14:12 Ýok, ýok | |
ÝOK, ÝOK
Goşgular
Daň bilen oýandy gözleri humar, Diýdim: serhoşmysyň? Söýledi: ýok, ýok. Ak gollary bogun-bogun, hynaly, Diýdim: Baýrammydyr? Söýledi: ýok, ýok. Diýdim: hünji näme? Diýdi: dişimdir, Diýdim: galam näme? Diýdi: gaşymdyr, Diýdim: on bäş näme? Diýdi: ýaşymdyr, Diýdim: ýene barmy? Söýledi: ýok, ýok. Diýdim: derman hany? Diýdi: egnimde, Diýdim: günäň barmy? Diýdi: boýnumda, Diýdim: gülä mämäler? Diýdi: goýnumda, Diýdim: ber agzyma! Söýledi: ýok, ýok. Diýdim: pişäň näme? Diýdi: zulumdyr, Diýdim: zulum näme? Diýdi: Ölümdir. Diýdim: Emrah kimdir? Diýdi: gulumdyr, Diýdim: satyrmysyň? Söýledi: ýok, ýok. • AL DIÝDI Bir gün bir gözele duçar geldim men, Biri gelme diýdi, biri gel diýdi. Diýdim jany gurban size aşygyň, Biri bolma diýdi, biri bol diýdi. Biri Suwhanberdir, birisi Äşe, Birisi Nergizdir, biri Benewşe, Biri diýdi: gel salalyň ataşa, Biri salma diýdi, biri sal diýdi. Pakyr Emrah diýer: munda galsadym, Bu agyr derdime derman bolsadym, Her ýaňakdan bir jüp posa alsadym, Biri alma diýdi, biri al diýdi. • YNJAÝAR Bir näzenin maňa gel sen-sen diýdi, Gelmesem ynjaýar, gelsem ynjaýar. Ol näzik biline bir jüp golumy, Salmasam ynjaýar, salsam ynjaýar. Gaşyna çekilen gudart galamy, Dilinden dökülýär söýgi kelamy, Müň näz bilen gelip berýär salamy, Almasam ynjaýar, alsam ynjaýar. Ýene-de görünýär ýaryň telleri, Başymyzdan öwüsýär söwda ýelleri, Açylan bagynda gunça gülleri, Ýolmasam ynjaýar, ýolsam ynjaýar. Ozal başdan bäri söýýärin ony, Yşkynyň ataşy ýandyrdy meni, Emrah, öz goýnuna şeýle juwany, Salmasam ynjaýar, salsam ynjaýar. Emrah JÖWHERI. Terjime eden O.GADAMOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1958 ý. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |