Ony kowmak üçin bolsa kömek soradym, öz arwahymdan.
bizde bir ynanç bar. her kimiň bir jyn ýollaşy barmyş diýip (men ynanamok). şoňüçinem "jynym atlandy", "jynymyz jyňkyryşdy", "jynym alanok" ýaly sözler döräpdir.
arwah bilen jynam bir manyda ulanýas (arwah - ruhlar diýmekmiş). şonda-da
Ony kowmak üçin bolsa kömek soradym, öz jynymdan.
diýseň (gazet dilinde aýtsaň :-)) has maksada laýyk bolaýjak ýaly.
Agzymdan gelenini ýüzüne diýdim. Depesinden gargyş baryn ýagdyrdym. Hern-ä, el galdyryp ýençmedim ony. ("Bu meň bagtyma" artykmaç. Hern-ä ýerini doldurýar.)
Şabyrdap geçensoň öýlänçi ýagyş, aklyma durlandy: ony kiçeltmegi, ýa ynjytmagy islemändim men.
kalbyna ýerleşen zalym arwahy, kowmakçy boldum. (dogrusy, başardym bu agyr işi).
Ony kowmak üçin ("bolsa" ýokarky bendi bozýar) kömek soradym, öz arwahymdan.
....
Başyny şeýtsek näder? Sinonimlaýyn terjime edilen ýerleri gowy. Ýöne prozalaç terjime edilensoň, akybilmän dur.
Sadakaly ýerinden soň, Ýan Rybowyç däl-de, Janmyrat Rugabyçy bolupdyr. :) Hiç neneň däl. Türkmençeleşdirilen terjimeler bir goşgudan iki goşgy ýasaýar. Asyl ähli terjimeler şeýleräk. Şonçün Brodsky ýaly başga bilýän diliňe goşgyň awtory hökmünde özüň terjime edäýmeseň.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]