00:33 Dünýäni halas etmek üçin iki ýyl | |
DÜNÝÄNI HALAS ETMEK ÜÇIN IKI ÝYL
Ylym we tehnologiýa
Duýduryş jañlary näçe uludan kakylanda-da, emeli añ hamymyzyñ çuñluklaryna aralaşyp, damarlarymyzda at saldy we gündelik durmuşymyzyñ aýrylmaz bölegine öwrüldi Iñlis we amerikan ygtyýarlylary emeli añyñ ulanşygy boýunça etiki düzgünnama taýýarlamak maksady bilen geçen hepdelerde Şwesiýada jemlenişdiler. Ýewropa bileleşigi (ÝB) bu "öje" garşy göreşmegi maksat edinýän geçiş kanunlaryny girizmäge synanyşýar. Bu boýunça gelýän duýduryşlar bolsa günbe-günden artýar. Çünki "enjam" ýakynda adamdan has akylly ýagdaýa gelensoñ, adamlar enjama edýän erkini ýitirip biler. Şeýlelikde tehnologiki enjamlar adamlary dürli görnüşlerde awlap biler. Şeýle iniñi düýrükdiriji senarilere öñ birnäçe "Golliwud" kinofilminde tomaşa edipdik. Özem bulara kinofilmiñ awtorlarydyr ylmy-fantast ýazyjylaryñ bolgusyz oý-hyýaly hökmünde garardyk. 1927-nji ýylda Germaniýanyñ surata düşüren "Metrepolis" çeper filminiñ we kosmosyñ eýelenşi "Matrisa" filmleriniñ yzyndan gelen gara pal hakykata öwrülýär. Birleşen Korollygyñ premýer-ministri Rişi Sunagyñ tehnologiýa boýunça geñeşçisi Matt Klifford ýakynlaşyp gelýän betbagtçylyk barada şeýle diýdi: - Dünýäni emeli añ howpundan halas etmek üçin ýene bary-ýogy iki ýylymyz galdy. Çünki bu ekzistensial howp we köp adamyñ ganyna galyp biler. Klifford öz-özüni kämilleşdirip bilýän enjamlaryñ mikrobiologiki keselleri döredip, hapa bombalar ýaly awtonom ýaraglary kämilleşdirip ýa-da gözegçilik etmesi kyn kiber hüjümleri başlap biljekdigi gorkusynda atyny ýeke çapanok. Kinomatografiýa, fotosuratçylyk, dizaýn işleri, çyzuw, inženerçilik, medisina, mediýa yaly birnäçe ugurda howsala duýulýar. Hatda ýazyjy-şahyrlara çenli munuñ soñunyñ nähili bolup gutarjagynu gaýgy edýär. Eýsem tehnologiki enjamlar olara kömekçi bolup galarmy ýa-da ýerine ýetirýän işlerinde we günemalarynda doly olaryñ ýerini alarmyka? Elbetde, programmalaryñ ýerine ýetirip biljek algoritmleriniñ ýazjak her bir işi, käbir medisina we laboratoriýa işleri-de awtomatiki usulda ediler. Ätiýaçlandyryş şereketleriniñ biri robotlary işleýän adamlardan tapawutlylykda ýylyñ dowamynda ýedi gün, 24 sagat işleýän, ýadamaýan, kesellemeýän enjamlar hasaplap, müşderileriniñ telefon jañlaryna jogap berýän robotlar öndürmäge başlady. Ýakynda Şweýsariýanyñ bir radiostansiýasy programmalaryny robotlaryñ kömegi bilen dolandyrmaga başlady we işgärler öz seslerini hemişekisi ýaly eşidenlerinde añk bolup galdylar. Bularyñ ählisi, aýratynam emeli añyñ ösüşi erbet tarapa garaşylyşyndan has çalt gyşarýandygyny bilenimizde, howatyrlarymyzy artdyrýar we gaýgy-ünjimizi çuñlaşdyrýar. Bu ýagdaý Ilon Mask we "OpenAI"-yñ direktory Samuel Altman ýaly tehnologiýanyñ läheñlerini-de howsala salýar we olary geljekki howp-hatarlardan ätiýaç etmegi duýdurýar. Olar şuny alada edýärler: - Adamlar öz eliniñ edýän işine erk edip bilermi? - Ýa-da üýtgeşmeler bizi şular ýaly çalt özgerdip bilýän bolsa, hakykat bilen ýalany, dogry bilen ýalñyşy nädip seljerip bileris? Munuñ özi, mysal üçin, kampaniýalarynyñ ygtybarlylygyny ýüreginden urup we özüni hüjüm astynda duýýan demokratiýanyñ iñ möhüm serişdelerini garaşylmadyk ýerinden öldürip biler. Asyl sorag şu: Emeli añ adamzat üçin peýdalymy ýa bolmasa adamzada ullakan weýrançylyk garaşýarmy? Ýagşa ýorasy gelýänler ösýän ykdysadyýetler arkaly emeli añyñ peýda berjegini öñe sürýär. Ýewropada geçirilen täze barlagyñ netijesi fransuz ýaşlarynyñ ikisinden biriniñ emeli añ arkaly bilim almak isleýändigini we talyplaryñ aglabasynyñ tehnologiýa has köp ynam etmegiñ bilim derejesini gowulandyrjakdygyna ynanýandygyny görkezdi. Emma munuñ kitaplaryñ ýerini kompýuterlere bermek babatda gyssanan ýurtlaryñ bilim derejesiniñ netijesi doly tersinedigini subut etdi. Talyplar ýazmak, gözlemek, çyzmak we arhiwlemek üçin robotlara ynanmaga başlan badyna bilim iñ uly alada öwrüldi. Talyp kömekçi serişdelerden uzakda sözli soraglara uçramadyk ýagdaýynda mugallymlar düzüminiñ haýsydyr bir ýazuw ekzameninde kopiýany anyklamasy kynlaşdy. Käbirleri içinde ýaşaýan bu möhüm döwrümizi adamzady bir wagtdan beýlekisine bökdürýän ody tapma eýýamyna we adamyñ senagatlaşma eýýamyna giren döwrüne meñzedýär. Eýsem adam öñki döwürlerde bolşy ýaly bu gezegem daş-töweregindäki hemme zadyñ gözegçiligini elinde saklaýan hojaýyn bolup galarmy ýa-da özüni aklyndan jyda düşen ýagdaýda görermi? Ykdysady itermeler we mahabat şama-şaýyrdylygy käbirleriniñ gorkulary görmezlige salmagyna sebäp bolýar. Çünki emeli añy ilkinji bolup ulanşyga girizjek ýurtlar üçin ýüz milliardlarça dollar bermegi wada berýärler. Bularyñ 18 milliarddan köpüsi öñümizdäki üç ýylyñ dowamynda diñe ABŞ-nyñ özüne berler. Emma bu oýlanşykly industriýa we önümleri babatda soñky sözi ilkinji nobatda ABŞ, Hytaý ýaly az sanly ýurtlar aýtmaly bolar. Öndürmeýän we programmirlemeýän adam hiç bir babatda öñe saýlanyp bilmez. Tehnologiýa tarapsyz bolup bilmeýär. Ony kim oýlap tapan, programmirlän we algoritmlerini işläp düzen bolsa, şoña-da öz düşünjelerini, arzuw-hyýallaryny, hatda geljekki etsem-petsemlerini ýükleýär. Şol sebäpli emeli añ daşyndan göräýmäge arassa we tarapsyz görünýänem bolsa, ony eksport edýän we ýer ýüzüne ýaýradýan eýeleriniñ matlabyny ähli düşünjesi we niýeti bilen üsti ýapyk ýagdaýda alyp gelýär. Aýal-gyzlaryñ uly tehnologiýa önümçiligindäki ýoklugunyñ hekaýasy dowamly diýen ýaly erkeklik aýyplamalaryny dile düşürýär. Emma tehnologiýanyñ özbaşyna reñki we jynsy bolup, onyñ günbatarly ýa-da aziýaly bolandygy üçin seýrek gürrüñ edilýär. Dünýäniñ galan böleginiñ elektron torda tz erkine goýberilen millionlarça sözi ýazgyny öwredýän programmalary almakdan başga çykalgasy ýok. Her ýitgi çekýän ogurlugyñ nämedigini bilýär we bu bir tüýsli kanuny ogurlykdyr. Duýduryş jañlary näçe uludan kakylanda-da, emeli añ hamymyzyñ çuñluklaryna aralaşyp, damarlarymyzda at saldy we gündelik durmuşymyzyñ aýrylmaz bölegine öwrüldi. Özüne gelenleriñ howpunyñ tapawudyny bilýän döwletleriñ etjek bolýan zatlarynyñ köpüsi emeli añyñ ulanylyşyny çäklendirmek we günäkärleri jezalandyrmak üçin kanunlar çykarmak. Günbatar ýurtlarynyñ talap edýän iñ esasy zatlarynyñ birem - emli añy ulananda müşderä hemişe açyk sözli bolmak, şeýlelikde müşderi iñ bolmanda kimiñ bilen iş salyşýandygyny bilsin. Şeýle ýagdaýda adam takdyrynyñ öñünde näme etmelidigine gezek gelende, ol mundan beter akyllanmaýan bolsa, öñdenem has akyllydygyna tüýs ýüregi bilen ynanmagydyr. Sewsen EBTAH, Liwan uniwersitetiniñ arap dili we edebiýaty bölüminiñ professory, žurnalist, ýazyjy. Anna, 09.06.2023 ý. Surat: "The Independent" internet gazeti - Midjourney | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |