18:51 Ýolbars / bolan waka | |
ÝOLBARS
Hekaýalar
Çagalyk ýyllarymyzda oba — babamlara ýygy-ýygydan gezelenje giderdik. Oba barsaňam, her günüň başdan geçirmesiz bolanok. Şolaryň arasynda daýym Amangylyjyň Ýolbars atly iti bilen bagly ýatlamalar meniň üçin has-da ýakymly. Ýolbars tüýs tohum alabaý itleriniň neslindendigi bildirip duran, iri, göreniňde gözüňi dokundyrýan, şol jelegaýlarda adygan itdi. Ýolbars, köplenç, babam dagynyň ýanynda, çopan goşunda bolardy. Käwagt babam bir iş bilen oba gelip eglenmeli bolanda, yzyny alada etse-de: «Aý, oglanlaryň ýanynda Ýolbars bar, barýançam gaýrat ederler» diýerdi. Bu onuň öz wepaly itine bil baglaýandygynyň alamatydy. Köplenç, türkmende it ýa-da at bilen baglanyşykly: «Bu maşgalamyzyň bir agzasy ýaly bolup gidipdir» diýläýmesi bar. Men Ýolbarsyň şol aýdylanlary, hakykatdan hem, subut edişine telim gezek şaýat bolupdym. Bir gezek daýym, näme sebäpdendigi ýadyma düşenok, Ýolbarsa gatyrak haýbat atyp gygyrdy. Şonda Ýolbarsyň çaga ýaly öýkeleýşini görüp, diýseň haýran galypdym. Ol özüne degişli işleri öňküleri ýaly kemini goýman edip ýörse-de, birhili, ýüzüni sallaýardy. Keýpi ýokdy. Ýal bilenem ugry bolmady. Muny görüp, özüm-ä ol bir dert tapynandyr öýtdüm. Ýöne daýym welin ähli zady aňyp ýören eken. Ol meň alada edip ýörşümi görüp ýylgyrdy-da: «Ol menden öýkeläp ýör, şonuň üçin keýpi ýok. Ýöne, goý, ol biraz ýalňyşyna, eden işiniň tersdigine düşünsin, soň oň öýkesini ýazaryn» diýdi. Aýdyşy ýaly hem boldy. Daýym şol günüň ertesi ýalaga seretjegem bolman, keýpsiz ýatan Ýolbarsyň arkasyny sypalap: «Hany, Barsym, goý indi öýkelemäňi» diýensoň, ol açyldy gidiberdi. Daýymyň goşun gullugyna gitmegi bilen Ýolbars göz-görtele özgerdi duruberdi. Babamyň hormatly dynç alşa çykyp, çopan goşundan gaýtmagy hem daýymyň gulluga gitmegi bilen gabat geldi. Indi Ýolbars hemişe obada bolmaly bolýardy. Ynsan ýaly duýgur itiň öňküliginiň ýokdugyny, onuň oba sygmajagyny bilip, Ýolbarsy wagtlaýynça öňki işlän çopan goşuna berip goýberdi. Ýöne onuň ol ýerdede kän bir ugry bolmandyr. Babamyň: «Aý, birbada Hallyny göresi gelip, ýüregi gysýandyr, kem-kem öwrenişerle» diýmesi-de ýalňyş çykdy. Ol goşy goramakda kemsiz hyzmat etse-de, şol bir tutuklygydy. Garaz, çopanlar ahyrsoňy bu ýagdaýa bolaýmaly zat hökmünde öwrenişip gitdiler. Şeýdip birki ýyl geçýär. Bir gün çopanlar sürini goşa getirip, ýaňy bir çaý başyna geçýärler welin, Ýolbars birdenkä ýüzüni oba tarapa tutduryp gaýdyberýär. Bu ýagdaýa çopan-çoluklar birhili bolýarlar. Olar töweregi aýlanyp çykýarlar, ýöne itden uç tapmaýarlar. «Aý, bir zat aňandyr, geler-le» diýip, şunça garaşsalaram, ol gara bermeýär. Ýolbars diňe garaňky gatlyşanda yzyna dolanýar. Özi-de onuň öňküligi dälmişin. Itiň şähdiniň açylandygyndan çopanlar bir üýtgeşikligiň bolandygyny aňýarlar. Ýagdaýyň sebäbi diňe ertesi irden, çopan goşuna daýym Hallynyň gelmegi bilen äşgär bolýar. Görlüp oturylsa, Ýolbars daýymyň goşun gullugyndan gelendigini it duýgurlygy bilen aňypdyr-da, begenjinden şol taýdan oba tarap eňäýipdir. Barybam, edil ynsan ýaly, çyn dost kimin, daýym bilen görşüp, ýene-de borjuny ýerine ýetirmäge yzyna — goşa gaýdýar. Daýym şol gün Ýolbarsy oba alyp gaýdýar. Şeýdip, çyn dostluk ilki obada, soňam ýene-de babamyň tutuş ömrüni geçiren ýerinde — sähralykda, çopan goşunda dowam edýär. Resulmyrat ÇARYMYRADOW, Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |