09:16 Ýol | |
ÝOL
Goşgular
Ýürek gürsüldisi, ýoluñ höwesi, Dünýäniñ bar ýolun gezesim gelýär. Gijelerde ýalñyz galan gözümi, Gündizlere çatyp ezesim gelýär. Göýä müñ ýyl, belki, ondanam garry, Läbik deü ýabanda gizlenip galan. Alas-gopas bolup bagtsyz ýyllar, Ýetmän deñizlerden saýlanyp galan. Toz bilen doldurdy ýüzüm herze ýel, Oýnumy oýnatman erkim aldyrdy. Sygyryp söýgini kösäýin diýsem, Uçuklan söýgüden el çek diýdiler. Jeññeliñ düýbünde ýeke çynar men, Güneşiñ batyşyn-dogşun göremok. Ýagyş iññildisi gulagma ilse, Mähirli damjasy ýüzüm öpenok. Sadalykdan irdi çylşyrym göwnüm, Aý ýalkymyn paýlap berimli boldy. Ynsanlygyñ saýla, eger başarsañ, Gyrmyldap kä ylga bu uzak ýolda. Jadyly ellerim topraga siñer, Çydamly baldak deý gögere, şindi. Ak guş ýaly uçar, çümer asmana, How enäñ balasy gam bolma, indi. Akbibi BESIM. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |