16:33

Ýol görkeziji

Просмотров: 396 | Добавил: mango | Теги: Ýan Rybowiç | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 mango  
651
Дорожный указатель

Я – дорожный указатель.
Указатель не может пуститься в путь,
указанный им самим.
Если я уйду,
кто покажет дорогу тем, кто придёт, –
юным, новым?
Много раз меня пытались развернуть,
чтоб я указал ложный путь.
Но я – как подсолнух.
Всегда смотрю в одну сторону
– в солнце.

8 октября 1985

0
2 mango  
651
Bu-da Ýowşan kakadan.

UGUR GÖRKEZIJI

Men bir ýol belgisi,
ugur görkezýän
hemem galýan şol bir duran ýerimde.
Ýagyş ýa gar, tozan tursun, serimde
diñe ýol görkezmek,
gidip bilmeýän
öz görkezen ýolum bilen haýdaşlap,
durun güýzi güýzläp, gyşlary gyşlap.
Ýele-güne solýan hemem gülmeýän.
– Eger gitsem, kim görkezer ýaş-ýeleñ,
täze gelenlere ýoly-ýodany? –
diýýän hemem oñýan gultunyp galyp,
a özgeler başa çekýär badany.
Dyzynyp geldiler üstüme köp aý,
öwürtjek boldular ýüzümi terse.
Birnäçesi bolan boldy hoşamaý,
käsi gele-gelmän küpäme berse.
Görketjek boldular hol başga ýoly,
gelen dönüp gider ýaly yrgyllap.
Ýöne, menem günebakar mysaly,
hergiz diñe bir tarapa yrylýan,
has dogrusy, diñe bakýaryn Güne,
nirä öwürseler, aýlanyp ýene!

0
3 Revo  
484
UGUR GÖRKEZIJI

Men bir ýol belgisi,
ugur görkezýän
hemem galýan şol bir duran ýerimde.
Ýagyşýa gar, tozan tursun, serimde
diñe ýol görkezmek,
gidip bilmeýän
öz görkezen ýolum bilen haýdaşlap,
durun güýzi güýzläp, gyşlary gyşlap.
Ýele-güne solýan hemem gülmeýän.
-- Eger gitsem, kim görkezer ýaş-eleñ,
täze gelenlere ýoly-ýodany? --
diýýän hemem oñýan gultunyp galyp,
a özgeler başa çekýär badany.
Dyzynyp geldiler üstüme köp aý,
öwürtjek boldular ýüzümi terse.
Birnäçesi bolan boldy hoşamaý,
käsi gele-gelmän küpäme berse.
Görketjek boldular hol başga ýoly,
gelen dönüp gider ýaly yrgyllap.
Ýöne menem günebakar mysaly,
hergiz diñe bir tarapa yrylýan,
has dogrusy, diñe bakýaryn Güne,
nirä öwürseler, aýlanyp ýene!

Ýan RYBOWIÇ.

Terjime eden: Ýоwşan АNNAGURBАN,
Bergen, 2000.

0
4 Trigger  
643
Goşgyny terjime etmegiň üç ýoly bar. Birinji ýola öwrenje terjimeçiler eýerýär. Olar, köplenç, terjime edýän şahyrlaryna mahsus bolmadyk ölçegden, rifmalaryň düzüminden, öz sözlüklerinden peýdalanýarlar. Terjime edýän goşgularyny öz isleglerine görä gysgaldýarlar ýa-da uzaldýarlar.
Ikinji ýola eýerýän terjimeçiler hem başdakylardan känbir tapawutlananok. Olar diňe öz hereketlerini delile getirjek bolýarlar. Mysal üçin, olar: «Eger terjime edilýän şahyr rusça ýazan bolsa, edil meniňki ýaly ýazardy» diýýärler. Bu tär, esasanam, ХVIII asyrda ýörgünli bolupdyr. ХIХ asyrda bu tär inkär edildi. Ýöne onuň täsiri şu günler hem duýulýar. Üçünji ýola, ýagny, iň kyn ýola eýerýänler terjime edýän goşgularynyň daş keşbini bolşy­bolşy ýaly saklamaga ymtylýarlar. Geliň, şol terjimeçileriň göz öňünde tutýan zatlaryny anyklamaga synanyşalyň.

dowamyny şu ýerden okap bilersiniz
http://kitapcy.com/news/2020-01-26-10310

0
5 Revo  
484
Bagyşlarsyňyz, Ýowşan aganyň terjimesini teswirde paýlaşanymda teswirde ýazylan zatlara üns bermändirin...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]