10:23 Ýeñmek ylmy / hekaýa | |
ÝEŇMEK YLMY
Taryhy proza
Muhammet şa şonda ýörişden gelipdi. Ýörişiň şowly soňlananyna seretmezden, keýpi gaçykdy. Urşuň jygba-jyglykly pursatlarynyň birinde duşmanyň kiçeňräjik goşun bölümçesi şanyň söweşi ugrukdyrýan ýerine ýeňse tarapdan bilniksiz aralaşyp, başagaýlyk döredipdi. Şanyň goragynda durýanlary okgunly paýhynlap, onuň janyna howp salypdy. Adatça, özi söweşe girişmän, urşuň gidişine göz-gulak bolup, serkerdelere görkezme berip durýardy. Şol gezek welin, ýagdaýynyň öwerlik däldigini görüp, attutaryň häzirlän atyna çasbaň atlanyp ýetişen şa üstüne gylyç syryp eňip gelýän duşman serkerdesi bilen garpyşmaly bolupdy. Söweş däplerine görä, şa öldürilse, şol tarapyň ýeňlenini boýun alyp, dyza çökýänine umyt baglan zeberdest daýaw serkerde gylyjyny şanyň depesinden gazap bilen inderdi. Şa çalasyn sowlup ýetişmedik bolsa, kellesi kesilip, ýagty jahan bilen hoşlaşmalydy. Ýöne ýaşlykdan werziş edinen, ençeme haýhatly söweşlerden aman alyp çykan tilsimi onuň başyny ýene-de ölümden gutardy. Serkerdäniň şanyň boýnuny nazarlap salan gylyjy, egnine degip, sowutdan geçip bilmän saklandy. Dessine atyň başyny öwrüp ýetişen şa, sowudyň gylyç büken ýeriniň çignine çümüp döreden bijaý agyrysyna döz getirip, ezberlik bilen gylyçlaşyp başlady. Uzak gylyçlaşdylar, ahyrsoňy ol ýeňdi. Onýança-da surnaýçynyň kömege çagyryp çalan surnaý sesine zerurlygy çykanda, ulanmak üçin bukuda goýlan goşun ýetişip gelip, duşmanyň dyzmaç bölümçesini derbi-dagyn etdi. Şeýle howply pursady gözden salandyklary üçin, wezirler geňeşi diri galan janpenalarynydyr şahsy gorag bölümçesiniň serkerdelerini jezalandyrmagy şadan talap etdiler. Olaryň başyny ölümden enesi Türkan hatynyň töwellasy hem-de şanyň özüniň ýukaýürekligi halas etdi. Olar enesiniň kowumy gypjaklardandy. Gazanylan ýeňşiň hatyrasyna şa olaryň hunlaryny bagyşlap, harby derejesini peseldip, başga işlere geçirmek bilen çäklendi. Şa birnäçe güne çeken ýörişden, awdan ýa-da ýeneki sapardan gelende, ilki bilen çagalaryny ýanyna getirmeklerini soraýardy. Olary birin-birin gujaklap, ogşap, degşip, göwnühoşluk bilen «loh-loh» gülýärdi. Alyp gelen sowgat-serpaýlaryny paýlaýardy. Şeýdende, onuň ýadawlygy aýrylyşýardy. Öz nesil daragtynyň pajarlap ösüp, kök ýaýradýanyna, Horezm döwletiniň beýik at-derejesini saklap başarjak mirasdüşerleriň şolardan ýetişjegine umyt baglaýardy. Aýratyn-da, bars çagasy kibi dogumly Jelal onuň göwnünden turýardy. Enesi Türkan hatyna welin şanyň Jelaletdine imrinmesi ýaranokdy. Ol Jelaletdini, uly agtygydygyna seretmezden, damarynda dyzmaç türkmen gany at salýan, ulalanda ganygyzma boljak, eger tagtda oturdylsa, köşgi öz kowumynyň adamlaryndan dolduryp, gypjak han-beglerini, atly ulamalaryny gysyp-gowurjak adam hasaplaýardy. Şonuň üçinem, niçikmi, mümkinçilik aran ýagdaýynda, şanyň huzuryna kiçijik Ozlagy alyp baryp, üns-aladasyny şoňa çekmek isleýärdi. Ozlag Muhammet şanyň gypjak kowumyndan öýlenen aýalyndandy. Jelaletdiniň enesi türkmendi. Bu nika, aslyýetinde, Türkan hatyn garşydy. Ýöne şanyň atasynyň türkmenligi, köşkdäki derejeli wezipeleriň hem deň ýarysyny diýen ýaly türkmenleriň dolandyrýanlygy, goşunyň, ýurduň ilatynyň-da ep-esli böleginiň şolardan durýanlygy ony sem bolmaga mejbur edipdi. Ýöne ýurdy gypjaklaşdyrmak, şanyň ornuna Ozlagy oturtmak pikirinden el çekmändi. Assyrynlyk bilen tagtyň ygtybarlygyny gowşadýan, agzalalyk döredýän syýasatyny dowam etdirýärdi. Özüni diýseň gedem alyp baryp, başga ýurtlaryň hökümdarlary bilen Muhammet şanyň arasyna tow düşmegine sebäp bolýardy. Müsüriň soltany Mamdud bilen ala-göz boluşmaklarynda-da şonuň günäsi bardy. Mamdud şanyň giýewsidi. Onuň aýallarynyň biri — Kamar banu Jelaletdiniň uýasydy. Bu garyndaşlyga şa begenýärdi. Arap halyfatlygynda arka tapynmak oňa zerurdy. Halyfatlykdan basyp alan Gündogar ýurtlaryna öz hökümdarlygyny tassyklaýan ykrarnama alyp bilse, golastynda saklaýan ýerlerine bolan eýeçilik hukugy bekejekdi. Ýöne Türkan hatynyň özüni «Älem-jahanyň hökümdar hanymy, dünýäniň ähli aýallarynyň hany» diýip, bigeňeş yglan edip oturybermegi arap halyfatlygynda närazylyk döretdi. Şanyň Mamdud bilen arasyna sowuklyk saldy. Jelaletdiniň oglanlyk döwri, esasan, köşkde geçdi. Ol şonda söweş esbaplary saklanýan ýaraghana baryp görmegi halardy. Ol ýerde dürli ýaraglar, sowutlar, başa geýilýän tuwulgalar bardy. Ozal hem ençeme gezek synlandygyna seretmezden, Jelaletdin olara ýene-de uzak wagtlap tomaşa ederdi. Käbirini eline alyp görerdi. Şonda ýarag-esbap- lara göz-gulak bolup, serenjam berýän garryja adam: — Jelal, eliňi kesdirsiň! — diýip, synlamak islän gylyjyny ýa-da hanjaryny gyndan çykaryp görkezerdi. Olaryň haçan, haýsy ussa tarapyndan ýasalandygyny, ata-babalaryndan kimiň göterip, näwagt geçen söweşde ulanandygyny gürrüň bererdi. Ol gylyçlardyr hanjarlar bilen nähili derejedäki garşydaşyň jany jähenneme ýollanypdyr, bu batyrgaýlygy Horezmşalar nesliniň şadyr soltanlaryndan kim görkezipdir, ony-da joşgun bilen aýdardy. Şonda Jelaletdin onuň gabak basyp çöňňelen gözlerinde buýsanç uçgunjyklarynyň ýylpyldap gidenini görerdi. Ol garryja adama Baba Peleň diýýärdiler. Ösgün gaşy gözlerini örtüp, jowur ak saçy eginlerine dökülip durdy. Agajetliginden ýaňa, topugyna ýetýän köýneginiň içi boş ýaly görünýärdi. Köşgüň beýleki ýerlerinde hiç haçan duşmandygy üçin, Jelaletdin ony hiç ýerik çykman, ýaraghanada ýaşaýandyr öýderdi. Atasy nobatdaky ýörişden gelende, onuň dakynan ýarag-engamlaryny Baba Peleňiň howlukman, birlaý gözden geçirişi Jelaletdin üçin diýseň gyzyklydy. Baba Peleň bu işini aşa dykgatlylyk bilen alyp bargyçdy. Barlagyň başy atasynyň almaz gylyjyndan başlanardy. Gylyjy gyndan sogrup, ýagta tutup, eýlesini-beýlesini bir- näçe gezek gözden geçirerdi. Söweşde ulanylypmy, ýok, anyklardy. Eger ulanylan bolsa, haýsy ýagdaýda, kimiň garşysyna ulanylypdyr, ebeteýini tapyp, şanyň ýanynda bolan wezir-wekillerden, harby adamlardan sorap eşiderdi. Urgy zerarly gylyç egrelmänmi, keseri gädilmänmi, içginlik bilen synlardy. Tutawajyny barlardy. Oňa bezeg üçin oturdylan gymmatbaha daşlar gaçmandyrmy, döwülmändirmi, anygyna ýeterdi. Onsoň gyny barlardy. Oňa gylyjyň girip-çykyşynyň ýerbe-ýerligini synap görerdi. Daşyna haşamlanan bezeg daşlary ýerindemi, guşaga berkidilýän tasmasy üzülmändirmi, göz ýetirerdi. Eger-de düzetmeli ýeri bar bolsa, zergäre degişlimi ýa-da ýarag ussasyna, dessine çagyryp bejerderdi. Soňundan gylyjyň ýüzüni ýörite ýag bilen ýaglap, süpürip, tämizläp, gynyna salyp, diwarda asylgy derejeli gylyçlaryň arasyndaky öz ornunda goýardy. Baba Peleňiň şemşeri, hanjary, gamany, öküz hamyndan tikilip, daşyna naýza deşmez, gylyç kesmez ýaly zer salkymlary örülen, dyzdan hem ýokaryk geçip, şanyň aýagyny ygtybarly goraýan ädigi barlaýşy-da şeýle yhlaslydy. Ol sowutdyr tuwulga has-da dykgatly çemeleşerdi. Jelaletdin atasynyň, ezber ýasalan bu engamlary geýende, rowaýatlardaky gaýduwsyz gahrymanlara meňzeýänini görüp buýsanýardy. Tiz ulalmak, şeýle sowutdyr tuwulga geýip, ýarag-esbap dakynyp, ýyndam aty atlanyp, ýörişlere gitmek, gahrymançylyk görkezmek isleýärdi. Onuň pikirine düşüş Baba Peleň: — Howlukma, Jelal! Bolmaly zatlar wagty gelende bolar! — diýýärdi. Ýarag-esbaply otaglarda Rum, Alman, Pereňi ýaly ýurtlaryň batyrlarynyň geýýän söweş engamlary-da bardy. Baba Peleň ol adamlara rysarlar diýilýändigini, olaryň juda merdemsi adamlardygyny gürrüň berýärdi. Bu engamlaryň misden, bürünçden, demirden ýasalandygyny, gylyçdyr naýza urgusyny geçirmeýändigini, ýöne bijaý agyrdygyny aýdýardy. Bir gün bolsa ol Jelaletdine hakyky gylyç sowgat etdi. Göwresine görä ýasalan gylyç Jelaletdine şeýle bir ýarady welin, agşam ony başujunda goýup ýatdy. Ol şonda ýaňy dokuz-on ýaşlaryndady. Soňra Baba Peleň oňa gylyçlaşmagy öwredip başlady. Ilki gylyç nähili işledilýär, özi görkezdi. Onuň çalasynlyk bilen ýerine ýetiren tilsimleri gylyçly oýnalan tansa çalym edýärdi. Daşyndan bihal görünýän, bükülip ýörenje gojanyň, birdenem özüni dim-dik tutup, ylla süňksüz ýaly, ýumşaksy hem çasbaň hereket edişini görüp, Jelaletdiniň oňa göwni ýetdi, sarpasy has-da artdy. Öwredýän tilsimlerini diýseň yhlasly özleşdirip baş- lady. Diňe gylyç däl, beýleki ýaraglaryň işledilişini hem öwrendi. Eňki agan diýdirýän, şeýle-de bolsa, ýeri gelende, jahyl ýigit ýaly çalasyn hereket etmegi başarýan syrly gojanyň söweş tärlerini özüne öwretmegini ondan atasy Muhammet şanyň ýörite haýyş edendigini Jelaletdin soň-soňlar bilip galdy. Gönüden-göni birine berkiden bolsa, ýeňmek ylmy atlandyrylýan, döwrüň wajyp ylmyny beýle yhlasly özleşdirip bilmezligi-de mümkindi. Höwesine görä guralan bu tälim öwredişlik üçin atasyna minnetdar boldy. Şeýdip, aradan üç ýyl geçdi. Bir gün Baba Peleň ony ýaraghananyň baş otagyna çagyrdy. Bu otagda Horezmşalar neslinden miras galan iň mukaddes ýarag-engamlar saklanýardy. Bu ýere örän az sanly adamlar goýberilýärdi. Jelaletdin munuň ýönelige däldigine düşündi. Bu otagyň «pata beriş, ýörişe ataryş» otagydygyny bilýärdi. Gapydan girip, onuň iki adama gözi düşdi. Olaryň birisi Baba Peleňdi. Adatdakylary ýaly däl-de, egni söweş eşikli, ýany birlaý ýarag-engamlydy. Başynda kümüş tuwulga bardy. Özem görnamly hem edermen görünýärdi. Jelaletdin bu giňiş hem-de derejeli otaga näme üçin çagyrylandygyna göz ýetirdi. — Jelal, men saňa pata bermek isleýärin! — diýip, Baba Peleň niýetini ýaňzytdy. Däbe görä, Jelaletdin onuň öňüne baryp, sol dyzyna çökdi. Bu dabaraly hem tolgundyryjy pursatdy. Baba Peleň gylyjyny gynyndan sogrup, ony iki eli bilen öňüne tutdy-da, yhlasly öpüp, maňlaýyna syldy. Soňra şeýle diýdi: — Jelal, gylyç ataň men boldum. Bilýänimi öwretdim. Saňa halypaň hökmünde berýärin. Merdemsi, gaýduwsyz bolmagy, öz adyňy hem-de meniň adymy ýere çalmazlygy sargyt edýärin! Onsoň, gylyjyny Jelaletdiniň eline berdi. Jelaletdin hem ony öpüp, kasam içdi. — Tälimiň üçin sag bol, halypa! Hiç haçan seniň adyňa ysnat getirmejegime, namartlyga ýüz urmajagyma kasam içýärin. Jelaletdiniň yzyna gowşuran gylyjyny ýene-de bir gezek öpüp hem-de maňlaýyna sylyp, gynyna salansoň, Baba Peleň ony çigninden tutup, ýerinden turuzdy. Gujaklap mübärekledi. Bu dabaraly pursady synlap, bir çetde duran adamyň ýanyna alyp bardy. — Jelal, men seni indiki halypaňa gowşurýaryn. Mundan beýläk saňa giňiş meýdana çykyp, at üstünde söweşmegi öwrenmek gerek! Jelaletdiniň indiki halypasyna Ýusup diwana diýýärdiler. Ýusup diwana Baba Peleňden has ýaşdy, ýaňy ýigitlikden saýlanandy. Daşyndan seredeniňde, ondan-da hortapdy. Ýöne ýumry-ýumry bolup duran bedeni bu agajet göwräniň eýi ýeten öküz hamy kibi çeýediginden habar berýärdi. Ýörände, aýaklarynyň aşagy ýaýjykly ýaly, ýeňil ýöreýärdi. Özem, ýüzünde elmydama ýylgyryş alamaty bardy. Ol alamat häsiýet alaýazlygymy ýa-da özüne biçak göwni ýetmäni aňladýarmy, ýa bolmasa, üstden ýaňsyly gülmemi, düşünmek kyndy. Her neneň başbermezek atam, ol münende ýuwaşap, ýola gelip, eýesiniň erkine tabyn bolýardy. Şonuň üçinem şanyň özüne ýa-da şazadalara, derejeli ulamalardyr beglere, wezir-wekillere täze at alnanda, sowgat berlende, ilki Ýusup diwananyň elinden geçýärdi. Ol ata münende, adatça edilişi ýaly, eýere ýapyşyp, üzeňňä basyp durmaýardy. Baragada, bir bökende üstünde häzir bolýardy. Deňinden ylgap geçip barýan ata-da şeýdip münmegi başarýardy. Onsoň at bilen bile biten ýalydy. Hatda münüş öwredilmedik gyňyr at hem ony ýykyp bilmeýärdi. Goly gylyçlylygyna ýa-da naýzalylygyna ýüzin salyp barýan atyň gapdalyndan ýapyşyp gitmegiň, garnynyň aşagyndan naýza ýa-da pyçak zyňyp, nyşanany paýhynlamagyň hötdesinden gelýärdi. Onuň iň gowy görýän täri pyçak zyňmakdy. Beýleki emeldarlar ýaly, ýanynda gylyçdyr hanjar götermeýärdi. Guşagyndan asylgy birnäçe gat gynda çeýe polatdan bejerilen pyçaklaryň onlarçasyny göterýärdi. Zerur halaty olary göz ýumup-açasy salymda çakganlyk bilen zyňmagy başarýardy. Onuň uzak aralykdan zyňan pyçaklarynyň ählisi hut ýanyna baryp sanjylan ýaly, hoz agajyndan oňarylan adam şekilli gäbiň gözlerine, boýnuna, ýüregine, bagryna şeýle bir jaýdar çümýärdi welin, kynlyk bilen sogurdýardy. Ýusup diwana, köşk emeldarlary ýaly, şahy lybaslar geýmeýärdi. Juda sadalaç, şeýle-de bolsa, gelşikli geýinýärdi. Beýle eşikler onuň keşbine hiç bir howpdan gypynç etmezlik, başbermezlik, özdiýenlilik äheňini çaýýardy. Özem, Baba peleňiň tersine, Jelaletdin oňa köşgüň ähli ýerinde diýen ýaly gabat gelýärdi. Derejesi hernäçe belent emeldarlaryň hem ýylgyryp, göni göreçleriň içine seredýän bu adamdan howy basylýardy. «Ýusup halypa» diýip, sarpaly ýüzlenýärdiler. Ol resmileç tutumlarda hem özüni juda erkin alyp barýardy. Onuň bu boluşlary köşgüň gedemlikden, pyssy-pyjurlykdan, agzalalykdan, howp-hatardan dolulygy bilen howuňy basýan, köňlüňe birahatlyk aralaşdyrýan howasyna birazajygam bolsa merdemsilik, şadyýanlyk çaýýardy. Gymmatbaha lybaslary geýnen, üst-başyndan üýtgeşik müşki-anbarlar kükäp duran köşk durmuşyna aralaşmagy başaran näzenin gyz-gelinler Ýusup halypanyň ölemen aşygydy. Onuň bilen hemsöhbet bolmak, özleriniň möýüň kerebi ýaly, bir düşürseler, sypmak çetin söýgi rişdesine ýüregini çolaşdyrmak islegi bilen ýaşaýardylar. Ýöne Ýusup diwana olara biparh çemeleşýänligi, hiç haçan söýgi oýnunyň gizlinje gurlup goýlan gapanlaryna basmaýanlygy bilen şöhratlanýardy. Bu başarnygy hem harby başarnygyndan pes däldi. Halys göze-başa düşüp, al-asmandaky bürgüt deýin erkin ýüregine girmäge gapy gözleýänlere synag şertini hödürleýärmiş diýýärdiler. Ol şert pyçak zyňmaga werziş edinen agaç gäbiniň ornuna durmakdy. Muňa entek ýekeje-de kaýyl zenan tapylanokdy. Onuň çalaja nätakyklyk goýberip zyňan pyçagyndan paýhyn bolmakdan gorkýardylar. Köşk howasyndan dem alýan, tagtyň töweregine üýşen, käte özüniň gazap atyna atlanmagyna, käte-de şady-horramlyga berilmegine sebäp bolýan zenanlar babatda Ýusup diwananyň ýöredýän syýasatyndan habarly şa bu tekepbirlige kesesinden hezil edip gülýärdi. Indiki tälimlerini şu birtöwra adamdan almaly boljagy Jelaletdiniň birbada howuny basdy. Ilkinji sapakda ol ony gabat garşysynda durzup: — Meniň göreçlerime seret! — diýdi. Jelaletdin onuň doglanda şeýle ýylgyryşly doguldymyka diýdirýän ýüzünde oýnaklap duran gyýalaç gözlerine dikanlap bakdy. Ol butnaman durşuna, gözlerini gyrpmaýardy. Çöl pişiginiňki ýaly jylk sary göreçlerini Jelaletdiniň gözlerine sokaýjak bolýardy. Jelaletdin hem gözlerini gyrpman, onuň özüne göwnüýetiji şadyýanlyk bilen oýnaklaýan göreçlerine seretmesini dowam etdirdi. Bu seredişlik ejirlidi. Ep-esli wagt şeýdip duransoňlar, nazaryny birjik-de üýtgetmän, Ýusup diwana oňa ýüzlendi. — Jelal, erkiň pugtalygy biçem däl. Indi şu durşuňy üýtgetmän, maňa gylyç sal! Jelaletdin gylyjyny ýalaňaçlap, onuň göreçlerine seredip: «Bu diwana kişi gylyç çapar öýdüp gorkmaýarmyka?» diýip, birahatlyk bilen depesinden gylyjyny inderip başlady. Ýusup diwana onuň her bir urgusyndan ussatlyk bilen sowlup, «ha-ha-haýlap» gülýärdi. Jelaletdiniň göreçlerinden gözüni hem aýranokdy. Bu birtaraplaýyn hüjüm wagtynda Jelaletdin ýekeje-de howply urgy edip bilmedi. Ýogsam soňabaka bu diwanalaç adamyň bolşuna kejigip, gylyjyny çyny bilenem işletdi. — Besdir! — diýip, Ýusup diwana Jelaletdiniň gylyç işledýän golunyň goşaryndan çasbaňlyk bilen tutup, ony saklady. — Şu günlükçe boldy edeli. Ýusup diwananyň ýanynda özüniň Ba- ba Peleňden öwrenen tilsimleriniň ýapa degmeýänligine, masgaralaç ýagdaýa düşendigine, başarnygynyň entek juda pesdigine Jelaletdin lapykeç boldy. Ertesi sapaga baranda, Ýusup diwana ony görüp, «ha-ha-haýlap» güldi-de: — Jelal, geldiňmi?! Köp şazadadyr begzadalar ilkinji sapakdan soň gaýdyp gelmeýärler. Tälim berşimi halanoklar — diýdi. — Senden tälim alyp bilsem begene- rin, halypa! — diýip, Jelaletdin ýüregindäkini aýtdy. Ýusup diwananyň sapaklary barha çylşyrymlaşýardy. Ilki asuda duran atyň üstünde özüňi erkin duýmagy, gylyç salmagy, naýza zyňmagy, ýaý atmagy, şemşer işletmegi, hanjar sançmagy, galkan tutmagy öwretdi. Soňra bu tilsimleri dürli tizlikde barýan atyň üstünde ulanyp başarmakda türgenleşdirdi. Onsoň bir atly, soňundan birnäçe atly bilen garpyşyk tärlerini özleşdirmäge başlady. Iň soňundan bolsa ýaragly garşydaşdan çem gelen zat bilen goranmagy, söweşiň pajygaly ýerlerinden aman çykmagy, tebigy şertleri öz bähbidine ulanmagy, ýelli, ýagyşly, garly howada, doňakçylykda, suwuň içinde, çölde, dagda, tokaýda, daryşgan, garma-gürme ýerde, gije garaňkylykda söweşmegi öwretdi. Şondan soňra Ýusup diwana «ha-ha-haýlap» güldi-de: — Jelal, men saňa erte pata bermek- çi! Menden sapagyňy çykdyň! — diýdi. Jelaletdin Ýusup diwanany beýle eşikde hiç haçan görmändi. Egninde lowurdap öwüşgin atyp duran gara reňkli ýüpek halady bardy. Bili gök, gara hem gyzyl reňkli üç sany guşak bilen guşalgydy. Haladyň aşagyndan birgeňsi uzyndan egrileç gylyç dakynandygy duýulýardy. Ösgün gara saçy daralyp, ýeňsesinde çiglip goýulgydy. Beýle eşikdäki adamlara samuraýlar diýilýändigini, olaryň günbatarly rysarlardan hem gaýduwsyz bolýandyklaryny Baba Peleň aýdyp beripdi. Diýmek, onuň ikinji halypasy samuraý ekeni-dä. Ýusup diwana entek üç-dört ýaşly oglanka, garryja atasy bilen sähranyň eteginde ýerleşýän çaklaňja öýlerinde ýaşaýardylar. Üstlerine galtaman dökülende, kakasy şolar bilen salşyp ýogalypdy. Ejesini bolsa gyrnak edip äkidipdiler. Bu ahwal bolanda, atasy ikisi dermanlyk otlaryň gözlegine gidipdi. Atasy tebipçilik edýärdi. Çyn-Maçyna gatnaýan ýükli kerwenler olaryň öýüniň golaýyndan geçýärdi. Şonda atasy dürli otlardan taýynlan melhemlerini kerwen bilen gelýänlere satyp, birazajyk pul edinýärdi. Şoňa hem ýaşaýardylar. Kerwenbaşylar ony oňat tanaýardy. Ýolda emgek tapynan bolsalar, gelip, özlerini bejerdýärdiler. Atasy halys garrapdy. Bir gezek ol Ýusup bilen içgin gürleşdi. Özüniň soňky pellesiniň daşda däldigini, ony tanyş kerwenbaşysyna bermekçidigini aýtdy. Şeýdibem, Ýusup Çyn-Maçyna düşdi. Kerwenbaşy ony, ýolda kerwenli gelýärkä, üstüne dökülýän garakçylardan ygtybarly gorajak adam edip ýetişdirmek umydy bilen, samuraýlyga taýynlaýan halypa tabşyrdy. Halypanyň talaby ýowuzdy. Gylyç ýasanlarynda, polady çym-gyzyl bolýança otda gyzdyryp, soňundan sowuk suwa sokup taplaýyşlary ýaly, Ýusuby dözümlilik bilen taplaýardy. Erkini berkidýärdi. Hiç haçan mertebesini peseltmezlige, gaýtam, has belende götermäge çalyşýardy. Ýaryşlara gatnaşdyrýardy. Halypanyň elindäki okuwy zerarly ejirli diýmeseň, Ýusubyň durmuşy oňuşmazça däldi. Ogullyga alan atasynyň beýle bir elpe-şelpelik etmese-de, özi babatdaky aladasyny duýup ýaşaýardy. Ýöne bir gün hemmesi ýoga çykdy. Atasynyň nobatdaky saparda wagty, kerweniň üstüne dökülen garakçylaryň elinden paýhyn bolandygynyň habary geldi. Eklençsiz galan Ýusup aljyrady. Ol wagta çenli ýigit ýetip, ençeme ýaryşlarda ýeňip, eýýäm adygypdy. Kerwensaraýa baryp, atasynyň tanyşlaryna özüni gorag toparyna almaklaryny haýyş etdi. Kerwenbaşylaryň biri ujypsyzja tölege ony gulluga aldy. Şeýdip, Ýusup kerwen bilen ýurt söküp başlady. Kerwenbaşy Horezm şasynyň köşgüni hem Çyn-Maçynda öndürilýän gymmat bahaly matalar, peýkamlaryň ujuna oturdylýan okuçlar, partlaýjy däriler bilen üpjün edýärdi. Onuň baş wezir bilen arasy sazdy. Wezir köşkde ýaş şazadadyr begzadalara goranyşyň gündogar tilsimlerinden tälim berip biljek adamy gözleýändiklerini aýdanda, oňa Ýusuby hödürläpdi. Ýusubyň aslynyň türkmen- digini, harby tälim derejesiniň belentdigini bilip, wezir begenipdi. Kerwenbaşa gymmatbahaly sowgat-serpaý edipdi. Şeýdibem, Ýusup Muhammet şanyň köşgünde peýda bolupdy. Ata ýurduna dolanyp bilenine begenýärdi. Entek oglanka giden hem bolsa, özüniň nirede nähili ýaşany, ejesiniň, kakasynyň mähribanlygy, atasynyň soňky pellä çenli özi babatdaky aladalary ýadynda galypdy. Köşk durmuşyna, belent mertebeliligini, daşyndan seretseň, birtöwra häsiýetliligini, gaýduwsyz erkini döwdürmän, kem-kemden öwrenişipdi. Ondan bäri aradan birnäçe ýyl geçip, indi ony şadan başlap, ähli emeldarlar diýen ýaly öz adamy hasaplaýardylar. Şeýle hem oňa janlaryna howp salyp biljek kişi hökmünde ätiýaçly çemeleşýärdiler. Ýusup diwana Jelaletdiniň eginlerine berdaşly ellerini goýup, göni göreçlerine seredip şeýle diýdi: — Men saňa halypaň hökmünde pata berýärin! Sen menden ýeňmek ylmyny öwrendiň. Islendik ýagdaýda hem öz başyňy çarap, aman galyp bilersiň. Indi saňa il başyny çaramagy öwrenmek gerek! Şonuň üçin men seni indiki halypaňa gowşurýaryn. Elmydama başyň belent bolsun! Mertebäňi döwdürme! Namartlykdan daş dur! — Beren tälimiň üçin minnetdar, halypa! Seniň adyňa hiç haçan ysnat getirmejegime ant içýärin! — diýip, Jelaletdin oňa baş egip sarpa bildirdi. Soňra Ýusup diwana ony bu dabaraly pursady synlap duran adamyň ýanyna alyp bardy. — Ynha, seniň indiki halypaň! Ol saňa serkerdelik etmek sungatyny öwreder! Oňa Pir Reýs diýýärdiler. Pir Reýs Baba Peleňiň ýaşlaryndaky adamdy. Ýöne onuň ýaly hortap däldi. Ep-esli ýaşandygyna seretmezden, eti-gany ýerbe-ýer, zeberdest daýawdy. Jelaletdin ony köşkde bolýan dabaralarda görýärdi. Ol elmydama harby eşikdedi. Egninde zer gotazlary seçelenip duran pogonly, ýakasydyr ýeňlerine altyn öwüşginli ýapraklar dakylgy penjekli, ýalpyldap duran aýnagonç ädikli, galife balaklydy. Beýle eşik ony juda merdemsi görkezýärdi. Her kime at-derejesine görä ýüzlenip, sarpasyny saklap gürleşmegi gowy görýärdi. Ýaşlygyndan başlap, admiral derejesine çenli türk flotiliýasynda, harby gämilerde gulluk eden adamdy. Muhammet şa ony türk soltanyndan haýyş edip alypdy. Soltan bilen arasy oňat bolansoň, soltan onuň hal-ahwalynyň niçiksidiginden habar tutup durýardy. Pir Reýs Muhammet şanyň haýyşy bilen goşuna serkerde taýynlamak işlerini ýöredýärdi. Eger geňeş sorasalar, şanyň özüdir serkerdelere degerli maslahatlar berýärdi. Goşun üçin ok-ýarag, beýleki esbaplar alynjak bolanda, olary gözden geçirýän toparyň işine gatnaşýardy. Barypýatan dogruçyl kişidi. Eger gylyç bilen çapym-çapym etjegem bolsalar, hakykaty aýtjakdy. Ol ilkinji sapagyndan başlap Jelaletdine özüni harbylarça tutmagy, derejä görä ýüzlenip, tabşyrygy takyk berjaý etmegi öwredip ugrady. Onuň sapaklary, esasan, harby oýunlardan ybaratdy. Sandal agajyndan ýonulyp ýasalan pyýada hem-de atly goşun, harby ýörişler döwri ulanylýan daşdyr ot zyňyjy, diwar ýykyjy gurallar, edil küşt oýny ýaly oýnalyp, goşuny dolandyrmak tärleri öwrenilýärdi. Hüjüme geçiş, goranyş, ýesir alyş, gabawdan çykyş, tebigy şertlere görä uruş alyp baryş, zabyt ediş, ýaralylara kömek we üpjünçilik, goşunyň içindäki tertip-düzgüniň guralyşy ýaly meseleleri ol Jelaletdin bilen oýnaýan harby oýunlary arkaly aňyna guýýardy. Eger-de Jelaletdin ýalňyşsa: — Merhemetli şazada, siziň goýberen säwligiňiz zerarly, goşunyňyz gyrlyp, duşmandan ýeňildiňiz! — diýýärdi. Pir Reýs bilen oýnaýan oýunlary Jelaletdinden örän dykgatlylygy, agaç şekillerden ybarat goşuny dolandyranda, utuşly çözgütleri tapmagy talap edýärdi. Pir Reýs oňa dünýä ýüzünde bolup geçen uly uruşlar, olardaky aýgytlaýjy söweşler, ýeňen tarapyň ulanan harby tärleri, ýeňlen tarapyň goýberen ýalňyşlyklary barada jikme-jik gürrüň berýärdi. Soňra şol söweşleriň gidişini, haýsy pursatda nähili säwlik goýberilendigini harby oýun meýdançasynda oýnap görýärdiler. Jelaletdin, köplenç, eger-de ýeňlen tarap başgaça hereket eden bolsa, ýeňip başarjakdygyny görkezýän çykalgalary tapýardy. Şonda Pir Reýs: — Merhemetli şazada, sizden gowy serkerde çykar! — diýip öwgüsini ýetirýärdi. Jelaletdine, aýratyn-da, Isgenderiň alyp baran söweşlerini öwrenmek gyzyklydy. Öz ýanyndan Isgenderi harby halypasy hasaplaýardy. Köşk kitaphanasynda ol hakda bar kitaplary eýýäm okap çykypdy. Ýöne onuň gazanan ýeňişleriniň hözirini görmän, ýaş başyndan ýogalmagyna geň galýardy. Isgenderiň ömür beýany baradaky kitaplarda bu barada gapma-garşylykly pikirler aýdylýardy. Onuň beýle bir şowlamadyk Hindi ýörişinden gaýdyp gelýärkä, ýolda garahassalyk pisint derde uçrap ýogalandygy, içýän şerabyna awy garylyp heläk bolandygy, men-menlik edip, hudaýlaryň gaharyny getireni üçin, ölüme buýrandyklary barada ýazýardylar. Hatda Hindistana çozanda, hindileriň söweş pilleriniň öz goşunyny elhençlik bilen weýran edişini, olaryň elheder alyp, hopugyp yza gaçyşlaryny, şonda ýamaşgandan hüjüme gönükdirişi, şol pursat duşman piliniň bir kakanda ony aty bilen pyzyp goýberendigini pajygasyny ýetirip beýan edýärdiler. Wagtynda ýetişip halas etmedik bolsalar, guduz açan ýaly söweşýän harby piliň aty ikisini bilelikde depgiläp paýhyn etjekdigini aýdýardylar. Ine, şonda öz üstüne eňip gelýän elhenç pilden gorkup, Isgenderiň ýüreginiň ýarylandygyny, söweşini goýbolsun edip, yzyna gelýärkä, şol sebäpdenem ölendigini tekrarlaýardylar. Isgenderiň beýle dowamly ýörişler etmegini Jelaletdin oňlanokdy. Basyp alan ýurtlarynda özüne baknalygy saklamagyň oňa aňsat düşmändigi barada Pir Reýs hem gürrüň beripdi. Hatda pars patyşasy Dariniň gyzyna öýlenmesinde hem, sene ýazuwçylarynyň ýazgylarynyň tersine, hiç hili söýgi ýokdugyny, diňe ol ýurda agalygy elde saklamak üçin edilen mekir hereketdigini çintgäpdi. Döwletiň, goşunyň içindäki azgynçylyklaryň, agzalalyklaryň onuň döreden ägirt ýurdunyň tozmagyna getiren esasy sebäplerdigini ýazýardylar. Bu okanlaryna seretmezden, Jelaletdiniň Isgendere sarpasy belentdi. Pir Reýs hem onuň beýle seždegähligini, umuman, oňlaýardy. — Merhemetli şazada, size Isgenderiň ruhy ýar bolsun! — diýýärdi. Pir Reýsden sapak aldygyça, Jelaletdin söweşde uly goşun bilen däl-de, uly başarnyk, harby mekirlik, ugurtapyjylyk bilen ýeňip bolýandygyna düşündi. Eger serkerdelik etmek nesibesinde bar bolsa, uly goşuny az sanly goşun bilen syndyrmaga ymtylmagy ýüregine düwdi. Halypasy bilen harby oýunlary ýüzbe-ýüz durup oýnanda, öz goşunynyň sanyny barha azaldyp oýnamagy edähet edindi. Şeýdip, ýeňiş gazanmak onda özüne bolan buýsanjy döredýärdi. Pir Reýs indi deň garpyşýan, hatda az sanly goşunda ýeňmegi başarýan şazada kesesinden guwanýardy. Döwür bulaşykdy. Çingiz atly garahytaýlynyň Horezmiň gündogarsyndaky goňşy ýurtlara ýöriş edip, olary basyp alandygy hakdaky ýakymsyz habarlar şonsuz hem galagoplugy ýetik köşk durmuşyna birahatlyk aralaşdyrýardy. Çingiz ýaňy baş galdyryp ugran uçurlary, Muhammet şa onuň üstüne ýöriş edip, mugyra getirmegi niýetine düwüpdi. Ýöne söweşi alys giňişliklerde alyp barmalydygy, Çingiziň bellibir ýurt-mesgen tutunan ýeriniň ýoklugy, onsoňam bu ýörişiň ýeňiýoluklar bilen boljakdygy üçin, ýeňşiň Horezmiň gaznasyna hiç bir girdeji getirmejegi, galyberse-de, köşkdäki agzalalyklar Muhammet şany niýetinden dönderipdi. Indi bolsa, ynha, ganatyny ýetiren ol ýowuz gyrgynyň şalar şasy Muhammediň ýurduna hem aralaşmak niýeti ýok däldi. — Eger Çingiz bilen uruşmaly bolsak, ol nähili uruş bolar, halypa? — diýip, Jelaletdin, nobatdaky harby oýny oýnap durkalar gyzyklandy. Bu sowaly biraz aňynda aýlan Pir Reýs biynjalyk äheňde jogap berdi. — Men şol uruşdan juda howatyr edýän. — O nämüçin? — diýip, Jelaletdin geňirgendi. — Biziň goşun sanymyz onuňkydan onlarça esse köp ahyryn?! — Ine, gepem şonda... — diýip, Pir Reýs aladaly dillendi. — Biz seniň bilen ençeme uruşlaryň mysalynda gördük. Agzala köplük, agzybir azlykdan has ejiz bolguç! Halypanyň jogaby Jelaletdini oýa batyrdy. Köşkdäki agzalalygyň, jeňňele düşen ot ýaly, barha möwjäp, goşunyň, halkyň arasyna ýaýrap, ýurduň ragbatyny gowşadýandygy baradaky gürrüňleri ol eşidýärdi. Ýaş bolansoň, muňa beýle bir ähmiýet hem bermeýärdi. Köşk durmuşyna şeýle gapma-garşylyk mahsusdyr öýdýärdi. Ýöne ýurda duşman çozup, başyna gowga inse, ony goramak üçin dessine jebisleşjekdiklerine ynanýardy. Halypasy bilen harby oýny oýnap durşuna, özi ýaly, geljekde ýurt hökümdary bolar öýdüp çaklanýan şazadalara, ýaş başyndan, agzybirlik, jebislik gazanmak ylmy diýilýän ylym eger bar bolsa, ony ýeňmek ylmyna görä-de yhlasly öwretseler, has bähbitli bolardy diýen pikir hyýalyna gelýärdi. — Belki, Çingiz biziň bilen uruşmaga gorkar — diýip, Pir Reýs pikirini ýaňzytdy. Jelaletdin ynamly dillendi: — Urşaýanda-da, ýeňeris! Hemra ŞIR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |