18:40 Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa | |
ÝAŞAÝYŞ ŞOL PURSATLAR
Hekaýalar
Ýaşaýyş — bu günleriň, aýlaryň, ýyllaryň toplumy bolup, olar örän çalt geçýär, hiç wagt yzyna dolanmaýar. Wagt - tylladyr, «Wagtyň bar, nagtyň bar» diýýärler. Sebäbi wagty sarp edip, bolçulyga — altyn-kümüşe ýetip bileris, emma ýitirilen minutlary yzyna gyzyl pul bilenem satyn alyp bilmeris. Göýä, bu durmuşda asyrlar boýy ýaşajak ýaly, köpler wagtyny bihuda geçirýär. Eger olaryň puly azalsa, ýürekleri agyrýar. Olar dünýäniň gözlegini agtarýarlar, emma hiç wagt ýitirilen wagt hakynda alada etmeýärler. Hakyky ömri pasportymyzdaky ýaşymyz kesgitlemeýär. - Hakyky ýaşaýyş—bu diňe gowy hereketlerimiz we peýdaly işlerimiz bilen geçirýän pursatlarymyzdyr. Bir gün Isgender bir gonamçylygyň içinden geçip barýan eken. Ol gubur daşlarynyň ýüzündäki ýazgylary okap, geň galypdyr. Onda eýeleriniň doglan we ölen seneleri ýazylan eken. Ýöne olaryň hiç biri 10 ýaşdan aňryk geçmeýärdi. Ol şäheriň ýaşulularynyň birini ýanyna çagyryp: «Arassa, ýakymly howaly, süýji suwly bu şäherde näme üçin adamlaryň ömri beýle gysga?» diýip sorapdyr. Ol adam bolsa: «Biz durmuşa başgaça garaýarys. Ýaşaýyş — bu iýmek-içmek, ýatmak we ýöremek däldir. Eger şeýle bolsa, biziň haýwandan tapawudymyz bolmaz. Hakyky ýaşaýyş ylym gözlemek, peýdaly iş etmek ýa-da bir zatlar döretmekdir. Bu ýerdäki adamlar 10 ýyldan artyk ýaşamaýar, sebäbi olar ömrüniň köpbölegini gaýgy-gamsyz ýaşaýyşda geçirýärler». Kimdir biriniň ýaşaýşy gowy bolsa, şol pursady bilen ýaşap, ony iň gowy gün hasap edýär. Şu günki işiňi ertire goýmak we geljegiňi umytsyz ýaşamak dogry däldir. Şeýle hem, şu günüňi elden giderip, geçmişiňi ýatlap geçirmek hem mynasyp iş däldir. Bu barada Omar Haýýam şeýle diýipdir: «Deý aýy¹ geçdi, ony ýatlama! Gelmedik ertiriňi çagyrma! Gelmedige, geçene esaslanma! Hoş bol, ömrüň biderek sarp etme! Şygyrdaky hoş bolmaklygyň maksady — bihuda işlere özüňi bermezlikdir? Hakyky hoşallyk — başgalaryň ýüregini şatlandyrmak, işlerini ýeňilleşdirmekdir. Wagtyňyzyň gadyryny biliň, gymmat bahaly minutlaryňyzy elden bermäň. Hemişe aljyraňňy bolsaňyz, rahatlygyňyzy ýitirersiňiz. Dostlaryňyzyň arasynda bolsaňyz ýa-da gezelenç, sport bilen meşgullanan sagatlaryňyz, ol ýitirilen wagtlar däldir. Biz otlaryň, agaçlaryň, gülleriň arasynda, ýyldyzdan doly asmanyň astynda, deňizde ýa-da derýada geçiren wagtlarymyzy bu dünýäniň owadan pursatlary hasaplaýarys. Bularyň bary başga durmuşdyr. Durmuşda elden gideren pursatlaryňyz gaý-gygamdan başga hiç zady bolmadyk pursatlardyr. Pursatlar bulutlaryň geçişi ýaly geçip gidýärler. Şonuň üçinem gowy we eziz pursatlar gazanjak boluň! ________________________ 1. Deý aýy — hijri şemsy ýyl senenamasynyň 10-njy aýy (22 dekabr — 20 ýanwar). Abbas Egbal AŞTIÝANY, pars ýazyjysy. Pars dilinden terjime eden: Dünýägözel HOMMADOWA, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy. | |
|
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |