20:34 Kapitalizm ýakanda! | |
KAPITALIZM ÝAKANDA!
Publisistika
Ykdysady sistemalary doly gözden geçirmeli bolar. Diñe käbir folklor häsiýetli ýaşyl kampaniýalary geçirmek we şoña meñzeş ýamalary etmek bilen çäklenmeli däl Dünýä liderleriniñ köpüsi şindizem klimat üýtgeşmesine, ýasama ýaraglara garşy göreşip biljekdiklerine ynanýar. Munuñ özi global uruşyñ ululygynda bir heläkçilikden has beter, olaryñ ýetersiz serişdeleri diñe wagt ýitirilmegine sebäp bolýar. Bu serişdeleriñ uruşda üstünlik gazandyryp bilmegi mümkin däl. Gynansak-da, planeta iñ köp zyýan ýetirýänlerem demokratik we kapitalistik ýurtlardyr. Emma bärde Hytaýy muña goşamzok. Hytaýyñ kömüre bolan düýpli garaşlylygyna garamazdan, wagtal-wagtal raýatlarynyñ elektrik toguny kesmäge mejbur bolsa-da, ädýän işjeñ ädimleri bilen karbon emissiýalaryny azaltmakda uly üstünlikleri gazanýandygyny hasaba alyndy. Munuñ özu dowzahlara, sillere, çölleşmelere we ölüm howply gurakçylyklara öwrülen emissiýalara sebäp bolma babatda Hytaýdan soñ ikinji orunda durýan ABŞ ýaly demokratik ýurduñ oñaryp bilmejek zady. Hytaýyñ özem häzir howanyñ hapalygyndan, ýerasty suw ýetmezçiliginden we ýerleriniñ bäşden bir böleginiñ hapalygyndan kösenýär. Ummasyz býužetiniñ 1%-inden gowragyny şular ýaly meselelere sarp etmek entek halkyny goramak üçin edip biljek ujypsyzja çykdajysy bolsa-da, garşyma-garşy bolýan iñ uly kynçylygy bolan ýokary önümçiligi dowam etdirmek bilen bir hatarda emissiýalary-da azaldýar. Entek kän yzda bolsa-da, Hytaý arassa energetika önümçiliginde dünýäniñ öñdebaryjy ýurduna öwrülmegi başardy, batereýalar we gün panelleri ýaly abzallaryñ eksportynda-da kerweniñ başyny çekýär. Şeýle-de, köp sanly agaçlyk we ösümlik örtükli zolaklary döretdi. Garyp ýurtlar jokrama yssydan ýaña ýanyp-bişýär. Edil häzir Günbatar bolsa, aýratynam koronawirus ýokanjyndan we Ukraina uruşyndan soñky iñ erbet ykdysady krizisini başdan geçirmek bilen bir hatarda sarp edijiligini düzgünleşdirip bilmän planetany hapalaýar. Demokratik ýurtlar Hytaýyñ döwlet ýolbaşysy Si Szinpin ýaly nesibeli däl, sebäp olar raýatlaryna aýdanlaryny etdirip bilenoklar. Olaryñ edip biljek ýekeje zady käbir kabul edip bolaýjak çäreleri geçirmek we raýatyñ jogapkärçiligini artdyrmaga üns bermek. Şular ýaly görnüşde raýat inisiatiwany öz eline alyp, awtoulagyñ ýerine welosipede münmegi ýa-da neýlon bukjanyñ ýerine nah bukja ulanmagy saýlap alsa-da, bu planetany gowulandyryp bilmez. Fransiýanyñ prezidenti Emmanuel Makron energetiki tygşytlylygy ýola goýmak üçin Eýfel diñiniñ we dükanlaryñ witrinalarynyñ ýagtylandyryjy yşyklaryny öçürmekden başga zat edip bilmedi. Öýler barada aýdan bolsa, her kondisioneriñ başyna bir polisiýa işgärini dikip, raýatlaryñ elindäki pulty 19°-a sazlamaga mejbur etmek mümkin däl. Beýle elpe-şelpelikden soñ bolçulykdan, şahsy azatlyklardan, aşa sarp edijilikden el çekmek we hapalanmalara sebäp bolýan, adamzady demikdirýän we olary kisloroddan mahrum edýän Günbatar ýurtlaryndaky ýaşaýyş-durmuş formasyny bir gijede üýgetmek mümkin däl. Her ýyl ölümleri we ýaýraýan keselçilikleri hasaba almanymyzda-da bolýan üýtgeşmeler bilen aýakdaş gitmek üçin iki trillion dollara golaý pul sowulýar. Awtoulaglar, uçarlar, elektron abzallar ýaly möhleti geçmänkä yzyna alynýan ýa-da üstünde üýtgeşme geçirilýän önümler bar. Bu diýseñ külpetli iş we gaýtadan önümçilik talap edýär. Şol sanda has köp daşky gurşaw hapalanýar. Ýagny, petik döwräniñ için aýlanyp ýörüs. Alymlar öñümizdäki ýyllarda emissiýa derejeleri kem-kemden peselse-de, global maýlamanyñ azyndan 2050-nji ýyla çenli doeam etjekdigini duýdurýar. Ýakyp-ýandyryp barýan howurly howa akymlary, gurakçylyklar, çabgalar, siller köp bolar we gündelik durmuşymyzyñ bir bölegine öwrüler. Dünýäniñ häzirki ortaça gyzgynlygy bilen buz eýýamyndaky gyzgynlygyñ arasyndaky tapawudyñ bäş santigrat derejä ýetendigi dogry. Diñe bir-iki dereje gorkunç bozulmalara sebäp bolmak üçin ýeterlik. Şeýle bolanda tokaýlar ýanyp kül bolýar, ekinler guraýar, deñizler we derýalar hanasyndan çykýar. Şweýsariýanyñ "Le Temps" gazeti şeýle ýazýar: "Çygyrdan çykan gyzgynlygyñ artmagynyñ kapitalistik ykdysadyýetiñ iñ soñky simwoly bolan neoliberalizmiñ orta çykmagy bilen bir wagta deñ gelmegi tötänlik däl. XIX asyryñ ahyryndan bäri ortaça global gyzgynlyk 1975-nji ýyla çenli azyndan bir santigrat dereje artdy. Klimat krizisini kapitalizmiñ töwereginde çözüp bolmajakdygy, ykdysady alternatiwanyñ has täsirli boljakdygy, hatda mundan beter çuñlaşmanka el çekmegiñ gerekdigi netijesine gelmelimi?" Irlandiýaly sosialist aktiwist Jon Molino "daşky gurşawyñ ýok boluş düzgüni" diýip atlandyran düzgünine garşy rewolýusiýanyñ bolmagyny we mobilizasiýanyñ yglan edilmegini umyt edýär. Bu ýok boluşyñ garşysynda Günbataryñ perwaýsyzlygyndan gorkýan diñe aktiwistler däl. Sarp edijiligiñ açgözlügi bilen tebigy baýlyklaryñ gutarmagyndan jogapkär globallaşmagyñ simwolyna öwrülen Bütindünýä Söwda guramasynyñ öñki direktory Paskal Lami hem gaty gijä galynmanka gyssagly düýpli çykalgalary tapmaga çagyrýar. Ýewropa ýaýradýan zäherleriniñ alyslara gitjegini oýlap durka, õz günorta sebitleri ot-ýalnyñ içinde galdy. Şweýsariýanyñ özem barha artýan gurakçylyklardan, gyzgyn howa akymlaryndan, çabgalardan ejir çekýär. Göz gamaşdyryjy tokaýlarynda uly ýangynlaryñ garşysyna çyny bilen taýýarlyk görmäge başlady. Halkara Walýuta fondy (IMF) sosialistik gurama bolmasa-da, dünýä ilatynyñ 60%-niñ indi klimat üýtgeşmeleriniñ netijelerine açyk ýurtlarda ýaşaýandygyny duýdurýar. Bu görkezijiniñ asyryñ ahyryna çenli 75-%-e çykmagyna garaşylýar. Duýduryşlar çişirilen ýaly bolup görünse-de, hakykatda bolup geçýän tebigy hadysalar hakykatlaryñ duýduryşlardan has beterdigini görkezýär. Ýagdaý hasam erbetleşýär we tebigy betbagtçylyklar sebäbi adam başyna düşýän önümçilik azalýar. Muña goşmaça, uly tebigy betbagtçylyklar emele gelende we hökümetler bulaeyñ köpçülikleýin netijeleri bilen ýeterlik hötde gelip bilmedik ýagdaýynda syýasy bimazalyk endişesi durnukly ýurtlarda-da garaşylan ýokary ähtimallyklaryñ içine girýär. Klimat üýtgeşmesi betbagtçylygy liberalizmiñ we globallaşmagyñ gämisine täze direg goýarmy we azatlyklardan el çekmegiñ hatyrasyna ýokardan gelen görkezmeleri mejbury berjaý etdirmek bilen mümkin bolan ýeke-täk çykalga tapdyrarmy? Köp adam şuny soraýar. Bu soragam howadan döränok. Ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri Ýel uniwersitetiniñ ylmy-barlagçylary 178 ýurdy ykdysady azatlyklaryna görä görkezýän Gurşawlaýyn Performans indeksini çap edip gelýärler. Netijeler kapitalizm näçe berkedigiçe we ykdysady azatlyk näçe köp jolsa, hapalygyñ indeksi-de şonça köp bolýar. Umuman aýdanda, ykdysady sistemalary doly gözden geçirmeli bolar. Diñe käbir folklor häsiýetli ýaşyl kampaniýalary geçirmek we şoña meñzeş ýamalary etmek bilen çäklenmeli däl... Sewsen EBTAH, žurnalist we ýazyjy, Liwan uniwersitetiniñ Arap dili we edebiýaty bölüminiñ professory. Anna, 04.08.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |