21:18 Ýüpek jiltge / hekaýa | |
ÝÜPEK JILTGE
Hekaýalar
Bu köneje ýüpek jiltge aslynda täzejedi. Köneje diýilmegi, könelişen biçüwde tikilenligi üçin däl-de, ýigrimi alty ýyllap eýesiniň sandygynda ýatanlygy sebäplidi. Zenanlar üçin ýigrimi alty ýaş ömrüň iň bir gaýtalanmajak bahary bolsa-da, geýim-gejimleriň munça ýylda halys sary gidip, öňküligi galmaýan eken. Lowurdap duran jiltge ne-hä ile meňzeş geýlip eýesiniň egnine gelşik berdi, ne-de ony yssydan-sowukdan gorap bildi. Garaz, gerek wagty derde ýarap bilmedi-dä. Şeýdip bu owadan lybasa ýigrimi alty ýyl boldy. Ol häzirem edil ýigrimi alty ýyl mundan ozal iňňeden çykyp, hojaýynynyň eline düşen wagtlaryndaky ýaly tämizdi, göze ýakymlydy. — Bä-ä, tozup ugrany bildirip dur — diýen sözi eşitse-de, jiltge düşünmedi. Sebäbi ol bir gezejik geýlip, sandyga atylypdy. Şol ýerde-de könelipdi. Bu ýüpek jiltgä hojaýynynyň egninde barlamhana gitmegem nesip etmändi. Ýöne eýesiniň mekdepde himiýa mugallymy bolup işleýändigini welin bilýärdi. — Geýmedigime esli wagt geçipdir, şonuň üçinem pide bolup barýar! — diýip hümürdedi. Onuň äheňinde, hamala, jiltge ýukajyk ýüpekden däl-de, irimçik kendir matadan tikilen ýaly duýuldy. Ine, şeýdip bu gyrmyzy ýüpek geýim eýesiniň dilinden «pide bolup barýar» diýen ýakymsyz sözi eşitdi. Dogrusy, jiltge bu sözdäki howpy gatybir aňşyrmady. Sebäbi ol şol bir bolşuny — gyrmyzylygyny, öwüşginliligini, nepisligini saklap galypdyr. Hurma agajydyr bambugyň ýapraklaryna meňzedilip salnan nagyşlarynyň ajaýyplygy, eýesiniň inçe biliniň ajaýyplygy ýalydy. Üýtgeşik matasyny diýsene! Eýesiniň kiçijik gysymyna sygyp duranlygyna garamazdan, egne geýeniňde edil deňizçiniň güpbüsi ýaly ýylydy. Enaýyja ilijeklerini bir görüň-ä! Ol Suçžou şäheriniň çeper elli ussatlarynyň elinden çykandy. Lişan bu jiltgäni 1957-nji ýylda satyn alypdy. Toýlaryndan öň Lumin bilen dükana gidipdiler. Ajaýyp jiltge Luminiň gözüne bada-bat ilip, ölemen alasy gelipdi. Ýöne Lişan geýimi synlap durşuna, beýleki dükanlara-da girmek isläpdi. Ahyry aýlanyp, ýene-de şol dükana dolanyp geldiler. Luminiň halan jiltgesini satyn alýançalar dükanyň içinde bir ýarym sagat eglendiler. Öýlenýän ýigit gaharlanjagam bolmandy, sebäbi bu bir ýarym sagat onuň üçin iň ýakymly pursatdy. Adamyň durmuşynda şular ýaly pursatlar hemişe gaýtalanyp durýarmy näme? Toý agşamy Lişan bu owadan lybasy geýipdi. Emma ertesi tomus güneşi ir säherden gyzyp başlany üçin ony çykaryp, elinjek epläp, kamfara agajyndan ýasalan köne sandyjagyň düýbünde görer gözden ýygşyrypdy. Bu sandyjagy ejesi ýeke gyzynyň bukjasy üçin beripdi. Şondan köp wagt geçmänkä, Lumin uzak ýere köp wagtlyk gitmeli bolupdy. Lumin gidenden soň köp üýtgeşmeler bolup geçdi. Şol wagt jiltge munça wagtlap sandygyň teýinde ýataryn diýip gümanam etmändi. Näme-de bolsa, Lişanyňky şowlady. Oňa Luminiň ýanyna gitmäge rugsat edildi. Ol gitmezinden öň sandyjakdaky saýhallap goýan geýim-gejimlerini gözden geçirdi. Gyrmyzy jiltge köne ýoldaşlary — sypal reňkli köýnekdir Luminiň çal penjegi hemem çuw ak keşdeli içki köýnek bilen aýrylyşdy. Ýoldaşlaryndan aýrylanyna ýüregi gysdy, jiltge özüni ýalňyz duýdy. Sandyjaga täze gelen ýiti hem ýakymsyz ysly sütükli ýeňsiz, çyg geçirmeýän kendir matadan tikilen jalbar ýaly eşikler bolsa, iň bärkisi salamlaşmazdan, sypaýyçylyksyz kürsäp girdiler. Şonuň üçinem jiltgä olar keseki hem gödek bolup göründiler. Emma jiltgäni Lişan öz ýany bilen aldy. Almasyna-ha aldy welin, şo-ol gezekden bäri ony geýmek nesip etmändi. Ony geýip bilmezliginiň sebäbi aýallara isleg boýunça geýinmegi gadagan edýän düşündirmesi kyn bolan ýagdaýlar däldi, şol wagtlar eýýäm altmyşynjy ýyllardy, Lişanyň bolsa ylgap ýören oguljygy bardy. Inçe billi zenana niýetlenen jiltge indi eýesine laýyk däldi. Onuň bagtyna, toýdan öň sandyga düşen, Luminiň bir gezegem dakynyp görmedik kofe reňkli boýunbagam galypdy. Sebäbi Lumin toýunda egri çyzykly gülgüne reňkli boýunbag dakynypdy. Sandyga boýunbag bilen bile salnan sütükli kürtekçe, kendir matadan jalbar, ellik, galyň nah papak ýaly ýoldaşlary, elbetde, biziň gyrmyzy jiltgämizem uzakdaky oba sary ýola düşdüler. Bular ýaly köpçülikde gitmek jiltgäniň rahatlygyny bozdy, boýunbaga-da o diýen ýaramady. Altmyş altynjy ýylyň tomsudy. Bir gün agşamlyk howa salkynlaberende, Lişan bilen Lumin ikisi sandyjakdaky goşlary saýhallanlarynda boýunbaga gabat geldiler. Lumin: — Muny näme üçin getirdiň? — diýip, boýunbagy däl-de, hamala, eýmenç ýylany elinde saklaýan ýaly sorady. — Ýeri, bolýa-la! — diýip, Lişan mydyrdady. — Onam bir zada ýaradaryn... Ine, guşagymam üzülipdir, şoňa laýyk bolar — diýip, Lişan boýunbagy biline daňyp goýberdi. Gyrmyzy jiltge köneje dostunyň begençdenmi ýa gynançdanmy galpyldanyny aňdy. Şol wagtam Lumin jiltgäni görüp: — Şo-ol öňküjemi? Muny näme etjek indi? Bu-da «dört köneliklerden-ä»! ( «Dört könelikler» — «Medeni rewolýusiýa» döwründe hunbeýwinler «köne pikirleri, medeniýeti, däpleri, endikleri» dargatmakçy bolanlarynda dörän söz düzümi.) — diýdi. «O nähili men könemişim? Bary-ýogy ýekeje gezek geýildim-ä?! Durkumam has gowy sakladym! Sandykda güýe beýleki ýok ahyry! Ýok, men jinde dagy däl, «köne-küşüle» dahylly ýerimem ýok!» diýip, jiltge pikir etdi. — Barybir, ony saklajak — diýip, Lişan kesgitli jogap berdi. Şu gezek onuň sesi guşaga öwrülen boýunbag baradaky mydyrdysyndan aýdyň eşidildi. — Hiç kimiň tapyp bilmejek ýerinde gizläýin. — Indi bu jiltgäni geýip bilmäýmeseň — diýip, Lumin aýalynyň egninden sypalap göwünlik berdi. — Onda-da saklaýyn. Belki... Näme diýmekçi bolduka? Gyrmyzy jiltge geljeginiň şol «belki» bilen bagly boljagyny aňdy. Ýöne nädip, nähili boljagyny aňşyrmady. Bu bary-ýogy iki lýan ( Lýan — agyrlyk ölçeg birligi, 1lýan=50gr.) agramy bolan kindiwanja eginbaş üçin anyklamasy kyn düşünjedi. Lişanyň: — Köpden bäri geýilmändigi üçin tozup başlapdyr — diýen hüňürdisini Lumin eşitmedi. «Tozman, gowusy, «belki...» bolsun-da hernä!» diýip, gyrmyzy jiltge sessizje dileg etdi. Aýlar-günler geçip durdy. Ine, şeýdip Lişan bilen Luminiň bagtly maşgalasy ikinji ýaza gadam basdylar, öňki işlerine-de gaýdyp geldiler. Olaryň durmuşynda her dürli owadan egin-eşikler, iň soňky nysakly matalardan täze biçüwde tikilen, lowurdap duran nepis lybaslar peýda bolup başlady. Lişanda Luminiň iş sapary bilen Şanhaý, Guançžou, Sindao, Pariž, Gonkong ýaly şäherlere gidende getiren gelşikli eginbaşlaram az däldi. Möwsümiň ahyrlamagy bilen geýim-gejimler gynanyp däl-de, tersine, bagtdan ýaňa begenip sandyjaga atylýardylar. Sandyjakdaky eşikler gyrmyzy jiltgäni görüp haýran galdylar. — Size nähili ýüzlenmek bolar? — diýip, pyşyrdap soradylar. — Gyrmyzy — diýip, jiltge-de pyşyrdap jogap berdi. — Aslyňyz nireden? — Syçžoudan. — Näçe ýaşyňyzda? — Ýigrimi alty. — Daýza jan, siz-ä tüweleme, hakyky köpýyllyk zat ekeniňiz! — diýşip, sandykdaky şanhaý içköýnegi, guançžou köýnegi, sindao ýapynjasy, parižli ýeňsiz, gonkong ýüpek joraby ýaly geýim-gejimleriň ählisi geň galyşyp bakdylar. Gyrmyzy jiltgäniň gussa batanyny görüp, sandykdakylar pyşyrdaşmalaryny bes etdiler. Eýesi oňa edil düşünýän ýalydy. Käwagtlar täze geýimi salyp sandygyň agzyny ýapardy, soň ýene açyp, jiltgäni çykarardy-da, buýsanyp elinde saklardy. Jiltge «Ýok, bu eşik meniň üçin beýlekileň hemmesinden has arzyly» diýen pikirleri onuň gözlerinden okaýardy. Lişan öz ýanyndan şeýle pikirleri öwürse-de, daşyndan: «Soň bir gün...» diýen sözi gaýtalardy. Jiltge üçin bu «soň» sözüniň syrly manysy «belki» sözüne görä has aýdyňdy, bu söze onuň umytlary ganatlanyp rahatlanardy. Şeýdip, sandygyň düýbünde arassaja ýerde eplengije ýatybererdi. Ol eýesine ynanýardy, «soň bir gününiň» bir emmasynyň bardygyny duýýardy. Mundan beýläk öz kysmatyna tukatlanybam durmady, Lişanyň ýylysy hem ysy gelip duran beýleki täze goňşularyna-da bahyllyk etmedi. «Bolduň meň başyma gonkongly, Lişan bu uzyn gonçly ökjesiz joraby bir gezek geýendir ýa geýenem däldir, eýýäm deşiläýipdir» diýip, gyrmyzy jiltge kinaýaly ýylgyryp oňdy, sebäbi bu täze nysakly gonkong jorapjygyna sabyr diýen zadyň nämedigini düşündirmek mümkin däldi. Lişan bolsa «soň bir güni» ogly bilen baglanyşdyrypdy. Olaryň gyz perzendi ýokdy. Ene-atanyň başdan geçiren agyr külpetlerinden bihabar ýekeje ogly bardy. Oglanjyk çagalykdan bolelinlikde, mähir bilen gurşalypdy. Ol bu sandyk barada öňräk bilipdi. Sekiz ýaşy dolanda: — Eje, bu jiltgäniň owadandygyny! Näme üçin sen ony geýeňok? — diýip, ejesinden sorapdy. Lişan ogluna hiç zat düşündirmän, diňe myssa ýylgyryp oňdy. Ol oglunyň çagalykdan ulularyň aladaly durmuşyna goşulmagyny islemeýärdi. Käwagtlar bolsa: — Garaş, ynha, ulalaňda ony saňa bererin — diýýärdi. — Maňamy?.. Ýöne bu gyzlaňky ahyry! — diýip jogap berende, oglanjygyň sesinde bu owadan lybasyň özi üçin däldigine gynanç duýulýan ýalydy. Ejesiniň ýylgyrmasynda bir syrjagaz bardy. Wagtyň geçmegi bilen oglunyň öz aladasy, dost-ýarlary, egin-eşikleri köpelip başlady. Şondan soň ejesiniň sandygynda ýatan jiltge ýadyna-da düşmedi. Ogly ýetişdi. Uniwersitete okuwa girdi, soň işe başlady. Söýgüli ýaryna duşdy. Soňra öýlenmek isledi. Lişan «soň bir gün» diýende, edil şuny göz öňüne tutupdy. Toýdan birnäçe gün öň sandyjak açylanda, gyrmyzy ýüpek jiltge oglunyň ünsüni çekipdi. — Nähili pikir edýäň, gelşermi? — diýip, Lişan oglundan sorady. Ogly: «Bu eleşan zatlar nireden çykdy diýsene?» diýip pikir etse-de, daşyndan hiç zat gürlemedi. Adamlaryň içki pikirlerini bolsa geýimlerden başga hiç kim eşitmeýär ahyry. Ogly ýylgyryp, ejesiniň eşidesi gelýän jogabyny bermäge howlukdy: — Örän owadan bolar. — Gelinligiňe sowgat ber, men ony ýaş wagtym birje ýola geýipdim — diýdi. Içinden: «Bu geýim gyz wagtymdan hemem toýumdan ýatlama, egnime bary-ýogy üç sagat geýenem bolsam, ýigrimi alty ýyl ýanymda ýoldaş boldy» diýip pikir etdi. Gyrmyzy ýüpek jiltge sözleriň aýdylanlarynam, aýdylmadyklarynam eşidip, şeýlebir begendi. Bir wagtda iki nesliň durmuşynyň iň ajap pursatlarynyň, ýazyň, söýginiň ýatlamasy bolmak bagty başga ýene haýsy eşige ýazylypdyr? Ogly jiltgäni alyp, gelinligine eltip berdi. Ol eline alyp, ýokary galdyryp gördi-de, çen bilen özüne ölçelip biçilen ýalydygyny bildi. Jiltgäniň biçüwini üýtgetmek gerek däldi. Gelinligiň boýy geljekki gaýynynyňkydan sähelçe uzynrakdy, ýöne häzirki wagtda ýoň bolan nysaga görä, egin-eşikleri uzyn ýa-da giň tikinmek gelşiksiz hasaplanýar. Şindiki zenanlar mümkingadar, dar hem-de gysgarak biçüwde geýinýärler. Şonuň üçinem bu jiltge edil gelinlige niýetlenip tikilen ýalydy. — Görüp otursak, hakyky eýäm sen ekeniň-dä! Asyl baharym, iň arzyly günlem segseninji ýyllarda ekeni! — diýip, jiltge heşelle kakdy. Gonkongly deşik jorabyň «daýza jan» diýen sözüni ýatlap, gülüp başlady. — Ýok, bu maňa gerek däl, täze egin-eşiklerimiň ýetik wagty, bu jindäni başyma ýapaýynmy? — diýip, gelinlik gyz çürt-kesik aýtdy. — Elbetde, ejeň mähirli duýgulary üçin minnetdar — diýip, bu babatda öz pikiriniň dogrudygyny tassyklady. Jiltgäniň demi tutuldy. Ol gelniň gözüňi gamaşdyryp barýan bezegli keltekçesine agzyny öweldip seretdi. — Beýle biçüwli geýimleri heniz görmändi, bular ýaly zadyň mümkindigini asla göz öňüne-de getirmändi. Şeýdibem owadan gyrmyzy geýimimiz ýene-de Lişana gaýtarylyp berildi. Ogly sypaýyçylyk bilen: — Bu siz üçin gymmatly ýatlama, sizde galsa gowy bolar — diýdi. — Ine, bu pikir dogry, örän ajaýyp — diýip, Lumin güldi-de, Lişana seredip, sözüni dowam etdi: — Ony bereňde-de özümi oňaýsyz duýdum. Ogly bilen gelni garrylardan has gymmat, biperwaý garap bilmedik zatlaryny — telewizory sowgat aldylar. Gelin bolsa gaýnyna ýogyn işilen ýüňden segseninji ýyllarda ýoň bolan ülňüde nepis hem owadan ýeňsiz örüp berdi. Hakyky ýeňiljek geýim. Palto küýsetjek däl. Agşamlyk gyrmyzy jiltge Lişan bilen Luminiň uly ýatalgasynda, hojaýynynyň ýanynda galdy. Ol bularyň syrly pikirlerini, näzik hem gussaly, özüne çekiji ýatlamalaryny diňledi. Görüp otursa, ýatlamalaryň ählisi onuň özi bilen baglanyşykly eken. Gyrmyzy jiltgäniň ýüregi gysdy. Bu näme boldugy? Lişan bilen Lumin ikisi ýatalgada ýuwaşja pyşyrdaşýardylar. Jiltgäniň üstüne bolsa yzly-yzyna öl hem şor, ajy hem gyzgyn zat damýardy. Birdenem munuň Lişanyň gözýaşlarydygyna düşündi. Bu gözýaşlar gyrmyzy jiltgäniň halys usurgan ýüregini ýumşatdy. Ol nätanyş aýalyň, täze nysakly, birtopar syrma dakylan üýtgeşik geýimleri geýnen gelinligiň boýnuna bökmek islänine şeýlebir ökündi. Ýok, ol indi beýle säwligi gaýtalamaz, Lişan bilen Lumini hiç wagt terk etmez. Jiltge hiç bir geýimiň ýetip bilmedik hormatyna eýe boldy. Ýöne näme üçindir, ol hiç rahatlanyberenokdy. Gözýaşlar onuň kalbyny ýakyp, ýandyryp barýar. Onuň kalbynda gopýan harasadyň näletlenmekdigine düşündi. Eýsem, bu harasat şol hadysa dälmi näme? Ol kalbyndaky harasat bilen eýesiniň ýüreginde ýagtylygy ömürbaky ýiteldip bilerdi. Bu zatlara eýesiniň öýüne düşen wagtyndan has öň düşünipdi. Şeýle-de bolar. Geýim geýilmek üçin niýetlenýär. Hiç kimiň derdine ýaramaýan eşik bagtsyzdyr. Şeýle bolsa-da, adatça, iň gymmatly zatlar sandygyň düýbünde ýygşyrylýar. Hatda munuň şeýledigi barada gonkongly sadaja ýüpek jorabam jedel edip bilmez. Garasaý, Lişan, Lumin hemem gyrmyzy jiltgämiz muňa bu gün ýene bir ýola göz ýetirdiler. Şonuň üçinem bu hekaýanyň gahrymanlary — Lişana, Lumina hem gyrmyzy jiltgä gynanmagyň, zeýrenmegiň ýa-da başga biriniň ykbalyna gözügidijilik etmegiň geregi ýok. Geçilen uzak ýol bularyň hemmesinden ruhy güýji talap edipdi, emma olaryň umyt-arzuwlaryny ýoklap bilmändi. Ine, ahyry arzuwlar hasyl boldy. Gyrmyzy jiltgä daman gözýaşlar bugarýardy. Olar bir-birege düşünişmegi, kalp rahatlygyny, bagty, gün-günden gözelleşýän ýagty durmuşy gazandylar. Bularyň hersini öz buýsanjy, öz bagty ýyladýardy. Birwagtlar arzylanan ýüpek jiltge-de indi hiç kime gerek däl. Biziň bu hekaýatymyzam jiltgede galan täsiriň onuň ýüreginiň törüne baryp ýetmegi bilen tamamlanar. Goý, ol şol sandygyň düýbünde çüýreýänçä galybersin... Wan MEN, hytaý ýazyjysy. Hytaý dilinden terjime eden Läle ATAÝEWA. | |
|
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||