11:28 Ýerden ýeke çykan ýok / hekaýa | |
ÝERDEN ÝEKE ÇYKAN ÝOK
Hekaýalar
Biziň obamyzda çagalaryň ýa-da aýal-gyzlaryň gonamçylyga gölegçi bolup gidenini gören adam ýokdy. Bu ýagdaýyň bir ýany din bilen bagly bolsa, bir ýanyny «gorkarlarmy-nämemi» diýen delil bilen baglaýardylar. Bu gün welin çagalaram ulularyň yzyndan galmady. Çagalara «ýörüň» diýen adamyň bolmaýşy ýaly, olara «galyň» diýen adamam bolmady. Bu gün ýene-de bir üýtgeşiklik boldy. Gonamçylyk obadan esli daşlykda bolansoň, oňa maşynly gidilerdi. Bu gün bolsa Orazsoltan ejäniň goltugyňa alaýmaly çepiksije jesedini göterip äkitmegi makul bildiler. Bu teklibi kimiň orta atandygy belli däl. Ýöne ol pikir hemmeleriň göwnünden turupdy. Onsoň çaklaňja merdiwany eginden egne alyp ugradylar. Tä gonamçylyga barylýança merdiwanyň ýylmanyp giden sapy elden-ele geçdi. Hanha Orazsoltan ejäniň kiçijik göwresini doýmaz-dolmaz gara ýer öz holtumyna dolady. Görgüli ömründe hasrat garasyny görmedik ýaly boldy. Indi onuň üçin hasratyňam, begenjiňem parhy ýok. Ol hyzmatyňa-da mätäç däl. Bolsa-da adamlar oňa yhlas bilen iň soňkuja hyzmaty etdiler. Onuň mazaryny yhlas bilen timarladyk. Piliň sapyny ýumşak gumuň üstünden iki ýana ýöredip, çaga oýunjagy ýaly çürüzdikledik. Şol wagt bu ýere gelen pionerler hem ellerindäki ýelýyrtan ýaglygy çözüp, ondan Orazsoltan ejäniň ýüň daragyny çykardylar-da, ony pahyryň özüniň wesýet edişi ýaly, mazarynyň baş ujunda goýup, salýut berdiler-de, ýene öňki ýerlerine baryp durdular. Hawa, görgülä hormat baryny etdiler. Asyl bu ýere tutuş oba süýşüp geläýipdir. Men bir gapdalda üç-dört sany aýalyň Aýjahanyň goltugyndan tutup duranyny gördüm. Aýjahan ýarym-ýaş bolup aglaýardy. Ol biçak horlanypdyr. Göwresi kiçelen ýaly bolupdyr. Gabaklary pökgerip durdy. Ýöne Orazsoltan eje üçin indi hormatyňam, gaýgy-hasratyňam parhy ýokdy. Aradan bäş gün geçer welin, häzirki gupba ýaljak bolup duran bu mazary gapdalyndaky beýleki ýüzlerçe tümmekden tapawutlandyrjak gümanyň ýokdur. Baş ujundaky köne ýüň daragyndan tanaýmasaň, onuň mazaryny hem tanap bilmersiň. Ýöne köne ýüň darak welin, ony uzak wagtlap ýatladar durar. Ol ýüň darak agajyň berkinden ýasalypdyr. «Arça agajyna taý geljek agaç bolmaz, oňa yssam kär etmez, ýel-ýagmyram» diýip, ýaşulular gürrüň ederdiler. Adamlar Orazsoltan ejä iň soňky hyzmatlaryny bitirdik edip, oba tarap süýşüp ugradylar. Mazaryň başy boşap galdy. Täzeje mazara, onuň buşujundaky köne ýüňdaraga ýene bir gezek gamgynlyk bilen nazar aýladym. Gulagyma Orazsoltan eje pahyryň «Aýagyňyzdanberi üşemäweriň, guzularym» diýen sözleri eşidilen ýaly boldy. Depe saçym üýşüp, endamym çümşüldäp gitdi. Tä oba çenli başymy galdyrman, aýagymyň burnuna seredip gitdim. Orazsoltan eje pahyryň başyndan geçiren hasratly wakalary birin-birin gözümiň öňünden geçdi. Orazsoltan ejeler biziň goňşymyzdy. Urşuň öň ýanynda men ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglanjykdym. Şol wagtlar Orazsoltan eje pahyryň höwes edäýmeli güni bardy. Onuň ogly Amandurdy biziň mekdebimiz-de mugallymçylyk edýärdi. Sonajemal gelnejem kolhoz işine gatnaýardy. Orazsoltan ejäniň ilkinji agtyjagy Aýjahan hem ýaňy dünýä inipdi. Orazsoltan eje öz gününe guwanyp, guş bolup uçaýjak bolýardy. Ýöne ganym uruş ähli sowet adamlary bilen bir hatarda Orazsoltan ejäniň hem aşyna awy gatdy. Watanyň üstüne howp abanan badyna Amandurdy neresse meýletinlik bilen fronta gitdi. Onuň deregine biziň klasymyza Döndi mugallym girdi. Aradan köp wagt geçmänkä-de Amandurdy neressäniň öldi habary geldi. Agyr hasrat Orazsoltan eje pahyry büküp taşlady. Soňra «durnanyň üstüne urna» diýenleri boldy. Sonajemal gelnejem her gün bir bahana tapyp, içerde gopgun turzup başlady. Bir gün bolsa ol gyzyny gujagyna alyp, atasy öýüne çykyp gitdi. Orazsoltan eje ol gahary ýatyşansoň ýene geler diýip garaşdy. Dogry, Sonajemal gelnejem aradan birnäçe gün geçenden soň geldi. Emma Orazsoltan ejäniň çak edişi ýaly bu ýerde onuň bilen ýaşamak üçin gelmedi. Ol garrynyň derdini paýlaşmak, teselli bermek, Aýjahanjyga bile guwanyşmak üçin gelmändi. Ol içerik albasdy bolup girdi. Orazsoltan ejäniň ýaraly ýüregine öňküdenem beter duz öýdi. Ol içerik giren badyna ähli zady agdar-düňder edişdirdi, özüne degişli goşlary saýlaşdyrdy. Orazsoltan eje pahyr dili tutulan ýaly aňkaryp durdy. Ol diňe Sonajemal goşlaryny goltugyna gysyp, gapa tarap ýönelenden soň aýylganç bir ses bilen gygyrdy: – Hany meniň agtygym?! Aýjahan jany bir goýup gitseň bolmaýamy? Onuň peträp duran gözleri hanasyndan çykara gelipdi. Ýüzünde bolsa gan-pet galmandy. Onuň keşbinde hem hasrat, hem gorky, hem gahar-gazap, hem ýigrenç bardy. Öň hiç zada üns bermän etjegini eden Sonajemal gelnejemem bu gezek onuň sesine allaniçiksi tisginip gitdi. Ýalta yzyna öwrülip doňup galdy. Bolsa-da ol özüni tiz ele aldy. – Senem kysmatyňdakyny gör. Şeýle ýaradylandyrys-da – diýdi-de, garaňka siňip gitdi. Şol wagt hem Sonajemal gelnejemi alyp giden maşynyň gürrüldisi eşidildi. Goňşy aýallar ýygnanyşdylar. Orazsoltan ejä göwünlik berdiler. Ol görgüli bolsa oda çowlanan ýaly gara ört bolup otyrdy. Ýekeje perzendi Amandurdynyň öldi habarynyň üstesine degen bu agyr urgy Orazsoltan ejäniň ýanyny ýere ýetirdi. Ejem dagy ol pahyr öler öýdüp gaty gorkdular. Bütin oba bolup, oňa gözegçilik etdiler. Iýdirdiler, içirdiler. Gije-gündiz ýanyny adamsyz goýmadylar. Ynsan başy daşdan gaty diýenleri, görgüli ýene aýak üstüne galdy, yra-dara gezip başlady. Bolsa-da gaty gaýratly adam eken. Onuň haçan ýatyp, haçan turýanyny bilýän adam ýokdy. Ol haçan görseň hysyrdanyp oturandyr. Ýa ýüň daraýandyr, ýa-da jorap, ellik örýändir. Onuň fronta iberen jorapdyr elliginde san bardyr öýdemok. Onuň üstesine bizi hem ýadyndan çykarmazdy. «Aýagyňyzdan bir üşäýmäň, guzularym» diýip, geýdiren jorabyna hem ynanmaýan ýaly, bize pugta sargardy. Hawa, Orazsoltan eje pahyr özbaşyna bir ellik-jorap fabrigidi. Ol hem özüniň ýadawsyz zähmeti bilen beýik ýeňşe öz goşandyny goşýardy, beýik ýeňşi ýakynlaşdyrýardy. Şol günleriň birinde hem Sonajemalyň Aşgabatda birine durmuşa çykandygyny eşitdik. Orazsoltan eje Mämmet aganyň eşegini diläp aldy-da, meni hem ýoldaş edinip ýola düşdi. Sorap-idäp, salgy berlen ýeri tapdyk. Eşegimizi howlynyň agzyndaky ullakan agaja iltäp, içeri girdik. Howlynyň içi gül pürkülen ýaly arassady. Miweli agaçlar gülleşip otyrdy. Şol agaçlaryň kölegesinde iş edip oturan Sonajemal gelnejeme gözüm düşende, ýüregim jigläp gitdi. Ol geýnüwlidi. Onuň gapdalynda bolsa Aýjahanjyk oýnap ýördi. Ol eýýäm ulalypdyr, aýak bitipdir, dil çykypdyr. Men derrew ony gujaklamak isledim. Emma Orazsoltan eje görgüli menden öňürtdi. Ol gujagyny gerip, agtygyny bagryna basdy-da, samramaga başlady: – Aý gyzym, bal gyzym, enesiniň intizary gyzym, wah garaja gözleriňe döneýin. Onuň sesine Sonajemal gelnejem allaniçiksi bolup bärsini bakdy. Birdenem edil gyzy elinden gidip barýan ýaly, sen-men ýok, ýerinden turdy-da, Aýjahany Orazsoltan ejäniň elinden siltäp aldy. Içeri girmäge ýöneldi. Orazsoltan eje pahyr elini germäp, onuň öňüni gabady: – Meniň agtygymy özüme ber, gelin. Ýalňyz dikrarymdan jyda düşürme. Sen bir önüp-örňäp oturan adamsyň. – Aýjahan mensiz oňup bilmez. Siz ony aljak bolup azara-da galmaň – diýdi-de, Sonajemal siltenjiräp içeri girdi, gapyny gürpüldedip ýapdy. Orazsoltan eje pahyr elini serip galdy. Aýagy diýen etmän, aşak çökdi. Men onuň sessiz aglap oturyşyna seredip bilmän beýlämi bakdym. Oňa nebsim agyrdy. Nädip oňa kömek edip biljegim hakda oýlandym. Aýjahany ogurlap gaçsammykam diýip pikir etdim. Emma bu maňa başartjak däldi. Her näçe oýlansamam, Orazsoltan ejä kömek edere çykalga tapmadym. Bu ýagdaýyň näçe wagt dowam edenini bilemok. Birden Sonajemal daşary çykdy. Ol bir petde puly Orazsoltan ejäniň öňüne oklady: – Şuny alyň. Gerek-ýaragyňyza sowunarsyňyz. Dagy-duwara-da agtygym diýip geläýmäň. Gapy ýene jarka ýapyldy. Orazsoltan eje tisginip gitdi. Ol ýüplük bilen daňlan bir petde pula nazaryny hem aýlaman, ýerinden turdy-da, yraň-daraň edip gapa tarap ýöneldi. Menem onuň yzyna düşdüm. Soňra obanyň ýaşululary hem, kolhozyň başlygy Aman aga hem Sonajemalyň üstüne töwella gidip geldiler. Emma ol Aýjahany Orazsoltan ejä bermeg-ä beýlede dursun, ony wagtal-wagtal görüp durmaga hem rugsat bermedi. Basymam ýer titredi. Oba Aýjahan dagy kesegiň aşagynda galyp heläk bolupdyr diýen habar ýaýrady. Şeýdip, Orazsoltan eje pahyr iň soňkuja umydyndan hem tamasyny üzdi. Onuň bili büküldi, gözleriniň şöhlesi öçdi. Ýöne köne ýüň daragyny ol henizem taşlamandy. Ine ol görgüli şeýdip, ömrüniň iň soňky günlerini ýaşap ýörkä, tötänden diýen ýaly Aýjahanyň tapylyp durubermegi ony edil täzeden dünýä inene dönderdi oturyberdi. Görgüliniň kaddy diklenen ýaly, ýüzi ýagtylan ýaly boldy. Bir gezek men Aşgabadyň demir ýol wokzalyna bardym. Ol ýerde adam bary wag berýärdi. Studentler pagta ýygymyna kömek bermäge gidýärdiler. Perronda iki ýana gezmeläp ýördüm welin, birden bir aýala gözüm düşdi. Ýüregim jigläp gitdi. Ol aýal Sonajemal gelnejemdi. Onuň ýanynda bolsa uzyn boýly, görmegeý gyz bardy. Men derrew onuň Aýjahandygyny tanadym. Eger onuň ýeke özi öňümden çykan bolsa, elbetde, men ony gümanam etmezdim. Häzir Sonajemal gelnejemiň ýanyndaka welin onuň Aýjahandygyny tanadym. Ýöne olaryň ýanyna barmaga het edip bilmedim. Sonajemal gelnejeme görnesim gelmedi. Onsoň assyrynlyk bilen olaryň yzyna düşüp ugradym. Ahyry otlynyň ugramaly pursaty geldi. Sonajemal gelnejem gyzy bilen hoşlaşyp, bir gyra çekildi. Aýjahan joralary bilen wagona girdi. Menem assyrynlyk bilen wagona girdim. Otly zoguny çaldy-da, ýuwaşlyk bilen ýöräp ugrady. Aýjahan joralary bilen küpä girip, zatlaryny ýerleşdirip bolandan soň, olaryň ýanyna bardym. Gyzlar şadyýandy. Degişýärdiler. Ýaýdanyp durmaga wagt ýokdy. Eýýäm otly Änewe golaýlap gelýärdi. Men uzaga gitmeli boljakdym. Şonuň üçinem gyzlaryň ýanyna baryp, lak atdym: – Salam, gyzlar! Gurgunmysyňyz? Aýjahan maňa joralaryndan öňürti jogap berdi. Ýöne onuň sesi ýaňsylaýjy eşidildi: – Salam! Oňaýsyz ýagdaýa düşdüm. Sesim sandyrap çykdy: – Bagyşlaň, siziň adyňyz Aýjahan dälmi? – Hawa... – Ol indi geň galyp seretdi. – Bolanda näme? – Men diňe siziň bilen gürrüňleşmek üçin otla mündüm. Möhüm gürrüňim bar. – O nähili möhüm gürrüňiňiz bolup biler? – diýip, Aýjahan gaşlaryny çytyp siltenjiredi. – Diňe gürleşmek üçin otla münen bolsa, elbetde, gürrüňi möhümdir, gyz – diýip, onuň joralarynyň biri ýaňsyly gepledi. Ikinjisi onuň sözüni alyp göterdi: – Belki, biz päsgel berýändiris? Olar gülüşdiler. – Gülüşmäň, gyzlar. Möhüm gürrüňimiň barlygy hak, ýöne siz päsgel berip duraňzok – diýdim. Olar suslandylar. Aýjahan henizem çytyljyrap durşuna ynamsyzlyk bilen seslendi: – Onuň ýaly bolsa aýdyberiň. Iki gulagym sizde. Men ilki Aýjahanyň kakasy barada bilýänini-bilmeýänini bilmelidim. Şonuň üçinem ilki bilen: – Aýjahan, siziň kakaňyz barmy? – diýip soradym. – Kakam bar. Bu size näme üçin gerek boldy? Şumy siziň möhüm gürrüňiňiz? – diýip, Aýjahan ýüzüme çiňerildi. – Men size düşünýän däldirin. – Gyssanmaň, baryna düşünersiňiz. Ol siziň hakyky kakaňyzmy ýa-da öweý? – Toba, o nähili öweý bolsun. Çyn kakam. – Indi kakaň çynmy, ýalanmy diýip dursalar – diýşip, Aýjahanyň joralary ýene gülüşdiler. Aýjahan bolsa: – Görýän welin, siz meni başga biri bilen bulaşdyrýaňyz öýdýän – diýip, gürrüň gutardy diýen manyda aňrysyny bakdy. – Ýok, Aýjahan, men hiç zady bulaşdyramok. Eger siz öz kakaňyzy hakyky kakaňyz diýip bilýän bolsaňyz, onda sizi aldap gelipdirler. Men ilki bilen şony bilmekçi boldum. Indi bolsa meniň gürrüňime gulak goýuň – diýdim-de, men Aýjahana hemme zady bolşy ýaly gürrüň edip berdim. Obamyz hakda-da, mekdebimiz hakda-da, Amandurdy mugallym hakda-da, Orazsoltan eje hakda-da gürrüň berdim. Ilki meniň gürrüňime pisindi oturmadyk gyzlar indi bütin durky bilen gulaga öwrülip meni diňleýärdiler. Aýjahanyň ýüzi her minut saýyn özgerýärdi. Birden gamlanýardy, birden ýagtylýardy. Iň ahyrynda hem onuň keşbinde çäksiz buýsanç duýgusy peýda boldy. – Meniň nähili kakam bar eken. Meniň hakyky kakam kim eken –diýende, onuň gözlerinden dür monjuklary togalanyp gitdi. – Eneme bolsa meniň tapylandygymy habar beriň. Indi ony özüm gözlärin. Pagtadan gaýdyşyn ilki bilen onuň ýanyna bararyn. – Hökman habar bererin – diýdim-de, men indiki stansiýada otludan düşdüm. Bu şatlykly habara diňe Orazsoltan eje pahyr däl, bütin oba begendi. Aýjahanyň gelmegi üçinem pagta ýygymynyň ahyryna çenli garaşmaly bolmady. Oba adamlary bolup maslahat etdik-de, ýörite yzyndan gidip, rugsat alyp getirdik. Şeýdip, Orazsoltan eje pahyryň ömrüniň ahyrynda begenç, şatlyk onuň ýüzüne gülüp bakdy. Bu gün bolsa görgüli amanadyny tabşyrdy. Dünýäniň ähli azabyndan dyndy. Ýöne ol öz kalby bilen rahatlyk uçgunjygyny hem alyp gitdi. Onuň yzynda, bu ýagty jahanda jiger parasy Aýjahany galdy... Baýram SÄHEDOW. | |
|
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |