18:51 Gurbandurdy Zelili | |
GURBANDURDY ZELILI Gurbandurdy Zelili Gürgeniň Garaguzy obasynda 1779-njy ýylda eneden dogulýar we 1846-njy ýylda aradan çykýar. “Ata-baba geçen jaýlary görsem, Zelili oba mekdebinde, soňra bolsa Hywadaky “Şirgazy” medresesinde okapdyr diýen maglumat bar. Zelili – “zelil, horlanan, ezilen, ejiz düşen” diýmekdir. Sebäbi Zelili öz ömründe oňly gün görmändir, mydama onuň ýaşaýşy horlukda, ekspluatator synplar tarapyndan kemsidilmekde geçipdir. Gurbandurdynyň Zelili diýen lakamy onuň ýaşaýşy – durmuşy bilen baglanyşyklydyr. ■ DÖREDIJILIGI Zelili bir topar liriki goşgularyň awtorydyr. Onuň edebi döredijiliginde ýaşan döwründe ýüze çykan wakalary suratlandyrmak bilen, il-güne degişli, sosial deňsizligi görkezýän, mert we namartlara degişli öwüt – nesihat beriji, söygi temada çeper şygyrlar uly orun tutýar. Zeliliniň döredijiligi özüniň manylylygy we çeperçiligi bilen tapawutlanýar. Onuň döredijiligi türkmen klassyky edebiýatynyň durmuşa has içgin aralaşmakdaky täze ädimini alamatlandyrýar. Zeliliniň döredijiliginiň kämilleşmegine, ösmegine, birinjiden, onuň özüniň edebiýat bilen gyzyklanmagy, edebiýatyň jemgyýetçilik durmuşunda tutýan ornuna belli derejede akyl ýetirmegi, köp okamaklygy, ikinjiden, daýysy Magtymgulynyň döredijiligi uly täsir edipdir. ■ Watançylyk temasy Zeliliniň döredijiliginde il-güni, ýurdy söýmek we halkyň erkin durmuşyny, agzybir ýaşaýşyny goramak pikirleri uly orun tutýar. Zelili öz ülkesini – ýaşan ýerini, onuň tebigatyny bütün baýlygyny, zähmetkeş halkyny tüýs ýürekden söýen watançydyr. Şahyr öz önüp-ösen yeriniň – Etregiň, Gürgeniň keşbini, tebigatyny “Watanym, seni” diýen şygrynda uly joşgun bilen suratlandyrypdyr. Watan temasyna degişli beýleki şygyrlarynda bolşy ýaly, şahyryň bu şygyrynda hem basybalyjy duşmanyň abat oturan Etrek, Gürgen zähmetkeşlerini gyrgyna berşi, talaňa salşy görkezilýär. Zelili ýesirlikde diňe watan umydy bilen ýaşaýar, haçanda watanyny, onuň gözel tebigatyny ýatlanda, ol gözýaşyny saklap bilmeýär. Şahyryň duşmana bolan ýigrenji onda watana bolan söýgini, joşguny has güýçlendirýär. ■ Mertlik, batyrlyk, ahlaklylyk temasy Zelili il-ýurdy ýürekden söýmek bilen birlikde, onuň ýigitleriniň mertligini, batyrlygyny, gowy ahlaklaryny wasp edipdir . Şahyr öz ildeşlerini arly – namysly bolmaklyga çagyrypdyr. Şahyryň şeýle eserleri ýigitlere teselli beripdir, olary ruhlandyrypdyr we olaryň güýçlerine güýç goşupdyr. Zeliliniň il-günüň, ýurduň ar-namysyny ugrunda tutanýerli söweş eden gaýduwsyz ýigitleriň at-owzasyny dabaralandyrmagy, munuň tersine, gorkaklary, nalajedeýinleri, aýal ýagysy dik düşdileri,ýaňralary köpçüligiň öňünde masgaralamagy tötänden bolman, şol döwrüň şertleri, ýagdaýy bilen baglanyşyklydyr. Duşmanyň talaňçylykly ýörüşine gaýtawul bermek üçin, batyr, gaýduwsyz, at-ýaragdan peýdalanyp bilýän adam gerek bolupdyr. Zelili bolsa duşmana garşy çynlakaý söweşijileriň sanyny köpelmek maksady bilen, batyrgaý ýigitleri taryplapdyr, götergiläpdir, namartlary ýazgarypdyr. “Ýowuz ýerde ýüzde –ýüz gelse, - diýen setirlerinde il-halk üçin duşman bilen söweşmeli bolanda, mert ýigitleriň ölümden heder etmän, soňky demlerine çenli söweşýändiklerini, emma namartlaryň binamyslylyk edip gaçýandyklaryny, il-ýurt hakda pikir etmän, öz janlary hakda aladalanýandyklaryny, hatda namartlaryň bile söweşe çykan ýoldaşlarynyň ykbalynyň neneňsi boljakdygyny hem unudýandyklaryny belleýär. Zeliliniň “Diýmek biläni” şygrynyň: “Keýpi açylar duşman görende mertler, - diýen setirlerinde hem mertler bilen namartlar bir-birinden aýyl–saýyl edilip suratlandyrylýar. Bu setirlerde “mert ýigidiň duşman görende”, oňa garşy ýigrenjilik bilen aldym-berdimle söweş edýändigi, emma namartlaryň bolsa duşman gördügi gaýga batyp dowla düşýändigi beýan edilýär.Şahyr “Bilen” şygrynda hem “Diýmek biläni” diýen şygryndaky pikirlerini gaýtalaýar. Ol: “Söweş güni mert ýarasyn baglamaz, - diýmek bilen, mert ýigitleriň çydamlylygyny wasp edýär, emma gorkaklaryň “namartja olam , sagja olam” diýip, söweş meýdanyndan ýazzyny berýändiklerini tankyt edýär. Zelili “Diýmek biläni” diýen şygyrlarynyň ilki setirlerinde namartlaryň üstünden düşýär. Namartlara syn bermezligi, etjek işini olara duýdurmazlygy olara berk talap edýär. Eger-de syry, göz öňünde tutulan maksady namartlar duýsalar, berk tabşyryga garamazdan olaryň ýaňrajakdyklaryny, syry äşgär etjekdiklerini şahyr nygtap görkezýär: “Namarda syr berme, syr saklar diýip, - Şu şygyryň bir ýerinde Zelili uzak wagtlap myhmançylykda bolýanlaryň, ondan-da gezip ýörenleriň, duş gelen ýerde gürrüňdeşlerine geplemäge gezek bermän, ýaňrap ýörenleriň hem-de yaşlykda lälik saklanyp, ulalansoň zähmet çekmäge ukyby bolmadyklaryň il içinde ýigrentgilerdigini bildirýär. Şahyr özünüň şygyrlarynda birek–birege ajy söz aýtmazlygy nesihat edýär: “Ýagşy söz diýeniň güldür, - diýen setirlerinde (“Ýow çykan ýalydyr”) beýan edýär. “Köňül almaz ýerden bir ýaman sözi - diýen setirlerinde-de birek-birege süýji sözli bolmaklygyň, biderek ýere adamyň göwnüne degmezligiň tarapynda durýar. “Bikardyr ýaltanyp, ýaman ýöreniň, Şahyr bu ýerde, birinjiden, ýaltanyň gününiň hor geçjegini aýdýan bolsa, ikinjiden, ýaltalyk-hassalykdyr, ondan daşda duruň diýen ideýany öňe sürýär. “Atsaň, nyşana deger okuň dogrusy, - diýen setirlerinde adamlaryň dogruçyl, sada bolmaklary durmuş hadysalarynyň mysalynda, ýagny deňeşdirmek ýoly bilen, nesihat berilyär. ■ Zeliliniñ çeper obrazy Goşmaça maglumat üçin Annatagan Nurgeldiýewiñ "Gülýaka" hekaýasyna seret. http://kitapcy.ml/news/gulyaka_hekaya/2018-06-12-288 | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |