11:53 Ýazylmadyk goşgular | |
ÝAZYLMADYK GOŞGULAR
Goşgular
Pikirleriň dyňzap gelen pursaty, Senem uka meýmiränsiň şo pille. Ýakjak bolup ýakyp bilmeň çyrany, Galam, kagyzlaryň tapylmaz, walla! Ýazjak bolup sermenersiň ertesi, Bolmaz. Hiç zat düşmez asla ýadyňa. Şahyrdan öýkeläp uçan setirler, Indi hiç haçanam gelmez ýanyňa. Ýazylandan kändir ýazylmadygy, Diýip, şeýle oýlandym men bu hakda. Gerekmidi saňa goşgy ýazmagyň? Oňarjak zadyňy et-dä, eý, akga! Hyýalyňda dörän setirleriňi, Eýe çykman ýitirmegiň görgüdir. Her gezegem göwnüň dolar ahmyrdan, Şahyr üçin megerem ol urgudyr. Göwün “Tur-da, çyraňy ýak, ýaz!” dýýär, Goşgy setirleri ganat kakanda. Ýazylmadyk goşgulara sebäp sen, Eý, Allaýar, bu goşgy sen hakyňda. ■ JANYM—SAHYPJEMALYM Hyýalymda, ýanymda, Janym—sahypjemalym. Aýlanaýyn adyňdan, Haýrany men jemalyň. Aşygy mejnun menem, Özgäge seretmenem. Men Garybyň, bol Senem, Janym—sahypjemalym. Ýatsam, tursam huşumda, Mydam göwün hoşumda, Ömürbaky gaşymda, Bolsaň sahypjemalym. Gunça gülüm, perwanaň, Aşygyň men – diwanaň. Nazar kyl sergezdana, Janym – sahypjemalym. ■ ARMANYM... Diýdim: --Dünýämiň bezegi, Mähekdaş, dälsiň kesegi. Bolsam dagda, gezsem düzde, Janym, sensiň ýar küýsegi. Ýöne weli sen alysda, Didaryňy görebilmen. Ýolda galan agsak ýaly, Ýörebilmen, ýörebilmen... ■ SENSIZ... Jan algyçdyr dideleriň, Jan gerekmi? Janym algaý. Ýürekde çekýän azarym, Gerek bolsa aňym algaý! Sensiz janym, halym teňdir, Men Garyp, ýanyňa algaý!.. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Ol hojanyň aýagy batga batyp galanda... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Hasrat / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ömrüñ manysy / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |