21:25 Yrym / ýumoreska | |
YRYM
Satiriki hekaýalar
Betbagt gara pişik hakyndaky meşhur aýdymy bilmeýän barmyka? Golaýda şol aýdymy ýatlamak maña-da miýesser etdi. Öz işleýän mähriban fabrigimiñ derwezesinden çykyp, maşyny saga buranymam şoldy welin, ine, saña! Niredendir bir ýerden nälet siñen gara pişik zompa çykdy-da, köçeden ýolumy kesip geçdi. Dogry, aralyk eslije bar. Herhal ýüregim etmedi. Maşynymy togtadanymy özümem duýmandyryn. Yryma ynansañ kyn-da! Kimdir biri özümden öñürti geçäýer öýdüp, ýedi ýoluñ üstünde eslije gazarylyp durdum. Teý geçýän ýok. Gaharyma hyrçynymy dişläp otyrkam ýanyma milisioner geläýmezmi?! Ol menden sorady: - Ýoldaş sürüji, näme, maşynyñyz näsazlyk tapaýdymy? - Aý, ýok-la! - diýip, men göwnüme gelenini aýdyp goýberdim. - Be... Miliosioner maña şübhe bilen äñetdi-de, maşynymyñ basgançagyna münüp, onuñ nowasyna göz aýlady. Haý, içine jöwen düşmüş! Nowadays on-on bäş sany tagta ýatyrdy ahyry. Ýap-ýañyja fabrigimizden çilipdim. Goñşym daça salynýardy-da, şoña alyp barşymdy... - Hany, dokumentleññizi görkeziñ! - diýip, milisioner resmi ýagdaýa geçdi. ...Ine, şundan soñ yryma ynanmanam bir gör-dä! Mihas SLIWA, Belorussiýa SSR-i. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |