01:25 Ýaşlyk joşguny / hekaýa | |
ÝAŞLYK JOŞGUNY
Hekaýalar
— Haýdaň-how, ugraýar häzir. Ýet-de, saklasana, Döwran! — Näme, Döwran ylgamak boýunça dünýä çempiony diýip eşitdiňmi? Nädip ýetişeýin, allowarradaky awtobusa? — Sanaşmaň-da, ylgaň-da. Aý, eýýäm ugradyl-aý. Duralgadan ugran awtobusyň yzyndan seredip, badyny gowşadan oglanlar demini dürsemek üçin saklandylar. Iň öňde Döwran, ondan dört-bäş ädim daşlykda ellerini dyzyna söýäp duran Kerwen, iň yzda, bulardan birneme uzagrakda bolsa, öz ýanyndan bir zatlar hüňürdäp, henizem haşlap ýuwaşjadan ylgap gelýän Baýgeldi bardy. Onuň çym-gyzyl bolan ýüzünden der damjalary syrygýardy. Ylgamakdan ýaňa aýaklary diýen etmeýäne meňzeýärdi. Ol ylgawyny ýazdyrman gelşine, Kerwen bilen Döwranyň deňinden geçip, birneme uzagrakda saklandy. Bu ýagdaýy görüp, dosty ýylgyrdy. — Baýgeldi, tüweleme, bize haýdaň diýmän, özüň gyzyşan bolsaň-a öýüňe pyýada-da ýetjek ekeniň. Haşlap dem alýan Baýgeldi Döwrana gözüni alartdy-da, duralga baryp, oturgyçlaryň birinde oturdy. — Siziň... siziň oýun ýadyňyza düşýär... Uf-ff... Nämäňe ylgaýaň diýsene, ýetişmejek ulagyňa. Aýaklarymyň ysgyny gaçdy, diýen edenok. Ol elindäki okuw portfelini gapdalyndaky oturgyja oklap goýberdi. — Agyrman nirä gitsin, dost jan. Aýda-ýylda bir gezek ylgaýaň. Mejbur bolmasaň, olam ýok. Men-ä seniň aýaklaryň ýerinde bolsam çydamazdym. Seniň ol... — Döwran, bolýa-la, goýaly-la şuny. — Gürrüňe goşulan Kerwen dostuna kineli garap, ýüzüni başga tarapa sowdy... ...Täze okuw ýyly ýaňy başlanypdy. Şol sanaýmaly günleriň içinde-de Döwran bilen Kerweniň dostlugy bozuldy. Biri-birine gaty-gaýrym zat diýmeseler hem, olaryň aralaryna sowuklyk aralaşdy. Munuň sebäbi bolsa ýokary okuw mekdebine täze okuwa gelen bir talyp gyzdy. Kerwen onuň bilen tanyşmak islese-de, göni habar gatmaga çekinip, esli salym ýaýdanyp gezdi. Ahyrky çykalga hökmünde-de özüniň tanyşmak isleýändigini ýaňzydýan gysga mazmunly hat ýazyp, Döwranyň eline tutdurdy. — Aý, dost jan, gaty görme welin, özüň beräýsene. Biri görse, gyza men söz aýdýandyr öýdermi, nämemi. Kerwen oňa diňe gahar bilen seretdi. Döwranam kaýyllyk bilen haty alyp, portfeline saldy. Iki gün soň haty soranda dosty: — Haty düýn berdim, ýöne saňa aýtmak ýadymdan çykypdyr — diýdi. Bu habary eşidip, Kerwen birneme rahatlandy. Ýöne bir hepde geçse-de, gyzdan habar bolmady. Ruhdan düşüp ýören günleriniň birinde bolsa ol gyza ugradan hatyny tötänlikde Döwranyň okuw depderleriniň biriniň arasyndan tapdy. Bu ýagdaýa ilkibada nähili düşünjegini bilmedi. Dosty onuň beren hatyny ýitirendigini, bu hakda aýtmaga çekinip, ýalan sözländigini aýtsa-da, Kerweniň öýkesi ýazylyp gidibermedi. Dostlarynyň özara dawasyndan habarsyz Baýgeldi arakesmede naharhanada otyrkalar bir Döwranyň, birem Kerweniň ýüzüne çiňerildi: — Ikiňiziň soňky günler «jynyňyz jyňkyrşanok» welin, eýgilikmi?! Kerwen nahary bilen başagaýdy. Şonuň üçinem Döwran bolan ähli zady oňa gürrüň berdi. — Siziňem bir gyz üçin bolup ýörşüňizi. Özüm-ä şolara seredemogam. Siziň ýeriňizde bolsamam şeýderdim. Ol öňündäki duran gutabyndan ullakan bölegi dişledi. Döwran ýylgyrdy: — Sen-ä meselämizi çöp döwen ýaly etdiň. Şeýle dälmi, Kerwen?! Kerwen hamala hiç zat eşitmeýän ýaly sessiz otyrdy. Döwran bolsa dosty bilen ýaraşmak isleýärdi. Şonuň üçinem kinaýadan doly bolsa-da, bir zatlar aýdaryna garaşdy. Ol bolsa: «Sapaga gijä galýarys» diýdi-de, dostlaryna garaşman turup gitdi. Döwran hem henizem garbanyp oturan Baýgeldiniň ýeke özüni goýup, gyssanmaç onuň yzyndan eňdi. — Kerwen, dursana, garaş. Näçe gezek bagyşla diýdim. Indi bary biderekmi?! Onuň gaharynyň gelýäni ýüzünden bildirip durdy. — Bagyşla diýmesine diýdiň-de, ýalňyşyňy düzetmek üçin hiç hili hereket etmediň, men bolsa ol haty gijem bolsa eýesine gowşurarmykaň diýdim. Haty bilgeşleýin seniň ýanyňda goýup gaýdanymy bilmek üçin uzak «kelle döwmek» gerek dälmika diýýän. Ol ýüzüni sowdy-da, aňyrlygyna ýöräp gitdi. Hakykatdan hem, hat henizem Döwranyň portfelinde ýatyrdy. Ol ony eline alyp, owunjak böleklere bölünýänçä ýyrtdy-da, alty-ýedi ädim aňry ýanynda duran zibile taşlady. Soňra aňyrdan dostlaryna ýetişmek üçin haýdap gelýän Baýgeldä eli bilen «geliber» diýip yşarat etdi-de, okuw otagyna tarap ýöräp ugrady... Howa gün geçdigiçe sowaýardy. Ýapragyny döken baglar şemala çalajadan yranyp otyrdy. Kerweniň öýlerinden ýokary okuw mekdebine barmak üçin iki awtobusa münmelidi. Ine-de, ol ulaglaryň ikinjisine garaşyp dur. Soňky günlerde ýeke bolmak göwnüne has ýarap başlady. Şol hatly wakadan soň ol Döwrandyr Baýgeldi bilen tirkeşmesini hem goýupdy. Häzirem duralganyň bir çetinde hümer bolup duran adamlardan daşrakda duranyny kem görmedi. Ýetip gelýän awtobusy görüp, duralganyň öňüne ýöremäge hyýallananda, Kerweniň aňyrdan gelýän gyza gözi düşdi. Bu onuň şol tanyşmagy arzuw edip ýören gyzydy. Ol howlukman ýöräp gelýärdi. Ýanyndaky talyp oglan bolsa oňa nämedir bir zatlary gürrüň berip başagaý. Ony göreninden öňdenem keýpi bolmadyk oglany birhili agyr gussa gaplady. Ol gyzy görmezlige saldy-da, awtobusa tarap ýöredi. Yz ýany bilen olar hem ulaga mündüler. Olaryň biri-birini halaýandygy ýüzlerindäki mähirli garaýyşlardan hem bildirip durdy. Bu bolsa oňa has hem agyr degýärdi. Kim bilýär, Kerwen wagtynda dillenen bolsa, gyz, belki, häzir onuň özüne şeýle mähirli serederdi. Indi näçe kyn hem bolsa, gijä galandygyňy boýnuňa almakdan başga çykalga ýokdy. Okuwda ol özüne salam beren dostlarynyň ýüzüne-de seretmän geçip gitdi. Döwranyň salamynyň alynmany düşnükli welin, Baýgeldi muny geň görüp, ýoldaşyna çiňerilip seretdi. Onuň öýkeländigi görnüp durdy. Muny aňan Döwran hemişekisi ýaly ýylgyryp: — Ine, muňa, dost jan, «Iki at depişer, arasynda eşek öler» diýilýär. Ýöne arkaýyn bol, onuň saňa däl, maňa gahary gelýär — diýip, dostunyň egnine çalaja kakdy. Okuwdan gaýdyşyn duralgada Kerwen olaryň ýanyna geldi. Irdenki ýagdaýa henizem öýkeläp ýören Baýgeldi oňa arkasyny öwrüp, telefonyna güýmenen boldy. — Döwran, saňa beren hatym henizem durmy?! Ol henizem dosty bilen sowuk gürleşýärdi. — Ýok, men ony şol gün ýyrtyp zyňdym. Kerweniň ýüzünde gahar bilen geň galmak alamaty bilelikde peýda boldy: — Hany, göniňden gel-de, aýtsana. Haty näme üçin bermediň?! Döwran köpmanyly ýylgyrdy. — Şol gyzyň ýanyndaky oglany, belki, özüň hem görensiň. Olar synpdaş. Mekdep ýyllaryndan bäri biri-birini gowy görýän ekenler. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, toý etmek niýetleri bar. Şol gün hatyňy bermek üçin okuwdan soň gyzyň ýanyna ugradym. Ýöne ýanyndaky oglany görüp saklandym. Soňra talyp gyzlaryň birinden olar hakda soraşdyrdym. Ýaňky sözleri eşidibem, haty berdim diýip ýalan sözledim. Sebäbi gyzdan almadyk hatyna jogap bolmajagyny, seniňem jogap idäp yzyna düşüp ýörmejegiňi bilýärdim. Ýeke ýalňyşan ýerim, hatyňy şol wagt ýyrtyp zyňmanlygym. Oňa-da soň kän ökündim. Ählisini bolşy ýaly gürrüň beren bolsam, gynanardyň. Men saňa gowusy bolsun diýdim. Galanynam özüň bil. — Beýdip özbaşyňa kelläňe gelen zady edip ýörmän, dogryňy aýdaýmaly ekeniň-dä?! Kerwen Baýgeldiň ýanyna baryp, egnine elini goýdy. Birbada göwnüniň galanyny açyk bildirse-de, kinesi uzaga çekmedi. Indi oglanlaryň arasynda öýke edere zat galmandy. Kerwen Döwrandan hem ötünç sorady. Şol wagt duralga gelen ak saçly ýaşuly mugallym olaryň ýanynda aýak çekdi: — Ýeri, ýaşlar, okuwlar nähili?! Bu mugallym okuwyň başyndan bäri oglanlaryň özara düşünişmezliklerine köp ýola tötänden şaýat bolupdy. Şonuň üçin häzir olaryň agzybir gürleşip duranyny görüp: — Meseläňizi çözüpsiňiz öýdýän. Oňarypsyňyz — diýdi. — Aý, şu Kerwendir-dä, bir gyz di... — Baýgeldi sözüni soňlamaka Döwran onuň arkasyna gütüledip goýberdi. Ýagdaýa düşünen mugallym ýylgyrdy-da: — Wah, oglanlar, siziň munyňyza ýaşlyk diýilýär. Durmuşyň ähli gyzygy, joşguny şu döwürdedir. Ýaşlygyň gadyryny biliň! Meniň ýaşyma baranyňyzda geçen günleriňizi kinolentada görýän ýaly ýatlar oturarsyňyz. Şonuň üçin ýatlara diňe ýakymly zatlary dörediň! Şeýle diýdi-de, ol duralga gelen awtobusa tarap haýaljakdan ädimläp ugrady. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |