08:15 Şoruñ synmagy / hekaýa | |
ŞORUŇ SYNMAGY
Hekaýalar
Ýüňi ýeten goç ýigidiň tereň kalbyndan, ter köňlünden, apaly akyl arygyndan hasyl bolýan juwanlyk borç berjaý edildi. Tämiz terbiýeli, dury düşünjeli, süňňi sütün ýaly sagat, sözen agajy ýaly berk bedenli, sadranç boýly, ýyrşaranda gülgüne gülleri ýatladýan, gürrüňi gant garyndyly Joşgun bagt başy, köňül hoşy dogduk obasyna dolandy. Onuň meýdanly döşüni harby esgerlikde berlen sylag bezeýärdi. Harby gullukdan, esger sapyndan üstünlikli gelmeginiň hormatyna tutulan toýdan soň döwletli maşgalada gyzykly gürrüň edildi. Joşgunyň ýagty geljegine ýazan söhbediň baş mowzugy onuň öýli-işikli bolmagy, mähir-muhabbete ýugrulan maşgala gurmak, ömrüniň ahyryna çenli bir supranyň başynda, rysgally ojakda goşa garramak barada boldy. Söhbet dört amalyň çözmesi müşgil meselesi ýaly has dartgynly bolaýjak ýalydy, ol ap-aňsat çözüldi. Ýigidiň jogaby kesgin boldy. «Kylanyňyza kaýyldyryn». Ata-enäniň umyt çyralarynyň peltesine ýag damdy. Gyzlaryň seresi bilen durmuş toýuny tutdy. Ýigit heniz gullukdaka kalbyny dörjeläp, oba ýetmäge alňasadýan, bagt bagyny bossanlyga öwürmäge dyrjaşýan pikirini dile getirdi. — Mellek ýer aljak, ýurt tutunjak, jay salynjak, ekin ekjek, aýagulag edinjek, ellem uzadan tarapyma ýetmegini isleýärin. Arzuw adamyny ýaşadýar. Arzuw atyna atlananlar arzyly alyslara aşýar, nazarlaýan pellehana ýetýär. Uçar ganatly bedewler ýaly arzuwlaryň asmanda pelpeleýär. Olary durmuşa geçirmäge köp serişde gerek, ýürekden dyňzap joşýan daşgynly yhlas zerur. Yhlasyň ynam ussahanasynda kemsiz taplanmaly. Ody, suwy ýeten ynamyň maksatly meýlinde kem-köst bolmaýar. Perzent jogaby perman ýaly ýaňlandy, gulaklara derman bolup damdy. — Köp ölçedim, bir kesdim. Ahyrky netije maksady myrada gowşurmaly. Ýigit başyny süýji aladalar bezär. Ata-ene biri-birine guwançly garadylar. Görgürligi kütelişen göreçler jöwher- lendi. Uzak gözýetim atyma geldi. Maňlaýdaky çylgymlar, ýaňakdaky gasynlar tekizlendi. Ýürek terlendi. Olaryň ýüzleri suwry bagana ýaly lowurdady. Joşgun beriljek sowala jogaby öňden taýýarlapdy. — Gara şorly depizlikde ýaş çatynjalara mellek ýer berilýär. Gapdalynda akar aryk towlanyp geçýär, gaz ulgamy uzalýar, elektrik siminiň üç teli bar. Bankdan uzak möhletleýin ujypsyzja göterimine islän möçberiňde serişde berilýär. Arkaly köpek gurt alar! Özüne göwnüýetijilik bilen aýdylan ynamly geplerden soň tebigylygyna göra Joşgunyň eginleri tekizlendi. Sütün syraty daýandy, ýaýbaň döşleri ýazyldy, gollar gerimlendi, gözler ýiteldi. Ýüzi aýly agşam ýaly ýagtylandy. Zemin sagrysyna urlan myh ýaly sarsman duran Joşgun daglaryň arasyndaky howalanýan gaýa kimin gözleri dokundyrdy. Ata-ene ogullarynyň batyrgaý sözleýän söhbedine kaýyllyk keýpi bilen baş atsalar-da, onuň welinli tarapy ynanç donlarynyň synyndan dart- ýardy. Gotur keseline uçran ýaly, gara depizlik howpuň ojagy, bişowlygyň başy ýaly olary düýrükdirýärdi. Dünýewi ylma dahyl bolan danyşmentler depizli ýeriň dermanyny tapdylar. Ylmy esasda ilik-düwme öwrendiler, ahyrky aýgytly sözlerini aýtdylar. Başdansowma geleňsizlik aradan aýryldy. Işe töwekgel topulyp, agrotehnika ylmynyň ygtyýaryna berildi. Aňy almaz ýaly ýiti, pähimi päki kimin kesgir alymlaryň aýdanlary amala aşdy. Dünýewi ylmyň aýdyň netijelerine gol ýapan Joşgun dogum donuna dolandy. Kalp kaýyllygy bilen ýürek matlabyny degişli ýerinde aýan etdi. «Duza duwlanyp ýatan gara şorly depizligi mellek ýer üçin maşgalamyza bö- lüp, galanyny uzak möhletleýin kärendesine bermegiňizi haýyş edýärin». Gaşlar çytylyp, seňrik ýygrylyp, geňirgenmek bilen garan adamlaryň beren şübheli sowallary Joşgunyň şu sözleri bilen soňlandy. — Şordan çekinene haraý ýok, depizden gorkana abraý. Şordan sowlana gül ýok, depizden dönene pul. Ýene bir şertim bar. — Aýt, hany! — Topragy özleşdirmek üçin jübütje ýyl puryja beriň! — Ejaza seniňki. Akar suwy alnyňda, «mawy ýangyç» ýanyňda, toguň tükeniksiz, gujurly gol özüňde. Bu gudratly güýçler jemlenende öňünde döw dursun! Ataň mirap bolandan, sakaň algyr bolsun. Indi ylmyň çylşyrymly çiginlerini çözäýmek galýar. Bolsady ekeniňde-de şundan zyýada şowlulyk bolmaz. Bu — rowaçlygyň özi. Rowaçlyk daragtynyň sagdyn sütüni bar. Ony pudaklatmaly, gol çykaryp, şaha ýaýratmaly. Töwekgelçiligiň tabynlygyndaky tilsimler tapgyr-tapgyr berjaý edilmeli. Üstünligiň gamçysy bolan tutanýerlilik dabaralandy. Alymlarymyzyň aýdanlary bilen atalarymyzyň, babadaýhanlaryň tejribeleri alajaly ýüp ýaly işildi. Sepsiz sepleşdi ötägitdi. Her kesiň öz durmuş ýoly özi üçin ýörelmedik ulgam. Aşmaly menziliňe ýumurtga togalabermeli tekizlik bolsa ne ýagşy, kötellikli külpetler dörese, ýyldyza ýörän ýaly bişowlulyk. «Degse — bäş, degmese — ýigrimi bäş» edip, ýugrumy ýetmedik ýordumlaryny dile getirýän ýek-tük tapylýar. Il agzyny ýygyp bolmaz, çelek agzyny bogup. Ýagşyny ýollap, müşgile goldaw goluny uzadýan kalby kireňsiz adamlar ýaş ýigide ýardamyny gysganmadylar. Hemaýata hemra bolup, ilkinji işleri irikge etmän ilerletdiler. Depizli meýdanyň daşyna gaçy galdyrdylar. Mele reňkli bol suwdan kenaryna çenli gark etdiler. Doňaklykda daşa dönen buz soňy bilen suwa öwrülip, topragyň düzümindäki duzy eredip, zemin çuňluklaryna siňdirdi. Bu usul telim gaýra gaýtalandy. Suwy siňip, gerşi gaýzygan topragyň sagrysyna çal reňk çaýyl- dy. Tebigatyna görä şor ýuwaş-ýuwaşdan ýeňilýändigini boýnuna alyp, ýeňse berýär. Howanyň gyzmagy bilen topragyň düzüminde eremän galan duzlar şepbeşik şerebeli ak reňke öwrülýär. Aklyk topragyň ýüzüne çaýylýar. Jomart bilen husydyň arasynda bolan waka rowaýata öwrülip, şindi-şindiler halkyň arasynda ýaşaýar. Sahaba saçagyny ýazgyn ýaýradan jomardyň desserhanynyň degresine adamlar ýygnanýarlar. Jemagat jem bolýar. Bereketi artsyn diýilýän hikmet halatly halkyň haýryna bolýar. Jomardyň rysgal bulagynyň gözbaşy giňelýär. Bäş edilip berlen haýyr-sahawat on bolup jomardyň sup- rasyna siňýär. Berimsiziň ýygan baýlygy husydyň hazyna sandygynda orun tutmaýar. Husydyň maly it-guşa, mör-möjege şam bolýar. Özüne-de, iline-de nesip etmeýär. Ýagşylyk — ýamanlygyň güýesi. Ýagşylygy ýoldaş saýýanyň ýary Ýaradan, ugry kybla, menzili Käbe. Şora şowa göz bilen garasaň, eklenjiňi elden gaňryp alýar. Duza garşy bar- lyşyksyz göreşmeli. Topragyň kebzesinde bolsa kätmen, pil oýnatmaly, arkasyndan azaly aýyrmaly däl. Selkildäp sagrysynda hemişe sergezdan heňini çalmaly. Ekmeli, bejermeli, ýetişen hasyly isrip etmän ýygnamaly. Sermaýanyň sandygy hyryn-dykyn dolmaly. Serişdäň egsilmeli däl. Ýöwselligi ýeňmeli. Zerurlyk ýeňşi ýakynlaşdyrýar. Kynçylyk üstünligi üpjün edýär. Erbet ýer ýok, ýöwsellik bar. Ol bolsa ýaltalygyň ýakyn ýarany. Ýaltalaryň ýanynda aşyk ýaly maýda zatlar agyr bolýar, köşek ýaly kölegeler baýyr ýaly belent görünýär. Ýer — mukaddes, ynsanlary ekleýär. Joşgun durmuş synagyndan aman-esen geçmek üçin şeýle pikirler edip kelle döwdi. Waraklanan kitaplar, köýdürilen ukular, sowadylan çaýly çäýnekler, maýyl eden maslahatlar soňy bilen sowgatly boldy. Gürleseň, gatbar-gatbar gep, sözleseň, soňsuz söhbet. Şor ýuwuldy. Gürrüňçilikde aýdýandyrlar: Bir algydar güýzde beren karzyny bergidardan sorapdyr. Ol: «Şor doňanda üzlü- şeris» diýipdir. Jokrama yssyda günüň gyzgyn howruna, epgegine döz gelme- dik şor doňýar. Ýüzi gaýmaklan ak şoruň gatbar-gatbar gaty bar. Şoruň ýeňil ak gatlaklary şakyrdap şemal ugruna saga-sola, ileri-gaýra, öňe-yza at salýar. Töwereginde okkesdirme geçýär. Ýamanyň ýedi ýere kesti ýeterleri boldy. Etek alty, ýeň ýedi töwerege çarp urunýan, ýüwürýän şor şelpeleri, tot-tozany ýeten ýerini özüne öwrüp barýar. Öwüsýän tarapyny ap-aklyga öwürýän ýeliň körügine gara keçe dykmaly. Pähim paýhasyny kalp kerseninde kemsiz ýugran Joşgun pikirini çugdamlady. Aň bilen kalp ylalaşygynda gazanylan üstünlikde üre bolmaýar. Bähbitli işde ökje ogurlamak dogup gelýän güne dodak çöwren ýaly gabahatlyk. Joşgun alnynda ýüzbe-ýüz oturan hyýaly özi bilen söýünçli söhbet guraýar. Keýpiň özi pajarlasa, kynçylygyň kebzesinde hoz döwüp bolýar. Toprak, ýer hazyna. Ýeriň ýüzüne urmak göni gelen rysgalyň temegini taýaklan ýaly aýyp zat. Kürekçiň erjel bolsa gaýygy läbikde-de sürüp bolýar. Kyrk çilläniň gerşinde ak duzly meýdanyň topragy gaýtadan ýuwuldy. Düzüminde zerre duz galmadyk toprak pamyk ýaly ýumşady, mahmal ýaly mylaýymlandy. Gaýtadan ýere ýene tagt suwy tutuldy. Az wagtdan soň taba gelen mele toprak böleklere bölündi. Sürmekiläp gawun ekildi, künji tohumy sepildi. Çişlenip ekilen kädiniň patdylladyp, ekilen garpyz gämikleri zemin guja- gyny doldurdy. «Ekeňden soň ýüz gün, ýüz günden soň üzgün» diýdirýän waharman gawuny töwerege gol ýaýratdy. Pazylyň arasyndan göktorly, sary wahar- manlar jykladylar. Başyna gören ýaly hatasyz gögeren künji bil boýa galyp, ekine saýa saldy. «Eýäm degrämde daýanyp dursa, köňül küýsän hasylyny eçilerin» diýýän toprak, «Eýýämiň niýetine görä nygmatymy gysganmaryn» diýýän ekin sahylyk suprasyny giňden ýazdy. Behişdi nygmatyň bir bölegi bazary bezedi, ýene bir parçasy kak, sök, ijan edildi. Bollukdan bazar ba- hasyny peselden önümler nyrhy elýetere getirdi. Künji ýygnalyp juwazda täzeden işlenip bejerildi. Mele topraga meňzeş elin ýag, mallaryň öler höregi künjara bazar bakgallarynyň dükanlarynyň söwdasyny şowlatdy. Datly nygmatlar gaýry ýerden getirilen ýaglary, künjarany gyra süýşürtdi. Bäsleşige ukyply, hil derejesi beýlekiler bilen deňeşdirilende tapawutly harytlar bazar rowaçlygynyň baş sütüni boldy. Oba hojalygynda bihuda geçýän gün ýok. Zynjyr halkalary ýaly sepleş- ýän günleriň aladalary haraküde. Bakja önümler ýygnanansoň toprak çuňňur şüdügärlendi. Ýeri özleşdirmek üçin it ýyly ekilen arpa doňuz ýylynda bol ha- syl berdi. Bugdaý — dokluk, arpa — saglyk. Şory synan toprak Joşgun bilen gadyrdan gardaş boldy. Aladalaryndan gysyr çybyn geçip bilmeýän sybyzgy dost boldy. Pişgeden gyldyrgany saýlaýan köplügiň synçy nazary ýaş ýigit Joşgundan sowa geçmedi. Ýagşy niýetiň netijesi apaly amallar bilen gurşaldy. Gawuny älem arzuwlaýar. Şu günki durmuş özüniňkini talap edýär. Talap tagtynda jaýlaşan rowaçlyk ýeňişli ýöreýşini ösüşli özgertmeler bilen dowam edýär. Derýa AŞYR. | |
|
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |