15:17 "Kyýamat" habarnamasy | |
"KYÝAMAT" HABARNAMASY
Publisistika
Özleriniñ we halklarynyñ öñünde has adamkärçilikli we merhemetli artykmaçlyklara eýe syýasy liderler iş başyna geçmezden ylmy habarnamalaryñ şekillendirýän "apokalipsis" (kyýamat) sahnaasyndan gaçmak mümkin däl. Gynamalara uçraýanlaryñ sany artýar. Adamlary howpsuz ýer tapmak maksady bilen öýlerini taşlap, howp-hatarlaryñ arasyna özüni atmaga iteren zat indi diñe uruşlar däl. Açlyk, ýeter-ýetmezçilik, garyplyk, suwsuzlyk, guraklyk hem adamlaryñ watanlaryny taşlap gaýtmagynyñ baş sebäpleriniñ biri boldy. Çaknyşyklaryñ depgini gowşandygyna garamazdan siriýalylaram edil owganlar, sudanlylar, eýranlylar, tunisliler ýaly şindizem Ýewropanyñ legendary Eldorado şäherine aşjak bolýarlar. Pandemiýanyñ ýüze çykmagy, turizmiñ doñup galmagy we hereketliligiñ togtamagy sebäpli 160 ýurt araçäklerini ýapanam bolsa, geçen ýyl 3 million adam bir alajyny tapyp başga ýurtlara aşmagy başardy. Ýer ýüzünde her ýüz adamdan biriniñ migrantdygyny bilmek nähili gynandyryjy. Aramyzdan haýsydyr biri-de şolardan bolubiler. Özi bolmasa-da çagalary ýa-da agtyklary gelejekde ýüze çykjak haýsydyr bir heläkçilikden gaçmak üçin göçegçä öwrülip biler. Howp-hatarlaryñ, bela-beterleriñ görnüşleri-de uly üýtgeşmeleriñ depginine görä üýtgeýär. Bosgunlaryñ sany 10 ýyl öñküsine garanda barha artýar. Her ýyl öñkä garanda ýagdaý hasam ýaramazlaşýar. BMG-nyñ Ýokary Komissarlygynyñ (UNHCR) Global Gyşarmalar habarnamasynyñ bize görkezýäni-de şu. Habarnama görä dünýä derejesinde bosgunlaryñ sany ýarysy kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar bilen bir hatarda 82 milliona ýetdi. Sanlary Germaniýanyñ ululygynda döwlet gurmaga ýetýär. Ýewropa kenaýakalaryna çozup gelýän bosgunlardan ýaña nalaýar. Bosgunlar baran ýurtlaryna syýasy problema döredýär. Bosgun meselesi uly partiýalaryñ saýlaw hasaplarynyñ gün tertibiniñ esasy temalarynyñ biri. Ýöne tragediýanyñ ýene bir tarapy bar: Dünýädäki bosgunlaryñ aramyzda, ýaralary ganap duran arap ýurtlatynda ýaşaýar. Iñ ynjyk ýurtlarymyzda: Liwan, Iordaniýa ýaly birnäçe ýurtda dagy sanap soñuna çykar ýaly däl. Baý ýurtlar-a halkara şertnamalaryñ kesgitlän jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmekden gaça durýarlar. Gaýtam gutulgysyz ýagdaýda süýşüp gelýän täze bosgunlaryñ öñüni bentlemek üçin düzgünlerini pugtalandyrýarlar we wagtlaýyn ýaşamagyñ şertlerini ýerine ýetirmeýänleriñ köpüsini gelen ýurtlaryna tabşyrýarlar. Käbir migrantlar syýasy gaçybatalga almak üçin hristianlyga geçmekden başga alaç tapmady. Emma indi bu mekirligem ýol alanok. Aglabasy musulman bolan köp sanly göçegçi Ýewropanyñ içindäki bölünişikleriñ sebäbine we populistleriñ häkimiýet başyna geçmek üçin ulanýan merdiwanyna öwrüldi. Iñ köp çaknyşyk alty million bosguny özünde saklaýan Türkiýe bilen tankyt topuna tutulan Ýewropa açylan gapy Gresiýanyñ arasynda bolup geçýär. Hawa, Gresiýa kanunlary bozmakda we kenarýakasyna golaýlaşanlary çäklerinden daşlaşdyrmak üçin plastiki gülle bilen ot açyp, adamlaryñ janyny howp astyna salmakda aýyplanýar. Аýratynam, аzyk wе suw ýеtmеzçiliginden hеm-de ýаşaýаn ýеrlеrindäki lаgеrde sаklаnýanlara kоwаhada sуgmаýan zulumlаr еdilýändigi аýdylýar. Göçegçiniñ bar isleýän zady - asuda durmuşda gazananjasyny iýip-geýip ýaşamak. Eger öz ýurdunda muña ýetibilen bolsalar, ýalmawuz tolkunlaryñ goýnuna özüni atyp, deñizdäki howp-hatarlara döz geljek bolmazdylar. Belki-de, Ýewropa çöküp barýan kiçijik ýurdy birküç million dollar bilen goldamagyñ gaçybatalga tapjak bolup Ortaýer deñzini aşan ýüz müñlerçe biçäre adamy göreninden has gymmada düşjekdigini pikir edip, Liwanda gaça durmak islän sapagyny Siriýada aldy. Munuñ ýany bilen Hökümetlerara Klimat üýtgeşmesi Paneli (IPCC) tarapyndan çap edilen we 700 ylmy barlagçynyñ taýýarlamaga gatnaşan 4 müñ sahypadan ybarat habarnamasynda klimat üýtgeşmesi zerarly ýurtlaryny taşlap gaýtmaga mejbur bolan adamlaryñ urşuñ sakar dowzahyndan gaçýanlardan has köp boljakdygy çak edilýär. Habarnamada 10 millionlarça adamyñ bir döwüm çörek ýa-da bir owurt suw tapmak, özleriniñ we çagalarynyñ ýürek urşuny togtadan, janyñy alyp barýan ölüm howply jokrama yssydan halas nolmak üçin ýaşaýan ýerlerini üýtgetmäge mejbur boljakdyklaryna ünsi çekilýär. Hususanam Afrikada, Günorta-gündogar Aziýada, Latyn Amerikasynda 10 millionlarça adamyñ ýaşaýan ýeri deñiz derejesiniñ ýokarlanmagy bilen suwlaryñ astynda galar. Tebigatyñ gazabyndan hiç kimse gutulyp bilmez. Tebigy agaçlaryny kesýänleri, balyklaryny zäherleýänleri, atmosferany eleme-deşik edýän derejede urdumşalyk edenleri-hä hiçem bagyşlamaýar. Käbirleri bularyñ entek-entek bolmajagynyñ pikirini edýär. Emma adamlaryñ karbon emissiýalaryny azaltma meselesini ýalñyş ýöredýändigi we global ýylamanyñ öñüni aljak bolmaýandyklary sebäpli "häzir dünýä inýän her çaganyñ otuz gün ýaşamanka dürli ýarawsyzlyklara ýolugyp biljekdigini" mälim edýän habarnama şu duýduryşynda hiç hili şek-şübhä ýer goýmaýar. Klimat üýtgeşmesi boýunça habarnama bosgunlar hakdaky habarnamanyñ üstüni ýetirýär. Biri şu günüñ kösençliklerinden söz açýar, beýlekisi-de ýer ýüzündäki adamlaryñ mundan öñ hiç kimsäniñ başyna inmedik urga uçran tüm-garañky gelejegiñ golaýlap gelendigini duýdurýar. Adamzat hemme zady öldürdi. Çakdanaşa weýrançylyga ýol açdy. Adamy belentde tutýan we ynsyñ-jynsyñ hojaýyny saýýan tekepbir düşünjeden saplanmak kyn. Renessansyñ başlangyjyndan Senagat öwrülişigine girýänçä agalyk eden düşünje terzi ylmy maglumatlar bilen daş-töweregini gözegçilikde saklap biljekdigi hakdady. Rene Dekartdan başlap, Frensis Bekona, Gobbsa çenli filosoflaryñ ählisi absolýut hasaplaýan açyşlary we ylmy hakykatlar netijesinde adamzadyñ güýjüniñ öñünde serhoş bolupdylar. Bu filosoflardan soñ adamzady töweregi bilen dil tapyşdyrmaga synanyşan ekologlar bize ol güýjüñ täsirini ýeterlik düşündirmediler. Tebigatşynaslar bihaýalyk bilen pyşyrdaşyp gürleşmeklerini dowam etdirdiler. Şu asyryñ başlarynda daşky gurşawa üns berýän partiýalaryñ Ýewropada işläp başlandyklaryny eşidýärdik. Emma olaryñ has köp daşgynlyga ymtylýan, çarkandakly realizmimize çapraz gelýän örän idealist planetadan gelen düýş ýaly mahluklardygyny pikir edip, hödürlän teklipleriniñ üstünden güldük. Özleriniñ we halklarynyñ öñünde has adamkärçilikli we merhemetli artykmaçlyklara eýe syýasy liderler iş başyna geçmezden ylmy habarnamalaryñ şekillendirýän "apokalipsis" (kyýamat) sahnaasyndan gaçmak mümkin däl. Mysal üçin, ABŞ-nyñ öñüni almagyñ alajyny tapyp bilmedik epidemiýasy sebäpli bir demde 600 müñ raýatyny ýitirjegini kim çaklap bilerdi? Netijede dünýäniñ iñ güýçli ýurdy. Hemmämiz onda islendik keseliñ antiwirusy bardyr öýdýärdik. Ähli öñki hasaplar adamyñ kösenjiniñ, okeanlaryñ gaharynyñ we asmanyñ gazabynyñ artmagy bilen weýran boldy. Öñem biriniñ "Damjadan gaçjak bolup ýagyşda ezilişi" ýaly, kim hökümdarlaryñ, tirаnlaryñ, diktаtоrlаryñ, ýarag we adam söwdasyny edýän mаfiýalаryñ telbeliklerinden gaçyp özüni atan ýerinde tüweleýlere, sillere we gurap galan derýalara gabat geler. Adamlara olary ýykgynçylyga alyp barýan zyýanly hereketleri gözden geçirmekden başga alaç ýok. Sewsen EBTAH, žurnalist, ýazyjy, Liwan uniwersitetiniñ arap dili we edebiýaty bölüminiñ professory. Şenbe, 26.06.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |