11:55 Sionizmiñ soñy | |
SIONIZMIÑ SOÑY
Publisistika
Gitler hüýli Netanýahu nasistik mediýa hojaýyny Ýozef Gebbelsiñ geçen asyryñ başynda goldan propogandasyna laýyklykda işleýär: Adamlar size ynanýança ýalan sözläñ, soñ ýene ýalan sözläñ. Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahu 2015-nji ýylyñ 20-nji oktýabrynda Ierusalimde geçirilen 37-nji sionistik kongresde jöhitlere seslenýär / Fotosurat: Menahem Kahana-AFP 2015-nji ýylda Ierusalimde geçirilen Bütindünýä Sionistik gurultaýyna gatnaşyjylar Binýamin Netanýahunyñ Gitleriñ jöhitleri ýok etmek islemändigini, olary diñe Germaniýadan çykaryp kowmagy meýilleşdirendigini aýdanynds gulaklaryna ynanmadylar. Netanýahunyñ pikiriçe "Jöhitleriñ Ýewropadan gaçandan soñ Palestina gelmelerinden gorkýandygy üçin Gitleriñ añyna "Holokost" pikirini guýan Palestinanyñ müftisi Hajy Emin el-Hüseýnimiş". Netanýahu çykyşynda Gitletiñ el-Hüseýniden "Onda olary näme edeýin?" diýip soranda, el-Hüseýniniñ "Ýakyñ olary!" diýendigini öñe sürdi. Palestinanyñ müftüsi Hajy Emin el-Hüseýni (1897-1974) / Fotosurat: Wikipedia Gurultaýa gatnaşyjylaryñ köpüsi Netanýahunyñ iñlis dilinde çykyş edýändigi üçin terjimede ýalñyşlyk bardyr öýtselerem, ol bu pikirini hötjetlik bilen öñe sürüpdi. Soñabaka Netanýahunyñ bu "ajaýyp" çykyşyndan öñ aralarynda Angela Merkeliñem bolan dünýä liderleri bilen geçiren dürli duşuşyklarynda şol pikiri orta atandygy ýüze çykdy. Ysraýyldaky güýçli taryhçylar Netanýahunyñ Gitleri "Holokostdan" azat etjek bolşuna haýran galdylar, emma "Holokostyñ" aýbyny Palestinanyñ üstünr ýükläp we müfti el-Hüseýniniñ "ýürekbulanjy" hereketleri üçin olaryñ ýok edilmäge mynasypdygyny öñe sürdüler. Bu gipotezalara jogap bolsa, jöhitleriñ hut özünden geldi. Şol döwür Ysraýylyñ Fransiýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolup işlän Eli Barna Netanýahunyñ bu samramalaryna "Holokosta" garşy edilen iñ uly jenaýat" diýip baha berdi. Şeýle-de, taryhçylaryñ birnäçesi Netanýahunyñ pikirlerini taryhy ýoýýandygy üçin "taryhy hakykatlara garşy masgaraçylykdygyny" aýdyp, tankyt etdiler. Emma Netanýahu ýalan sözlemegini asla bes etmedi. Dowamly diýen ýaly parahatçylygyñ tarapdarygyny aýtdy we iki döwletli çözgüdi çataga düşürmek üçin edibilen ýamanlygyny etdi. Basylyp alynan ýerlere göçüp gelýän jöhitleriñ dosty we ekstremistik sagçy radikal sionistleriñ howandary bolan Netanýahu Oslo şertnamasyna gol çekendigi üçin ysraýyl jemgyýetçiligini Izak Rabiniñ üstüne küşgürdi. Onuñ aýaly Leah Rabin Netanýahuny göçüp gelýänleri köçä çykaryp, protest çykyşlaryny güýçlendirip, özüne garşy duşmançylykly atmosfera döredenden soñ meçew berip, ärini öldürendigi üçin aýyplanda ýalan sözlemändi. ABŞ-daky ekstremist sagçylar bilen görlüp-eşdilmedik gatnaşyklary ýola goýanam Netanýahunyñ özüdi. Çünki ol ABŞ-ny gowy tanaýardy. Amerikan ýokary okuw jaýlarynda okansoñ, professional karýerasyna-da şol ýerde başlapdy. Şol bir wagtyñ özünfe dünýäniñ birnäçe ýurdundaky Ýewangelist-sionistler hereketleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy başardy. Belki-de, Netanýahu görlüp-eşdilmedik kapital getirilmegini we milliardlarça dollara barabar şertnamalar baglaşmagy üpjün edip biljek mekirlige we betpällige eýedi. Binýamin Netanýahu hilegärlik, aldaw, kanunlary manipulirlemek, adalatyñ öñünde kelle ýalañaçlamakdan gaçmak ýoly bilen onlarça korrupsiýa aýyplamasyna uçrandygyna garamazdan on alty ýyla golaý wagt häkimiýet başynda galmagyñ hötdesinden şeýdip geldi we Ysraýylyñ häzire çenli iñ uzak wagtlap wezipede oturan premýer-ministri boldy. Şeýle-de, ol Ramallahda palestin hökümetini gowşatmak, Günbatar Şeria bilen Gazäniñ arasyndaky agzalalygy çuñlaşdyrmak, parahatçylyk baradaky islendik çykyşdan dynmak üçin "Hamasyñ" täsirini güýçlendirmek we ony hiç hili çykalgasy we girelgesi bolmadyk kapasa gabamak meýilnamasynyñam awtorydy. Ysraýyl üçin iñ howplusy - ysraýylly žurnalistleriñ ýurduñ Netanýahudan soñ täzeden özüni dürsäp bilmejegine we döwletiñ esasy sütünlerine gönükdiren zarbasy zerarly yza tesişligiñ dowam etjekdigine ynanýan ýykgynçylykly roludyr. Ben Guriony Ysraýylyñ ilkinji düýbüni tutujy, Binýamin Netanýahuny bolsa döreden düýpli öwrülişikleri bilen döwleti ýaşap bolmajak sütünleriñ üstünde şekillendiren ikinji lider hökmünde görýänlerem bar. Netanýahu Angliýanyñ Palestina bilen birlikde Iordaniýany-da bermän jöhitleri aldandygyny we sözünde durmandygyny öñe sürýän, Ysraýylyñ doly giñelmegidigini aýdýan pikiri orta atan meşhur Wladimir Žabotinskiniñ okuwçysydyr. Žabotinskiniñ pikiriçe araplar bilen haýsydyr bir dialoga girmezden öñ ýerleriniñ ep-esli bölegini basyp almak, olaryñ daşyny diwarlar bilen gurşap, ot-ýalyn we weýrançulyk bilen öz şertlerini boýunlaryna dakmak gerekdi. Ine, Netanýahunyñ praktikada synap görýäni-de hut şeýle. Elbetde, Netanýahu jöhit diasporasyny demokratik täsirleriñ güýçlüdigi üçin halap baranok. Olaryñ Ýewropadaky we ABŞ-daky köpçülikleýin çykyşlary aslynda araplara bildirilen simpatiýany añladanok, ol Ysraýyla bildirýän söýgüleri we Ysraýylyñ öz-özüni ýok etmäge tarap alyp barýan syýasatlaryndan gorkýandyklary üçin has aktiwleşýär. Netanýahu profsoýuzlary "banda" hasaplap, raýat-jemgyýetçilik guramalaryny köp sanly ysraýyllynyñ söýgüsini gazanmak, Mejlisde deputat sanyny köpeltmek üçin olary saýlawlarda goşmaça oýun hökmünde ulanmakda aýyplady. Ol şeýle bir ikiýüzli welin, iki döwletli parahatçylykly çözgüde hiç haçanam garşy çykmady, emma araplaryñ Ysraýylyñ iudeýligini we jöhitligini ykrar etmegini mümkin däl ýagdaýa getirip, olary masgaraçylykly ýagdaýa saldy. Döwletiñ jöhit tarapy agdyklyk edýän kanun çykardy we munuñ özi Ysraýylda şindizem demokratiýanyñ howasyndan dem alýan islendik raýata iñ uly howp bolup durýar. Ysraýylyñ içerki gatlaklaryna gönükdirilen soñky urgy bolsa adalatyñ elini baglamagydy we Ýokary Suduñ ygtyýarlygyny çäklendirmegidi. Sud reformasy adyny beren zady şeýleräk: derñew işlerini ýatyrmak üçin suduñ täsirini çäklendirmäge synanyşdy. Gitler hüýli Netanýahu nasistik mediýa hojaýyny Ýozef Gebbelsiñ geçen asyryñ başynda goldan propogandasyna laýyklykda işleýär: Ýalan-ýaşryk toslamalary ýaýratmak, söz azatlygyny basyp ýatyrmak, hakykatlary gizlemek üçin adamlar size ynanýança ýalan sözläñ, soñ ýene ýalan sözläñ. Güýji öte ekstremist we telbe radikallaryñ eline beren Netanýahunhñ syýasy soñunyñ Ysraýyl üçin eýgilige äkitmejegi görnüp dur. Arap-Ysraýyl çaknyşygy boýunça hünärmen-taryhçylaryñ pikiriçe ýetirilen zyýan öwezini dolup bolmajak derejede uly. Özüni ýüzýyllyk taryhy seljermä bagyş eden fransuz alymy Žan-Pýer Filýu Netanýahunyñ Ierusalimiñ müftüsi Hajy Emin el-Hüseýnini "Holokost" bilen aýyplaýan esassyz pikirini eşidenden soñ ylmy-barlaglarynynyñ üstüni dyzmaç adamyñ giñeldilen sionistik maksatnamany nädip püçege çykaryp biljekdigini gürrüñ berýän "Ysraýylda talañçylyk: Netanýahu we sionistik düýşüñ soñy" atly kitaby bilen doldurdy. Bu kitap okanyñyzda, palestin topraklarynda dünýä inen we migrant bolup gelmedik Netanýahunyñ nädip öz töweregine bular ýaly dahylly bolandygyny we "Üçünji dünýädäki" haýsydyr bir diktator lider ýaly hereket edýändigini görersiñuz. Belli bir derejede hernäçe guramaçylykly howasyny saklaýanam bolsa, Ysraýyl döwletiniñ uly weýrançylyga tarap togarlanma pikirini güýçlendirýän zadam şudur. Sewsen EBTAH, Liwan uniwersitetiniñ Arap dili we edebiýaty bölüminiñ professory. Anna, 17.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |