YGRAR — YNANJYŇ SÜTÜNI
Ýüzüne mawy asmanda agaýana ganat kakýan akja kepderileriň şekili çitilen torba yşnaklydy. Sungat derejesine ýetirilen zenan zähmeti ünsüňi özüňe örkleýärdi. Aýna ýaly tekiz dokalan kakma bolsa onuň arkasyna ýapşyrylypdyr. Aň arymsylygy, kalp kämilligi, ýürek tämizligi bilen berjaý bolan nepislige nazar aýlanda Maksat aga, ylla, ilkinji gezek görýän ýaly, teşnelik bilen garady. Gözellige hyrydar gözleri gözledigiçe jöwherlendi. Çynlakaý çemeleşilip, kämil zähmetden hasyl bolan zynatly torba gyzyl elli gyz-gelinlere kanagat kaýyllygyny döredýärdi. Maksat aga hoşallyk meýli bilen torbanyň ýüz tarapynda eliniň aýasyny gezdirdi. «Elhepus, munuň nepisligini! Elleriňize güller bitsin!» diýip, çalaja ses bilen gürledi. Torbanyň içine nazar aýlan Maksat aga sesini batlandyrdy. Bilesigelijilik bilen sowal berdi:
— Itiň ýalynam saldyňyzmy?
Agtyklaryny oýnadyp oturan enäniň sesi eşidildi.
— Azyk-suwlugyňyz ýeterlikdir. Owkadyňyzda kem-köst ýokdur. Arkaýyn ýöräberiň! Sakçylygy sag-aman geçiriň!
Endigine görä, Maksat aga torbanyň içine gaýtadan göz gezdirdi. Ýumruk ýaly goýun etiniň gowurmasy, ýarty tamdyr çöregi, iki towlam waharman gawunyň kaky, goşawuç erik kişdesi, kişmiş, gysym igde, Goňurja üçin lukma — it ýaly. Gök çaý demlenen demkeş. Ata-eneleriniň arasyndaky gürrüňi eşiden çagalar oýunlaryny terk edip, Maksat aga gönükdiler. Körpeleri gojanyň uzyn donunyň synyndan çekip, sowal baryny ýagdyrdylar.
— Ata, her gün agşam bizi taşlap gidýärsiň. O ýerde nähili gowy zat bar?
— Ata, gyzykly ertekileriňizi diňläsimiz gelýär!
— Şu günlükçe Goňurjany goý-da gidäý!
— Garawulçylygyň haçan gutarýar? Onýança aýaly dillendi:
— Ataňyz ertir irden geler. Siz geliň meniň ýanyma. Ataňyzam indi sakçylygyny goýup, mydama siziň ýaňyzda bolubermeli welin, onam edenok-da.
Keýwanysynyň teýeneli sözleri Maksat aganyň dabanyna törpi sürtülen ýaly agyryly eşidildi. Agtyklaryny hoş sözleri bilen kanagatlandyrýan gojanyň ýassykdaşynyň gepleri aňyny dyrnaçaklady. Günde giçlik gatnaýan ýolundan ýöräp ugrasa-da, aýaklar duşaklanan ýaly giňden ädilmedi, gyrmyldady. Gyrmyldan gyr aşypdyr. Ynsap öňündäki hasaplar, berlen wada onuň aňyny aljyradyp, köňlüni çümmükledi. Oňa ygrarly bolmak on iki süňňüne siňipdi.
Küren obanyň ortasynda iki gat kaşaň dükän bina edilipdi. Onuň diwarlarynyň agramly bölegi Owadandepedäki aýna kärhanasynyň aýnalary bilen örtülendi. Dükanyň içinden töwerege nazar aýlasaň, daş-töwerek eliň aýasynda ýaly aýdyň görünýärdi. Daşyndan garasaň harytlary ilik-düwme sanabermeli aňşyrylýardy. Harytlar-da köp. Guşuň süýdünden özge islän harydyň tekjeleri bezeýärdi. Günleriň birinde dükän eýesiniň dykgatly ünsi Maksat agada eglenipdi. Ol goja kişä ýürek islegini aýan edipdi:
— Aňy adyl, köňli kazy, kalby kireňsiz imanly kişi hasaplap siziň huzuryňyza geldik!
— Mus-musuň uzaltma-da Mustafalaberi!
— Matlaby mälim etsem, dükana sakçy gerek! — Haýyşyň bitdi hasap et!
Ynsan hajatyna häzir bolýan häsiýetli gojanyň jogaby dükançynyň köňül islegini meýmiretdi. Maksat aganyň jogaby anyk hem kesgitli boldy:
— Dükanyň üstünden guş uçsa ganatyndan, gapdalyndan gulan geçse toýnagyndan jyda düşer. Berklik babatda ýasy ýanyň ýerde bolsun!
Düme bugdaýyň dänesine çalymdaş goýazy gürrüň guýma kenek ýaly düşen ýerinde galdy. Taraplaryň hiç birem birek-birekden dilgir bolmadylar. Göwün göwünden suw içdi. Tesbi düwmelerine kybapdaş ýyllar sap-sap geçip durdy.
...Dähedem-dessemläp ýörän gojanyň aýaklary dükana ýetip togtady. Gyrmyzy şapagyny barha goýnuna gysýan Gün uzaklarda gizlendi. Iki-ýeke geçip barýan awtoulag, paý-pyýada bolaýmasa töwerekden aýak ýygnandy. Maksat aga dükanyň töweregine birlaý aýlaň-çaýlaň etdi. Hemme zat bolmalysy ýaly ýerbe-ýer. Agaç sekä düşegini ýazdy. Gözlerini asmana gönükdirip, arkanlygyna gyşardy. Ilki tez maral ýaly tazygan pikir soňy bilen ekdä öwrüldi. Aňynda ykjam ornaşdy. Höwrügen hemrasyna döndi.Ýadyna ýapyşak ýaly ýabşyryldy. Hakydasyndaky harasat halys goýmaýardy. Bir dem alsa, iki gezek aňyny dörjeleýärdi. Maza bermeýärdi. Dabanyna gor goýlup, baldyryna iňňe çümen ýalydy. Asyl akylyndan azaşyp, aňy maýyp bigäne kysmy özbaşyna samyrdady.
«Gelýän harytlaryň sygany ammara salynýar, ýerleşmedigi dükanyň daşynda. Olara gyýa göz bilen garaýan ýokdy. Adamlaryň gözleri doýgun, dokmäde. Egni bitin lybasly kişä zyýada zat ne derkar?!». Dürtgeleýän düwünli duýgular jöwzada eredip, sowukda sandyratdy. «Mellek ýeriň at gaýtarym giňlikde ýaýylyp ýatyr, ek, dik, özüňden örňeýän rysgalyňa eýe bol! Günüň sakçylyga galmandyr! Aýda alýan hemaýat hakyň — pensiýaň wagtynda berlip dur».
Maksat aga başyny ýassyga ýetirdi. Giň giden asmandaky jyglym ýyldyzlar kiçijik göreçlerde jemlendi. Çöňňelen gözleriň öňüne ümez örtüldi. Sag eliň süýem barmagy gabaklaryň üstünde gezim eýledi. Mäzleşikli göreçler biraz durlandy. Asman çirksiz arassa. Alyslardaky ýyldyzlar ýer jorasyna göz gypyşýardylar. Güňlenç ses bilen asman älemini sarsdyryp barýan uçar uzaklara ýetmek üçin öňe ümzük atýardy. Atdyr ýabylaryň pyşgyrmasy, üýrýän itleriň jabjynmasy, gurbagalaryň gurruldamasy gijäniň garaňkylygyna siňip gidýärdi. Gijelik öz hökmürowanlygyny ýöredýärdi. Ümsümlik garaňkylygyň girdabyna gark boldy. Gojanyň gözleriniň kirpikleri urşup aýrylyşan ýaly, biri-birlerine birjik-de galtaşmadylar. Garysyny ýassanyp ýatan Goňurja düşnüksiz garaýyş bilen eýesine gözleýärdi. Töwerekde ümsümlik dowam etse-de, goja kişiniň kalbyndaky pikir onuň üçin şahanawatly çaý ýaly ýakymlydy. Ol süýji pikirini amal etmäge alňasaýardy...
Daňdanyň jarçysy horazlaryň gygyrýan sesleri garaňkylygy böwüsdi. Olaryň ümsümligi ürküzen seslerine beýleki jandarlaram goşuldylar. Hor bolup ýaňlanýan owaz gündizlige çakylykdy. Gündogaryň gatyk dökülen ýaly agaryp başlamagy, al şapagyň alkymyna gelmegi uzak gije höküm süren zulmat garaňkylygyny zym-zyýat etdi. Köçede hereket köpeldi. Sahawatly sährada ak arzuwlar bilen günüň bereketine buýsanýan dükanyň başlygy irden Maksat aganyň huzurynda häzir boldy. Hal-ahwal soraşyldy. Maksat aga ýagşy isleg-arzuwlardan, tekliplerden pürepür dolan sabyr käsesini gowzatdy:
— Paýhasly pederlerimiziň pähimli ýol-ýodalaryna ýaşlar ot bitirmeýärler. Täzeçe garaýyşlar bilen gowulyklara tarap özgerdýärler. Adamlar kişi zadyna gyýa göz bilen seredenoklar. Goýlanlaryň gyly gymyldamaýar, gozgalmaýar. Içi pully bank şahamçasynyň goýan bankomaty ýedi ýoluň gyrasynda ýerleşýär. Ýolda geçegçi köp. Olaryň hiç biri-de oňa ýaman niýet bilen gabagyny galdyranok. Meň aýdanlarymy oňlasaň-a, dükana sakçy goýmak artykmaç harajat harçlamak ýaly bir zat. Şonuň üçin-de men-ä indi sakçylygy tabşyryp, öz agtyklarymyň arasynda bolmakçy.
Säher çagynda düşünjelilik bilen edilen söhbetdeşlikden kaýyl bolanlaryň ýüzleri dogup gelýän Günüň nuruna gülli keçe ýaly lowurdady. Öňler öý bilen dükan aralygyny dähedem-dessemläp geçilen ýol häzir uçar bilen gaýyp baran ýaly tiz boldy. Töweregine degre guran agtyklar atalarynyň ir gelenine geňirgendiler. Atalaryna soragly garadylar. Döşüni ýapýan jowur ak sakgalyny elleri bilen owuçlap durşuna kalby ýazly Maksat aga begençli gürledi:
— Köşeklerim, şu günden beýläk hemişe siziň araňyzda boljak. Süýji-süýji gürrüňler ederis. Gyzykly ertekiler aýdyp bererin.
— Ýaşa, ýaşa! Atamyz hemişe aramyzda bolýar! Çagalaryň arasyndan biriniň sesi has-da çasly çykdy:
— Ene, atam indi garawulçylyga gidenok.
Garry enäniň kaýyllyk bilen aýdýan gürrüňi eşidildi:
— Baldan datly balalary begendirmekden zyýat näme bar?! Eneňizem siziň şatlygyňyza şärikdir, balalarym!
Goňurja aýdylanlara goşulýan terzde ullakan ala gözlerini tegeläp, goçak kellesini ikibaka ýaýkady, aşak-ýokaryk yrady.
Derýa AŞYR.
Hekaýalar