YGLAN EDILMEDIK URUŞ
(Owgan razwedkaçysynyň ýazgysy)
Bu kitapda Owganystan Demokratik Respublikasynyňdaky rewolýusion wakalar hakda gürrüň berilýär. Awtor köp wagtlap bu ýurtda ýaşap, amerikan imperialistlerinden goltgy alýan kontrrewolýusiýanyň gabahat işleriniň garşysyna azatlyk söýüji owgan halkynyň alyp barýan adalatly göreşiniň janly şaýady boldy.
Rus dilinden terjime eden: Ahmet Mämmedow.
* * *
Owganystanda Aprel rewolýusiýasynyň ýeňip üstün çykmagy ugrunda janyny gurban eden gahrymanlaryň ählisiniň ýagty ýadygärligine bagyşlaýaryn.
I BAP
Soraýarsyň ezizim: “Neçün agardy saçyň?”
Ykbalym aýnatmady, kän kösenen ýerlerim.
Onlap gara gargadan ýegdir ýeke ak laçyn,
Süýt reňk elleriň bilen sypa meň ak perlerim.
Adyp Sabyr Tirmizi
Gojaman Hindiguş, seniň hatar-hatar gara örküçleriň aňyrsyna-bärsine göz ýetenok. Olar biziň uçup barýan samolýotymyzdan galman gelýärler, günortadan demirgazyga uzalyp gidýär. Günüň şöhlesi düşüp, gögümtil öwşün atýan äpet-äpet buz ulgamlary gözüňi gamaşdyryp kesip barýar, akyp ýatan jeýhun derýalar kümüş lenta ýaly, dag jülgeleri kiçijik ýaşyl adalar ýaly bolup görünýär. Bu – meniň köpden bäri görmän ýören watanym. Men ondan ümürli bulaşyk säherde çykyp gidipdim. Häzir bolsa meniň ýüregimde orun tutan söýgüli ülkämiň bütin giňişliginiň ýokarsyndaky asman arassa, bulutsyz.
- Hormatly zenanlar hem jenaplar! – diýen mylaýym ses meniň ünsümi illýuminatordan sowdy. – “Ariana” awiakompaniýasynyň samolýotynyň reýsi tamam bolup barýar. Biz birnäçe minutdan Owganystan Demokratik Respublikasynyň paýtagtynyň – Kabulyň aeroportyna gonarys. Häzir samolýotyň daşynda kyrk gradus sowuk, biziň myhmansöýer şäherimizde kyrk gradus yssy!
- Oňa serediň, oňa serediň! – diýip, meniň gapdalymda oturan goňşym tirsekledi. - Ol Puli-Çarhi-le! Men biläýdim... Çalaryp ýatan meýdan, çal kubikler... Edil ownawaç tamjagazlar-da! Hawa, hawa, hut şol owgan Galasynyň özi-dä!
Meni kürsüdeş goňşym örän mylaýym adam. Ol Kabulyň we Hyradyň, Jelalabadyň hem-de Badahşanyň gözel ýerleri barada tejribeli ýolbelediň täze gelen turiste gürrüň berşi ýaly ýolboýy gürrüň berýär. Gürrüňleşmegi halaýan ýigit taryh mugallymy ekeni. Onuň öz predmetini ýaramaz bilmeýändigine ýolboýy göz ýetirdim... Ine, häzirem ol çal kubiklere seretmegimi soraýar, soňra bolsa ol ýene-de bir wakany gürrüň berer...
- Siz göz aýlaýsaňyzlaň, bir! – Men welin seredip bilemok, goňşymdan ýüzümi sowdum, ganymyň çekgäme urup, dodaklarymyň kepändigini duýýaryn. Men tolgunyp başlamda indi şeýle bolýan. Bu aýrylyp gider, ýöne şu näletsiňen ýerden bahymrak geçsekdik. Ýok, samolýotdan seredeňde oýnawaç ýalyjak bolup göränüýän tamjagazlar diýemok. Belent beton haýatly bäş sany dört etaž barak... Üsti prožektorlardyr pulomýotly garawul wyşkalary, çoýundan ýasalan äpet derwezeler... Puli-Çarhi... Ony asmandanam synlasym gelenok, ýerdenem. Bolup geçen zatlaryň hemmesini ýatdan çykarasym gelýär. Emma ýatkeşlige etjek alajyň ýok, men dirimi- ýatkeşligem bar. Mäkäm daşdan salnan, penjirä derek sähel yş goýlan zyndanda geçirilen elhenç günler baradaky ýatlamalar. Puli-Çarhiniň türmesiniň bosagasyndan uly durmuşa tarap ädilen ilkinji ädimler hakdaky ýatlamalar...
Potologyň aşak ýanyndaky şol deşikden gün şöhlesi ir ertir bilen ogryn yşyklaýar. Töwerege göz aýlap, birneme merdemlenýän ýaly bolup sowuk ýere böküp düşýär. Bireýýämden bäri syrylmadyk ýaňaklary sypalap geçer, eliň aýasynda bökjeklär, göz açyp-ýumasy salym ýüregi umyt şöhlesi bilen ýagtylandyrar-da erkinlige çykyp gider. Biz bolsak bu ýerde özümiziň daşdan ýasalan haltamyzda galyberýäris. Sallam-sajak ýorganlar, içi poslan suwly küýze, bir burçda bolsa täret edilýän porsy çelek. Uzynlygy bäş ädim, ini iki ädim – Puli-Çarhi türmesiniň aýratyn düzgün üçin niýetlenilen kamerasynyň ýaşaýyş meýdany ine, şeýle.
Dogan-garyndaşlary bilen görüşmekden, geýim-gejimdir iýmek-içmek almakdan, arassa howadan, kameranyň ýanyndaky garawul bilen sözleşmek hukuklaryndan mahrum edilen aýratyn döwlet ähmiýetli jenaýatçylar hasaplanýan biz ilkibaşda bu ýerde diňe üç sanydyk. Biziň eden jenaýatlarymyz baradaky jikme-jik maglumatlar sorag edilen kanselýar papkalarynda saklanylýar. Olaryň hersini işine jür gullukçynyň eli bilen janygyp ýazylan öz tertip nomeri bar.
523-nji nomerli bendi. Ol häzir ellerini öňe uzadyp, hut öz komandasy astynda irki gimnastikany ýerine ýetirýär.
- Bir, iki, üç! Bir, iki, üç!
Janygyp maşk edýändigi üçin giň maňlaýy çygjardy, içine çöken ýaňaklary gyzardy.
Arryk, syryk ýaly uzyn boýly ol birden-ä çommalyp oturýar, birdenem örboýuna galýar. Saldamly buýnuz äýnegiň aýnasynyň aňyrsyndan görünýän gara gözlerinden onuň garaçyny bilen pikiriniň bir ýere jemlenendigi duýulýardy. Ol – Kabul uniwersitetiniň professory Najmutdin Zýaran.
Ýogsa-da, professoryň eden elhenç wagşyçylyklary ýazylan kazgyly papkalaryň biri däl, eýsem üç sanysy türme kanselýariýasynda saklanyp gelinýär. Şol papkalaryň bir-ä korol Muhammet Zahir-şah döwründe, beýlekisi Muhammet Dawut döwründe, 523-nji nomerli papka bolsa Hafizulla Emin mahalynda ýöredilipdi. Häkimiýetler üýtgäp durýar. Najmutdin bolsa Owganystanda soňky ýyllarda bolup geçen düzgünleriň hemmesi üçinem şol bir syýasy taýdan howply adam bolmagynda galýar.
804-nji nomer. Ol daň saz atyp-atmanka oýanýar, alagaraňkyda täret gylar-da namaza durar, dodaklaryny müňküldedip namaz okap başlar...
Badahşanly hormatly molla her gün bäş wagtyna Alla bilen ikiçäk gürrüňleşýär. Professor ikimiz oňa päsgel beremzok, dini däp-dessura dil ýetirmejek bolup, sesssiz-üýnsüz otyrys. Ýöne welin, biziň Habibulla Jumamyzyň günäsi köp bolmaga çemeli. Onuň okaýan dogasy asmana baryp ýetenok. Ol özünie jeza berlerine garaşyp, biziň bilen telim aýlap şu ýerde otyr.
- Ýerdäki suddan gorkmaň. Eýsem Perwerdigäriň jezasyndan heder ediň... Allatagalanyň sudy jellat sudy üçin hem, onuň pidasy üçin hem adalatly suddyr. Biziň başymyza gelen ol adyl sud, goý, tiz amala aşsyn! – diýip, ol bize metjitdäki ündewçi ýaly hondanbärsi bolup aýdýar.
Molla gulak asyp otursaň, bu adam durşy bilen päkgöwünliligiň nusgasy, özüni bütin durky bilen Alltagalanyň hyzmatyna bagyşlapdyr diýip düşünmek boljakdy... Emma ol hem biz ýaly, öz döwletiniň howply duşmanlarynyň spisogyna ýazylan.
Meniň şahsy papkamda 513 diýen san bar...
Sessiz-üýnsüz, edil guduz açan ýaly urýardylar. Ýumruklap, aşagy nallanan botinkalary bilen, gurşun lineýka bilen kelläme, ýagyrnyma urýardylar. Özümden gidýänçäm urýardylar. Göwräm ýelek ýaly ýeňledi. Bütin göwräme ýaýran elhenç agyrynyň ýerine rahatlyk aralaşdy. Özümiň düşünip bilmedik şu gazaply dünýämi ahyrsoňy terk etdim. Birdenkä bolsa kelläm saňňyldap gitdi, barmaklarym boşluga ýapyşyp başlady. Ýene-de çydap bolmajak, gazaply agyry...
Kimdir biriniň:
- Allaha şükür! Ol özüne gelýär!.. – diýen şadyýan sesini eşitdim.
- Aljyramaň, hormatly Habibulla. Ýaglygy öllediňizmi? Ine, şeýle, onuň kellesini ýokarrak galdyrmaga kömek ediň! – diýip, başga biri edil meniň gulagymyň ýanynda gygyryp görkezme berýär. Ýaşaýyş meniň bilen aýrylyşmak islemeýän ekeni... Aýylganç, güňleç batly iňňildi çykdy. Gabaklarym zordan açylyp, öňümde duran nätänyş adamyň mum ýaly ýüzüne gözüm düşýär.
- Siz meniň sesimi eşidýäňizmi?
- Eşidýän... – diýip, pyşyrdap jogap berýärin.
- Ýogsa-da, olar siziň mazalyja eýiňizi ýetiripdirler. Gaty agyrýarmy? – diýip, solgun ýüzli adam soraýar.
Men kellämi zordan galdyryp:
- Agyrýar... Gaty agyrýar... – diýýärin-de, birdenem özümem bilmän edil kakynly ýaly bolup: - Olar näme üçin meni beýtdilerkä?! Men duşman däl ahyryn! Men özümiziňkilerden ahyryn! Özümiziňki, özümiziňki! – diýip gygyrýaryn.
Ysgyndan gaçdym, kelläm saklatmady, üsgülewük tutdy...
Şol nätanyş adam maňa:
- Rahat ýatyň, size tolgunmak bolmaýar! – diýýär.
- Siz kim?
- Betbagtçylyga uçran ýoldaşyňyz – diýen jogap eşidildi.
...Tenimdäki ganly çylgymlar kesmekledi. Gündizler, gijeler yzly-zyna geçip durdy. Emma biziň kameramyzdakylaryň durmuşynda hiç bir üýtgeýän zat ýokdy. Biz misli ýatdan çykarylan ýaly, bu dünýäde biz indi hiç kime gerek däl ýaly. Agyr gapy suwuk bulamak bilen gaty çörek getirilende açylýardy. Garawullar lal ýalydy. Biziň bilen gepleşmek olar üçin berk gadagan edilipdi. Daşky dünýä bilen hiç hili gatnaşyk ýokdy, hemme zatdan doly çetleşdirilipdik. Geljegimiz howsalalydy, näbellidi... Gündizlerine pikir edesiň, janyňy ýakasyň gelenokdy... Geçmişi ýatlap ýaşaýardyk.
Dowamy bar >>
Publisistika