01:58 Ylham derýasynda | |
YLHAM DERÝASYNDA
Goşgular
Köwsarlaýan duýgularmyň gomlary, Dynman itekleýär kenara sary. Ylham derýasyndan çykmajak bolup, Akymyň tersine kürekleýärin. Pikirlerim tolkun ýaly bulaşyk, Akyp barýan öz ugruma bulanyp. Bir ýandan harasat, Bir ýandan ýagyş, Ajy damjalardan öl-myžžyk ýürek. Bilmedim ne wagt çykarka Güneş. Ýeri şeýdip durmak nämäme gerek. Iş bitirjek bolýan, At aljak bolýan, Badymy saklaýar, bat aljak bolýan, Men ile gerekmi? Bolsam gerekli. Şeýdip öz-özümi gynap durşuma, Kürek sypyp gitdi. Maňa geregi. Sypsa sypsyn ýene düzederin men, we taryha altyn harply ýazyljak, Söz ederin men. Gerçeknazar AMANNAZAROW. | |
|
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Saçly gyzlar / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Toý güni ýazylan goşgy / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ylym kelamda / Goşgular - 23.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |