10:54 "Ýaşaýanymy boýun alýaryn" | |
“Meniň gazanan iň uly baýragym...”
Edebi makalalar
Meniň goşgularym hem ömrim hem derýa ýaly akyp gitdi. Çiliniň howaly daglarynyň arasyndaky çuň jülgelerde dünýä inip, deňizlere ýetmäge çalşan derýa mysaly. Suwlaryň üstindäki ähli zady syryp-süpirip, dolup-daşmalary kabul edip, syrlary aýnada gören ýaly mälim edip, halkyň ýüregine gidýän ýoly özine arçanandyr. Men azap edip söweşdim. Men söýdim hem şygyrlar ýazdym. Dünýä bölünýärkä, men ýeňip-ýeňildim, duz-çöregiň hemem ganyň tagamyny duýdum. Eýsem, bir şygyr başga nämäni arzuw edip biler?!. Aglamakdan öpmege, tenhalykdan märekä çenli ähli duýgular şygyrlarymda ganatlaryny ýaýyp, şol duýgularyň içinde ýaşady. Men şygyrlarym üçin ýaşadym, şygyrlarym bilen darkaş gurdum. Kebelegiň gonýan gülleriniden göterilýän tozgalardan zyýada baýraklar gazandym. Bularyň içinde biri bardy, bu baýrak üçin maňa birnäçe şahyrlar görip boljakdy, ýetilmesi kyn baýrakdy. Estetikanyň kyn sapaklaryndan hemem ýazgyly sözleriň labirintinde alyp baran işlerimden soň, halkymyň şahyry bolupdym. Bu—meniň gazanan iň uly baýragymdy. Owazlardan doly kitaplarym däl. Lotanyň kömürinden, ýeriň ýedi gat aşagyndaky ojaklardan, ylla diýersiň jähennemden gelýän ýaly, ýöne şonda-da arkaýyn, tot-tozana gömülen gözleri dym-gyzyl adamynyň, ýeriň ýüzine çykyp, jaýryklary bilen şor meýdanlaryny ýatladýan ellerini uzadyp, saňa: “Seni bireýýämden bäri tanaýaryn!..”—diýeninde bu baýragy alan ýaly bolarsyň. Bu—meniň şygyrymyň lawr ýapragynyň şahlaryndan edilen täjidir. Ol, yzgytsyz meýdanlardan, toprakdaky jaýryklardan çykan işçiniň sözleri. Şemallar, gijeler hemem Çiliniň ýyldyzlary adamlara şeýle seslenýär: “Siz ýalňyz däl, bir şahyr agyry- ynjylaryňyzy bilýär!” PABLO NERUDA “Ýaşaýanymy boýun alýaryn” Terjime eden: Nureddin KESEARKAÇLY | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |