00:41 Ysraýyl - jöhitler üçin howp | |
YSRAÝYL - JÖHITLER ÜÇIN HOWP
Publisistika
Sionizm döwletiñ sistematiki ýalanyna esaslanýan, doly ýigrenji aparteid režimine ýol arçamak bilen, eýýämden Ysraýylyñ we jöhit halkynyñ garşysyna dikilýär. Surat: Awiwi Aharon "Jöhit hökmünde Ysraýylyñ indu meniñ durmuşymy howp astyna iterýändigine ynanýaryn. Çünki ol maña garşy gahar-gazaby, ýigrenji öjükdirýär we dünýä boýunça antisemitizm oduny tutaşdyrýar". Bu sözleri Roni Braumana degişli. Gös-göni sionistleriñ neberesinden gelip çykan, palestinalylaryñ başdan geçirýän tragediýalary bilen ýüregi lerzana gelen we birdenkä ynanýan hemme zadynyñ toslama hekaýatlardygyna düşünen adam bilen gabatlaşýarys. Brauman 2023-nji ýylyñ 7-nji oktýabr teraktyndan soñ "jöhitleri goramak maksady bilen taýýarlanan sionistik maksatnamanyñ doly şowsuzlyga uçrandygyny we yza tesendigini" nygtapdy. Roni Brauman Garaşsyz lukmanlar bileleşiginiñ öñki başlygy Braumanyñ ene-atalary sionist. Onuñ kakasy Ikinji jahan urşy ýyllarynda esgerdi we Orta Ýewropadan gaçan jöhitleri palestinalylara garşy söweşmäge ugratmazdan öñ Fransiýada harby türgenleşikden geçirdi. Nekbe ýylynda Ysraýyl döwletiniñ gurulmagyna gatnaşmak üçin Palestina geldi. Roni Brauman ine şular ýaly atmosferada Ierusalimde doguldy. Ol palestin halky hakda edilýän çykyşlaryñ elmydama boş şygarlardan ybaratdygyna ynanýardy. Sebäp araplaryñ ýigrimi sany ýurdy we kän ýerleri bardy. Käbir adamlary bir sebitden başga bir sebite daşamak nähili gynançly we gorkunç ýagdaýa öwrülýär duruberýär. Kiçijik çagalaryñ ysraýyl esgerlerine daş zyñyp nägilelik bildirişlerini görmek üçin 1987-nji ýyldaky Palestin Intifadasyna garaşmalydy. Palestina üçin ölýärdi, sebäp olaryñ hakykatdanam bardygyna, bu ýerlerde hak dawalarynyñ we hak-hukuklarynyñ bardygyna ynandyrmagyñ hatyrasyna. Ýeke pursatda gözümiñ öñündäki perdeler ýyrtyldy... Bäş ýaşyndaka maşgalasy bilen birlikde Fransiýa gelen Braumanyñ liberal meýilleri bardy - Wýetnamy goldady, protest demonstrasiýalaryna gatnaşdy, yzyndan adamzada hyzmat etme yşky bilen medisina pudagynda hünärmenleşdi. Ýöne otuz ýaşaýança Palestina onuñ pikir edýän ýa-da üns berýän zady däldi. Kakasynyñ oña aýdyşy ýaly, üstün çykanyñ ahyrynda özünkini dogry edýän adamdygy ynanjy bilen ýetişdirilipdi. Ysraýyl şonsuzam 1948-nji ýylda we yzyndan 1967-nji ýylda üstün çykypdy. Pozisiýasy kesgitlenen, özünki dogry edilen we indi onuñ soraglaryny gozgamaýardy. Brauman işleýän ugry boýunça dünýäniñ çar künjüni gezdi, emma ýurduna baryp görmegi hiç pikirine getirmedi. Brauman sionizmden ýañy dänen biri däl, ýöne Gaza gyrgynçylyklarynyñ dünýädäki köp sanly jöhide, aýratynam özlerinden gizlenen hakykatlaryñ üstüniñ açylmagyndan söz açýan ýaşlara ýetirýän täsirine düşünmek üçin mysal alarlyk waka. Her möhüm wakadan soñ bularyñ artýandygyny görýäris. Munuñ özi soñky ýyllarda ysraýyl ekstremistik sag gatlagynyñ çaltlyk bilen ösüşini we lerzana salyjy nutuklary bilen orta çykmaga başlan trend. Ysraýyl jemgyýeti boýunça tejribeli hünärmen, "Courrier international" we yzyndan "Le Monde" gazetlerinde işlän žurnalist Silwen Sipel "Jöhitlere garşy Ysraýyl döwleti" atly kitabyny iki ýyl mundan öñ çap etdirende prowokasion makdsatly ýaly bolup görünýärdi. Ol Ysraýyla garşy berk aýyplama sanawyny taýýarlapdy. Sipel indi iki jöhitligiñ bir ýerde jemlenendigine ynanýar: Birinjisi Ysraýylyñ jöhitligi, onuñ täsirli we güýçli daşarky hemaýatkärleri. Ikinjisi bilsa biri-biriniñ yzyndan tirkeş gurap gelip-geçip duran ysraýyl hökümetleriniñ işine, milletparazçylygyna we eksplutatorlygyna iñ ownuk tankydy belligi etmäge synanyşýan hemmeleri öz içine alýan "erbet jöhitler". Ýewa Illuz Fransuz-ysraýyl sosiology Ýewa Illuz şol sebäpden agressiýanyñ we basyşyñ palestinalylary we resmi propogandadan iren her bir jöhidi täsiri astyna alandygyny aýdýar. Ysraýyl kyrk ýyl bäri milletparazçylykly elstremistik sagyñ ýarany "Likud" partiýasy tarapyndan dolandyrylýar. Illuz, bu ýagdaýy şeýle suratlandyrýar: Ysraýyl jemgyýetiniñ bu (jenaýatlar we öz janyña kast etmeler babatdaky) ösüşiniñ garşysyndaky tankydy düşünjesi ysmaza sezewar bolana meñzeýär. Häkimiýetdäkiler "Holokostyñ" yzlaryny tankyt etmäge synanyşanlary ýanamak üçun ulanýar. Silwen Sipel Jöhit ýazyjysy Sipel palestinalylary deportasiýa etmäge çagyrýan edara-guramalary goldamak maksady bilen döredilen ýarag ammarynyñ bardygyny aýdýar. Jöhitdigine garamazdan boýkot goldawçylaryna Ysraýylyñ ýaran ýurtlaryna çenli uzaýan gadagançylyk girizilýär. Adam hukuklary guramalarynyñ eger maliýe üpjünçiligi Ysraýyl tarapyndan ýola goýulmadyk bolsa, "daşary ýurtly jansyzlar" hökmünde hasaba alynmagy hökmany edilýär. Ysraýyl parlamenti (Knesset) döredijilik işgärleriniñ döwlete garşy haýsydyr bir tankydy belligini etmeginiñ öñüni almak maksady bilen "Medeni wepalylyk" kanunyny kabul etdi. Şeýle-de, tabşyrylan ýumuşy ýerine ýetiren wagtynda jenaýat edýändigine şübhe bildirilen haýsydyr bir esgere ýa-da ysraýyl howpsyzlyk gulluklarynyñ işgärine eldegrilmesizligi kepillendirýän maksatnamanyñ üstünde işlenýär. Kitabyñ awtorynyñ "Palestinalylary kowalamaga we öldürmäge rugsat" hökmünde görän zady-da şu. Islendik jöhidiñ Ysraýylda ýaşamaga hukugynyñ bardygyny, Ysraýylyñ öz ýeridigini, emma ýurduñ palestinaly ýaşaýjylara gadagandygyny göz öñüne tutýan "Jöhit bitewi döwleti" kanunynyñ kabul edilendigini-da ýatdan çykarmalyñ. Şeýlelikde, aparteid režimi inkär edip bolmajak açyk ýuridiki hakykata öwrüldi. Ekstremistik tarapdarlaryñ artýan täsiri we has erbediniñ geljekdiginiñ görnüp durandygy müñlerçe ysraýyllyny göçüp gitmäge iterdi. Özlerinden müñlerçe kilometr daşlykdaky hökümetiñ amala aşyrýan howpy duýýan daşary ýurtlardaky käbir jöhitleriñ ýüregine gorky indi. Birnäçe gün öñ geçirilen pikir soralşyk ABŞ-da ýaş jöhit saýlawçylaryñ ýarsyna golaýynyñ Baýdeniñ Ysraýyly çakdanaşa goldaýandygyny pikir edýändigini görkezdi. Emma goja saýlawçylar üçin ýagdaý beýle däl. Iñ esasysy-da amerikan jöhitleriniñ arasynda antisemitizm babatda howsala artýar. Eýýäm bularyñ 96%-i muña ABŞ-da düýpli problemalaryñ biri hökmünde baha berdi. Ýaşlar bolsa antisemitizmden gorkuşlary ýaly öz ýurtlarynda islamofobiýanyñ ýaýramagyndanam gorkýarlar. Bulam jogapkärçiligiñ milletlarazlygyñ her dürlüsini öz içine alýandygyny añladýar. Amerikan jöhitleriniñ 91%-i sesleriniñ basyrylyp ýatyrylmagyny we Ysraýyly tankyt etmegiñ gadagan edilmegini ret edýär. Bu, Sipeliñ "Amerikan jöhit jemagatynyñ özfniñ jöhit döwletinden aýrylaşýandygy we başga ähtimallyklara ýol açýandygy" görnüşindäki düşündirişini ýatladýar. Brauman bilen bir pikirde bolan Sipel "Doñýürek sionizm inkär edip bolmajak şowsuzlygy başdan geçirýär" diýýär. Sionizm döwletiñ sistematiki ýalanyna esaslanýan, doly ýigrenji aparteid režimine ýol arçamak bilen, eýýämden Ysraýylyñ we jöhit halkynyñ garşysyna dikilýär. Sewsen EBTAH, Liwan uniwersitetiniñ Arap dili we edebiýaty bölüminiñ professory. Anna, 26.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |