15:44 Ýaş çatynjanyň gündeliginden / mikronowellalar | |
ÝAŞ ÇATYNJANYŇ GÜNDELIGINDEN
Hekaýalar
SUW Deňiz alysy suwa erän mysaly, gözýetimiň çyzygy barha belende galýar, ýakynlaşýar, edil suwuň kenarýaka erňegi deý, ilk-ä ýygralyk bilen, soňam saklatmaz tolkun bolup asmanyň öňüni tutýar-da, arşy-kürsi biri-birine ýelmeşdirýär. Howa ýygrylýar, dünýä-de edil gabygy içine ösýän pyrtykal deýin daralýar. Deňiz damja mysaly – hatda özüniň görünýän garaçygyndanam kindiwan. Asman bolsa, eýýäm gümmez pisint däl-de, kimdir biriniň güberçekli bakyşy. Barha beter guýýar. Suw ýokardan, suw aşakdan, ýeke sözde, çarýanda. Suw, birreňkli suw, ýok, ýogsa-da juw-aklyga çenli reňksiz... ýa-da tümlüge çenli reňki ýok edilen... Hemme zat ýuwlup giden. Täze Nuhuň tupany. Gämide bolsa biziň maşgalamyz bilen her mahlukdanam bir jübüti. AÝ Brodweý. Agşam. Reňbe-reň mahabatlardan ýaňa asmanda tupan. Täze ýyldyz toplumlary: ýaşyl Agta Doňuz, sypal başgabyny saga-çepe bulaýlap, raks oýnaýar; Çüýşe gözlek, dodakman Günüň öňünde, sessiz gümpüldi bilen dykysyndan mahrum bolýar; elektrik Aýak, raksyň ysytmasynda, edil hažžygyň goparylan guýrugy ýaly. Şotlandiýaly ak ýyldyrawukly, wiski çüýşesini çykarýar-da, bukýar. Çüwdürimiň pyrtykal suwy, ýanyp, sönüp, yşyk daglarydyr derelerinde ýylan deý towlanjyraýar. Bimany Kitap ýanýar-da, sönýär. Gämi, her minutsaýyn lowurdaýar, soňam ýüzüp barşyna baş atýar-da, tümlüge siňip gidýär... We... Aý! – Nirede? – Hanha, hol ýerde, gökdiränleriň arasynda, derýanyň üstünde, pessaý, dym-gyzyl. Aý? Ýa-da aýyň mahabaty? *** Nähili tukatlyk! Hemişe aşakda. Göwnüme bolmasa, men asmana galyp bilmeýän – hiç haçan galybam bilmejek! – äpet, döwük liftde ýaly. ŞÄHER TUNNELLERI Gara hem ak, ýöne konstrastsyz. Garasarmyk bilen aksarmyk çüýrük gujaklaşmada sepleşýär. Ýokarda, otlyň tüssesiniň ýagly, towlam-towlam, tükeniksiz içegesi, maý bermezden özüniň asmany barokkosynyň buýralaryny uzaldýar-da, otlyň gidip barşyna görä, ýagtylygy zymdyrylyp geçýän alagaraňkylyk bilen dograýar. Aşakda, binalaryň gara ýamalarynda garly alyslyk. Agaçlaryň gara skeletleri, doňan derýajygyň ergin buzunda gara asman, gara köprüler. Ýerasty geçelgäň bokurdagynda üşän otlular girmänkä ereýärler, edil kimdir biri howul-hara surat çyrşaşdyryp, dessine-de ony bozýan ýaly. Tüsse bilen gar, tümlügi matam ýapynjasy bilen ýasly goýaldýar. Ynanybam bolmaýar – haýsydyr bir alysda, ýokarda, içerde – duýmaga, aň ýetirmäge, reňkleri saýgarmaga ukyply haýsydyr bir diri zadyň bardygyna. Kim bärde görüp, eşidip, syzyp biler? Hem-de ýene nämedir bir zady duýup biler? Ähli zat bulaşyk, birsydyrgyn, üşän, birden hem garly, hem läbikli. Bar zat gara hem ak, ýagny reňksiz, wagtdanam, elýeterdenem uzakda. Hemme zat bar, ýöne ýok, galtaşmaýar, tötänden ýa-da agyr ukynyň alasarmyk düýşünde bolaýmasa hiç haçan ýadyňa-da düşmejek. NEPISLIK Garyň erňeginde pyrtykal gije bölündi, ergin, dup-dury kähruba damjalary bilen ter hem şireli syçrap, edil barmagyň ujunda şerabyň edişi deý, hiç ýerde tegmilem goýman, hemme zady ýuwdy. Pahyrja derýajyk, meni görüp, ebgine bedenjigini sereşläsi gelýär – lellimjik, iki ap-ak hepde gar ýorgançasynyň aşagyndan çykmaga ýaltanyp ýatdy, indi bolsa ünsi özüne çekmek üçin, şemal oýnaýan saçlaryny gaňtardy; ullakan gözlerinde, özleriniň bürünç garalygyny Günüň howadan ýeňil tyllasynda başardyklaryndan bukýan gara sütünleriň şekilleri görünýär, özem olar ýüzüp barýarlar, derýanyň gardyr buzdan açygrak ýerleri bilen ergin buzdan buza garşy ýüzüp gidýärler. GONAMÇYLYK Merhumlaryň bu solgun bagly ýodasyny, edil tepbet bolan hakyda ýaly, sanaýmaly agaçlar gorap saklaýar; birmahallar agaççagalygynda güýç-kuwwatdan dyňzap duran olar, nägehan gökdiränleriň arasynda günsaýyn gurap, garradylar. Gije, wagty az-maz sägindirýär-de, birazajyk ýokarrakda uklap ýatan diriler bilen sähelçe aşakda uklap ýatan ölüleri, biri-birine ýakynlaşdyrýar. Iki kesişmez çyzyklar tükeniksizlige uzaýar, hiç haçanam kesişmezler. Ýel, sütünçyralaryň yşgynda belent tüweleýler bilen uçgun syçradýan garyň neşder aklygy bilen batyl edip, uçup gidýär, gabyrlar galýar. Tümlük goýalýar, gündiziň ýagtysynda parahat ýatan hemme zat oýanýar-da, seredýär, diňleýär, görýär. Merhumlaryň düýşlerem, hatda toprak üste görülýänindenem dury, hatda jansyz gijäniňkidenem janly, özem gadym zamanky bu düýşler – şäher çöllügindäki ýeke-täk doly hem çuň dirilik. HEBEŞI HATYN HEM BÄGÜL Hebeşi hatyn eli ak bägülli uklap ýatyr. Uky hem bägül gyzyň şama-şaýyrdy lybasyny ahramy özgerdýär – tornagyşly gülgüne jorabyny, içi görnüp duran ýaşyl keltekçesini, melewşereňk gülälekli sypal başgapjygyny. Keşbinde ukynyň garawsyz gülümsiremesi, gara elinde bolsa äk bägül. Ol ony nähili saklaýar! Göwnüňe bolmasa, bu bägül onuň düýşüne girip, olam ony ukudaka-da goraýan ýaly – ukuda gezeriň ynamlylygy bilen ony şeýlebir mähirli saklaýar, edil, özi hut şu wagtjyk dünýä inip, indem ukudaka bu ak bägülde enelik yssysyny duýýan ýaly. Arasynda onuň kellesi, ýagtyda edil altyna öwrülen dek ýanyp başlaýan, solak buýrajykly kellesi-pahyrjyk döşüne agýar. Emma eli welin, baharyň baýdak göterijisi deýin synmazak saklanyp dur. Nähilidir birhili saýgarybam ýetişip bolmaýan bir zat ýerastyna urdurylyp girýär, dessine-de, hapa, dymyk, ala-goh tümlük bildirer-bildirmeze dönýär. Hemmeler gazetlerden ünsüni sowýarlar, sakgyç çeýnemegi, hymy-symyny bes edýärler-de, edil argynlykdyr gussanyň tütüninde ýaly, ýerastynyň kalby deýin doňup galan ak bägüle aňk bolup seredişýärler. Bägülem, hüşgär ümsümlikde, nepisden hoşboý ysyny ýaýradýar; gözegörünmezeklikdir ajaýyplygyň demi hemme zada siňýär, demre-de, tütüne-de, gazetlere-de, onsoň ýeke pursatlyk ähli zatdan, ak bägüliň, görlüp-eşidilmedik baharyň, ebediligiň ysy bark urup başlaýar... © Huan Ramon Himenes Huan Ramon Himenes, 1881-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Ispaniýanyň Moger şäherçesinde şerap söwdagäri Wiktor Himenesiň maşgalasynda dünýä inip, 1958-nji ýylyň 29-njy maýynda Puerto-Rikonyň Santurse şäherinde aradan çykypdyr. Ol meşhur ispan şahyrlarynyň biri bolup, 1956-njy ýylda “Belent ruhuň we ispan poeziýasynyň çeper arassalygynyň nusgasy bolan liriki poeziýasy üçin” Edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolýar. H.R.Himenes 1896-njy ýylda iezuitleriň kollejini tamamlandan soň Sewilýa uniwersitetiniň hukuk fakultetine okuwa giripdir. Şol birwagtda-da ol kadisli mugallym Salwadora Klementede nakgaşlyk sungaty boýunça ders alypdyr. 1898-nji ýylda H.R.Himenes uniwersitetdäki okuwyny taşlap, öz dogduk şäherçesine dolanýar-da, başbitin şygyrýet bilen meşgullanmaga başlaýar. Şol ýylyň 6-njy awgustynda Barselonanyň “Gara pişik” (El gato negro) atly žurnalynda onuň ilkinji poemasy “Guahira” (La guajira) çap edilýär. Edebiýat tankytçylary H.R.Himenesiň döredijiligini üç tapgyra bölýärler: 1. 1898-1915-nji ýyllardaky döredijiligi; 2. 1916-1936-njy ýyllardaky döredijiligi; 3. 1937-1958-nji ýyllardaky döredijiligi. H.R.Himenes döredijiliginiň birinji tapgyrynda Bekkeriň romantiki lirizminiň, Bodleriň, Werleniň fransuz simwolizminiň, Darionyň modernistiki poetikasynyň täsirine düşüp, eser ýazýar. Döredijiliginiň ikinji tapgyrynda ol, Bleýk, Şelli, Emili Dikinson, Uilýam Batler Ýeýts ýaly iňlis awtorlarynyň täsirine düşýär. Döredijiliginiň üçünji tapgyrynda bolsa, ol eýýäm ruhy gözlegleriň, kalbyny päklemegiň ýollaryny agtarmagyň, ispan mistikleriniň däp-dessurlaryna ýakynlykdaky psihologiki seljermeleriň täsiri bilen eserlerini döredipdir. H.R.Himenesiň eserleriniň içinde iň ýörgünli okalýanlary hem-de okyjylar köpçüligine has ýiti mälimlerem onuň mikronowellalary bilen öz döwürdeş ýazyjylary hakyndaky “Üç dünýäniň ispanlary” atly 1942-nji ýylda çap edilen esseler ýygyndysydyr. | |
|
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||