YLALAŞYK
Dükanyň gapysynda gysdyrylan “Güjükler satylýar” diýen ýazgy bu ýere gelen oglanjygyň ünsüni bada-bat özüne çekipdir. Ol dükanyň eýesinden: – Güjükleri näçeden satýaňyz? – diýip sorapdyr. Satyjy olaryň bahasynyň elli dollardan bärde bolmajakdygyny aýdyp, öz işine gümra bolupdyr. Oglanjyk jübüsini dörüp, birnäçe ownuk pullary çykarypdyr-da, lapykeçlik bilen satyja garap:
– Mende häzir diňe iki dollar we otuz ýedi sent bar, ýogsa-da olary görüp bolmazmyka? – diýipdir. Satyjy ýylgyryp, sykylyk atyp goýberipdir. Dükandaky it ketekden Ledi diýen it hem-de onuň yzyna düşübem bäş sany kiçijik tüýlek güjüjek gelipdir. Güjükleriň biri beýlekilerden has yza galyp gelipdir. Oglanjyk yza galyp gelen agsak güjüjegi eline alyp:
– Bu güjüge näme boldy? – diýip gyzyklanypdyr.
– Weterinar bu güjügiň ýanjyk bognunda şikes bardygyny, şonuň üçinem onuň indi mydama agsap gezjekdigini aýtdy.
– Onda men şu güjügi satyn aljak – diýip, oglanjyk özelenipdir.
Dükanyň satyjysy aljyrap:
– Eger-de, siz diňe şu güjügi satyn almak isleýän bolsaňyz, onda men ony saňa ýöne şeýle-de beräýerin – diýipdir. Oglanjyk dükanyň eýesiniň gözlerine göni garap:
– Ýok, maňa ony ýöne şeýle berip goýbermegiňizi islämok – diýip gaşlaryny çytypdyr. – Bu güjük beýleki güjükler näçe durýan bolsa, şonça baha durýar we men onuň doly bahasyny tölejek. Edil häzir men size iki dollar we otuz ýedi sent berýärin, galanyny bolsa, her aýda elli sentden töläp, ýuwaş-ýuwaşdan üzerin.
Dükanyň eýesi:
– Ýok, ýok. Bu güjük satyn alanyňa asla-da degmeýär. Ol hiç haçan beýleki itler ýaly seň bilen ylgap, böküp, oýnap bilmez – diýipdir.
Oglanjyk jogap hökmünde metaldan edilen gapjawaç berkidilen gyşyk çep aýagyny görkezmek üçin jalbarynyň aşagyny çermeýär. Soňra ol satyja garap:
– Ine seret, görşüň ýaly, menem ylgap bilemok, güjüjege-de kimdir biri düşünmeli bor ahyryn – diýip, gaýgyly ýylgyrypdyr.
Den KLARK, iñlis ýazyjysy.
Iňlis dilinden terjime eden: Merdan Annasähedow,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy.
Hekaýalar