meslik, Gaýgysyzlyk galandara ýaraşmaz. Aryplara oýnamaklyk, gülmeklik, Dünýälik diýp, ýügürmeklik, ýelmeklik, Aşrat sürmek, aş mazasyn bilmeklik, Ejiz düşen bir bimara ýaraşmaz. Ýada hem näz etmek, öýke – gardaşa, Pala, gurra uýmak, ynanmak düýşe, Dogaça – utanmak, gahar – derwüşe, Nebis üçin il gezmek pire ýaraşmaz. Bigadyra – gadyr, näkese – hormat, Ýakyna hat ýazmak, ýyraga – sargyt, Abdala – nik puşeş, aşyga – rahat, Hatarda boş gitmek nere ýaraşmaz. Ite palaw bermek, ata hem – kepek, Owlak, guza – nogta, kökene – köşek, Alamana – ýaby, ýaryşa – eşek, Toýa münüp gitmek sygra ýaraşmaz. Doňuz çyksa depä, jeren hem daga, Bilbil hem jeňele, garga hem baga, Pyşbaga – agaja, uçsa gurbaga, Kelpezeden gaçmak mara ýaraşmaz. Mur yssa çydamaz, sowuga – kelguş, Ýele hem – erbeze, köp ýagmyra – muş, Şor aba – hemdune, bahr içre – harguş. Näheň oýnap çyksa, gyra ýaraşmaz. Aýdýar Zelili, hassa – hoşroýlyk, Kerke – uzak ýaşamak, pile – garrylyk, Gurda – dilegçilik, baýguşa – horluk, Tilki awun iýmek şire ýaraşmaz. Gurbandurdy ZELILI. | |
|
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Daglar hakda geňräk goşgy / Goşgular - 06.11.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Gözeller şasy / Goşgular - 25.08.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Sen adam aslyň hakda / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |