ÝAZYPDYRLAR...
Ýazypdyrlar: "Gül ýigitdi, hoşgylawdy, pamykdy,
Ýazlar ýaly arassady, bir bigünä gämikdi.
Garynjany ynjytmazdy, "ýok" sözüni bilmezdi,
Ýere bakyp geçip gitdi, görmän asman gümmezni".
Ýazypdyrlar: "Çeýnelse-de, hiç kimi çeýnemändi,
Öñde-soñda tolkunmandy, hiç mahal aýnamandy.
Akraplar ýatdy görgülä, ýatdy gyşyñ awusy..."
Şeýdip, kän gideripdir, ol agzyndaky awuny.
Ýüzün gorap gezipdir, tutduryp kebzelerni,
Aýgyt edip sogurmandyr ýamanlañ teblelerni.
Bu gün bolsa üýşüp-üýşüp, ýylgyryşyp öwýärler ~
Şeýlerägem ömür sürüp, gelip-gitseñ bolýar-ow...
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular