17:04 Ynsan mertebesi / hekaýa | |
YNSAN MERTEBESI
Hekaýalar
Bu günem adaty tomus günleri ýaly, asmanyň ýüzünde kir-kimir ýokdy. Gündogarda peýda bolup ugran şapak gitdigiçe gyzaryp ýokary galýardy. Mylaýym säher şemaly öwüsýärdi. Ir oýanmaga endik eden oba adamlary aýak üstündedi. Kim ekin meýdanyna barýardy, kim mal-garanyň aladasy bilen gümrady. Kolhoz bagyndan çykyp, gowaça meýdanynyň bir çetinden giren çal baş goja bu ýerlä meňzemeýärdi. Onuň häzir howlukman daş-töweregine ser salyp barşy hem iş aladasy bilen çykan adama däl-de, ertiriň açyk howasyndan dem almaga çykana çalym edýärdi. Oňa Nikolaý Iwanowiç Gorbunow diýýärdiler. Ol bu ýere ýörite toý çakylygy bilen öten agşam gelipdi. Bu obada uludan-kiçä onuň adyny eşitmedik ýogam bolsa, häzir obadaky ýaşulular bolaýmasa, öňünden çykanda-da ony tanajak adam ýokdy. Nikolaý Iwanowiç Gorbunow otuzynjy ýyllarda şu kolhozda işläpdi. Kolhozy gurmaga oba daýhanlaryna kömek beripdi. Ýöne onuň bu ýerde bolup görmänine indi tas kyrk ýyla ser urup barýardy. Ol töweregine nebsewürlik hem bilesigelijilik bileň syn edýärdi. Hemme zat tanalmaz ýaly özgeripdir. Hemişeki kibtini gysyşyp oturan garaja öýleriň, tamkepbeleriň ornuna tipli jaýlar peýda bolupdyr. Kolhoz obasy şähere meňzeýär. Bir wagtky eliň aýasy ýalyjak atyzlaryň ýerinde aňyrsyna-bärsine gözýetmez deňiz kimin tolkun atyp ýatan giň kartalar döräpdir. Bu ýerler şol öňki ýerler diýseň ynanar ýaly däl. Ýöne Nikolaý Iwanowiçiň nazary ahyry köneden galan bir alamat bilen sataşdy. Hanha, kesekleri äpet agajyň töňňesi ýaly geriş-geriş bolup duran köne galanyň harabaçylygy öňküsi ýaly dur. Şol harabaçylyk Sylap baý dagynyň iň soňky gaçypatalgasy bolupdy. Geçmişden galan bu ýadygärlik Nikolaý Iwanowiçiň gözüniň öňünde şol gowgaly günleriň wakalaryny janlandyrdy.Otuzynjy ýylyň ýanwar aýynyň başlarydy. Nikolaý Iwanowiç Moskwanyň Kazan wokzalynda öz Olýasy bilen hoşlaşyp, uzak ülkä — Türkmenistana tarap ýola düşüpdi. Partiýa ony kolhoz gurluşygyny amala aşyrmaga girişen türkmen daýhanlaryna kömek bermek üçin iberipdi. Hoşlaşyk pursatynda Olýa howsalaly nazaryny adamsyna dikip: – Ýat ýer, synpy duşmanlaryň arasy, gaty ägä bolgun – diýip sargapdy. – Zady gaýgy etme, Olýa jan. Ol ýerde hem öz dostlarymyz bardyr, hemme ýerde ähli sowet adamlary agzybirlik bilen täze durmuş gurýarlar. Biziň işimiziň ýeňjekdigine şübhe bolmaz. Ynha, baryp oňat ýerleşemsoň, seni hem öz ýanyma çagyraryn – diýip, Nikolaý Iwanowiç aýalyna göwünlik beripdi. Ol aýdyşy ýaly hem edipdi. Basym onuň yzyndan aýaly Olýa oguljygy Andrýuşany hem alyp gelipdi. Olar täze gurulýan kolhozyň başlygy Esenmyratlaryň maşgalasy bilen dogan ýaly bolup ýaşap başlapdylar. Esenmyradyň ogly Serdar bilen Andrýuşa bileje oýnasa, Esenmyradyň aýaly Orazsoltan bilen Olganyň iýeni aýry gidenokdy. Gorbunowlaryň maşgalasyny tutuş obanyň adamlary hormatlaýardy. Oba daýhanlary kolhoz gurmak hem onuň işlerini aýaga galdyrmak üçin gaýduwsyz zähmet çekýärdiler hem göreşýärdiler. Ýöne kolhozyň rowaçlanyp barmagy synpy duşmanlaryň gonjuna gor guýýardy. Olar kolhoz gurluşygyna päsgel berjek bolup guduz açan ýaly iş görýärdiler. Bu ýykgynçylykly işlere ýolbaşçylyk edýänem Sylap baý bilen Döwletmyrat ahundy. Olar kolhoz gurluşygyna diňe özleriniň guduz açan ýaly garşylyk görkezýändikleri bilen çäklenmän, sada daýhanlary hem ters ýola ündeýärdiler. Olary kolhoz gurluşygyndan çetleşdirýärdiler, kolhoza garşy göreşmäge mejbur edýärdiler. Synpy duşmanlaryň alyna gidýän sada adamlar bolsa ol wagtlar bir ýa-da iki däldi. Bütin ömrüni kolhozyň häzirki başlygy Esenmyrat bilen bile Sylap baýyň işiginde talabançylyk edip geçiren Gurban hem şeýle adamlaryň biridi. Oňa hakykaty düşündirjek bolup, ony kolhoza girmäge yrjak bolup Gorbunow bilen Esenmyrat ikisi näçe azap çekipdi. Emma Sylap baýdyr Döwletmyrat ahunyň aldawyna düşen Gurban olara düşünjegem bolanokdy. Munuňam öz sebäbi bardy. Öňler itde san bolsa-da, Gurbanda san ýokdy. Ýöne kolhoz gurluşygy başlandy welin, Sylap baýyň Gurbana bolan garaýşy üýtgedi duruberdi. Ol Gurbany ur-tut öýeren kişi boldy. Oňa öz ýeriniň bir çetinden ýer beren kişi boldy. Ony öz ogly ýaly görýändigini aýdyp, gözüni-başyny aýlady. Kolhozy bolsa onuň maşgalasyna, ýerine dawa edýän hökmünde düşündirdi. «Kolhoza girseň, bu ýeňi-ýoluklar aýalyňa şärik bolarlar, ýeriňi eliňden alarlar» diýip muşakgat baryny ýagdyrdy. Onsoň Esenmyrat hem Gorbunow ikisi Gurban bilen her gezek kolhoza girmek hakda gürrüň açanlarynda, olaryň paltasy daşa degdi. Bir gezek Esenmyrat Gorbunowyň ýanynda gara çyny bilen zeýrendi: – Nikolaý Iwanowiç, Gurban bilen bileje batrakçylyk etdik. Sylap baýyň sütemi etimizden geçip süňňümize ornapdy. Nädip şundan syparkak diýýärdik. Ynha indi şal arzuwly pursat geldi welin, Gurbana hiç düşündirip bolanok. Gaýta duşmanlaryň tarapynda boldy çykaýdy. «Siz dinden çykdyňyz, orslar bilen bolýaňyz, şolaryň diýenini edýäňiz» diýýä, Men-ä halys näme etjegimi bilýän däldirin. – Gyssanma, Gurban öz adamymyzdyr, bu gün düşünmese, ertir düşüner – diýip, Nikolaý Iwanowiç Esenmyrada göwünlik beripdi. – Ynha onuň bilen ikimiz bileje gürleşer göräýeris. Ýöne olaryň ikisiniň bile gürleşmegi hem netije bermändi. – Sen Sylap baýyň hajyk-hujugyna gitme. Ol seni aldap ýör. Sen näme oňa näbeletmi? Görýäň-ä biziň hemmämiz özüň ýaly adamlar. Beýdip ýörme-de, senem kolhoza gel – diýip, Esenmyrat janyndan syzdyryp aýtdy. Emma Gurban oňa teýeneli jogap berdi: – Bir wagtlar, Esenmyrat, senem Sylap baýyň atyny iýdip suwa ýakýardyň. Onuň hyzmatyny edip bilseň armanyň ýokdy. Bu günki gün bolsa dini başga orsa özüňi oýnadyp ýörsüň... – Dini başga bolsa-da, maksadymyz bir. Nikolaý bu ýere özi üçin bähbit arap däl-de, biz ýaly garyplara kömek bermek üçin gelipdir – diýip, Esenmyrat düşündirmäge çalyşdy. – Görýäň-ä kolhoz gurýanlar ikimiz ýaly garamaýak adamlar ahyry. Ýöne Gurban ýene ters ýoldan gopdy: – Men indi öňki Gurban däl. Öýli-işikli boldum, ýer edindim. Indi ýaňy agzym «aşa ýetip, ile goşulan badyma hem hemme zadymy orta goýup biljek däl. – Saňa nebsim agyrýar. Düşünersiň welin, giç düşünersiň – diýip, Esenmyrat gamly seslendi. – Seň maňa nebsiň agyrmasyn-da, özüňe nebsiň agyrsyn. Kolhoz gurduň, başlyk bolduň. Ýeri nämäň üýtgedi? Egin-eşigiňem-ä täzeläp bilmän ýörsüň. Gurban duşmanyň alyna gidip, öz aýagyndan palta salýandygyny, öz dostlarynyň garşysyna, hak işiň garşysyna göreşýändigini bilenokdy. Bu-da ony aýylganç wakanyň üstünden eltdi. Sylap baýyň öýünde maslahat gyzypdy. Döwletmyrat ahun başlyklaýyn bu gün ol ýerde Esenmyrat bilen Nikolaý orsdan dynmagyň maslahaty edilýärdi. Ertir Esenmyrat bilen Gorbunow ikisi raýon merkezine ýygnaga gitmelidi. Muny eşiden Sylap baý dagy şu pursatdan peýdalanmagy ýüreklerine düwdüler. – Bu işi hökman ýeňiýoluklaryň öz eli bilen etmeli. Derrew Gurbany çagyrt – diýip, Döwletmyrat ahun maslahat berdi. Gurban gelenden soň bolsa ol tory has daşdan aýlap gurup başlady: – Gurban, oglum, o tüki Nikolaý ors dagy azar bermän durýarmy? Bu wagt gapyňda bir sygryň bolsa-da, kulak diýiberýärler. Tüweleme, ynha, Allanyň nazar salmagy bilen, Sylap baýyň jomartlygy bilen senem uly döwletiň eýesi bolduň oturyberdiň. Seniň bu günüňe göriplik edýän ýeňiýoluklaryň her zatdan gaýtjak gumany ýokdur. Ahunyň pyrryldaga düşünmedik Gurban oňa arz edýän ýaly gürledi: – Ahun aga, ol orsa maňa zat diýenok. Diline düşünmejegimi bilýändir-dä. Ýöne, ynha şu Esenmyrady halys goýanok. Kolhoza gir diýýär. Meniň şujagaz günümi görüp bilmän, gözi çykaýjak bolýar. Ahunyň guşy uçdy. – Ana görýäňmi, oglum! – diýip, ol janygan kişi bolup düşündirmäge başlady. – Olar seniň günüňe göripçilik edýändirler. Seniň maljagazyňy, ýeriňi kolhoza goýdurjakdyrlar. Soňra bolsa aýalyňa dawa edip başlarlar. Ýöne sen ol Nikolaý orsuň sesini çykarman duranyna seretmegin. Ähli zada sapak berýän şol orsdur. Ahmal bolmagyn, gorkmasa, olar zorluk etmekdenem gaýtmaz. Olar bir azgyndyr. Namysyňy basgylamagy hem hiç zatça görmezler. Kelläm dikkä, olara namysymy basgylatman, ahun aga – diýip, Gurban eýýäm sesini sandyradyp gepledi. – Haý, berekella! – diýip, ahun onuň goltugyna garpyz gysdyrdy. Sylap baý hem şu ýerde ahunyň kakan çüýüni berçinledi: – Olar senden haçan näme etjekdiklerini soraşyp durmazlar. Soňa galsaň, işiň gaýtdygydyr. Şonuň üçinem öňürtmek gerek. – Haý, berekella, hak söz, akylly söz – diýip, Döwletmyrat ahun Sylap baýyň sözüni tassyklady-da, indi Gurbana öz bet niýetini aç-açan aýtdy: – Oglum, Gurban jan, ertir Esenmyrat talaban bilen Nikolaý ors şähere ýygnaga gidýärmiş. Olaryň ýoly gamyşly öwlüýäniň ýanyndan geçmeli. Şol öwlüýä hem olaryň iň soňky barjak ýeri bolmaly. Şol işi diňe saňa ynanýarys. Ýanyňa bir topar ýigit goşarys welin, sen olara baş bol. Ýöne, oglum, eden işiňde yz galmasyn. Juda beýle zada garaşmadyk Gurbanyň ýüzi ak tam boldy. – Ahun aga, bu nähili bolar? – diýip, ol sesini sandyradyp gürledi. – Esenmyrat bilen düz-emek bolduk. Onuň bir topar çagasy bar. Menem ony öldürsem nähili bolar?.. – Erteki gün Esenmyrat aýalyňy elinden alyp, ýeňiýoluklara ortaga goýsa nähili bolar? Akmak! Döwletmyrat Ahun bolsa Kurbanyň damagyny pagta bilen çaldy: – Oglum, sen hak iş edýänsiň. Sogap iş edýänsiň. Sen ol ors bilen dinden çykan Esenmyrat talabany öldürseň, jaýyň göni uçma bolar. Din üçin gan dökmek tüýs sogapdyr. Ahun agaň saňa erbet işi maslahat bermez, oglum. Sen Hudaýyň eradasyny berjaý edýäň. Onsoňam, sen ýeke däl, oglum, bu işde. Ynha meniň oglum Resul bilen Sylap baýyň ogly Amanam seniň ýanyňda bolar. Olaram seniň bilen bile başyny goýmaga taýyn. Hudaý, din orta düşensoň, bu zatlary gudratly ahunyň hut öz agzyndan eşidensoň, ýanynda hem Resul bilen Amanyň boljagyny bilensoň, Gurbana ylalaşaýmakdan başga alaç galmady. Ahun bilen Sylap baý daň bilen olara ak pata berip ýola saldy: – Baryň, alla ýaryňyz bolsun. Ýaraglaryňyz öwlüýäň gapdalyndaky ýylgynlykda gizlengidir. Esenmyrat bilen Gorbunowyň bu zatlardan habary ýokdy. Olar özara gürleşip, şähere tarap barýardylar. Olaryň ýoly goňşy «Kommuna» kolhozynyň ekin meýdanynyň üstünden geçýärdi. Olar kolhozyň ýerini sürýän traktoryň bir kem tapynyp işlemän duranyny görüp ýoldan sowuldylar. Traktoryň töwereginde birnäçe adam köwejekleşip ýörse-de, ondan baş çykaryp bilmänsoňlar, ellerinden gelýän zat ýokdy. Kolhozyň başlygy Nury Gorbunow bilen Esenmyrady begençli garşylady: - Nikolaý, edil Hydyr ata ýaly bolup ýetişäýdiň. Gaýrat edip kömek etmeseň boljak däl. Şuny bir ýola salman, ýygnaga-da gidip bilmän durşum şu. Gorbunow galmaly boldy. Olar: – Sen git-de, biziň birneme eglenmeli boljagymyzy aýt, traktory ýöreden badymyza bizem bararys – diýip, Esenmyrady ýola saldylar. Öwlüýäniň gabadyna ýetende duýdansyz çykan tüpeň sesi Esenmyrady atdan agdardy. Şobada hem üç göwre iň soňky demini sanap ýatan Esenmyradyň üstüne egildi. Biri tüpeň çenese, biri onuň kükregine pyçak diredi: – Deýýus, hany ýoldaşyň? Gurbana gözi düşen Esenmyrat Resulyň bu gazaply sowalyny eşitmedi ýa-da eşitse-de jogapsyz galdyr. Oňa jogap bermegiň deregine, Gurbana ýüzlendi: – Men ikimiz üçin, ikimiz ýaly garyp-pukaralar üçin göreşdim. Adamlaryň bagty üçin göreşdim. Sen bolsaň duşmanlaryň elindäki ýaraga öwrüldiň, dönük! Sen dönük! Düşünersiň welin, indi giç bolar... Gurban bu sözleriň manysyny seljermäge ýetişmedi. Resul bilen Aman ony jan beren Esenmyradyň ýanynda ýeke galdyryp, bu ýerden gitmek bilen boldular: – Biz oba sürdük. Sen şu ýerde gal-da, orsuň gelerine garaş. Geler welin, ony hem ýeke oka tabşyr. Olar şeýle diýip, köne jaryň içi bilen oba tarap at goýdular. Diňe ýeke taşlanyp gidilenden soň ol nähili gabahat iş edendigine düşünip galdy. Esenmyradyň soňky sözleri onuň gulagynyň agzynda top atylan ýaly bolup ýaňlandy. Emma boljak iş bolupdy. Indi giçdi... "Wah, akmak!" diýip, ol maňlaýyna ýumruklady-da, Esenmyradyň jesediniň gapdalynda aşak çökdi. – Aldawa düşüp gandar boldum. Öz jan ýaly dostuma ýarag çekdim. Ol meniň üçin göreşdi, men bolsam ony öz elim bilen öldürdim... Ol hak aýtdy. Men dönük!.. Ol aýylganç wakadan bäri tas kyrk ýyl wagt geçenem bolsa, Nikolaý Iwanowiçe ol dek düýnüň özünde bolup geçen ýaly göründi. Ol agyr ýüküň astynda galan ýaly, kynlyk bilen dem aldy. Häzir ol hemme zady unudypdy. Bu gün Esenmyradyň agtygynyň, onuň ady dakylan agtygy Esenmyradyň toýuna gelendigi hem häzir onuň ýadyndan çykypdy. Ol toý ýerinde eýýäm özüne sabyrsyzlyk bilen garaşylýanlygyndanam bihabardy. Bütin durky bilen ýatlamalar dünýäsine çümüp giden Nikolaý Iwanowiç: – Nikolaý aga, size toý ýerinde garaşýarlar – diýen sese tisginip gitdi. Şol sesem ony köne gowgaly günleriň penjesinden dartyp alyp, täze parahat hem bagtly günleriň gujagyna oklady. Ol maňlaýynyň derini syldy-da, ynamly gadam urdy: – Baraýarys garaşýan bolsalar. Esenmyradyň toýunyň kemini goýmarys. Baýramgeldi AÝDOGDYÝEW. | |
|
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |