Agam, siz şahyr-ow! siz goşgyňam, şahyryňam pulsuny duýýaňyz! Belki-de indiden aňryk öz şahsy döredijiligiňizden , ajaýyp goşgularyňyzdan goýup başlarsyňyz?!
dogry, ikinji bogunda uzyn aýdylsa ü däl-de i ýazmaly. bolmasa birine "sen şeýtginiň" diýen ýaly bolýa. harp ýalňyşam her kim goýberip biler.
ýöne
söýgiň ýa söýginiň ýazmalydygy biraz jedele açyk mesele.
ses bermeli bolsa men birinjä (söýgiň) ses bererdim. beýlekinem ýalňyş hasaplamok. dogry, geplenende (öz şiwämizde) ikinji ulanylanok. ýöne biz asylam ýazylyşy ýaly geplemeýäris. gepleşimiz ýaly ýazjak bolsaň, ilki bilen, häzirki zaman goşulmasynyň r harpyny aýraýmaly.
- Ýakýaryn bilen söze başlamak goşgyň akgynlygyna birneme böwet bolýar. - Oduň ýerine alaw diýseň jaýdar bolar. Goşgy ýary gijäň romantikasy. Ot protest, alaw yşky... - Ýokarky bölegi döwüp täzeden düzmeli öz-ä.