11:32 Azyk ýaragy | |
AZYK ÝARAGY
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Hytaý azyk önümçiliginde iñ öñdebaryjy ýurda öwrüldi we beýlekilerden ep-esli öñe saýlandy. Ol doly öz-özüni üpjün etmegiñ hötdesinden geldi Ölüm howply mikrobyñ adamzat siwilizasyny ýok edip, wagşy we ilkidurmuş zamanasyna yza tesdirişiniñ suratlandyrylýan "Gyzyl garahassa" romanynda ýokanç keselden gutulan goja altmyş ýyl öñ ýaşaýşyñ nähili bolandygyny gürrüñ berýär. Ol muny diri galan az sanly adamyñ çagalaryna aýdýar. Yzyndanam hemmesi deriden tikilen eşikleri geýmäge, ok-ýaý bilen ýaraglanmaga gaýdyp barýar. Amerikan ýazyjysy Jek Londonyñ bu romanynda wakalar 2073-nji ýylda goja professoryñ 2013-nji ýylda dörän epidemiýanyñ tragediýasyny we epidemiýadan öñki adamzadyñ ýagdaýynyñ nähili bolandygyny gynanç bilen gürrüñ berýän Kaliforniýasynda bolup geçýär. Goja professor dünýä ilkidurmuş zamanasyna gaýdyp baranda, bular hakda çuñ pikirlere batyp şeýle diýýär: - Käte beýik siwilizasiýamyzyñ iñ üns bererlik üstünliginiñ iýip-içer ýaly zatlarda, ynanylmajak derejedäki bol-elinlikde, soñsuz köpdürlülikde, ajaýyp nazy-nygmatlarda ýatandygyny oýlaýaryn. Ah, köşekler! Iýer ýaly ajaýyp zatlaryñ bar bolan şol günlerinde ýaşaýyş hakykatdanam ýaşaýyşdy. "Gyzyl garahassadaky" goja bol-elinlige ýetmek üçin azyk bolçulygynyñ ähmiýetini, şol lezzetli artykmaçlygy gazanmazdan ösüşiñ bolmajakdygyny we ýüze çykan ähli kesellere garamazdan diñe azyk üpjünçiliginiñ ýeñilliklidigi sebäp adamzadyñ köpelýändigine ynanýandygyny ýañzytýar. Gurbanlyklardan, baýram zyýapatlaryndan keýp aldygymyzsaýy, Günbatar ýurtlaryndaky lezzetli naharlary we täzelikleri görkezýän owadan mahabatlary gördügimizsaýy bu bol-elinligiñ hakykydygyny we hemişelikdigini pikir edýäris. Jek Londonyñ ady agzalan ajaýyp romany 1912-nji ýylda, ýagny iki jahan urşundan öñ, hatda ajal sepelän ispan dümewinden alty ýyl öñ ýazanam bolsa, gorkunç syzgyrlygy bilen azygyñ medeniýetleriñ şekillenmeginde we adamzadyñ howpsuzlygyny güýçlendirmekdäki rolunyñ ähmiýetini, krizisleriñ we ýokanç keselleriñ uly üstünlikleri nädip bitewiliklerinden sylyp aýyrýandygyny we ýok ýaly görkezip bilýändigini welilik bilen suratlandyryp bilipdir. XX asyryñ ahyrynda adam ukyp-başarnygy, akyl-paýhasy bilen açlygy doly ýok edendigini, şol bir wagtyñ özünde sowatsyzlygy bütinleý ýok etmäge başlandygyny pikir etdi. Emma 2018-nji ýylda maliýe krizisiniñ başlamagy bilen we hatda ondanam birnäçe ýyl öñ ýer ýüzündäki milliardlarça adam üçin azyk tapmagyñ barha kynlaşýan işdigini belli bolupdy. Kowid ýokanjy bilen birlikde problemalar hasam galñady, üpjünçilik torlary bozuldy, karantin çäreleri ýola goýuldy. Yzyndan Ukraina-Russiýa urşy turdy we hemmelere yza tesmegiñ pikir edilşinden çalt bolandygyny, azyk üpjünçiligini howpsuzlandyrmagyñ hemişe açyk däldigini ýatlatdy. Hemme ýerde azyk azalanam we bahalary gymmatlanam bolsa, uruşdan soñ Ukrainadan eksport edilýän önümlerij gytalandygy sebäpli iñ uly howp Afrika materiginiñ üstüne abanýar. Bu ýagdaý global söwdanyñ üstündäki has çuñ täsire goşmaça hökmünde bir milliard afrikala täsir etdi. Russiýa Ýewropany Ukrainadan önüm satyn alynmagyna rugsat berilen uly mukdardaky azyga el urmak bilen afrikalylary mundan mahrum etmekde aýyplaýar we ukrain portlaryndan däne eksportyny togtatjagyny aýdyp haýbat atýar. Dünýä Russiýanyñ Ukraina çozmagyndan soñ adamzadyñ bugdaý ätiýaçlygynyñ dörtden bir bölegini üpjün edýändigini, Russiýany jezalandyrmagyñ (ýagny, sanksiýalary girizmek bilen) we eksportyna päsgelçilik döretmegiñ köp adamy açlyga, jebire, garyplyga iterýändigini görüp hopukdy. Azyk ýaragynyñ pozisiýasyna we güýjüne aýny wagtynda düşünen Russiýa azygyñ ertir duşmanlaryna garşy uruşlaryñ iñ täsirli we rehimsiz serişdeleriñ biri boljagyny bilip, bu pudagy güýçlendirmegini dowam edýär. Russiýa häzir garyplary Ukrainanyñ azyk harmanyndan mahrum etmekde aýyplanýar. Emma bu ýigrenji urşy ol başlanog-a! Eýrandan Yraga, Kuba, hatda Wenesuela çenli aralykda dürli atlara bürenip, hökümetlere basyş etmek üçin adamlary azykdan kesmäge ýüz uran birnäçe Günbatar urşy boldy. Azyk näçe az bolsa, ony manipulirlemek we köp maksatly ýaraga öwürmek şonça-da añsat bolýar. "Gyzyl garahassa" romanynda bolşy ýaly, dünýäde yzly-yzyna gelen heläkçilikler we çalt bolup geçýän üýtgeşmeler sebäpli azyk azalyp barýar. Bugdaý, mekgejöwen, günebakar ýaly önümleri eline alan tarap frontyñ iñ möhüm strategiki nokatlaryna agalyk edýän ýaly bolup görünýär. ABŞ diñe dünýäniñ iñ güýçli goşunyna, iñ sagdyn we janly ykdysadyýetine eýe bolandygy üçin däl, şol bir wagtyñ özündw ilkinji gök önümleriñ goruna we iñ köp azyk potensialyna eýe bolandygy üçin jahana höküm etdi. Emma üç ýyldan öñ azyk eksportçysy hökmünde öñbaşçylyk ornundan düşüp, ýerini onlarça ýyl ýeter-ýetmezlikden we gytçylykdan ejir çeken ýurt Hytaýa berdi. Diñe XX asyrda millionlarça hytaýly açlykdan we ýeter-ýetmezçilikden öldi. Bulam ekerançylyk pudagynda ösüş gazanmagy we ilatyñ gerek-ýarak zatlaryny üpjün etmegiñ howpsuzlandyrmagy adatdan daşary mysalyna öwürýär. Munuñ ýanynda Ýewropa we Braziliýa hem öñde barýar. ABŞ-nyñ suw ýetmezçilihi bilen birlikde birgiden problemasy keserip ýatyr, bulam onuñ ýakyn wagtda öñbaşçylyk ornuna dolanyp gelmejegini görkezýär. Hytaý azyk önümçiliginde iñ öñdebaryjy ýurda öwrüldi we beýlekilerden ep-esli öñe saýlandy. Ol doly öz-özüni üpjün etmegiñ hötdesinden geldi. Azyk howpsuzlygyny gazanmak isleýän islendik ýurt tohum, dökün, plastiki gap, traktor, mör-möjeklere garşy derman serişdelerini we zerurlyk duýulýan hemme zady öndürip bilmeli. Ýetmeli sepgidine çalt ýetip bilýän ýurtlaryñ aglabasynyñ şindize çenli etmedik zady şudy. Hytaýyñ döwlet ýolbaşçysy Si Szinpin geçen mart aýynda bugdaý ekilen meýdanlara aýlanyp görende, ýurdunyñ 120 million gektarlyk ýerini gorap saklamak bilen birlikde ýene 33 million gektary özleşdirmeli boljakdygyny aýtdy. Hytaýlylar üçin azyk gory doly özünden önmeli we Hytaý muny başaran az sanly ýurtlaryñ birine öwrüldi. Sewsen EBTAH, Liwan uniwersitetiniñ Arap dili we edebiýatynyñ professory, žurnalist. Anna, 30.06.2023 ý. Surat: Vasava Illustration / Foreign Policy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |