07:17 Liwanly Amin Maluf | |
LIWANLY AMIN MALUF
Edebi makalalar
"Geçmiş asla öli däl, hatda geçmiş hem däl" Amin Malufdan başga hiç bir liwanly ýa-da belki-de hiç bir arap ýazyjysy Halyl Jebran ýaly halkara meşhurlyga ýetip bilmedi. Tapawutly döwürde we şertlerde ýaşanam bolsa, bu iki ýazyjynyñ gyzykly ömür ýoly bar. Olaryñ ikisi-de milli aýratynlyklardan we özlerini baglap duran zatlardan saplanyp, umumyadamzat ruhunda ýazdylar. ABŞ-da we Fransiýada ýaşap, dogduk depelerinden alysdadyklaryna garamazdan, kiçi ýaşlarda başdan geçiren we jikme-jikliklerinde älemiñ ululygynda dünýä açan kiçijik obasyndan we zulum astynda taşlap gaýtmaly bolan ýurdundan ruhlanyp ýazan eserlerini iñ gyzykly temalardan saýlap aldylar. Amin Malufyñ kyrk dile terjime edilen edebiýat dünýäsindäki ornunyñ ýene ýüz ýyldan soñ nähili boljagyny bilmek üçin heniz ir bolsa-da, döwrüñ problemalaryny orta atýan pikirleriniñ ýany bilen ajaýyp romanlarynyñam belentden orun alandygyny aýdyp bolar. Amin Malufyñ ýazyjy hökmünde gymmatynyñ ahlak krizisleriniñ möwjemegi netijesinde garaýyşlarynyñ sagdyndygy we hemmeler kynlaşdyryjy taryhy esasyñ üstünde köwejekläp durka adamzadyñ yza gaýdýandygy üçin duýýan gynanjynyñ çuñlugy sebäpli artýandygyny aýtmaga milt edip biljek. Şu aý Malufyñ durmuşynda iki möhüm üýtgeşme bolup geçdi. Biri 350 ýyllap dowam eden diliñ goragçysy bolup gelen Fransuz akademiýasynyñ hemişelik baş sekretarlygyna bellenmegi. Özem bu wezipe arabyñ ýetip niljek simwoliki gymmaty bolan wezipedir. Ikinjisi bolsa, garaşylan täze "Dereksiz ýitenleriñ labirinti: Günbatar we onuñ duşmanlary" ("Le labyrinthe des égarés: L'Occident et ses adversaires") kitabynyñ çykmagy Kitapda Ýewropanyñ garşyma-garşy bolan halklaryndan söz açylýar. Ilki Ýaponiýa, soñ Sowet Soýuzy, yzyndanam Hytaý bar. Iñ soñunda Ýewropanyñ ABŞ bilen gatnaşyklarynyñ üstünde durup geçip, ABŞ-nyñ Ýewropanyñ arkasynda durmagy, uruşlar bilen geçen ýyllardan soñ Günbataryñ iñ uly ýolgörkezijisi we ýer ýüzüniñ supergüýji bolmagynyñ gürrüñi edilýär. Şu ýerde "Munuñ Ýewropa nähili täsiri boldy?" diýen sorag ýüze çykýar. Malufyñ stolynyñ çekerinde häzirem çapa goýberilmän ýatan birgiden eseri bar. Ol ýazmagy gowy görýär, ýöne çap etdirmäge gorkýar. Biriniñ bu jogapkärçiligi boýnuna almagyna garaşýar. Jogapkär adam her sözüni oýlanyp-ölçerip aýdýar, bularyñ agramynyñ bardygyny, okyjylarynyñ aýnasyna we ruhuna aralaşýan täsir döredýändigini bilýär. Aýdyñlanma roluna özüni bagyş eden intellektual adamlardan biri. Özem beýle adamlar indi juda seýrek duşýar. Ilkinji gezek çagalarymyzyñ we olardan soñ geljek çagalarymyzyñ biziñ ýaşaýşymyz ýaly ýaşamajaklaryndan gorkýarys. "Tanios gaýasynyñ" awtory älemiñ çepbe çöwrüljegini pikir edip, bu boýunça nämedir bir zatlary edesi gelýärdi. Şonuñ üçinem ol gürrüñ bermegi halaýan hekaýalaryny bir gyra zyñyp, wagtyny "Ölüm howply milli aýratynlyklary" ýazmaga sarp etdi. Fanatizmiñ howpuny we dar jemgyýetleriñ añyrsynda öz galybyña çekilme keseliniñ güýçlenýändiguni duýýardy. Kitap milli aýratynlyklaryñ we olaryñ eriş-argaç bolan problemalarynyñ kesgitlenmeginde naýbaşy esere öwrüldi. Amin Maluf Berlin diwarynyñ ýykylmagynyñ yzyndan ABŞ-nyñ şeýle gymmatly pursaty tutup bilmändigi, borjuny ýerine ýetirmändigi we halklaryñ parahatçylygyny gorap, adamlaryñ durmuşyny howpsuz saklap biljek halkara gatnaşyklaryny ýola goýmandygy netijesine geldi. Şonuñ üçinem ol "Otluçöpi köýen dünýäni" ýazdy we gözegçilik astyna alynmaly gorkunç haosy beýan etdi. Emma gaýgydyr gorkynyñ arasynda hallan atýan planetany halas etmek üçin hiç kim aýaga galmady. Şeýdibem ol Hantingtona we onuñ erbet "medeniýetler çaknyşygy" teoriýasyna jogap edip "Siwilizasiýalaryñ batmagyny" ýazdy. Dini häsiýetli çykyşlaryñ artýandygyny, ýöne gözýetimde çaknyşygyñ görünmeýändigini, gaýtam tersjne her medeniýetde medeniýetleriñ parçalanmagynyñ we dargamagynyñ ýetip gelýändigini öñe sürdi: "Agyrymyza çydasak müñ ýaşamaly ýerine gelip ýetdik we herekete geçmesek bolmaýar". Akylly-başly adamlaryñ sözüne gulak gerip, howp zañlaryny diñlemegiñ ýerine sözde "azat dünýä" başky ýeten üstünlikleriniñ bady bilen Ukrainada uruşa girdi. Amin Malufyñ häzirki çap edilen kitabyny ýazmagynyñ añyrsyndaky sebäbem şudy. Maluf kitapda Ýewropanyñ bu gorkunç uruşdan hem-de uly we gorkunç çaknyşyklaryñ çözgüdinde möhüm rol oýnamakdan ejiz gelýändigini aýdýar. Amin Malufyñ geosyýasy temadan ýazan makalalary edil romanlarynda bolşy ýaly liwanlydyr. Ol liwan köpdürliliginiñ we dost-dogan bolup agzybir ýaşamagyñ altyn döwrüne gabat gelipdi. Ýazyjy häzirem ýurdundaky problemanyñ dini meýillerden däl-de, ýaramaz hökümetden gelip çykýandygyna ynanýar. Çünki ol ýaş žurnalist bolup işlän günlerini küýseýär: "Durmuşymyz diýseñ gowudy. Işläp dañymy atyrýardym, emma ir säher bilen işdeşlerimi bile garbanmaga we wagtymyzy hoş geçirmäge çagyrýardym. Dynç alyşa çykmagyñ geregi ýokdy. Çünki günlerimiz basyş bilen däl-de, agaýana geçýärdi". Onuñ Aýn er-Rummanedäki öýüniñ penjiresiniñ aşagynda liwan graždanlyk urşunyñ birinji uçguny çykypdy. Ilkinji gurbanlaryñ berilen meşhur awtobusyny öz gözi bilen görüpdi. Uzak wagtlap problemanyñ köne we yzagalak sistemadan gelip çykýandygyny pikir edipdir, emma wagtyñ geçmegi bilen dünýäniñ çalt üýtgeýändigini we obasy Aýn el-Kabuda we Aýn er-Rummanede başdan geçirenleriniñ dünýäde giñden ýaýran teraktlaryñ iñ bärkije mysallarydygyny duýupdy. Ine, şular ýaly öndümli žurnalistlik garaýşy bilen elmydama täze maglumatlaryñ yzyndan ylgan işeññir we salyhatly Maluf ilki çagalygynda, soñra ýaşlygynda burnunyñ aşagynda bolýan, görýän-eşidýän zatladyndan peýdalanmagy başardy. Geljege niýetlän pikirlerini we çeper fantaziýasyny şunuñ üstünde gurdy. Maluf köplenç geljege señrik ýygryp seretse-de, umyt penjirelerini ýapmagy ündemeýär. Tahar Benžellun galamdaşy Malufyñ "Ölümsizler akademiýasynyñ" başyna geçme üstünligi barada aýdyp, şeýle diýýär: "Biz fransuz dilinde ýazýarys, emma ruhumyzy we çuñlugy gelen ýerimizden alýarys. Ol liwanly, men marokkoly. Biz kolonializmiñ dilini saýlap aldyk we gaýgy-ünjülerimizi beýan etmek üçin muny kämilleşdirdik". Stile we sýužete bap gelýän maglumaty gözleýän ýazyjy we jaýryk atan dünýäniñ ünjüsini göterýän Amin Maluf döwletiñ garamagyndaky mekdebi okap gutarandygyny we 15 ýaşyna çenli diñe arap dilinde okandygyny aýdyp, "dünýä edebiýatyny-da diñe arap dilinde okarsym, öýümizde fransuz dilinde gürleşmezdik" diýýär. Galyberse-de, Maluf ýerine sylag alan kese ýerli milli aýratynlyk goýmak üçin öz milli aýratynlygyndan bir zatlary kesip aýyrmaga synanyşmady. Ol hemişe liwan milli aýratynlygyna eýe çykdy we fransuz dilinde gürleýärkä-de liwan şiwesini saklady. "R" harpyna belli-külli basyp, munuñ ýerine fransuz şiwesine eýermeýändigini göreniñde onuñ nirelidigini bilmezlik mümkin däl. Maluf bu şiwesi bilen Molýeriñ dilindäki goragçylaryñ hojaýyna öwrüldi. Indi onuñ döwründe 1936-njy ýyldan bäri taýýarlanyp gelnen "Akademiýa sözlüginiñ" dokuzynjy neşiri çapdan çykar. Maluf täze kitabynda Folkneriñ şu täsirli sözüni ulanýar: "Geçmiş asla öli däl, hatda geçmiş hem däl". Sewsen EBTAH, Liwan uniwersitetiniñ Arap dili we edebiýaty bölüminiñ professory. Anna, 06.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |