23:53 Çeniňi bil-de, çemçäňi çek | |
ÇENIŇI BIL-DE, ÇEMÇÄŇI ÇEK!
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Lukman Hekim hemaýat isläp, huzuryna baran hassa aýdar eken: «Biz üçdüris. Men, sen, hassaçylyk. Eger menlik bolsaň, iki bolup hassaçylygy ýeňeris. Onluk bolsaň, dadyňa Alla ýetişsin. Dert bilen dolaş-da geziber». Degerli garşylyk görkezip bilmedik Amanmyrat öwrenen endigine erk edip bilmedi. Öňüne gelen aşdan agzyny aýamady. Dograma, palaw iýdi. Onuň bilen kanagatlanman, owkadyň ahyryny etli börek bilen ýetirdi. Ir ikindin ýatdy. Erte guşlukda oýandy. Ýassyk bilen ýar boldy, düşek bilen dost. Garny doýsa-da, gözi doýmady. «Az iýen arassa, köp iýen hassa». Pikiri dürsüň ýaşaýşy ýakymly, ömri uzak bolýar. Ömrüniň dowamynda et iýmegi endik edinmedik Öwezgeldi aganyň hurşy gök ot, miwe, süýt, gatyk boldy. Göreni iş, görmedigi düýş. Iş bilen işikdeş, zähmet bilen ýoldaş. Dokuz onlugy togalady. Işden irmedik, ýaşamadan ýadamadyk Durdy Nepes ogly togsan ýaş toýuny tutdy. Ýagşy däbi mübärekläp baranlara togsan dony sowgat berdi. Durdy aga ökde maldar. Ýer bilen gürleşmäni başarýan ekerançy. Uzaklardan uçup barýan guşuň gözüne didiwany gönüläp bilýän ökde awçy. Ýigitlik ýyllarynda dag-dereleriň arasynda, Mäne-Çäçe sebitlerinde mal bakdy, çarwadar boldy, sährada gezdi. «Kyrkda ner dek bolmuşam» diýen pähime gol ýapan Durdy Nepes çopan taýagyny gumhanasy ýaýraw, sapy saldamly pile çalyşdy. Gowaça ekdi. Gaňňalyň boz meýdanynda gawun-garpyz ýetişdirdi. «Maldar maldaryň yzyndan on ýylda ýeter, daýhan daýhanyň yzyndan bir ýylda» diýen hikmeti hakyky durmuşda görkezdi. Maldarçylykda ýetilen sepgitler ekerançylykda gaýtalandy. Gowy üstünlikler gazandy, serpaýlar bilen sylaglandy. «Türkmenistanyň at gazanan seçgiçisi» diýen ady aldy. Myhmany mähir bilen meýdanda garşylardy. Gaňňalynyň sebitlerine, Durnaly, Habaran düzlügine şikara çykarardy. Giç ikindin şam şikaryna ýola düşdük. Dagdan aşan Gün al şapagyny özi bilen alyp gitdi. Uzaklarda gizlenen Gün daşlaşdygysaýy, asmany garaňkylyk gaplady. Gözüň ak ýagyny iýip barýan ýiti ýagtylyk görejiňe gönülände, bedeniň berkidilene dönýär. Gymyldap bilmeýärsiň. Gamaşan gözler bilen çar ýanyňy gaplan gara diwardan gaýry zat aňşyrmaýar. Daňylana dönen towşany, keýigi tutup ýa-da taýaklap alaýmaly. Toňkataryň hajaty ýok. — Şam şarasy üçin birki-ýarymyny alalyň. Ajala ýaran bolup, ýalňyşmalyň. Kast etmek mukaddeslige gol galdyran ýaly gabahat iş. Kast eden pes bolar. Artykmaçlyk aw däldir, awydyr. Sähraýy meýdanyň uly depesinde aýak çekilip, goş ýazdyryldy. Dag tarapdan gelýän salkyn şemal, düzlükden öwüsýän mylaýym ýel, howdanyň suwuny sypalap gaýdýan çygjymak sörtük göwünleri göterýär. Kükregiňi galdyryp, demligiňi giňeldýän howa janyňa hoş ýakýar. Ojar közüniň gyzgyn howruna jyzyrdaýan çişdäki kebabyň, ýylgyn çybygynyň syhyna düzülen gapyrganyň, gazanda gaýnaýan gaýnatmanyň ysy burnuňy gyjyklaýar. Giň ýazylan meýdan saçagy, naz-nygmatyň gujagy. Bereketli saçagyň daşyna degre guranlara manyly maslahatyny eçildi. Görk agyzdan, görmek eginden. Işdämenlik bilen iýmegi höwes edip, ýagdaýyňyzy duýup, bes etmeli. Agzyňyzda aş bolsun, garnyňyzda daş. Doýan ýeriňizde doklugyňyzy siňdirmäň. Ulamalar aýdypdyrlar: «Doýan ýeriňden ýedi ädim bolsa-da, aňyrlygyna ýöräň, bärligine geliň». Galyberse-de, ýatar garyn ýazykly. Ýaşuly ýene bir manyly gürrüňi suňşurdy. «Ertirligiňi özüň iý, günortanlygyňy dostuň bilen paýlaş, agşamky owkat duşmanyňky bolsun». «Az iýen melek, köp iýen heläk». Tejen etrap hassahanasyna köp ýyllap ýolbaşçylyk eden alym lukman Hoja Rejepow saçak başynda salyhatlydy. Desterhan başynyň medeniýetini berk berjaý ederdi. Aňyňa myhlanan maslahatlaryny ýadyňda berk berçiňlär. «Nahar iýip otyrkaň, doýup barýanlygyň barada duýgy dörände, tabakda galan nahary iýmegiňi bes et. Çeniň bil-de, çemçäňi çek. Artyk agyr iýmek aňyňy küteldýär, bedeniň işjeňlik ukybyny peseldýär. Ýaltalygyň ýaranysyň, haýyrsyzlygyň hemrasy. Az iýmek kalbyňyza rahatlyk, ruhuňyza gözellik çaýar. Asly Babadaýhan etrabyndan Mommy merdiwanly, Illi merdiwanly — ataly-ogul köplere belli. Olar bu lakamy täze tär bilen işläp, özgelerden tapawutlanyp aldylar. Işe halys werziş, armakdan aralary açyk bolupdy. Awtoulaga ýük ýüklemegi ýeke özleri oňarypdyrlar. Ulagyň nowasyna odun, ot, ýandak basanlarynda, kömekçisiz ýeke özleri bitirer ekeni. Oduny goltuklap, oty desseläp, ýandagy petdeläp, ýekelikde atypdyrlar. Ilki merdiwana münüp, ýüki azdan atyp, soň olary ýaýradypdyrlar. Merdiwanyň kömegi bilen dört-bäş adamyň bitirýän işini ýeke özleri amal edipdirler. Arrykdan gelen hortap bedenli Illi aga segseniň sagrysyny säpjedýär. Jany sag, keýpi kök. Ol sagatlygyň syryny az iýmäge, takyk naharlanmaga syrykdyrýar. «Arassalyk bilen aş danna, suwumsyzlyk etme, suw danna». Aşgazana aş düşmezden öňürti gözi sazla. Garny gözemezden öňürti gözi doýur». Gulluk edýän pikiri, özgelere öwredýän akyly şulardan ybarat. Ol görjege görkezip, diňlejege aýdyp berýär. Öýünde sagylýan sygyrlaryna, bakylýan öküzlerine, agyldaky goýunlaryna, ketekdäki towuklaryna hyzmatyny bir özi edýär. Guşlardan ir oýanyp, ýarygije ýatýar. Ol saglygyny sazlap, maşgala «bütjedini» galňadýar. Onuň iş tejribesi altmyş ýyldan agdy. Zähmet ýolunyň altmyş bäş ýylyny imrinen işine bagyşlan Çarymyrat Esenowyň käri mal lukmany. Maldarçylyk pudagynda, et önümlerini işläp bejerýän kärhanalarda işlese-de, bu nygmata bolan höwesi pes boldy. Çümhöreklik bilen etden daş durdy. — Hajymelik ýaly hannaslary halamok. Aşa doýmak ylmy nukdaýnazardan seljereňde, aşgazana, aňyňa, akylyňa zeper ýetirýär — diýip, Çarymyrat aga maslahat berýär. Milli medeniýetimiziň talabyna laýyklykda saçak başynda özüňi edepli alyp barmagyň gowy däplerini berjaý etmek supra, saçakdaşlaryňa, özüňe uly hormat goýmakdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |