Durmuş keýpli – söhbet etseň her kim bilen, ýa-da galsaň täk başyňa. Durmuş keýpli – serhoş wagtyň, sersag wagtyňam şeýle. Ýaman däl – bolsa zenan ýanyňda, ýöne, keýpiňe-de sogan dograma olaryň hiç biri saňa bakmasa. Nähili keýp – kitap ýazmak. Ýöne, bir gezek keýpden çykdym, sahypa yzyna sahypa golýazmamy otda ýakyp, belki-de ol romanym erbedem däldir beýle. Ähli zatda ýaşaýyşa höwes bar. Kim aýdypdyr, pulsuzlyk – gam-gussalyk diýip? Ýaşaýyşa höwes bar: ölüme höküm edileniň kamerasynda, ýas ýerinde, hem meýhanada – bu anyk belli. Ine, bir gün peýda boldy ýaşamak keýpi ölüm ýassygynda ýatan kişiň gaşynda, görmändi ol bende ýeter-ýetmez ömründe ýeke pursat şatlygy.
Радость жизни рождается в общении с другим человеком и в полном одиночестве. Радость жизни даёт алкоголь и абсолютная трезвость. Женщина рядом – это неплохо, но сумей жить в радости, когда ни одна на тебя взглянуть не хочет. Писать книги – ах, какая радость. Но однажды я был счастлив, сжигая в печке страница за страницей рукопись романа, который – пожалуй – мог оказаться неплох. Радость жизни есть во всём. Кто сказал, что полное безденежье это непременно отчаяние и тоска? Радость жизни есть в камере смертника, в доме скорби и в грязной пивной, я это знаю. Однажды она явилась на смертном одре человеку, который за всё своё долгое прозябание не пережил и минуты радости.
(Прошу вас, ещё раз прочтите внимательно эти стихи).
Dogry. Başarsaň Allaň ýaradan dünýäsinde, Allaň beren ömrüniň her pursadynda-da mümkin boldugyndan öz göwnüňi özüň galkdyrmaga çalşyp ýaşamaly-da. Içiň-bagryňy ýakyp, her geldi-geçer makawlara gazaba müneniň bilenem, öz-özüňi ýere sokup gynananyň bilenem, barybir geçip gidýär.
Bu dünýä göýä kerwensaraýdyr, Gelen-geçip, gonan-göçüp baradyr...
Ejiz menem Senden başga kimim bar, Öz ýaradan janyňa jebir etme, eý Jepbar...
bir polýak bar eken, göreni görgi, edeni bergi eken. "beýle ýaşanyňdan-a öleniňem gowy" diýip pikir edýän eken.
ýigrendigem baý adamlar eken. bir gün bir şahyryň goşgusyny okapdyr.
Kemine diýr, geler bir gün şum ölüm, - Kimsäge - toý-baýram, kimsäge - zulum
içinden baýlara "sizjagazlar duruň bakaly. hemmämiziň soňumyz belli. ölüm siz üçin şumdur. meň üçin halasgär. ölüm siz üçin zulum ýalydyr, emma meň üçin toý-baýram"
ahyry garrap ajal ýakasynda ebşitläpdir welin, gözüne ýaşaýyş gaty uly bagt bolup görnüp başlapdyr.
Asyl pikir edip otursa Durşy bilen keýp eken Şu ajaldan gutulsa Başdan başlajak eken ...Olam lezzet alypdyr Dostlary bilen otranda Iňbolmanda saýtda Gaýbanasyna söhbetde... Käte ýowuz ýekelik Basmarlajak bolupdyr. Ýöne ol ýekelikden Aýry lezzet alypdyr Kä içip, käte guçup lezzet alypdyr
Gije, ýeke, ne içere zat bar ne guçara Ne puly bar alara ne geçýär ol karyza Kitap ýazypdyr oturyp, görse – bulam ajaýyp keýip ýazanny okap görse.. ýazanňy ýakmak keýp eken ýazmakdan beter Erbedem däldir belki @myhmanyňkydan beter Asyl keýp eken gam-gussada Ýaşasy gelýä munda Türmedäki tussagda Ýasam şatlyk ekeni (toýy özüň pikir et) Başyňa näme gelse Diriligiňe şükür et
Wah, şu ajalda gutulsa Ýene bir puryja berilse Ünsli ýaşakak eken Wah, ol bagtyýatan
bu bir ýöne degişme, mundan-a goşgy bolmaz, mendenem şahyr :-) ýazan kommendiňi pozmagy öwretsene. men muny jogap diýip ýazdym welin, ýazýançam sorag ýitipdir. şeýle goýlan ýaly boldy.
Ýan welin çözüpdir, terjimede gowy.
şu Ýan her goşgusynyň soňunda iki setirjik diýip galýa welin, şol polýak edebiýatyna bamyka ýa diňe Ýana mahsusmyka? haýsynda bolsa-da şony aýratyn haladym.